Ýurdumyzyň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konserni esasy we ýardam beriji kärhanalaryň birnäçesini özünde jemleýär. Halkymyzda «Arkalaşan dag aşar» diýen pähim bar, «gara altyny» we «mawy ýangyjy» çykarmak boýunça umumy işiň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin nebitçiler biri-biri bilen arkalaşykly işleýärler. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat tilsimat ulaglar müdirligi-de ýardam beriji kärhanalaryň biridir.
Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda peýda bolan bu kärhananyň döredilmegi welaýatymyzda nebitgazly ýataklaryň açylmagy we özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda müdirlik tebigy baýlyklaryň çykarylyşyny artdyrmak ugrundaky alnyp barlan işlerde hemişe öň hatarda bolupdy. Ulaglaryň dürli görnüşlerine ezberlik bilen erk edijiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň geologlary we burawlaýjylary bilen bilelikde aňňat-aňňat çäge depelerini geçipdiler, yhlaslylygyň, çydamlylygyň nusgasyny görkezipdiler.
Balkanabat tilsimat ulaglar müdirligi häzirki wagtda tejribeli işçileriň we inžener-tehniki işgärleriň ençemesini özünde jemleýän, tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrylan uly kärhana hökmünde belli. Onda jemi 741 işgär zähmet çekip, 115 awtobus, 308 dürli kysymly ulaglar, abatlaýyş sehleri, şeýle-de, mehaniki ussahana bar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, önümçilik kuwwatlyklaryny iň öňdebaryjy we ýokary netijeli enjamlardyr tehnika bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň nebitçilerine döwlet tarapyndan hemişe goldaw berlip duruljakdygyny öz çykyşlarynda nygtaýar. Geçen ýyllaryň içinde kärhana dürli kysymdaky ulaglaryň alynmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Kärhananyň sürüjileri çalşykly işläp, olaryň her biri günde ýüzlerçe kilometr aralygy geçýärler. Ýylyň islendik möwsüminde, islendik wagtda önümçilik zerurlygy boýunça şeýle aralyga gatnamak olardan ussatlygy, ägäligi talap edýär. Sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekleri, olaryň özlerine ynanylan awtoulaglary gurat ýagdaýda saklamaklary üçin yzygiderli alada edilýär. Olar bilen wagtly-wagtynda gözükdiriş we düşündiriş işleri geçirilip durulýar. Işgärleriň zähmet düzgün-nyzamynyň, içerki tertip-düzgüniň, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berk berjaý etmekleri gazanylýar.
Müdirligiň işgärleri diňe önümçilik işlerini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk işlerine-de ýardam berip gelýärler. Welaýatymyzyň Bereket we Serdar etraplarynyň gallaçylary Balkanabat tilsimat ulaglar müdirliginiň sürüjileriniň hyzmatyndan hoşal.
Kärhananyň Hazar şäherinde kenar ýakasynda ýerleşýän «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi-de bar. Ol «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan gurlup, 2013-nji ýylda ulanylyşa berildi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýardam bermeginde bu ýerde doly abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilipdir. Zerur bolan elektrotehniki enjamlar, harytlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilipdir. Nobatdaky dynç alşyň öňüsyrasynda merkezde arassalaýyş işleri geçirilipdir. Körpeleriň wagtynyň şadyýan geçmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilipdir.
«Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sport hem-de konsert meýdançalary bolup, ol ýerlerde bagtyýar körpeleriň sesleri belent ýaňlanýar. Bu ýerde dynç alýan çagalaryň saglygyna bir lukman we dört şepagat uýasy gözegçilik edýär. Bir söz bilen aýdylanda, «Gara Altyn» ösüp gelýän ýaş nesle gyzykly, ýatdan çykmajak günleri eçilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan, ýakyn ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça ugrunyň durmuşa geçirilmegi mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder. «Türkmennebit» döwlet konserni öz öňünde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmäge çalyşýar. Onuň düzümindäki kärhanalaryň biri-biri bilen ysnyşykly, arkalaşykly işlemekleri oňat netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.
Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».