Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasynda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalaryň gurulmagy, olaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilip, daşary ýurtlara eksport edilmegi milli ykdysadyýetiň has-da pugtalanmagynda möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda: «Sanly ykdysadyýete geçmek bilen, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň, bazar we düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň, gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar» diýip bellemegi, bu babatda alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanmagyna getirdi. Bu gün «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilip, ony üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň kanunçylygynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny dürli ugurlarda kadalaşdyrýan hukuk namalary hereket edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslary bolsa, Esasy Kanunymyzda berkidilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilýär hem-de ösdürilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, Prezident maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň artmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Aýmyrat BOZAKOW,
Gökdepe etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.