Sanly ykdysadyýetiň rowaç menzilleri

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlara ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri günsaýyn artýar. Biz muňa öz durmuşymyzdaky täze öwrülişikler esasynda-da göz ýetirip bilýäris. Häzirki wagtda onlaýn söwda işleriniň ýola goýulmagy, degişli web-saýtlaryň üsti bilen ýolagçylaryň islendik wagtda onlaýn peteklerini satyn alyp bilmekleri, AŞTU töleg hyzmatlarynyň internet arkaly amala aşyrylmagy — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň Kararlary esasynda durmuşymyza ornaşdyrylýan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleridir.

Az wagtyň içinde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ähli pudaklarda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda hem uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Maksatlar aýdyň bolanda menziller ýeňil geçilýär. Sanly ykdysadyýet babatda hem ähli ugurlar boýunça anyk kesgitlenen maksatlaryň durmuşa ornaşyp başlanyna, ynha, iki ýyldan gowrak wagt boldy. Beýik ýeňişleriň ilkinji ädimlerden başlanyşy ýaly, bu konsepsiýamyzyň ilkinji tapgyry uly rowaçlyklara beslenip, onuň ikinji tapgyry öz netijelerini görkezip başlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda tehnologik innowasiýalaryň önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter kämilleşýär.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi, esasan hem, önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, şol sanda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlaryň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýet babatynda has öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesine seredenimizde, ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylýandygyny, bilim ulgamynda göni aragatnaşykda bilim bermek usulynyň işjeň ulanylýandygyny görmek bolýar. Şeýle-de bu ýurtlar ösen IT ulgamy, has amatlaşdyrylan işewürlik hem-de innowasiýa gurşawy bilen tapawutlanýarlar. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem şeýle dünýä tejribelerine daýanylyp, sanlylaşdyrmak boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, bu ulgamlarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda sanly ykdysadyýetimizde halkymyz üçin has amatly bolan hyzmatlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Biz — talyp ýaşlar geljekki ykdysatçylar hökmünde ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşup zähmet çekeris. Çünki milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sanly ykdysadyýet döwletimiziň ösüşiniň berk binýadydyr.

Ogulnur PIRJIKOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, «Nesil».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/33770