Ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmak bilen, bu babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen bir hatarda, beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk babatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF), Bütindünýä maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bileleşmesi bolan Egmont we Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparlarynyň hem-de ugurdaş beýleki halkara guramalaryň düzümleriniň çäklerinde netijeli işleri amala aşyrýar. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we maksatnamalarynyň düzgünlerine pugta eýerip, bu guramanyň Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşýar.
Aslynda, ýurdumyzy durnukly ösdürmek we bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiziň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek örän wajyp wezipe bolup durýar.
Şu ýylyň 25-nji fewralynda milli Liderimiz ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan taryhy duşuşygynda döwlet ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp berdi. Duşuşykda halkara tejribeden ugur alyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň we kabul edilmeginiň örän wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň şu ýylyň 13-nji martynda geçirilen maslahatynda hut şu meselä garaldy we taslama kabul edildi. Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Bu çygyrda pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan şahslaryň, ygtyýarly edaranyň, ýagny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Gürrüňi edilýän resminamanyň esasy wezipesi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen işi, şeýle hem onuň bilen bagly jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak we ýok etmek bolup durýar. Şeýle-de Kanun bu babatdaky etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen:
— fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende, bellenilen çäreleri durmuşa geçirmegiň tertibini;
— Türkmenistana dahylly ýuridik şahslaryň daşary ýurt döwletlerinde ýerleşen golçur kärhanalarynyň, wekillikleriniň we şahamçalarynyň işini amala aşyrmagyň barşynda şu hukuk resminamasynda bellenilen çäreleri durmuşa geçirmegiň tertibini;
— şu bölegiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen subýektler tarapyndan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende, bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işiniň tertibini;
— jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň çygrynda döwlet we gaýry edaralaryň özara hereket etmeginiň tertibini düzgünleşdirýär.
Kanunda ygtyýarly edaranyň wezipeleri we ýerine ýetirýän işleri, hukuklary we borçlary beýan edilýär. Şeýle-de halkara we pudagara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagynyň düzgünleri, maglumat berýän şahslaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, hökmany gözegçilige degişli amallaryň görnüşleri, amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderileriniň görnüşlerine görä talabalaýyk barlagy, içerki gözegçiligiň alnyp barylmagynyň ugurlary, terrorçylyk işi, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyny ýöretmegiň hem-de olara degişli maksatlaýyn maliýe çäreleriniň ulanylyşynyň kadalary, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz döndermek we olary togtatmak boýunça kadalar öz beýanyny tapýar.
Arslan MUHYÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň Halkara we pudagara hyzmatdaşlygy utgaşdyryş müdirliginiň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33944