Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bu ulgama degişli edara binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi raýatlara ýokary derejeli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, ýurdumyzyň banklary bu gün öz müşderilerine amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Karz edaralaryna we banklara sanly ulgamyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, çalt depginli ykdysady ösüş peýda bolýar. Döwlet täjirçilik we paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamlarynyň (MBHB) işe girizilmegi hem bu ugurda täze ädimdir. Elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegi ildeşlerimize, galyberse-de, hususy telekeçilere banka gelmezden, menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamy arkaly dürli hyzmatlardan ýeňillikli peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Şeýle banklaryň biri-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankydyr. Bu bank tarapyndan hödürlenýän «Halkbank terminal» atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam tehnologiýasy töleg terminalyny ulanmazdan, nagt däl hasaplaşygy geçirmek üçin ygtybarlydyr. Islendik haryt ýa-da hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri bu programma üpjünçiligini ykjam telefonlaryna ýükläp, diýseň tiz we amatly şertde töleg kabul edip bilýärler. Hyzmaty ykjam telefonlarda ornaşdyrylan «NFC» tehnologiýasynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. «Near Field Communication» iňlis dilinden terjime edilende, «galtaşyksyz aragatnaşyk» diýmegi aňladýar.
NFC — bu satyn alnan harytlar we edilen hyzmatlar üçin tiz, amatly we goragly hyzmatyň tehnologiýasydyr. Hyzmaty amala aşyrmak üçin ykjam telefona bank kartyny ýakynlaşdyrsaň bolany. Bank kartynyň 10 santimetr ýakynynda töleg amala aşyrylýar. Munuň üçin ykjam telefonda «NFC» tehnologiýasy gurnalan bolmaly. Tehnologiýanyň ösen döwründe bu programma ykjam telefonlaryň öndürijileri tarapyndan öz ýadynda hem ornaşdyrylan bolýar. Munuň üçin ykjam telefonda «Sazlamalar», «Galtaşyksyz tor» ýa-da «Birikdirilen enjamlar» «NFC» tehnologiýasyna birikdirilýär. Soňra bank kartyny degişli ykjam telefona ýakynlaşdyrmaly we programmanyň görkezmelerine laýyklykda, maglumatlary girizmeli. Haryt ýa-da hyzmat üçin edilen töleg müşderiniň bank karty birikdirilen telefon belgisine tölegiň kabul edilendigini tassyklaýan SMS habary arkaly ýerine ýetirilýär. Şunda bank karty ýörite belgi bilen kodlanýar. Mundan başga-da, müşderi tarapyndan barmak yzynyň ýa-da degişli kod belgisiniň girizilen ýagdaýynda töleg amala aşyrylýar.
«Halkbank terminal» hyzmatynda töleg terminallarynda ulanylýan ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, şeýle hyzmatyň önümçilige ornaşdyrylmagy karz edaralary, galyberse-de, hususyýetçiler, edara-kärhanalar tarapyndan söwda we hyzmat üçin töleg terminalyny ulanmazdan, nagt däl hasaplaşyk geçirmäge, degişli goşmaça çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda müşderilere bökdençsiz, tiz we amatly hyzmat etmäge, şeýle-de geçirilen amallaryň taryhy bilen islendik wagt tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Aslynda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy esasynda nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek arkaly raýatlara sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan durmuşymyza ornaşdyrylan «Cash back» hyzmatydyr. Bu hyzmat bank kartlaryny ulanýan müşderilere nagt däl hasaplaşyklary geçiren ýagdaýynda yzyna pul sylagy görnüşinde hasabyna gelip gowuşýar.
«Cash back» hyzmatynda pul sylagyny yzyna gaýtarmak 3 tapgyrda amala aşyrylýar. Bular dükany saýlamak, haryt ýa-da hyzmat satyn almak, pul sylagyny yzyna gaýtarmak ýaly böleklerden ybarat. Bu bank hyzmaty ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň ähli müşderileriniň «Altyn asyr» kartlarynda, şeýle-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Maestro» bank kartynda hereket edýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň banklarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ulgamyň hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine ýakyndan ýardam berýär. Bu bolsa banklar tarapyndan adamlara has amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlary etmäge doly mümkinçilik döredýär.
Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33827