Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Kanunlar «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde dolulygyna çap edildi.