Sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we bu ugurda oňat netijeler gazanylýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýetimizi kemala getirmekde sanly bilim ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň barha artmagy aň-bilim maýasyny, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar.

Bilim ulgamynyň her bir basgançagyna sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny ösdürmek häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň milli tejribä, halkara ülňülerine laýyk amala aşyrylmagy has-da guwandyryjydyr.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, tehnologiýalaryň internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Diýmek, sanly ulgama geçmek döwrüň ösen mümkinçiligidir, ösüşiň tizligidir.

Milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Ählumumy sanly ekoulgamyň emele getirilýän şertlerinde milli ykdysady serişdeleri dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Eziz Diýarymyzy bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Rahat KERIMGELDIÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30894