Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylaryň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär.
Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýada her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugy kepillendirilýär. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi, düýn bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy hakyndaky aladadan nyşandyr.
Ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleri 10-njy maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam eder. Şol döwürde şäher awtobuslaryndan, taksilerden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan daşgary awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Jemgyýetçilik ulaglary iri şäherlerde esasy, elýeterli hem-de ygtybarly ýolagçy gatnaw serişdesi bolup, gür ilatly ýerleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde has netijeli hasaplanýar. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli täze awtobuslaryň 400-siniň işe girizilmegi ekologiýa çäresiniň jemleýji günlerinde ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrar. Şeýle ekologiýa çäreleri häzirki döwürde has ýörgünli bolup, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň bir maksadyň — ekologiýa abadançylygynyň bähbidine jebisligini görkezýär. Her ýylyň 22-nji sentýabrynda Bütindünýä awtoulagsyz gün giňden bellenilýär. Şol günlerde pyýada hem-de welosipedli ýa-da jemgyýetçilik ulagynda hereket etmek, mümkin boldugyça golaýdaky söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik hyzmaty merkezleriniň, edara-kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanmak wagyz edilýär.
Awtoulagsyz günler geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda öňe sürlüp başlanýar we 1994-nji ýylyň oktýabrynda Ispaniýanyň Toledo şäherinde geçirilen maslahatda şeýle çäreleri ýygy-ýygydan guramak başlangyjy öňe sürülýär. Ýewropa ýurtlarynda şäherde amatly we sagdyn hereket hepdelikleri geçirilýär. «Şäher adamlaryň, ýaşaýşyň gurşawydyr» şygary bilen guralýan çärelerde ynsan saglygyna zyýan berýän gazlardan arassa, işjeň hereketli ýaşaýyş ündelýär. Şeýle çäre paýtagtymyzda, ilkibaşda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli, 2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awtoulagsyz gün» ady bilen geçirilipdi. Şol gün ir sagat 7-den agşam 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendirilipdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň dabaraly bellenilmegi, Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda bu şanly senäni ebedileşdirmek maksady bilen, «Welosiped» binasynyň gurulmagy we köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir.
Geçen ýylyň 3-nji iýunynda paýtagtymyzda «Awtoulagsyz gün» diýlip yglan edilip, şol gün Aşgabatda sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglaryna hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre awtoulaglaryň çykarýan galyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Netijede, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi. Görnüşi ýaly, awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşantdyr.
Nurylla GÖKLEŇOW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim, Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilip, halkymyza gowuşmagy bagtyýar ilimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Täze kitabyň «Giriş», «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň — ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni», «Toýlar toýa ulaşýar», «Sözsoňy» atly bölümlere bölünmegi hem-de paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň dürli görnüşli suratlary bilen bezelmegi, çaphana işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi, Aşgabadyň şöhratly taryhyna degişli gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň ähmiýetini, many-mazmunyny has-da artdyrýar, baýlaşdyrýar. Kitapdaky owadan suratlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine özboluşly syýahata äkidýär.
Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we ýaşaýşyň şertleri özara sazlaşýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň binagärlik keşbi dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary derejede özgerdi. Şularyň ählisi ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesidir. Mermer paýtagtymyzyň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr, toplumlaýyn görnüşde amala aşyrylýar.
Kitabyň girişinde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydan getirilen:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz —
diýen setirler aýratyn ýakymly ýaňlanýar.
Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýär. Muňa mysal edip, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän, Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galalaryny görkezmek bolar.
Kitabyň üsti bilen okyjy özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik tapýar. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen guruldy. Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertler babatda hem, binalarynyň hili babatda hem nusgalyk şäherdir. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly merkezidir.
Aşgabadyň giň we gözel köçeleri, ajaýyp binalary şähere has-da görk berýär. Bu binalaryň her biriniň çeper we many taýdan milli bezegler bilen tapawutlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Biz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, gadymy binagärlik sungatynyň häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanýarys.
Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgüsinden döräpdir. Okyjy bu kitap arkaly häzirki zaman gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatda täze düşünjeler bilen hem tanyş bolýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ismail ORAZOW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28412
Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.
Ata Watanymyzyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly seneleriň hormatyna dabaraly çäreleriň, aýdym-sazly çykyşlaryň, bäsleşikleriň, paýtagtymyzyň gözel ýerleri boýunça gezelençleriň, sergileriň we maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we beýleki çäreleriň guralýandygy aýdyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi häkimligi we paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurdumyzyň baş şäheriniň şanly 140 ýyllygynyň hormatyna ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilendigini mälim etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi, welosiped sürmegi halaýanlaryň sanynyň artmagy, täze ekologik medeniýetiň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleriniň geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda hem şäher awtobuslaryndan, taksilerinden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan başga awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen bu çäreler ilatyň giň goldawyna eýe bolýar.
Paýtagtymyzy tomus möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Bu gün Aşgabat sazlaşykly ösýän döwrebap şäher diýlip ykrar edildi, bu ýerde adamyň bähbidine ähli işler amala aşyrylyp, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki pikir hem-de milli binagärligiň gadymy däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şonuň üçin paýtagtymyzda binalaryň gurluşygy berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada durup geçmek bilen, çagalar üçin niýetlenen dynç alyş zolaklaryny möwsüme taýýarlamak, olarda wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin şertleri döretmek meselelerine üns berilmelidigini belledi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem «Aşgabat-sitiniň» taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýubileý desgalarynyň we beýlekileriň döwrüň talabyna laýyk ýokary hiliniň we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmelidigine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat-siti» taslamasynyň hödürlenen çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini we düzedişlerini girizdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, işlenip taýýarlanylýan täze şäheriň taslamalarynda hökmany ýagdaýda milli binagärligiň iň oňat däpleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy şähergurluşyk usullary we şunuň bilen birlikde, taslamanyň maksatnamasynyň özeninde goýlan innowasion çemeleşme sazlaşykly utgaşmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri, baýramçylyk desgalarynyň gurluşygynyň barşy hem-de öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, ekinlere ösüş suwy tutulyp, olara degişli ideg işleri geçirilýär. Kombaýnlary we awtoulaglary, galla kabul edýän ammarlary galla oragyna taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bereketli hasyl almak, olaryň ir ýetişýän görnüşleriniň hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça işler amala aşyrylýar. Daýhan hojalyklarynda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda işler gyzgalaňly dowam edýär.
Welaýatyň ähli düzümleri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça işleri sazlaşykly amala aşyrýarlar.
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek arkaly bellenilen möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda geçirilýän işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny, ähli ulgamlaryň bökdençsiz işlemegine üns berilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz agrotehniki kadalara laýyklykda, ak ekinlere degişli derejede ideg etmegiň, ösüş suwuny tutmagyň hem-de mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günler geçirilýän meýdan işleri bilen bir hatarda, ýetip gelýän galla oragyna degişli derejede taýýarlyk görülmelidir, galla orýan kombaýnlaryň, hasyly daşaýan awtoulaglaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň möwsüme doly taýýarlanylmagyna üns berilmelidir, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylykly we öz wagtynda geçirilmegi üçin zerur çäreler görülmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ideg etmek boýunça işler barada durup geçmek bilen, olaryň agrotehniki kada laýyklykda geçirilmegini tabşyrdy. Bereketli hasyly almak üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň mümkinçilikleri doly peýdalanylmalydyr.
Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gök-bakja ekinleriniň we ýeralmanyň bereketli hasylyny almak möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz şol ekinlere agronomçylyk talaplaryna laýyk ideg etmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ekinleri suw bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de rejeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklaryna ideg etmek möwsümini öz wagtynda tamamlamak hem-de pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany doly ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, bugdaýa, gowaça, ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatyň häkimi ýetip gelýän galla oragyny guramaçylykly geçirmek, oňa kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häkimiň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma pudagy üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda hem agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Ýetip gelýän galla oragyna degişli derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek babatda yzygiderli tagallalar edilmelidir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň depginini çaltlandyrmak, kombaýnlary, awtoulaglary hem-de harmanhanalary orak möwsümine doly taýýarlamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de suwdan rejeli peýdalanmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök we bakja önümleriniň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek bilen baglanyşykly meseleleriň, bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli işleriň üstünlikli hem-de doly ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň döwrüň talabydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak babatda anyk görkezmeler berildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde işleriň ýagdaýy, dowam edýän möwsümleýin meýdan işleri, şol sanda gögeriş alnan gowaça we bugdaýa agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Tehnikalary galla oragyna taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Gök ekinleriň, ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny almak üçin degişli çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim ýüpek gurçuklaryna ideg etmegiň barşy, kabul edilen degişli borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerlerde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini nygtady. Gowaça ideg edilende, agrotehniki kadalar berjaý edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýdyp, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.
Pile öndürmek hem-de kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilmeli işler barada hem degişli tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz welaýatda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berip, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýokary hilli we möhletinde ýerine ýetirilmegi barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna açylmagy meýilleşdirilen desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi.
Soňra sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ideg edilişi, bugdaýly meýdanlara ösüş suwunyň tutulyşy, kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, däne kabul ediş bölümleriniň öňdäki galla oragy möwsümine taýýarlanylyşy, gök-miwe önümleriniň öndürilişi we ýüpek gurçuklaryna ideg edilişi barada habar berildi.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depgini, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklary hem-de iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bereketli bugdaý hasylyny, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan bellenen ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijiligini üpjün etmek, we galla orujy tehnikalarydyr galla kabul edýän harmanhanalary möwsüme taýýarlamak babatda wezipeleri çözmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gök-bakja ekinlerine, ýeralma ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz welaýatyň zähmetkeşleriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin olara zerur şertleriň döredilmegini talap etdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyny üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şol desgalarda işleri kesgitlenen möhletlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleri ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz däp boýunça Medeniýet işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi baradaky meselä degip geçip, onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy barada, gowaça we beýleki azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ekerançylyk meýdanlaryny ösüş suwunyň zerur möçberleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim galla oragynda işlediljek kombaýnlary we awtoulaglary taýýarlamak işleriniň güýçli depgin bilen alnyp barylýandygyny, şeýle hem galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak üçin çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, häkim şu günler sebitde agrotehniki kada laýyklykda pile taýýarlamak baradaky meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg edilýändigi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy hem-de öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Gowaça we bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda öz wagtynda ideg edilmegi bereketli hasyly almagyň özenidir diýip, milli Liderimiz häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ilaty dürli gök önümler bilen doly üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini aýdyp, gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pile önümçiliginiň dokma senagatyny ösdürmekde ähmiýetini belläp, bu meseläni üns merkezinde saklamagy tabşyrdy hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, desgalary, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagy hem-de öňümizdäki baýramçylyklara ýokary derejede taýýarlyk görülmegine degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzdaky ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek, galla oragyny öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak hem-de obasenagat toplumynda suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çärelere aýratyn üns çekildi. Bar bolan suw desgalarynyň işi we täze suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak we suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu işler önümçilige bu ugurda dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň esasynda alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek üçin akabalary öz wagtynda arassalamagyň, suw desgalarynyň we suw sorujylaryň saz işledilmegine gözegçilik etmegiň, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki wagtda gurulýan suw howdanlarynyň hem-de beýleki suw hojalyk desgalarynyň bellenen tertibe laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmaly möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, oba hojalyk ekinleriniň bol, bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly ähli möwsümleýin meýdan işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady. Agrotehniki möhletleri berjaý edip, gowaça degişli derejede ideg edilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr, galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlanylyp, galla orujy kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we bugdaý kabul edýän bölümleriň oraga taýýarlygy üpjün edilmelidir.
Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni ýurdumyzda ekologik medeniýeti kemala getirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulagyň saglyk üçin peýdaly bolan welosiped görnüşini ulanmak bilen bagly guralýan ekologik çäräniň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28354?type=feed
ýetirilişiniň ep-esli derejede ýeňilleşdiriljekdigini aýtdy.