Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna

Umumadamzat bähbitli ýörelgelerden ugur alyp, özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy ösüş maksatlaryna gönükdirýän Garaşsyz Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny berkitmekde möhüm ädimleri ädýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda kesgitlän wezipeleri hem-de BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda öňe süren başlangyçlary bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz halkara energetika bazarlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýetli ýörelgelerden ugur alynýar.

Milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky ýyllarda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat desgalary ulanylmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod aýratyn orna eýedir. Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ýurdumyzda gurulmagy hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzüniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Ahal welaýatyndaky innowasion toplumda öndürilýän, ekologiýa taýdan arassa ECO-93 markaly benzin goňşy ýurtlara we Ýewropa döwletlerine eksport edilýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ECO-93 markaly benzinden peýdalanylanda kükürt oksidiniň howa uçýan zyýanly maddalarynyň möçberi 50 esse, azot oksidiniň zyýanly maddalarynyňky 5 esse, uglerod oksidiniň zyýanly maddalarynyňky bolsa 2 esse azalýar. Şunuň bilen birlikde, bu benzini ulanýan awtoulagyň hereketlendiriji ulgamynda gurumlaşma hadysasy peselip, onuň ömrüni tehniki nukdaýnazardan iki esse artdyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ECO-93 markaly benzini awtoulagda ulanylan mahalynda onuň tüsse gazlarynyň düzüminde uglerod oksidiniň 0.03 göterime deňdigi kesgitlenildi. Bu görkezijiniň kadaly ýagdaýy bolsa 0.5 göterime barabardyr. Şeýlelikde, ECO-93 benzini ulanýan awtoulagyň tüsse gazlaryndaky uglewodorodlaryň möçberi örän ujypsyzdyr.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýär hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalaryň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydyr. Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylyk bu ugruň möhüm şerti bolup durýar.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy 2015-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen klimat boýunça maslahatyň barşynda kabul edilip, oňa 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde gol çekildi. Bu resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öz gezeginde Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda düýpli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmagyň usullaryny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. «Gök guşak» umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde suwaryşyň tygşytly usullaryny ulanmak arkaly, şäherlerdir obalaryň töwereginde uly meýdanlary eýeleýän tokaý zolaklary döredilýär. Her ýyl ýurdumyz boýunça millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. 2019-njy ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli forumynda Türkmenistanyň häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklap, birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip etdi. Milli Liderimiz, hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi hem-de bu abraýly halkara guramasynyň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we adamzadyň «umumy öýüniň» abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan düýpli işler şu günki hem-de geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny nazarlaýan ählumumy bähbitli tagallalardyr.

Eziz ATAÝEW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýasy barlaghanasynyň aspiranty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31032