Durmuş ulgamy — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry

Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede şu ýylyň bäş aýynda halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara 2022-nji ýyl üçin niýetlenen maksatnamany işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, saglygy goraýyş we durmuş ulgamlary üçin iri maýa goýum serişdelerini bölüp bermek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Döwlet býujetini taýýarlamagyň hem-de ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly bolmagyna ünsi çekýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, onuň amatly ýaşaýşynyň yzygiderli ösdürilmeginiň üpjün edilmegi häzirki döwürde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möhüm bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmak ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri dowam etdirmek, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi utgaşyklylykda alnyp barylýar.

Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol işler anyk netijesini hem berýär. Häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz sazlaşykly ösüşini dowam etdirýär. Geçen bäş aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,1 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň aýdyň netijesidir.

Bu bolsa kabul edilen durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, raýatlary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet ösüşi strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej görnüşli jaýlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Bu bolsa adamlaryň amatly, ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.

“Şäher içindäki şäher” ýörelgesi boýunça taslamasy taýýarlanan “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 25-nji maýda — Aşgabat şäheriniň gününiň we onuň 140 ýyllyk baýramynyň bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde paýtagtymyzyň demirgazygynda ajaýyp, köpugurly toplum kemala geler. Şol ýerde dünýäniň şähergurluşyk, binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütlerinden ybarat bolan iň täze hem-de öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapar.

Geljekki şäheriň çäklerinde aňrybaş derejeli amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde dürli belentlikdäki, has takygy, 12 — 35 gatly, sekiz görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak meýilleşdirildi. Şolarda 107 müň ilata niýetlenen 17 müň 836 öý ýerleşdiriler. Umuman, “Aşgabat-siti” ak mermerli paýtagtymyzyň dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwrülmegi bilen bir hatarda, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň we ägirt uly döredijilik kuwwatyny hem alamatlandyrar.

Kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň, şol sanda Oba milli maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, şäherleriň we obalaryň abadanlaşdyrylmagy, her ýylda köp sanly täze binalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlara bilim-terbiýe bermek ynsanyň ahlak ýörelgeleriniň iň gowy ugurlary bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, okuw-usulyýet ugruny kämilleşdirmäge, ugurdaş düzümiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-usulyýet we hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça yzygiderli tagalla edilýär.

Umumy orta bilimi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin hünär taýdan taýýarlykly işgärleri ýetişdirmäge uly üns berilýär. Bu meseleler döwletimiziň ýörite we haýsydyr bir ugur boýunça bar bolan talaplaryny nazara almak esasynda çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze ugurlar açyldy we bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk gelmegine kömek edýär. Bilim ulgamynyň interaktiw usulda ösdürilmegi ýaşlaryň intellektual kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine hem-de jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Şeýle hem döwletimizde çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine — mekdebe çenli edaralarda terbiýäniň döwrebaplaşdyrylmagyna zerur üns berilýär. Çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýada, çaganyň irki ösüşi we onuň mekdebe taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda degişli wezipeler kesgitlenildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze görnüşli çagalar baglarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Bu gün ýurdumyzyň iň körpe raýatlarynyň bilim-terbiýeçilik işlerinde häzirki zaman multimediýa tehnologiýalary işjeň ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösüşine hil taýdan täze itergi berildi. Bu ulgama döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa geljegi uly ylmy-barlaglary, synag işlerini we tehnologik işläp taýýarlamalary alyp barmakda möhümdir. Ýurdumyzda alymlaryň hünärini olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, işe täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen dünýäniň maglumat binýadyna bolan elýeterlilik üpjün edilýär. Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Bu ugurda amala aşyrylýan işler milletiň aň-bilim kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa Watanymyzy ösüşiň öňdebaryjy derejelerine çykarmakda wajypdyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen paýhasly jümle Türkmenistanyň döwlet syýasatynda giň möçberli we maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman hassahanalary, dürli lukmançylyk hem-de sagaldyş-dynç alyş ugurly edaralary guruldy we gurluşygy dowam edýär. Bu düzümleriň hemmesi öňdebaryjy enjamlar we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň höweslendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň netijesinde, Türkmenistanyň ähli ilaty halkara ölçeglere kybap gelýän, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerine eýe boldy.

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň netijeli ulgamy döredildi. Ýokary tehnologiýaly lukmançylyk ulgamy işjeň ösdürilýär. Dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary we ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýerli çig mallardan ýokary hilli dermanlyk serişdeleri we ýörite maksatly beýleki önümler öndürilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna örän uly ähmiýet berilýär. Döwletimiz sport-sagaldyş düzüminiň ösdürilmegine, halkara ölçeglere gabat gelýän ugurdaş desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem häzirki zaman enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalar we ýüzüş howuzlary mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we çagalar baglarynda terbiýelenilýänleriň ygtyýaryna berildi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly we bu ugurda watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýän milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzak möhletleýin, umumymilli maksatnamalaýyn häsiýete eýe boldy. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini höweslendirmek täze derejä çykdy.

Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Milli medeniýetimizi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Milletiň özboluşly medeni-taryhy mirasyna hem-de gadymy ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan bu ugurda ýurdumyzyň durmuşynda täze taryhy döwrüň meýilleri hem-de wezipeleri bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda wajyp orun eýeleýär.

Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de hususy başlangyçlara goldaw bermegiň we beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy durmuş ulgamyny nazarlaýan strategiýanyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.

Bu gün Türkmenistanda telekeçiligi we onuň önümçilik ulgamyny netijeli ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlän häzirki zaman bazar gatnaşyklaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligiň paýy barha artýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda” Karara gol çekdi.

Kiçi we orta telekeçiligiň hem-de onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýerine ýetirýän işleriniň höweslendirilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün edýär. Bu bolsa ilatyň iş bilen üpjünçiligi, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy ýaly wajyp wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär.

Mahlasy, ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ähli işler milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz bu ugra mundan beýläk-de ägirt uly serişdeleri gönükdirer. Şeýlelikde, Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat döredilýär.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31173?type=feed