Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpugurly, uly möçberli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle tagallalar, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ykdysady ösüşlere okgunly häsiýet bermäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ýerli önüm öndürijileri höweslendirmäge, alyjylaryň satyn alyjylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm işlerden ýurdumyzyň bank edaralary hem çetde durmaýarlar. Olar öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm hyzmatlary ýerine ýetirýärler.
Alnyp barylýan işlere giň gerim bermek maksady bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine döwrebap sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullary giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hem müşderilerine döwrebap hyzmatlaryny hödürleýär. Interneti ulanyjylaryň sanynyň günsaýyn artýan şertlerinde häzirki wagtda «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary has ýörgünli bolýar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen, karz edarasyna barmazdan, nagt däl amallaryň birnäçesini, tölegleri geçirip bolýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. «Internet-bank» hyzmatynyň esasy amatlylyklarynyň biri-de günüň islendik wagtynda, bankyň we beýleki edara-kärhanalaryň iş wagtyna bagly bolmazdan, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde hem köpsanly hyzmatlardan peýdalanyp, nagt däl görnüşinde tölegleri geçirip bolýanlygyndadyr. Döwrebap ykjam telefonlaryň eýeleri «Mobil-bank» programmasynyň üsti bilen öz atlaryna açylan bank kartlary barada maglumatlary, kartlaryň hereketlerini we galyndylaryny görüp, bank karzyny we onuň göterimini gysga wagtda töläp bilýärler.
Banklarda nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine uly üns berilýär we bu ulgamyň işi kämilleşdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde raýatlar üçin amatly şertler hem-de giň mümkinçilikler döreýär. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, söwda ýa-da hyzmatlary amala aşyrýan ähli edara görnüşli taraplarda, olaryň şahamçalarynda we wekilliklerinde, hususy telekeçileriň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, dükanlarda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin töleg terminallary ornaşdyryldy. Biziň bankymyzyň müşderileri tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryň üsti bilen geçirilen nagt däl tölegleriň möçberinden 2 göterim derejesinde (Cash back) pul sylagynyň «Altyn Asyr» bank kartlaryna yzyna gaýtarylýandygy hem bellärliklidir. Şonda müşderiniň ýanynda nagt pul serişdelerini götermek zerurlygynyň aradan aýrylýandygy hem-de harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde tölegleri tölände bank ýygymlaryny tölemeýändigi bu hyzmatyň amatly taraplarydyr. Bulardan başga-da nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyz üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen bankymyz sylag maksatnamasyna laýyklykda 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy sentýabryna çenli raýatlaryň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzdaky ähli şypahanalarda gurnalan töleg terminallarynyň üsti bilen hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirende «Altyn Asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderilere «Cash back» pul sylagynyň möçberini 3 göterim möçberinde ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy talaplarynyň biri hem durnukly pul-karz syýasatydyr. Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň işjeň pul-karz syýasatyny işläp düzmekde we ony netijeli durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň kararlaryndan we görkezmelerinden ugur alyp, halkara ülňülerine laýyk gelýän toplumlaýyn we ulgamlaýyn üýtgetmeleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň täjirçilik banklarynyň işleri hem ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmagy, milli puluň hümmetini saklamagy, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek wezipesine laýyklykda pul-karz serişdelerini düzgünleşdirmegi maksat edinýär.
Bazar ykdysadyýetine geçmek arkaly azyk bolçulygyny döretmek, importyň ýerini tutýan milli önümçiligimiziň kuwwatyny artdyrmak boýunça hususy kärhanalara we telekeçilere önümçilik maksatly taslamalaryny maliýe taýdan goldamak üçin bankymyz tarapyndan uzak möhletli, pes göterimli, ýeňillikli karzlar berilýär. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek hem-de raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen, kiçi göwrümli karzlary bermek ýola goýuldy. Bu bolsa ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny gazanmaga, ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmäge itergi berip, ýerli telekeçilere we raýatlara oňaýly şertlerde öz işlerini alyp barmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň karz edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak karz edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Edilýän işleriň ählisi bolsa, ýokarda belleýşimiz ýaly, halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Durdygül Aýhanowa,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Amul» şahamçasynyň hukukçysy.