Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgalanyň çaga terbiýelemäge siňdirýän zähmetiniň ähmiýeti hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Kitapda: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär» diýlip bellenilýär.
Ýaş nesilde çagalykdan halal zähmete söýgi döretmek ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebidir, şeýle ruhy-ahlak ýörelgeleri umumadamzat gymmatlyklarydyr. Bular bolsa Gahryman Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ussatlyk bilen beýan edilýär. Adam halal zähmeti bilen belent mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.
Durmuşda zähmet baradaky tymsallaryň, öwüt-ündewleriň, nakyllaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde üç dostuň hünärleri bilen başlaryny beladan gutaryşlary barada gyzykly rowaýat gürrüň berilýär. Halal zähmetiň adamyň ömrüni uzaldýandygy, ýagşy ýigit bolmagyň esasy şertiniň zähmetsöýerlikdigi barada täsirli söhbet edilýär.
Gahryman Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde beýan edilen, özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň agzybirlik, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsaplylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklary ýaşlarymyza hemişelik ýörelgelerdir.
Patma GULÇYNOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.