Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi
Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, sammitiň öňüsyrasynda, 27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Şu gün, forumyň öň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.
Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, guramanyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de onuň çägini giňeltmäge, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklygy amala aşyryp, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýän çemeleşmäni görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitini 28-nji noýabrda, YHG-nyň gününiň bellenilýän gününde Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatlatmalydyrys. Milli Liderimiz bu teklibi guramanyň şu ýylyň 4-nji martynda sanly ulgam arkaly ýokary derejede geçirilen 14-nji duşuşygynda beýan etdi.
“Garagum” oteliniň eýwanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryny döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar oteliň maslahatlar zalyna barýarlar. Bu ýerde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soň, YHG-nyň 15-nji sammitiniň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
YHG döredilen döwründen başlap, guramanyň meýdançasy oňa agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde netijeli gurala öwrüldi. Bu guramanyň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakda, onuň giňişliginde sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň iň esasy hem-de ileri tutulýan mowzuklary boýunça çözgütleri kabul etmekde örän gowy mümkinçilik bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny aýratyn nygtady. Häzirki wagtda YHG tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tehnologiýa, aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki duşuşygyň barşynda geljekde uly mümkinçilikleri açýan ugurlar boýunça hem netijeli gepleşikleriň geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana çykyş etmek üçin söz berdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize hoşallyk bildirip, sammite gatnaşyjylary Türkmenistanda guralýan wekilçilikli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen gutlady we onuň işine üstünlik arzuw etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Belent mertebeli myhman wekiliýetleriň mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, 14-nji sammitden soň YHG-a başlyklyk etmegiň Türkiýeden Türkmenistana geçendigini belledi hem-de milli Liderimize alyp barýan giň möçberli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çykyşynyň dowamynda sammitiň işiniň YHG-a agza döwletler we sebitiň ýurtlary, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Belent mertebeli myhman forumyň dowamynda dürli ulgamlarda guramanyň işiniň wezipelerine garaljakdygyny hem-de häzirki döwrüň esasy meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigini belledi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan YHG-nyň 15-nji sammitiniň dowamynda kabul ediljek çözgütleriň hem-de Jemleýji resminamanyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, bu babatda bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekdi.
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany şeýle hem sammitiň sebitleýin we ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, şol sanda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen çözgütleriniň ähmiýetini nygtap, bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň gadymy döwürlerde halklary we ýurtlary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman owgan meselesine degip geçip, Owganystanda syýasy durnuklylygyň berkarar edilmeginiň hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň diňe bir sebit däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga goşýan goşandyna, owgan halkyna yzygiderli berýän doganlyk kömegine ýokary baha berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de YHG-da başlyklyk edýän Türkmenistana sammiti üstünlikli geçirmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygy ýygnananlara ýüzlenip, YHG-a agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, YHG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu gurama bilen bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär, bu bolsa köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, umumy işleri goşmaça berkidýär.
YHG-nyň sammitine başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bilelikdäki işleriň degişli derejede ilerlemegi, täze döredijilikli başlangyçlar bilen doldurylmagy üçin ähli tagallalary etdi. Başlyklyk etmegiň işlenip taýýarlanan Konsepsiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz onuň durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli işleri amala aşyrdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-a agza döwletlere şu döwürde Türkmenistana ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini guramanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär. Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Bu işe öz wagtynda we işjeň goşulmak zerur bolup durýar. Munuň üçin bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly, netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmeli. Ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimiziň şulardan ybarat bolmalydygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, YHG-a agza döwletleriň degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünýändigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda biziň ýurdumyzyň durnukly ulag we energetika howpsuzlygy boýunça öňe sürýän taslamalaryny agza döwletleriň yzygiderli goldamagy muny aýdyň tassyklaýar. YHG-a agza döwletleriň birnäçesi bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle goldaw üçin Türkmenistan minnetdarlyk bildirýär, oňa mundan beýläk-de netijeli ädimler üçin oňat esas hökmünde garaýar.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda hereket etmek bilen, biziň ýurdumyz YHG-a agza döwletleriň birnäçesi bilen soňky ýyllarda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, agzalyp geçilen taslamalaryň biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldigine ynam bildirdi. Häzirki döwürde YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky giňişlikde hem, olaryň çäklerinden daşyna çykylanda hem goşmaça energetika we üstaşyr ulag geçelgeleri gerek. Türkmen tarapynyň pikirine görä, bu babatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly döwletara birleşikler bilen bir maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolup durýar.
YHG-a agza döwletleriň gatnaşmagynda üpjünçilik ulgamlarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde ýokary hilli öňegidişlik bolar diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Bu hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, iri maýa goýumlary çekýär, birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözýär.
Şonuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler. Şunda biz Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýäris. Milli Liderimiz şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Biziň ýurdumyz YHG boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenarýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardyr.
Guramanyň giňişliklerinde beýleki üpjünçilik ulgamlarynyň, hususan-da, awtomobil, demir ýol pudaklarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň anyk geljegini görýäris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň çäklerinde awtomobil, demir ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, söwdany ösdürmegiň biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Geçen ýylyň jemleri boýunça YHG-a agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygy 49,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkeziji bar bolan bilelikdäki mümkinçilikleri doly açyp görkezmeýär.
Söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli we depginli ösdürmegi üpjün etmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary etmegiň netijeli usulyny döretmek barada düýpli oýlanmaly. Biziň ýurtlarymyzyň telekeçilik bileleşikleriniň, şol sanda orta we kiçi işewürligiň işjeň ornuna bil baglamaga doly haklydyrys. Gürrüň senagat harytlary, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy, beýleki ugurlar boýunça kooperasiýalaryň dürli görnüşlerini ýola goýmak barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Işewürlik gatnaşyklaryny doly derejede ösdürmekde telekeçilige ýardam bermek, olary degişli bank-maliýe ugrukdyrmasy bilen üpjün etmek, zerur bolanda, degişli ýeňillik ulgamyny we söwda amallaryny amala aşyranda, ýeňillikleri döretmek möhümdir.
Serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklary möhüm orny eýelemelidir. Bu ýerde biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däpleri, toplanan gymmatly tejribesi bar. Bu bolsa häzirki zaman hakykatyny göz öňünde tutup, ulanylmagyny we baýlaşdyrylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.
Milli Liderimiz şeýle hem häzirki döwürde, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen, özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň sebitlerimiziň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi. Tagallalary birleşdirmek umumy bähbitlere laýyk gelýär. Bu bolsa täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga YHG-a agza ýurtlara mümkinçilik berer.
Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt aýdyň ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri, usullary we işläp taýýarlamalary özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga örän ýakyn wagtlarda girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Bizde bu ugurda birek-birege teklip etmek üçin köp zat bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtap, medeni çäreleri, sungat festiwallaryny, şol sanda YHG-a agza ýurtlaryň çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda geçirmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklarynyň ulgamlaýyn meýilnamalaryny, bilelikdäki syýahatçylyk maksatnamalaryny, sport ýaryşlaryny guramagyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Türkmenistan, umuman, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň depginli häsiýete eýe bolýandygyny, onuň sebit hyzmatdaşlygyna oňyn täsir edýändigini belleýär. Häzirki döwürde YHG uly hormata, at-abraýa eýe bolan halkara ykdysady düzüme öwrüldi we bütin dünýäde ykrar edildi. Guramanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Esaslandyrylanda, onuň binýatlyk esasynda goýlan kadalara we maksatlara gyşarnyksyz eýermegini dowam etdirendigi we dowam etdirýändigi bu guramanyň işiniň örän möhüm şerti boldy. Bu gurama oňa täze agzalar goşulanda we özüniň häzirki düzüminiň emele gelen döwründe hem bu kadalara we maksatlara eýermegini dowam edýär. Men guramanyň ykdysady hyzmatdaşlyk guraly hökmünde öz esasy ugruny saklap galýandygyny göz öňünde tutýaryn. Bu kada üýtgewsiz galmalydyr. Şeýle hem YHG-nyň beýleki halkara we sebit düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk edip, öz daşarky gatnaşyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýändigi guwançlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
YHG-a agza ýurtlar bu netijeleriň ählisini bilelikde toplan oňyn tejribämize doly hukukly goşup biler. Ýöne wagt bir duran ýerinde durmaýar, döwür üýtgeýär. Ol bizden häzirki zaman şertlerini, dünýä ykdysadyýetindäki ösüş meýillerini, sebit ýagdaýlarynyň ösüşiniň we ugurlarynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, guramanyň işinde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Şeýle şertlerde YHG-nyň üstüne onuň özboluşly aýratynlyklaryna, täsin geoykdysady ýagdaýyna laýyk gelýän aýratyn wezipeler ýüklenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň taryh we geografiýa, däpler we gymmatlyklar arkaly baglanyşan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde bar bolan hakyky artykmaçlyklaryň we umumy bähbitleriň esasynda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin tebigy ölçeg babatda birleşdiriji esasyndan ähli gatnaşyjylaryň ugur alýandygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge niýetlenendir. Şeýle hem geljek döwürde bilelikdäki işiň ugurlaryny kesgitlemegi maksat edinýär. Häzirki döwrüň örän anyk we hakyky ýagdaýdan ugur alýan çözgütleri işläp taýýarlamaly. Biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän, YHG-nyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulmagyna itergi berýän, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine we halklarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýän özara hyzmatdaşlygyň usullarynydyr görnüşlerini döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz guramada bar bolan mümkinçilikleriň strategik maksatlara çykmak, giň möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin doly esas berýändigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretary Husraw Nozirä guramanyň işini başarnykly we netijeli utgaşdyrýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bu babatda ýurdumyz YHG-da başlyklyk etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň dowamynda seredilmegi teklip edildi. 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde bu Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara ähmiýetli Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde 10 sany döwlet çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem sammite gatnaşyjylary YHG-nyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä çykyş etmek üçin söz berdi.
YHG-nyň Baş sekretary döwletleriň ýolbaşçylaryny we sammite gatnaşyjylary mübärekläp, şu ýokary derejedäki duşuşygyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine baha bermek hem-de onuň mundan beýläkki ösüşiniň ýoluny kesgitlemek babatda gurama üçin uly ähmiýetini belledi.
15-nji sammit sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin umumy borçnamalary we tagallalary tassyklamak babatda täsin mümkinçilikdir. “Geljege bilelikde” şygary bilen geçirilýän duşuşygyň wajypdygy dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe emele gelen ýagdaý bilen şertlendirilendir hem-de biziň sebitimiziň ykdysady taýdan çalt dikeldilmegini üpjün etmäge, pandemiýadan soňky döwürde ösüş üçin gurallary işläp taýýarlamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulmagyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Husraw Noziri Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.
YHG-nyň Baş sekretary geljekki meýilnamalar barada aýdyp, söwdanyň ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolup durýandygyny hem-de YHG-a agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” bellenilişi ýaly, guramanyň sebit söwdasynyň ählumumy eksportyny giňeltmegiň wajypdygyna üns berildi.
Şunuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda geçirilen ministrler maslahatlarynyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň hem-de YHG-nyň gümrük nyrhlarynyň we beýleki degişli resminamalaryň, bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Sebit söwdasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bu ugurdaky esasy wezipeleriň biridir. Jenap Husraw Noziri bu barada aýtmak bilen, söwda bilen baglanyşykly ykdysady amallary çalt geçirmäge ýardam bermek üçin gurama boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň Merkezi banklarynyň arasynda YHG-nyň kliring birleşiginiň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. YHG-nyň standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditasiýa we metrologiýa boýunça sebit edarasynyň işi bu maksatlara ýetmäge ýardam eder.
Ulag-kommunikasiýa ulgamy, energetika we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda YHG-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Sebitde ägirt uly serişdeler, üstaşyr ulag we energetika kuwwatynyň, degişli düzümiň bolmagy, YHG-a agza döwletleriň halklarynyň baý taryhy-medeni mirasy bu ugurlarda öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder.
Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa komissiýasy, Yslam ösüş banky, Bütindünýä Söwda Guramasy, Günorta — Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak YHG-nyň daşary gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar diýip, Husraw Noziri aýtdy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary çykyşynyň ahyrynda şu sammitiň netijeleriniň ähli taraplaryň bähbitlerini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, YHG-a agza döwletleriň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow örän manyly, giňişleýin çykyşy üçin YHG-nyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Husraw Nozirini şu ýylyň awgust aýynda bu guramanyň Baş sekretary wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan YHG-nyň Baş sekretaryna we onuň üsti bilen Sekretariatyň ähli işgärlerine ýurdumyza Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk eden döwründe beren goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara sammitiň gün tertibini tassyklamak baradaky teklip bilen ýüzlendi. Sekretariat şu günki sammitiň gün tertibiniň taslamasyny öňünden berdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibi biragyzdan kabul edildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş etdi.
Prezident Ilham Aliýew duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, bu günki sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Belent mertebeli myhman Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary we sebitiň döwletleri bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýändigini belläp, özara düşünişmek, ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ykdysady taýdan bolşy ýaly, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklar hem-de halkara derejede geçirilýän forumlaryň dowamynda kabul edilýän çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär diýip, Ilham Aliýew sözüni dowam etdi.
Hususan-da, abraýly guramalaryň, şol sanda YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy gün tertibiniň meselelerini, şol sanda sebit howpsuzlygyny, ekologik abadançylygy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy bilelikde göreşilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmekde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, umumy tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Dünýäde pandemiýa zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, oňa garşy durmak meseleleriniň döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Prezident Ilham Aliýew bu ugurda alnyp barylýan işleriň has netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Sammitiň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir sebitiň ýurtlary däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin möhümdigi nygtaldy. Şunda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we durmuş ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge çalşylýandygy tassyklanyldy. Azerbaýjanyň Lideri sebitiň ýurtlarynyň üstaşyr ulag geçelgelerini işjeň peýdalanmak, özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmek bilen bagly wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtap, olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň zerurdygyna ünsi çekdi.
Prezident Ilham Aliýew sözüniň ahyrynda sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini ýene-de bir gezek belläp, oňa gatnaşyjylara YHG-a agza döwletleriň gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana örän manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Çykyşda YHG-nyň çäklerinde agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça anyk teklipleriň birnäçesi öňe sürüldi. Milli Liderimiz guramanyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek işine goşan şahsy goşandy üçin azerbaýjanly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä söz berildi.
Goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň YHG-a başlyklyk etmegi bilen gutlap, şu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem Prezident Seýed Ebrahim Raisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryna YHG-nyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmäge beren goldawy üçin hoşallyk bildirip, hemmeleri guramanyň güni bilen gutlady. Belent mertebeli myhman geçen döwürde YHG-nyň başlygy bolan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana onuň işini kämilleşdirmek ugrunda eden tagallalary üçin sagbolsun aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Aziýa yklymy ösen medeniýetleriň, dünýä ähmiýetli gymmatlyklaryň we taryhy ýadygärlikleriň mekany bolmak bilen, umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşdy. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Merkezi Aziýada birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklar ösdürilýär. Bu bolsa umumy ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň esasyny emele getirýär.
Şeýle hem belent mertebeli myhman Eýranyň sebitiň ýurtlary, ýakyn goňşulary bilen dürli ugurlar, şol sanda energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi EYR-nyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi çykyşynyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, aýratyn-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, YHG-nyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy muňa mysal hökmünde getirdi.
Belent mertebeli myhman Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geografik taýdan amatly ýerleşendiklerini, olaryň üstaşyr ulag kuwwatyny hem-de halkara logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň ähmiýetini belläp, YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
EYR-nyň Prezidenti bu guramanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň çägini we mümkinçiliklerini giňeltjekdigine ünsi çekip, şu meseleler boýunça ýurtlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi sözüniň ahyrynda hemmelere işinde üstünlik arzuw etdi we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen Liderine ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň çykyşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hökmünde YHG-nyň sammitiniň işine ilkinji gezek gatnaşýandygyny, onuň şu saparynyň Türkmenistana ilkinji sapardygyny belledi we EYR-nyň Baştutanynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny berkitmek işine mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi.
Gyrgyzystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sammitiň ýokary derejede guralandygy hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, duşuşyga gatnaşyjylary YHG-nyň güni bilen gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şu günki sammit guramanyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmak, YHG-a agza ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça täze teklipleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär. Şunda biziň döwletlerimiziň YHG-nyň maksatlaryna ýetmek we wezipelerini çözmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesine, şol sanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, hususan-da, gidroenergetikanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary ösdürmek meselelerine üns berildi.
Prezident Sadyr Žaparow çykyşynda ulag we aragatnaşyk, senagat, energetika, söwda, maýa goýumlar, syýahatçylyk hem-de daşky gurşaw ulgamlarynda degişli strategiýalary işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, toplumlaýyn sebit düzümini kemala getirmegiň we ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi netijeli sebitiçi hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň esasy şerti bolup durýar.
Dostlukly ýurduň Lideri üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berdi. Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasynyň bu guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklap, şu gün kabul edilýän sammitiň Jemleýji resminamasynyň YHG-a agza ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowa örän manyly we täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça uly tagallalary edýändigini belledi we şolaryň YHG-a agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä söz berildi.
Belent mertebeli myhman çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy YHG-nyň 15-nji sammitine başlyklyk etmegi bilen gutlady we sammitiň işiniň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, onuň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.
Prezident Arif Alwiniň belleýşi ýaly, tutuş taryhyň dowamynda sebitiň halklarynyň we ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar döwlet ösüşine, ählumumy abadançylyga, howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Aýratyn-da, häzirki sanly ykdysadyýetiň ählumumy häsiýete eýe bolýan döwründe utgaşykly tagallalaryň aýratyn ähmiýetlidigini bellemeli.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge ýardam edýändigini, bilelikdäki tagallalaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýändigini nygtady.
Belent mertebeli myhman medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we taryhy ösüşiň umumylygynyň döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigini belläp, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açýan şertleriň döredilmelidigini aýtdy.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti YHG-nyň söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, ekologiýa we syýahatçylyk ýaly ugurlaryň gerimini giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, olar boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Belent mertebeli myhman YHG-a agza ýurtlaryň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini, şunlukda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Prezidenti gurama agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň, YHG-nyň sammitleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmagyň ähmiýetini nygtap, duşuşyga gatnaşyjylara bu ugurda geçirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyza sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Arif Alwä örän manyly we köp maglumatlary özünde jemleýän çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ilkinji günlerinden başlap, YHG-ny berkitmek işine mynasyp we netijeli goşant goşup gelýändigini belledi. Milli Liderimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň mundan beýläk-de bu guramanyň esasy agzalarynyň biri bolup galjakdygyna we biziň umumy giňişligimizi ösdürmäge mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.
Täjigistanyň Baştutany sözüniň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň YHG-da başlyklygy bilen gutlap, sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy.
Prezident Emomali Rahmon bu gezekki duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmegiň we YHG-nyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, bu guramanyň sebitde ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga we onuň ykdysady ösüşine ýardam edýändigini nygtady.
Belent mertebeli myhman YHG-a agza ýurtlaryň tebigy serişdelere, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere baýdygyny belläp, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň mundan beýläk-de abadançylygyny, halklaryň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegini üpjün etjekdigini nygtady. Bar bolan mümkinçilikleriň durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn şertleri döreder.
Prezident Emomali Rahmon YHG-nyň çäklerinde ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhümdigini nygtap, bu ugurda bar bolan wezipeleriň hemmetaraplaýyn ýerine ýetirilmegi babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Häzirki döwürde dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy we onuň bilen baglanyşykly kynçylyklar ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Respublikasynyň Baştutany olary ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belledi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şunuň bilen birlikde söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak meseleleri Täjigistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Täjigistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara gatnaşyklar üçin açykdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Täjigistan Respublikasynyň Baştutany sözüniň ahyrynda wajyp çözgütler kabul edilýän bu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin milli Liderimize ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Şol çözgütleriň ähmiýeti YHG sebitiniň çäklerinden çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona örän manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň birnäçe duşuşygynyň geçirilendigini belledi. Olaryň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny berkitmek bilen bagly meseleler boýunça-da pikir alşyldy. Milli Liderimiz ulag we energetika ulgamlaryndaky umumy taslamalaryň YHG-nyň bütin giňişligini ösdürmek işine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.
Goňşy döwletiň Baştutany ýygnananlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň işiniň başlanmagy bilen gutlap, YHG-nyň gününde Aşgabat şäherinde geçirilýän şu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki YHG-nyň 15-nji sammitiniň köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şu ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen BMG-niň we YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Kararnama bu ugurda möhüm ädim boldy. Munuň özi bu düzüme bildirilýän ynamyň hem-de onuň halkara abraýynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sebitiň ýurtlaryny taryhyň dowamynda emele gelen söwda we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Döredilen gününden bäri YHG ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan, biziň ýurtlarymyzyň umumy bähbitlerine wekilçilik edýän iri sebit düzümine öwrüldi.
Sammitiň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna berlen baha YHG-nyň halkara giňişlikde ornunyň we ähmiýetiniň artýandygyny tassyklaýar. Biziň özara dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnuklylygy üpjün etmäge umumy ymtylmalarymyz söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de ýokarda agzalan ugurlarda bar bolan ägirt uly kuwwatdan doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigini belläp, gurama agza ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň umumy ösüşe kuwwatly itergi berjekdigini, şeýlelikde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjekdigini nygtady. Belent mertebeli myhman hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Özbek Lideri koronawirus pandemiýasynyň ählumumy ykdysadyýete ýaramaz täsiri barada durup geçip, bu wehime garşy göreşmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Özbegistanyň Baştutany sözüniň ahyrynda sammite gatnaşyjylara öňde goýlan wajyp wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana örän manyly we köp maglumatlary özünde jemleýän çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynda ýakynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňşi bilen, ýene-de bir gezek gutlady. Milli Liderimiz bu gutlaga YHG-a agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň ählisiniň hem goşuljakdygyna ynam bildirip, Özbegistanyň Baştutanyna ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, doganlyk özbek halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň halkara we sebit derejesinde taslamalaryň birnäçesini öňe sürendigi bellenildi. Bu taslamalar iş ýüzünde YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda goşulyşmak işlerini berkitmäge niýetlenendir.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamine söz berildi.
Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany sammite gatnaşyjylary mübärekledi hem-de durnukly önümçilik we söwda işlerini ösdürmek üçin oňaýly gurallary işläp taýýarlamak babatda forumyň ähmiýetini belledi.
Askar Mamin Gazagystanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň birnäçe görkezijilerini mysal getirip, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltmek üçin YHG-a agza ýurtlaryň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli çäreleri görmegiň hem-de her bir ýurduň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, guramanyň çäklerinde söwdany ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagyň zerurdygy aýdyldy. Şunuň bilen birlikde özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň, onuň düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň yzygiderli seljermesini geçirmegiň we azyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.
Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany ulag geçelgelerini ösdürmegiň çäklerinde sebitiň ýurtlary üçin amatly ugurlary döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi YHG-a agza ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döreder. Ulag-ykdysady geçelgeleriň bilelikde netijeli dolandyrylmagy Ýewropa döwletlerine hem-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna ýükleriň gysga wagtda ýetirilmegine kömek eder.
Guramanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bökdençlikleri aradan aýyrmak we ulag-logistika ulgamlarynyň mundan beýläk-de goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli üstaşyr ulag syýasaty boýunça YHG-a agza ýurtlaryň ýörite geňeşiniň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň çözgütleri şol ulgamda esasy meseleler boýunça ylalaşykly strategiýany işläp taýýarlamak üçin esas bolar.
Çykyşynyň dowamynda Gazagystanyň Premýer-ministri YHG ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýandygyny belledi. Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri olary çözmek üçin utgaşykly çäreleriň kabul edilmegini talap edýär diýip, jenap Askar Mamin aýtdy we COVID-19 wehimini hem-de pandemiýadan soňky döwrüň esasy wezipelerini nazara almak bilen, YHG-nyň ykdysadyýetini ösdürmegiň utgaşykly strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Sammitiň barşynda beýan edilen netijeli başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň gurama agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi, tutuş YHG sebitiniň abadançylygyna hyzmat etjekdigi nygtaldy.
Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň YHG-nyň ýörelgelerine hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň guramanyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Askar Mamine örän manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň dowamynda halkara guramalar, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmegiň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Şeýle hem sebit derejesindäki ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalaryň birnäçesi babatda pikir alşyldy. Taraplaryň pikirine görä, bu taslamalar beýleki ugurlar bilen bilelikde, YHG-nyň çäklerinde goşulyşmak işlerine seretmäge niýetlenendir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, umumy tagallalar esasynda ýakyn geljekde bu taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, şonuň netijesinde bu guramany berkitmek işine öz gönüden-göni goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki sammitiň jemleri boýunça ylalaşyklary nazara almak bilen, Jemleýji resminamanyň kabul edilýändigini belledi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edilýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamanyň taslamasyny taýýarlamaga gatnaşan kärdeşlerine we bilermenlere minnetdarlyk bildirip, onuň mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin has berk esasy döretjekdigine ynam bildirdi.
Soňra sammitiň çäklerinde YHG-nyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň guramamyzyň ýörite sylagyna mynasyp bolan wekilleriniň atlaryny yglan etmek meniň üçin örän uly hormatdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Azerbaýjan Respublikasyndan «Ylym we tehnika» ugry boýunça Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Fiziologiýa institutynyň direktory, professor Ulduz Faýyzi kyzy Gaşimowa;
Eýran Yslam Respublikasyndan «Ykdysadyýet» ugry boýunça Allame Tabatabai adyndaky uniwersitetiň hukuk we syýasat kafedrasynyň dosenti, doktor Mitra Rahanejat;
Gazagystan Respublikasyndan «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň Milli muzeýiniň baş ylmy işgäri, fiziki antropologiýa barlaghanasynyň müdiri Orazak Ismagulow;
Gyrgyz Respublikasyndan «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça Gyrgyz Respublikasynyň halk aktrisasy Nazira Ismailowna Mambetowa;
Pakistan Yslam Respublikasyndan «Oba hojalyk we daşky gurşaw» ugry boýunça Faýzalabad Zenanlar uniwersitetiniň döwlet kollejiniň rektory, professor, doktor hanym Robina Faruk;
Täjigistan Respublikasyndan «Ylym we tehnika» ugry boýunça Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmotehnika we seýsmologiýa institutynyň barlaghanasynyň müdiri Jahongir Nizomowiç Nizomow;
Türkiýe Respublikasyndan «Bilim» ugry boýunça Gaji Baýram adyndaky uniwersitetiň türk folklory we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, professor Mehmet Okal Oguz;
Türkmenistandan «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, doktor Ýazgylyç Orazgylyjow;
Özbegistan Respublikasyndan «Oba hojalygy we daşky gurşaw» ugry boýunça Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Gök we bakja ekinleriniň seleksiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Mastura Halimowa sylaglanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanalyp geçilen wekilleriň ählisini ýokary sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlap, döwletleriň we Hökümetleriň ýolbaşçylaryndan ýokarda bellenen sylaglaryň şu mejlis tamamlanandan soňra, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatyndan öz ýurtlarynda gowşurmak üçin alynmagyna jogapkär adamlary kesgitlemegi haýyş etdi.
Soňra milli Liderimiz geljek ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etjek ýurdy kesgitlemek hem-de indiki sammiti geçirmegiň senesini we ýerini ara alyp maslahatlaşmak meselesine geçdi.
Gurama başlyklyk etmegiň bellenen gezekleşikli usulyna laýyklykda, 2022-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmek Özbegistan Respublikasyna geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi tüýs ýürekden gutlap, bu gurama geljek ýylda Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmaga, öňde goýan uzak möhletleýin maksatlarymyza ýetmäge oňat itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň indiki sammitiniň geçiriljek ýeri baradaky meselä geçmek bilen, onuň geçiriljek ýerini we senesini taraplaryň diplomatik ýollar arkaly kesgitlejekdiklerini habar berdi. Bu barada bellenen düzgünlere laýyklykda, Sekretariat guramanyň agzalaryna habar berer.
Soňra milli Liderimiz döwletleriň Baştutanlaryna hem-de wekiliýetleriň agzalaryna jemleýji söz bilen ýüzlenip, YHG-nyň 15-nji sammitiniň işine işjeň gatnaşandygy, onuň dowamyndaky örän manyly çykyşlary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara gatnaşyklar ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny hem-de örän uly isleg bildirýändiklerini görkezdi.
Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Olar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlär. Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy YHG-nyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdi. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri we täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we yklym işlerine işjeň, netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi, durnuklylygy we özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge we öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Sammit Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, senagat kooperasiýasynyň netijeli usullarynyň emele getirilmeginiň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň, bu ugurdaky ähli tagallalaryň ýurtlarymyzyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini hem-de derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi.
Milli Liderimiz bilelikde iň çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyplydygymyza ynam bildirdi. Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, bütindünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýlarynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň anyk mysallaryny, el-ele berip öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler. Muny şu günki sammit hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.
Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerýär. Biziň ýurdumyz gurama agza döwletleriň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek syýasatyny dowam eder, onuň ornunyň we abraýynyň ýokarlanmagyna hemişe ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň netijelerine uly kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň dowamynda, şeýle hem şu sammiti geçirmäge taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda berlen goldawa ýokary baha berýändigini belledi.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere Türkmenistanyň we türkmen halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bularyň ählisi biziň YHG-nyň çäklerinde giň möçberli we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna ynamymyzy berkidýär.
Döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşanlaryň ählisini YHG-nyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň, olaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri we täze belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.
Şeýlelikde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti öz işini tamamlady.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşyjylaryň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy. Kabul edişlik tamamlanandan soň, milli Liderimiz daşary ýurtly kärdeşleri bilen mähirli hoşlaşdy. Şunda taraplaryň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Şol gün belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar.
Forumyň jemleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde YHG-a agza döwletleriň öňünde durýan örän wajyp meselelere garaldy. Ilkinji nobatda, munuň özi döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz üçin däp bolan energetika, ulag we söwda ýaly ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, YHG-a agza döwletler ençeme ýyllaryň dowamynda bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Şu sammitde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň eden çykyşlarynda ylym, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek hem-de maliýe-bank ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi. Pikirleri we başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň birnäçe anyk çäreleri bellenildi. 26-njy noýabrda Aşgabatda üstünlikli geçirilen YHG-nyň işewürlik maslahaty hem guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir.
Sammitiň barşynda howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan gurallardan peýdalanmak, hususan-da, ekologik taýdan arassa energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda gurallary ulanmak arkaly YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda, soňky döwürde kabul edilen halkara resminamalar arkaly bu gurallar güýçlendiriler.
Sammitde durmuş ulgamyna uly üns berildi. Bu ugurda anyk pikirler we teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselelerinde tagallalaryň mundan beýläk-de birleşdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ulgamynda tejribe, usullary we işläp taýýarlamalary alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.
Ynsanperwer-medeni ulgam işjeň döwletara gatnaşyklaryň däp bolan ugry bolup durýar. Munuň özi YHG-a agza döwletleriň halklarynyň medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary şu berk taryhy binýada esaslanyp, ýokarda agzalan ulgamlarda uzak möhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly we netijeli ýagdaýda geçen YHG-nyň 15-nji sammitiniň döwletara gatnaşyklary ilerletmekde we ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Ýurdumyz munuň üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda yzygiderli ädimleri ädip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48485
(28-nji noýabr, 2021-nji ýyl)
Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy
Biz, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary YHG-nyň maksatnamalaryny, çärelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de YHG üçin umumy gyzyklanma bildirilýän, YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly guraýan, çuňlaşdyrýan we giňeldýän, umumy gymmatlyklary, bähbitleri ösdürýän gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagyň ösüşine hem-de derejesine garamak üçin YHG-nyň 15-nji sammitine ýygnanyşyp, şunuň bilen baglylykda:
YHG-nyň Izmir ylalaşygynda tassyklanylan ýörelgelerine we maksatlaryna, sebitiň özara ykdysady ösüşi, parahatçylygy hem-de rowaçlygy we goşulyşmagy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap;
Halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek hem-de berkitmek üçin halkara ylalaşykly çäkler we hökmany şert hökmünde halkara daşary ykdysady gatnaşyklaryň guralyny ykrar edip, BMG-niň Tertipnamasynda tassyklanan halkara daşary ykdysady gatnaşyklary saklamakda, ony mundan beýläk-de höweslendirmekde halkara hem-de sebitara guramalaryň eýeleýän ornuny nygtap;
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Kararnamasynyň wajypdygyny belläp;
Ykdysady we durmuş ösüşini, sebitde durnuklylygy hem-de ösüşi çaltlandyrmagyň aýratyn wajyp guraly hökmünde sebitara hyzmatdaşlygyň, goşulyşmagyň we ulag arkaly baglanyşmagyň wajypdygyny ykrar edip hem-de agza döwletleriň arasynda dürli ylalaşyklaryň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hyzmatdaşlygyň möçberlerine uly ähmiýet berip;
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ählumumy we esasy ýörelgeler beýan edilen, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we wajyp ugurlarda YHG-ny täzeden dikeltmek üçin gollanma bolan “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” orta möhletleýin synyny kanagatlanma bilen belläp;
Agza döwletleriň arasynda uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy höweslendirip hem-de YHG-a agza döwletleriň YHG-nyň hereket edýän ylalaşyklaryna we düzümlerine goşulyşmagynyň hem-de olaryň amala aşyrylmagyny, hereket etmegini çaltlandyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipelerini belläp;
BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, hususan-da, syýasy garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga hem-de çäk bitewüligine we döwletleriň halkara derejede ykrar edilen serhetlerine, halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna hormat goýmak meselelerine ygrarlydygymyzy ýatladyp;
YHG sebitinde hem-de onuň çäklerinden daşynda ulag arabaglanyşygynyň, şol sanda Transýewraziýa birikmeleriniň möhüm maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berjek syýasy, ykdysady, medeni we tehnologik gazanylanlary belläp hem-de Yslamabat — Tähran — Stambul (YTS) awtomobil geçelgesiniň herekete girizilmegini mübärekläp;
Umumy geografiýa, taryh hem-de medeni ugurlar boýunça özara baglanyşyklary, oňyn artykmaçlyklary we giň özara baglanyşygy hem-de YHG sebitinde ykdysady taýdan goşulyşmagy üpjün etmek üçin agza döwletleriň köpdürli serişdelerini hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň wajypdygyny belläp;
COVID-19-dan soňky döwürde sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine täsiri bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde, kadaly işi dikeltmek, hususan-da, söwda, üstaşyr gatnawlar, ulag we syýahatçylyk ugurlarynyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, birek-birege goldaw bermegi maksat edinip;
Pandemiýa döwründe gatnawlary we çaltlandyrylan, netijeli hem-de elektron gümrük we ulag işini resmileşdirmek arkaly söwda akymlarynyň bökdençsiz hem-de päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin YHG sebitinde halkara söwdanyň çäklerinde möhüm ugur bolan serhetlerden geçmegiň çärelerini sanlylaşdyrmagyň wajypdygyny belläp;
“YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulan erkin, adalatly hem-de bökdençsiz söwda işine çemeleşmeleriň düzgünnamalaryna esaslanmagyň çäklerinde gatnawlary we ýük daşamalar ulgamynyň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we COVID-19 bilen baglanyşykly ykdysady meseleleri çözmegiň zerurdygyny ykrar edip;
Sanly düzüm, elektron söwda, energetika we üstaşyr hem-de multimodal gatnawlar ulgamy ýaly köp sanly ugurlary öz içine alýan özara ykdysady ösüşiň we okgunly konsepsiýanyň möhüm şerti hökmünde sebitleýin birikmeleriň hem-de goşulyşmagyň bähbitlidigini ykrar edip;
YHG sebitiniň döwletleriniň önüm öndürijileriniň, sarp edijileriniň we üstaşyr geçirijileriniň arasynda energetika meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldap;
Ykdysady durnuklylyk we durnukly ösüş hem-de şunuň bilen baglylykda, iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmakda zerur bolan energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp;
Elektrik üpjünçiligiň has iri utgaşykly ulgamynyň artykmaçlyklaryny peýdalanmak üçin YHG sebitinde elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap;
“YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryna” we BMG-niň durnukly ösüş üçin Gün tertibine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Çarçuwaly konwensiýasyna, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna laýyklykda, her bir agza döwletiň milli syýasatynyň we şertleriniň esasynda COVID-19-dan soňky döwürde sebitde durnukly dikeldiş üçin tagallalara esaslanyp, ösüşiň ähli ugurlary üçin çäkara mesele hökmünde YHG sebitinde ekologiýa hyzmatdaşlygynyň wajypdygy barada ýene-de bir gezek mälim edip;
Ählumumy we sebitleýin energetika howpsuzlygyny adalatly hem-de deňhukukly energetika gatnaşyklaryna geçmekde we ýakyn onýyllyklaryň dowamynda ony ösüşiň möhüm şerti hökmünde ykrar edip, öňümizdäki onýyllyklarda;
YHG-a agza döwletleriň milli energetika gorlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny ýokarlandyrmak we energiýanyň durnukly önümçiligini, onuň netijeliligini hem-de energetika howpsuzlygyny berkitmek boýunça tagallalara ýokary baha berip;
Agza döwletleriň YHG-nyň Söwda we ösüş bankyna goşulmaga artýan gyzyklanmalaryna ýokary baha berip hem-de YHG-nyň taslamalaryna we maksatnamalaryna ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde goşulyşmak arkaly goldaw bermekde we olary maliýeleşdirmekde bankyň ornuny pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap;
Agza döwletleriň arasynda bilim, medeniýet we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bu ugurlarda YHG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň işine goldaw bermegiň zerurdygyny belläp;
Ylalaşylan ýagdaýlary durmuşa geçirmekde agza döwletleriň arasynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goldaw bermekde parlamentara hyzmatdaşlygyň wajyp orun eýeleýändigini tassyklap;
Suw ýetmezçiligi, ýerleriň şorlaşmagy, gurakçylyk hem-de beýleki tebigy betbagtçylyklar bilen şertlendirilen, sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalyk pudagyny ösdürmek meselelerine ynjalyksyzlanma bildirip;
Oba hojalyk pudagynda ählumumy we sebitleýin derejelerde azyk howpsuzlygy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen sebitara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygyny belläp hem-de şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň azyk howpsuzlygy boýunça Sebitleýin utgaşdyryjy merkeziniň tagallalaryna goldaw berilmegini aýratyn nygtap;
Sebitde ykdysady ösüşiň möhüm guraly hökmünde sebitiçi söwdany doly üpjün etmek üçin YHG sebitinde erkin söwda zolagyny döretmäge bilelikdäki tagallalarymyz hakynda ýene-de bir gezek mälim edip;
Sebitiçi söwdanyň möçberlerini iki esse artdyrmagy hem-de onuň dünýä söwdasyndaky paýyny artdyrmagy goşmak bilen, “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” strategik maksatlaryna ýetmekde YHG-nyň Söwda ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň aýratyn ähmiýetini tassyklap;
Ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmekde oýlanyşykly çemeleşmegiň we gatnaşyklary, özara hormat goýmagy, düşünişmegi hem-de durmuş sazlaşygyny ilerletmegiň ähmiýetini ykrar edip, şonuň netijesinde YHG sebitinde durnukly we hemmetaraplaýyn, adalatly ösüşi, durnuklylygy hem-de rowaçlygy gazanmaga ýardam edip;
YHG sebiti üçin Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň wajypdygyny ykrar edip hem-de Owganystany dikeltmek we durnukly ösdürmek boýunça milli, sebit, ählumumy tagallalara biziň üýtgewsiz goldawymyz barada ýene-de bir gezek aýdyp;
Owganystandaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaý bilen baglanyşykly çuňňur aladamyzy beýan edip, Owganystanda hem-de YHG sebiti üçin parahatçylygyň we durnuklylygyň ähmiýetini nygtap hem-de owgan halkynyň ähli gatlaklarynyň, şol sanda zenanlaryň esasy adam hukuklaryny goraýan ählumumy we wekilçilikli syýasy ulgama biziň goldawymyz barada ýene-de bir ýola aýdyp;
YHG-nyň agzasy bolan Merkezi Aziýa döwletlerini olaryň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Azerbaýjan Respublikasyny bolsa Garaşsyzlygynyň dikeldilmegi bilen gutlap;
Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetini we halkyny basylyp alnan ýerleriniň azat edilmegi hem-de ýurduň çäk bitewüliginiň dikeldilmegi bilen gutlap, şeýle hem wakalaryň şeýle ösüşiniň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly durnukly parahatçylyga we ykdysady ösüşe ýol açjakdygyna pugta ynanyp;
Köp sanly wehimleri hem-de mümkinçilikleri döredýän, yzygiderli üýtgäp durýan ählumumy we sebit şertlerine hem-de täze wakalara, şonuň ýaly-da, YHG sebitinde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna doly düşünmek bilen, aşakdakylary:
1. Agza döwletleriň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlardaky, şol sanda YHG-nyň maksatlaryna we wezipelerine ýetmek hem-de YHG-ny netijeli sebit guramasy hökmünde ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleri öwrenmek arkaly bar bolan hyzmatdaşlygyň depginlerini güýçlendirmek;
2. “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryny” onuň hyzmatdaşlygyň esasy alty ugrunda — söwdada, ulagda we gatnaşyklarda, energetikada, syýahatçylykda, ykdysady ösüşde we öndürijilikde, şeýle hem durmuş üpjünçiliginde we daşky gurşawy goramak ulgamynda netijeli hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etmek baradaky borçlarymyzy ýene bir gezek tassyklap hem-de guramanyň esasy maksatlaryna ýetmek üçin binýat bolan “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” durnuklylyk, goşulyşmak we amatly şertler boýunça esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmegi ýene bir gezek nygtap;
3. Pandemiýanyň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän zyýanlaryny netijeli, iş ýüzünde hem-de bilelikde ýeňip geçmek üçin, hususan-da, maglumatlary alyşmak we öňüni alyş ulgamyndaky mümkinçilikleri pugtalandyrmak hem-de waksinasiýa arkaly, şonuň ýaly-da, sebitde biziň halklarymyzyň durmuşyny bilelikde gowulandyrmagyň bähbitlerine durmuş-ykdysady işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, COVID-19-a garşy göreşde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakynda çözgüt kabul etmek;
4.YHG-nyň ulag we aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek ulgamyndaky uzak möhletleýin çäkleýin ileri tutmalaryny çalt depginlerde durmuşa geçirmegi üpjün etmek; söwda we maýa goýum amallaryny ýönekeýleşdirmek; sebitiň ägirt uly energetika serişdelerini, ykdysady birleşmäni netijeli ulanmak; YHG-nyň beýleki sebitler bilen bu ulgamlardaky has ýakyn gatnaşyklarynyň ýollaryny we serişdelerini bellemek;
5. Agza döwletleri YHG-nyň çäklerinde baglaşylan hem-de Izmir ylalaşygynda we “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” berkidilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen degişli ylalaşyklara gatnaşmaga çagyrmak; biziň degişli ministrlerimize we pudaklaýyn dolandyryş edaralarymyza bu ylalaşyklara girişmek baradaky meselelere garamagy tabşyrmak;
6. “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulyşy ýaly, YHG-nyň Söwda ylalaşygyny we YHG-nyň söwda degişli beýleki ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin YHG sebitiniň söwda mümkinçiliklerini ulanmak arkaly sebit söwdasynyň pes derejesini ýokarlandyrmak hem-de sebitimiziň ählumumy söwda goşandyny artdyrmak barada çözgüdi kabul etmek; biziň degişli pudaklaýyn edaralarymyza tehniki we funksional päsgelçilikleri, şol sanda COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeleri aradan aýyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrmak, bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek we agza döwletleriň gatnaşmagynda YHG-nyň erkin söwda zolaklaryny döretmäge gönükdirilen söwda gepleşiklerine başlamak;
7. Tutuş YHG sebitinde ulag we üstaşyr gatnawlar, söwda we maýa goýumlar, telekommunikasiýalar, kiberhowpsuzlygyny goşmak bilen, sanly üpjünçilik ulgamy we energiýanyň ähli görnüşleri nukdaýnazaryndan, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeltmek, şonuň ýaly-da, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary goldamak, şol sanda olary sebit syýahatçylyk ylalaşyklary arkaly goldamak;
8. YTS awtoulag geçelgesiniň ulanylmaga berilmegine ýokary baha berip, Halkara ýol gatnawlary Konwensiýasyna laýyklykda, Eýranyň üsti bilen Pakistandan Azerbaýjana we Türkiýä ýükleriň üstünlikli iberilýändigini belläp, Üstaşyr ýük daşamalary baradaky Çarçuwaly ylalaşygyň maksatlarynda we “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda” göz öňünde tutulan ulag geçelgelerini we beýleki sebit taslamalaryny doly durmuşa geçirmek üçin iş ýüzündäki ädimleri ätmek, şonuň ýaly-da, gurama agza döwletleriň YHG-nyň 14-nji sammitinde öňe süren ulag geçelgeleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky meselä garamak;
9. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitdäki maglumat deňsizligini aradan aýyrmak maksady bilen, maglumatlar düzümlerini döretmek we ulanmak işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtamak;
10. Gyzyklanma bildirýän agza döwletleriň arasynda sanlylaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek maksady bilen, agza döwletlere ulag, gümrük we serhet bilen baglanyşykly işleri e-HÝG/e-ÝDYK we beýleki degişli gurallary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrmak boýunça tagallalaryna ýardam bermekde beýleki halkara guramalar hem-de gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
11. MKT-niň mümkinçiliklerine päsgelçiliksiz we deň derejede elýeterliligi üpjün etmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynyň möhümdigini göz öňünde tutup, MKT-niň artykmaçlyklaryny ulanmak we zyýanly täsirlerini azaltmak hem-de YHG ýurtlarynyň Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ministrlikleriniň 2017-nji ýylda geçirilen 2-nji mejlisiniň çözgütlerini we jemlerini durmuşa geçirmek işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek;
12. Elektron hökümet, sanly ykdysadyýet, emeli aň, telekommunikasiýa we operatorlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlarynda, şeýle hem agza döwletleriň milli poçta operatorlarynyň we programmalaýyn önümleriniň tehnoparklaryny ulanmak arkaly bilelikde işleşmek;
13. Agza döwletleriň syýahatçylyk ministrlerine COVID-19-dan soňky döwürde beýleki sebit hem-de ählumumy başlangyçlara laýyklykda, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly YHG-nyň syýahatçylyk pudagynda ýüze çykýan düýpli meseleleri çözmek boýunça gyssagly çäreleri görmegi tabşyrmak;
14. Daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak; YHG-nyň agza döwletleriniň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek;
15. Guramanyň çäklerinde epidemiologik ýagdaýlara seljerme geçirmek hem-de YHG sebitinde degişli çäreleri öz wagtynda meýilleşdirmek üçin ulgamy döretmek we ony saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek;
16. Arassa energiýa merkezini döretmek boýunça başlangyjy goldap hem-de; YHG-a agza döwletleri bu merkeziň sebitde energiýa hyzmatlaryna häzirki zaman, elýeterli we ygtybarly gural hökmünde doly derejeli we ýokary öndürijilikli hereket etmegi üçin anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrmak;
17. YHG-nyň agza döwletleri hem-de degişli halkara guramalar bilen durnukly we arassa energiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we “ýaşyl” energiýany maliýeleşdirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek;
18. YHG-a agza döwletleriň ählisi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de YHG-nyň Sebit utgaşdyryş merkezi bilen bilelikde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhümdigini nazara almak bilen, YHG-nyň azyk howpsuzlygy ulgamynda maksatnamasyny täzelemek boýunça tagallalary güýçlendirmek maksady bilen, YHG-a agza döwletleriň Oba hojalyk ministrliklerine YHG-nyň maksatnamasy täzelenenden soňra, YHG sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin geljekki maslahata taýýarlyk görmegi tabşyrmak;
19. Bu gurama agza döwletleriň ykdysadyýetleriniň özara üstüni doldurmak ýörelgesi esasynda senagat hyzmatdaşlygy ulgamynda meselelere garamak; biziň degişli ministrliklerimize hem-de wezipeli adamlara anyk ulgamlary we taslamalary öz içine alýan bilelikdäki “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy tabşyrmak;
20. Agza döwletleriň hem-de tutuşlygyna, sebitiň ykdysady ösüşinde mikro, kiçi we orta kärhanalaryň (MKOK) ornuny ýokarlandyrmak; biziň degişli edaralarymyza MKOK-ny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlyga, şol sanda zenanlar telekeçiliginiň ösdürilmegine we ylma esaslanýan kärhanalaryň döredilmegine goldaw berýänlere ýardam etmegi tabşyrmak;
21. Energetika pudagynda, şol sanda nebit we gaz, elektrik energiýasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, gidroenergetika we beýleki ulgamlarda, şol bir wagtda energiýa netijeliligine, energetika düzümleriniň ösdürilmegine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, nebit we gaz geçirijileriniň, energiýa bilen sebitiçi söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygyň zerurdygyny tassyklamak; YHG sebitinde energiýa serişdeleriniň söwdasyny hem-de olaryň iberilişini giňeltmek, elektrik energiýasynyň eksportyny we importyny ýönekeýleşdirmek hem-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, şeýle hem sebitiň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek maksady bilen, Elektrik energiýasynyň sebit bazaryny (YHG ESB) döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtamak;
22. COVID-19 şertlerinde üýtgäp durýan ählumumy ykdysady ýagdaýlary hasaba almak hem-de giň gerimli ösüşi we sebitiň has durnukly gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen, ykdysady ösüşiň orta möhletli we uzak möhletli strategiýalarynyň üstünde işlemek;
23. Netijeli we täsirli taslama gurallaryny, şol sanda guramanyň anyk netijelere gönükdirilen taslamalarynyň we maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, monitoringiň hem-de baha bermegiň ulgamlaryny we usullaryny peýdalanmak arkaly ölçelýän hem-de mukdar derejeli wezipeleri öňde goýmak;
24. Guramanyň işiniň netijeliligini pugtalandyrmak hem-de sebitimizde halkyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary güýçlendirmek işlerinde netijeleri çalt gazanmak üçin ileri tutulýan tertipde her ýyllyk iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ilkinji nobatda üns bermek arkaly YHG-nyň bellän çäreleriniň amala aşyrylmagyna ygrarlydygymyzy ýene bir gezek tassyklamak;
25. Neşe serişdeleriniň wehimine hem-de halkara guramaçylykly jenaýatyň, şol sanda beýlekileriň hatarynda sanly serişdeleri hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny (MKT) peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan adam, neşe serişdeleri, ýarag söwdasy ýaly, şeýle hem terrorçylygy maliýeleşdirmek we jenaýatçylykly ýol bilen alnan pul serişdelerini kanunylaşdyrmak ýaly häzirki wagtda hem bar bolan we hereketini dowam edýän jenaýatlara garşy göreş boýunça YHG-nyň gurallarynyň we maksatnamalarynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegini üpjün etmek hem-de hukuk goraýyş, kazyýet meselelerinde hyzmatdaşlygyň netijeli sebit gurallaryny döretmek we bu ugurda mümkinçilikleri giňeltmek;
26. “Halklaryň ösüşe hukuklaryny” bozýan, sebitimizde durnuklylygyň emele gelmegine hem-de ösüşe böwet bolýan çäre hökmünde birtaraplaýyn mejbur ediji çäreleri, sanksiýalary hem-de ykdysady taýdan gysyşy, esasan-da, pandemiýa döwründe inkär etmek hem-de şeýle çärelerden ejir çeken YHG-nyň agza döwletlerine goldaw bermek;
27. Agza döwletleri Azerbaýjan Respublikasynyň azat edilen çäklerinde gaýtadan dikeltmek hem-de durkuny täzelemek taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmek mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrmak;
28. Howpsuz, gülläp ösýän hem-de parahat Owganystanyň gaýtadan dikeldilmegine berk ygrarlydygymyzy ýene bir gezek beýan etmek hem-de Owganystan üçin YHG-nyň giň gerimli Goldaw maksatnamasynyň (YHG OGM) işlenip taýýarlanylandygy üçin YHG-nyň Müdiriýetine we agza döwletlerine hoşallygymyzy beýan etmek bilen, şeýle hem Pakistanyň bank işini işjeňleşdirmek üçin bank hasabyny Kabul şäherine geçirmäge ýardam bermekde tagallalaryny ykrar etmek bilen; agza döwletleri hem-de halkara bileleşigi YHG OGM-ny goldamagy dowam etmäge we Owganystanda ösüş we ýardam bermek ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmäge tutanýerlilik bilen çagyrmak;
29. Owgan halkynyň durmuş üpjünçiligini goramak boýunça netijeli, açyk we hasabatly gurallar arkaly Owganystana derwaýys ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça halkara tagallalara goldawymyzy beýan etmek, şeýle hem Owganystandan göçüp gaýdýan ilatyň köp sanlysyny öz çäklerinde kabul edýän ýurtlara raýdaşlyk bildirýäris we syýasy inklýuziwligiň, owgan halkynyň ähli gatlaklary, şol sanda zenanlar babatynda esasy adam hukuklarynyň goraglylygynyň möhümdigini hem-de terrorçylyga garşy göreşde netijeli çäreleri görmegi dowam etmegi nygtamak;
30. YHG-ny özgertmek işlerinde öňegidişlikleriň gazanylandygy üçin YHG-nyň agza döwletlerine we Müdiriýetine hoşallygymyzy beýan etmek;
31. YHG-nyň täze wezipä bellenilen Baş sekretary, Onuň Alyjenaby, ilçi Husraw Nozirini gutlamak, oňa hem-de onuň egindeşlerine möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edýäris hem-de Baş sekretara Müdiriýetiň mümkinçiliklerini artdyrmagyň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi tabşyrýarys we şunuň bilen baglylykda, hemişelik wekilleriň Geňeşini (HWG) Baş sekretara YHG-nyň çäklerinde we ondan daşary bar bolan hem-de talap edilýän serişdeleri peýdalanmakda goldaw bermäge çagyrmak;
32. Guramanyň işlerini talabalaýyk dolandyrandygy, esasan-da, dowam edýän COVID-19 çökgünligi döwründe işleri ýokary derejede gurandygy üçin YHG-nyň Müdiriýetine we ozalky Baş sekretary, Onuň Alyjenaby, doktor Hadi Soleýmanpura hoşallyk bildirmek;
33. Mähirli myhmansöýerlik hem-de daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine çuňňur hoşallygymyzy beýan etmek hem-de Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti we 15-nji sammitiň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa bellenilen çäreleri ýokary derejede dolandyrandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek;
34. Özbegistan Respublikasynyň 2022-nji ýylda YHG-da başlyklygyny goldamak hem-de Özbegistanyň başlyklyk etjek döwründe guramanyň has-da berkidiljekdigine, sebitleýin hyzmatdaşlygyň bolsa has-da ösdüriljekdigine, şeýle hem bu düzümiň halkara giňişlikde ornunyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek barada ylalaşdyk.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48474
(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry)
Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys.
Ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny bellemek isleýärin. Şu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Bu gurama bilen bilelikdäki işimiziň uly tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Bu, meniň pikirimçe, köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, biziň umumy işlerimizi goşmaça berkidýär.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bilelikdäki işleriň degişli derejede ilerlemegi, täze döredijilikli başlangyçlar bilen doldurylmagy üçin ähli tagallalary etdi. Başlyklyk etmegiň işlenip taýýarlanan Konsepsiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz onuň durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli işleri amala aşyrdy. Pursatdan peýdalanyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere şu döwürde Türkmenistana ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär. Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Bu işe öz wagtynda we işjeň goşulmak zerur bolup durýar. Munuň üçin bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmeli. Ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimiziň şulardan ybarat bolmalydygyna ynanýaryn.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünýär diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda biziň ýurdumyzyň durnukly ulag we energetika howpsuzlygy boýunça öňe sürýän taslamalaryny agza döwletleriň yzygiderli goldamagy muny aýdyň tassyklaýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň birnäçesi bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle goldaw üçin biz minnetdarlyk bildirýäris, oňa mundan beýläk-de netijeli ädimler üçin oňat esas hökmünde garaýarys.
Bu başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda hereket etmek bilen, biziň ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň birnäçesi bilen soňky ýyllarda iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde amala aşyrylýar.
Türkmenistanda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar.
Agzalyp geçilen taslamalaryň biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldigine ynanýaryn. Häzirki döwürde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky giňişlikde hem, olaryň çäklerinden daşyna çykylanda hem goşmaça energetika we üstaşyr ulag geçelgeleri gerek. Biziň pikirimizçe, bu babatda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly döwletara birleşikler bilen bir maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolup durýar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda üpjünçilik ulgamlarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagy yklymda täze geoykdysady giňişligi döretmekde ýokary hilli öňegidişlik bolar diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Munuň özi hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, iri maýa goýumlary çekýär, birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözýär.
Bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn bellemek isleýärin. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler. Şunda biz Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýäris. Şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynanýaryn.
Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip edýärin. Biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenarýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardygymyzy mälim edýäris.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliklerinde beýleki üpjünçilik ulgamlarynyň, hususan-da, awtomobil we demir ýol pudaklarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň anyk geljegini görýäris.
Biziň guramamyzyň çäklerinde awtomobil, demir ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmek zerur diýip hasap edýäris.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Söwdany ösdürmek biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda umumy söwda dolanyşygy 49,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkeziji bar bolan bilelikdäki mümkinçilikleri doly açyp görkezmeýär.
Söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli we depginli ösdürmegi üpjün etmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary etmegiň netijeli usulyny döretmek barada düýpli oýlanmaly. Biziň ýurtlarymyzyň telekeçilik bileleşikleriniň, şol sanda orta we kiçi işewürligiň işjeň ornuna bil baglamaga doly haklydyrys diýip hasap edýärin. Gürrüň senagat harytlary, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy, beýleki ugurlar boýunça kooperasiýalaryň dürli görnüşlerini ýola goýmak barada barýar. Işewürlik gatnaşyklaryny doly derejede ösdürmekde telekeçilige ýardam bermeli, olary degişli bank-maliýe ugrukdyrmasy bilen üpjün etmeli. Zerur bolanda, degişli ýeňillik ulgamyny we söwda amallaryny amala aşyranda, ýeňillikleri döretmeli.
Serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklary möhüm orny eýelemelidir. Bu ýerde biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däpleri, toplanan gymmatly tejribesi bar. Bu bolsa häzirki zaman hakykatyny göz öňünde tutup, ulanylmagyny we baýlaşdyrylmagyny talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.
Häzirki döwürde, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen, özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmek ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýar. Men biziň sebitlerimiziň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýaryn. Tagallalary birleşdirmek umumy bähbitlere laýyk gelýär. Bu bolsa bize täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga mümkinçilik berer.
Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt we aýdyň ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri, usullary we işläp taýýarlamalary, özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga örän ýakyn wagtlarda girişmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Bizde bu ugurda birek-birege teklip etmek üçin köp zat bar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydyr. Medeni çäreleri, sungat festiwallaryny, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda geçirmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklarynyň ulgamlaýyn meýilnamalaryny, bilelikdäki syýahatçylyk maksatnamalaryny, sport ýaryşlaryny guramagyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýäris.
Hormatly kärdeşler!
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Türkmenistan, umuman, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň depginli häsiýete eýe bolýandygyny, onuň sebit hyzmatdaşlygyna oňyn täsir edýändigini belleýär. Häzirki döwürde bu gurama uly hormata, at-abraýa eýe bolan halkara ykdysady düzüme öwrüldi we bütin dünýäde ykrar edildi. Guramanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy.
Esaslandyrylanda onuň binýatlyk esasynda goýlan kadalara we maksatlara gyşarnyksyz eýermegini dowam etdirendigi we dowam etdirýändigi bu guramanyň işiniň örän möhüm netijeli şerti boldy. Bu gurama oňa täze agzalar goşulanda we özüniň häzirki düzüminiň emele gelen döwründe hem bu kadalara we maksatlara eýermegini dowam edýär. Men guramanyň ykdysady hyzmatdaşlyk guraly hökmünde öz esasy ugruny saklap galýandygyny göz öňünde tutýaryn. Bu kada üýtgewsiz galmalydyr. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň beýleki halkara we sebit düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk edip, öz daşarky gatnaşyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýändigi guwandyryjydyr.
Biz — agza ýurtlar bu netijeleriň ählisini bilelikde toplan oňyn tejribämize doly hukukly goşup bileris. Ýöne wagt bir duran ýerinde durmaýar, döwür üýtgeýär. Ol bizden häzirki zaman şertlerini, dünýä ykdysadyýetindäki ösüş meýillerini, sebit ýagdaýlarynyň ösüşiniň we ugurlarynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, guramanyň işinde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Şeýle şertlerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstüne onuň özboluşly aýratynlyklaryna, täsin geoykdysady ýagdaýyna laýyk gelýän aýratyn wezipeler ýüklenilýär. Men Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň taryh we geografiýa, däpler we gymmatlyklar arkaly baglanyşan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde, bar bolan hakyky artykmaçlyklaryňdyr umumy bähbitleriň esasynda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin tebigy ölçeg babatda birleşdiriji esasyndan ähli gatnaşyjylaryň ugur alýandygyna ynanýaryn.
Hormatly döwlet ýolbaşçylary!
Şu günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge niýetlenendir. Şeýle hem geljek döwürde bilelikdäki işiň ugurlaryny kesgitlemegi maksat edinýär. Häzirki döwrüň örän anyk we hakyky ýagdaýlaryndan ugur alýan çözgütleri işläp taýýarlamaly. Biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulmagyna itergi berýän, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine we halklarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýän özara hyzmatdaşlygyň usullaryny we görnüşlerini döretmegi talap edýär.
Men Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda bar bolan mümkinçilikleriň strategik maksatlara çykmak, bilelikdäki giň möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin bize doly esas berýändigine ynanýaryn.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, hormatly jenap Husraw Nozirä biziň işimizi başarnykly we netijeli utgaşdyrýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň dowamynda seredilmegi teklip edildi.
2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde bu Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara ähmiýetli Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde 10 sany döwlet çykyş etdi.
Men siziň hemmäňizi bu taryhy waka, şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Men size guramamyzyň 15-nji sammitiniň işine işjeň gatnaşandygyňyz, onuň dowamynda örän manyly çykyş edendigiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Şu günki duşuşygymyz gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara hereketler ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny we örän uly isleg bildirýändiklerini görkezdi.
Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Olar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlär.
Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy biziň guramamyzyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdi. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri, täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we yklym işlerine işjeň hem-de netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi. Durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge we öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezdi.
Sammit Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, senagat kooperasiýasynyň netijeli usullarynyň emele getirilmeginiň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň, bu ugurdaky ähli tagallalaryň ýurtlarymyzyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi.
Men biziň bilelikde iň çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyplydygymyza ynanýaryn. Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, bütindünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýlarynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň anyk mysallaryny, el-ele berip öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler. Muny şu günki sammit hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerýär. Biz guramamyza agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek syýasatyny dowam etdireris, guramanyň ornunyň we abraýynyň ýokarlanmagyna hemişe ýardam bereris.
Biz şu günki duşuşygyň netijelerinden uly kanagatlanma bildirýäris. Türkmenistana bu gurama başlyklyk etmeginiň dowamynda, şeýle hem şu sammiti geçirmäge taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda berlen goldawa ýokary baha berýäris.
Sözümiň ahyrynda size Türkmenistanyň we türkmen halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler, halkara başlangyçlarymyzy goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bularyň ählisi guramamyzyň çäklerinde giň möçberli we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine saýlanyp alnan ýoluň dogrudygy babatdaky ynamymyzy has-da berkidýär.
Sammite gatnaşanlaryň ählisini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň, olaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri we täze belent sepgitlere ýetmegi arzuw edýärin.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48475
Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Ol 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň 15-nji sammitine taýýarlygyň jemleýji tapgyry boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy umumy bähbitlere kybap gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu guramanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagy, onuň bolup geçýän ählumumy we sebit ýagdaýlaryna oňyn täsiriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan sebit derejesinde däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolup, YHG-nyň ähli agza döwletleri bilen ozaldan gelýän hoşniýetli we ýakyn gatnaşyklary saklaýar.
Şu günki duşuşyga YHG-nyň ýurtlarynyň Aşgabada gelen ýolbaşçylary, guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebit edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi bu guramanyň ýerine ýetiriji edarasy bolup, ol YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleri esasynda agza ýurtlaryň daşary syýasy işlerini, şol sanda halkara guramalardaky hereketlerini utgaşdyrýar, özara gyzyklanma bildirilýän dünýä syýasatynyň meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirýär.
Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleri barada wideoşekiller görkezildi.
Şu ýyl Watanymyz şanly senäni — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belledi. Türkmenistan Bitaraplygyň döredijilik we parahatçylyk mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etmek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede syýasy, ykdysady, medeni ösüşi üpjün etmäge ýardam bermäge çalyşýar.
Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň şu günki mejlisiniň dowamynda sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlaryny, häzirki zaman ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy. YHG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we sebit edaralarynyň, beýleki düzümleriniň hasabatlaryna garaldy.
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisiniň başlygy, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günki çäräni gurandygy, YHG-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerindäki netijeli hem-de döredijilikli ornuna, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri YHG-da işleriň häzirki ýagdaýy barada habar berdi.
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, bu meýdançanyň köp ýyllardan bäri YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup hyzmat edýändigini, onuň dürli möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak üçin ençeme gezek ulanylandygyny belledi. Türkmenistanyň bu guramada 2021-nji ýylda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryna” laýyklykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Konsepsiýada esasy wezipeleriň birnäçesi kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda agza ýurtlarda maýa goýum işini işjeňleşdirmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, täze ulag-logistika geçelgelerini kemala getirmek, durnukly energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri bar.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde YHG-nyň agza döwletleriniň ministrleri we guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Häzirki wagtda YHG ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň tassyklanylan meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda işleýändikleri, agentlikleriň hem-de sebit düzümleriniň işlerine ýardam berýändikleri nygtaldy.
Mejlisde çykyş eden YHG-nyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öz döwletleriniň bu guramanyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň halklaryň we ýurtlaryň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit durnuklylygyny saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdiler.
Mejlisde YHG-nyň Baş sekretarynyň çykyşy diňlenildi hem-de guramanyň 2021-2022-nji ýyllar üçin sebit taslamalary boýunça maslahatlara seredildi. Olarda bu düzümiň hasabat döwründe ýeten esasy ykdysady sepgitleri, YHG-nyň häzirki taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň netijeliliginiň seljermesi beýan edildi.
Şeýle-de YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli ösüşiniň orta möhletleýin seljermesi, YHG-nyň arassa energiýa boýunça merkezini döretmek hakyndaky Hartiýasyny kabul etmegiň meseleleri, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, YHG-nyň sebit edaralarynyň hem-de düzümleriniň ýyllyk hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, sammitiň gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da, häzirki ýokary derejedäki forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikir alşyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň hasabaty kabul edildi.
Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk oňyn ýagdaýda geçdi hem-de netijeli häsiýete eýe bolup, YHG ýurtlarynyň arasynda halklarymyzyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi.
Forumyň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48472
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň işiniň esasy ugrunyň Türkmenistanyň ygtybarly goragyny üpjün etmekden ybaratdygyny, munuň bolsa milli bähbitler hem-de howpsuzlyk bilen şertlenendigini belledi.
Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan düzülen “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmelidigini nygtady. Onuň düzüminiň harbylary söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmalydyr, merdanalyk, watansöýüjilik häsiýetlerine eýe bolmalydyr, öňde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmelidir. Toparyň şahsy düzümi hünär hem-de beden taýýarlyklaryny yzygiderli artdyrmalydyrlar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselä degip geçip, dabaralaryň harby gullukçylaryň her biri üçin täze üstünliklere ruhlandyrýan uly waka hökmünde olaryň ýadynda galmalydygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de olaryň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň aýratyn tapawutlanan harby gullukçylaryny we serkerdelerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy bolup durýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, döwletimiziň Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň gulluk we gündelik durmuşy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada geljekde-de alada ediler.
Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48401
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer 27-28-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýlandygy bellenildi. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 168-sine gol çekildi.
Abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar, şunda Türkmenistan we Türkiýe biri-birini özara goldaýarlar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, şonda Bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ynsanperwer gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli Maksatnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň olaryň mäkäm binýady bolup durýandygyny nygtady.
Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däbe öwrülen hyzmatdaşlygy berkitmegiň, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagynyň, köpýyllyk gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu sammiti ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde kabul eder. Bu wezipäni üstünlikli we netijeli ýerine ýetirmegiň çäklerinde hem-de işlenip taýýarlanylan degişli meýilnama laýyklykda, şu ýyl dürli çäreler guraldy.
28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk edýän döwründe esasy çäreleriň birine öwrüler. Häzir onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, YHG-a agza ýurtlaryň wekilleri hem-de guramanyň Sekretariaty bilen bilelikde degişli işler geçirildi.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, sammitiň Maksatnamasy taýýarlanyldy, onuň öň ýanynda türkmen paýtagtynda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýokary wezipeli resmi wekilleriň duşuşygy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň işewürler maslahaty bar. Mundan başga-da, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolup durýan YHG bilen netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Bu gurama agza döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen, Bitarap Watanymyz sebit derejesinde, şeýle-de dünýä giňişliginde YHG-nyň ornuny pugtalandyrmak boýunça tagalla edýär.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Aşgabatda geçiriljek sammitiň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlygyň, ähli guramaçylyk meselelerini toplumlaýyn çözmegiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu serişdeleri “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz känine degişli bolan gaz geçirijilerini we gazy ilkinji arassalaýjy desgalarynda poslamadan goramak hem-de suw aýlanyşygy ulgamynda suwlary arassalamak işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biridigini belledi. Ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, energiýa serişdeleriniň öndürilýän hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri eksport etmek bu ulgamda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ileri tutulýan wezipeleridir.
Şonuň bilen birlikde milli Liderimiz tebigy gazy gaýtadan işlemäge we täze önümleri öndürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtap, pudagyň önümçilik kärhanalaryny zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Karary bilen tassyklanan ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Teklip edilýän ýer böleklerinde döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, oba hojalyk ekinlerini, miweli we saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Şu ugurda obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryndan peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Buýruga gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 2022-nji ýylda degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda öňdengörüjilikli energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberi her ýyl artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Geçirilen degişli işleriň netijeleri boýunça geljek ýylda elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermäge degişli teklipler taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Şunuň bilen birlikde wise-premýer Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň bu toparyň işine hil taýdan täze itergi berendigi bellenildi.
Dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly bu toparyň 5-nji mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtady. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýa laýyklykda, pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de onuň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudagyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde onuň önümçilik kuwwaty artýar. Munuň özi elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmaga hem-de onuň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek babatda şertnamalar baglaşylanda, Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerinden ugur alynmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýer Ç.Purçekowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barada aýdyp, özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Munuň özi iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýär.
Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda Bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň 5-nji mejlisini geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere guramaçylyk meseleleriniň talabalaýyk çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iň täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilikleri döretmek üçin mümkinçilikleri şertlendirýär. Bu kärhanalar tarapyndan çykarylýan ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.
Hasabatyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda milli serginiň işiniň dowam edýändigi habar berildi. Onda ägirt uly senagat we aň-paýhas kuwwatyna eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleri görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, hususan-da, özümizde öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky wezipäni kesgitläp, wise-premýere ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we işjeňleşdirmek üçin ähli şertleri döretmek babatda tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň gurallaryndan netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň önümlerini daşarky bazarda işjeň ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwletimiz tarapyndan hususy ulgama mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli taslamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär. Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen taryhyna hem-de medeniýetine, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýänler üçin niýetlenen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredilmeginiň örän wajypdygyny belläp, täze neşiriň, ilkinji nobatda bolsa, onda çap edilýän makalalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz žurnalyň makalalarynyň biziň eýýamymyzyň belent ruhuny, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmelidigini aýdyp, täze neşiri döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek meselesi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň abraýly halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, uly üstünliklere, ýokary sylaglara mynasyp bolýandyklaryny belledi. Munuň özi bilim we ylym ulgamynda durmuşa geçirilýän, innowasion esasda, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary, usullary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara maslahatlary, bäsleşikleri, sergileri guramak babatda uly tejribe toplandygyny belledi. Bu çäreler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Demir ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu taslamada demir ýollara ýanaşýan, demir ýollaryň tutýan ýa-da şeýle ýollaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen, demir ýol beketleriniň, suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň, demir ýollaryň ugrundaky gorag zolaklarynyň, aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik enjamlarynyň, önümçilik we başga jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň, demir ýol ulagynyň beýleki desgalarynyň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleriniň bellenilmegi hem-de peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de demir ýol boýunça daşalýan ýükleriň mukdarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, demir ýol hereketiniň howpsuzlygyny we bökdençsizligini üpjün etmegiň, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işi hem-de karz serişdelerini we maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi. Maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bazaryň täze ugurlarynda üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary, dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşarky bazarlara bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda iri sebit we halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Aziýa ösüş banky hem bar. Dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiz wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, bellenen işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48402
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär.
Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şu günki günde döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň geçen döwründe iki ýurduň arasynda giň gerimli özara hereketleriň baý hem oňyn tejribesi toplanyldy. Onuň esasyny döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumy düzýär.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklar, ýokary derejedäki netijeli syýasy gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has hem berkitdi, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we depginini kesgitledi. Şol bir wagtda döwletara gün tertibiniň, halkara we sebitleýin syýasatyň köp meseleleri boýunça özara düşünişmeklik ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam edýän wajyp görkeziji bolup durýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky diňe dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir.
Dürli derejelerdäki syýasy gepleşikler bilen bir hatarda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine we medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan ulgam bolup hyzmat edýär. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy syýasy-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we haryt dolanyşygynyň möçberi babatda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek derwaýysdyr. Iki doganlyk döwlet söwda-ykdysady ulgamdaky giň gerimli işleriniň durmuşa geçirilmegi babatda ähmiýetli mümkinçiliklere eýedirler.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly Türkiýe bilen diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hereketlerini üstünlikli ösdürýär.
Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem netijeli özara hereket etmek arkaly, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşligini görkezýärler. Soňky ýyllarda türkmen döwleti dünýä syýasatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda global we energetiki howpsuzlygy üpjün etmek, ulag-logistik ulgamy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň syýasy başlangyçlary we pikirleri halkara giňişlikde uly goldaw tapýar. Biziň ýurdumyz üçin ýakyn hyzmatdaşlaryň goldawy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen daşary syýasy tagallalaryny goldaýar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebitiň ösüşi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistan bolsa golaýda Geňeşde synçy derejesine eýe boldy. Işjeň türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde iki ýurduň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketlerini hem görkezmek bolar.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny bellemek gerek. Ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklary hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylyşlary muňa oňyn şertleri döredýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi döwletara gatnaşyklary berkitmek ýolunda möhüm ädimleriň ýene biri bolup, türkmen-türk gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine täze itergi berer.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48398
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Daşary ýurtly işewür toparlary bilen giň we köpugurly gatnaşyklar dünýä bileleşiginiň, iri maýadarlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, yklymyň ykdysady ýollarynyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga gyzyklanmasyny tassyklaýar.
Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şanly wakasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, ileri tutulýan sebit we dünýä meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan hem-de YHG bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar, bu bolsa uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda mäkäm binýady döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşant goşmak arkaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.
YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Aklaki işewürler maslahatyny açyp, mähirli kabul edilendigi hem-de däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýdyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 28-nji noýabrda geçiriljek XV sammitiniň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhümdigini belledi. Myhman şu günki duşuşygyň döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini hem-de işewürler bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Umumy mejlis YHG-a agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlandy. Esasy maksat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gurama giren wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda bu ulgamda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, ileri tutulýan ugurlarda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Soňra çykyş eden YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Golam Hosseýn Şafei duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu günki işewürler maslahatynyň jemleriniň söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň has-da giňelmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Myhman guramanyň içindäki gatnaşyklary goldamak, şol sanda söwda Ylalaşygyny amala aşyrmak, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlykda barter bileleşigini döretmek, sebitiň demir we awtomobil ýollaryny giňeltmek barada pikirini beýan etdi.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar forumyň ykdysadyýetde möhüm meseleleri hem-de aýry-aýry ulgamlary netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Maýa goýum kuwwatyny hem-de bu ugurda gazanylan belent sepgitleri görkezmek bilen bir hatarda, ol dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Baý tebigy we adam serişdelerine eýe bolan YHG-nyň geljekde ykdysady işleri ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi, şunuň bilen baglylykda, söwda we maliýe hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini goldamak guramanyň wezipeleriniň biri bolup durýar. Işewür toparlaryň wekilleri YHG-a agza ýurtlaryň işewürleriniň özara gatnaşyklary, täze bazarlara çykmaga mümkinçilik, öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary alyşmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň önümçilik ulgamyna uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýalaryny goýmak bilen, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegi üçin mäkäm binýadyň döredilýändigini bellediler.
“YHG-nyň sebitinde söwda we hyzmatlar, gümrük hyzmatlary, salgyt salmak, sanly söwda, täjirçilik babatda hyzmatdaşlyk” atly mejlisiň çäklerinde ykdysadyýetleri durnukly ösdürmek, olary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur derejäni üpjün edýän bazar gurallaryny peýdalanmak, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara daşarky maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toplanan dünýä tejribesi maýa goýumlaryň we söwdanyň tebigy, önümçilik, zähmet serişdeleri bilen utgaşyklylykda, islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmegini şertlendirýär. Kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmek, nyrh we nyrh bilen bagly däl böwetleri aradan aýyrmak arkaly erkin söwdanyň doly derejede işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmegi YHG-a agza döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga nobatdaky itergi bolup hyzmat eder. YHG-nyň ýurtlarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek derwaýys wezipe bolup durýar.
Häzirki wagtda söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny köp babatda sarp edijiniň hereketleriniň häsiýetiniň we nusgasynyň üýtgemegi kesgitleýär, bularyň hemmesi gurşawyň üýtgemegi — tehnologiýalaryň okgunly ösmegi, sanly ykdysady ulgamlaryň, innowasion işewürlik nusgalarynyň peýda bolmagy bilen şertlendirilendir.
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda giň gerimli taslamalar, şol sanda täze awtomobil we demir ýollaryny gurmak, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek, giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurulmagyna aýratyn üns berilýär.
Bu baradaky mesele “YHG-nyň sebitinde senagat pudagyny hem-de ulag-logistika hyzmatlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mejlisiň çäklerinde beýan edildi. Milli ulag operatorlarynyň gatnaşmagynda dünýä ähmiýetli döwrebap düzümiň, durnukly logistika ýollarynyň döredilmegini, hyzmatlar ulgamynyň giňeldilmegini ugur edinýän iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gaýtadan işleýän pudaklar batly depginde ösdürilýär, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýokary görkezijileri döwletimiziň öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty hem-de uly möçberde çekilýän daşary ýurt maýa goýumlary bilen üpjün edilýär. Häzir Türkmenistanda durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, rezin-tehniki önümler, emeli süýüm, organiki polimerler ýaly, tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň netijeli önümçiligini ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Işewürler maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleri dowam etmek barada aýdyp, YHG-a agza döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljek üçin köptaraplaýyn täze ugurlaryny kesgitlemek bilen, onuň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Utgaşykly görnüşdäki forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda hem-de beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.
Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48399
Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.
Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Bu gezekki sammitiň milli senenamamyzyň şanly wakasy — döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigi bellärliklidir. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän XV sammitiniň hormatyna ýadygärlik şaýy pullaryň çykarylmagy üstünlikli ösdürilýän, milli hem-de umumy bähbitlere gabat gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan ýasaldy. Şaýy pullaryň ýüz tarapynda Ýer togalagynyň şekili, onuň merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nyşany ýerleşdirildi. Ýüz tarapynyň ýokarky we iki gapdal böleginde «YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan senesi «2021» we iki sany kiçijek sekizburçly şekiller ýerleşdirildi. Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde, däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde, aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýen ýazgy şekillendirildi. Onuň çep tarapynda täze şaýy pullaryň mähegi hem-de agramy görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda kiçijek sekizburçly şekiller bilen bölünýär. Altyn pullaryň diametri 38,61 millimetre deň bolup, agramy 39,94 gramdyr. Olaryň mähegi örän ýokary bolup, 916,7-ä deňdir. Kümüş şaýy pullar 925 mähekli kümüşden ýasaldy. Olaryň diametri altyn puluňky ýaly bolup, agramy 28,28 grama deňdir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul toplumynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.
"Nesil".
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48367
Barha ählumumylaşýan halkara gatnaşyklarda sebitara düzümlere möhüm orun degişli. Şolaryň biri-de, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ol sebitleýin hökümetara gurama bolup, öz işini 1992-nji ýylda täzeden dikeltdi. Owganystan, Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan döwletleri onuň täze agzalary boldy. Şol ýylyň 16-17-nji fewralynda YHG-nyň üsti ýetirilen täze agzalarynyň-da gatnaşmagynda geçirilen döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda kabul edilen resminamada ulag-kommunikasiýa, senagat we oba hojalygy, energetika pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutuldy. Agza ýurtlaryň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny yzygiderli üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar, senagat mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň medeni gatnaşyklaryny berkitmek; sebitara we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy başlangyçlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary we taslamalary öňe sürýär. Şunda energetika hem-de ulag ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar.
2021-nji ýylyň 4-nji martynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitine gatnaşdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şol sammitden soňra, YHG-da başlyklyk etmek döwri Türkmenistana geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň şeýle jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýän çemeleşmelerini aýdyň görkezýär.
YHG-nyň şol gezekki sammitinde türkmen Lideri agza ýurtlar bilen bilelikde toplanan tejribä oňyn baha berip, wagtyň bizden häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri we sebitdäki işleriň ugruny göz öňünde tutup, guramanyň işine täze çemeleşmeleri taýýarlamagy talap edýändigini aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikiriçe, ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi gazanmak häzirki döwürde YHG-nyň baş wezipesi bolmalydyr. Bu bolsa guramanyň üstüne parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmek wezipesini ýükleýär. Şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiz sammitde ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryna dahylly birnäçe teklipleri öňe sürdi.
1. Türkmenistan YHG-nyň sebitindäki ykdysady ugurlaryny döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Ol bu ugurlara harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde garaýar. Döwletimiz senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýar. Türkmen tarapy YHG-nyň çäklerinde ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermegi strategik wezipe hasaplaýar.
2. Türkmenistan YHG-nyň giňişligine Ýewraziýa yklymynda amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde seredýär. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde agzalan sebitde bilelikdäki birnäçe multimodal ulag-kommunikasiýa taslamalary üstünlikli amala aşyryldy.
Aslynda, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna ýardam bermek YHG-nyň işiniň möhüm ugrudyr. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Aşgabatda bolan sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyndan başlanypdy. Şol gün hem Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýükleri daşamak we demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dörttaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. 1998-nji ýylda Gazagystanda YHG-nyň agza döwletleriniň üstaşyr ýük gatnawlary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly bu düzüme girýän ýurtlaryň söwda dolanyşygynda möhüm ugra öwrüldi.
2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen II sammitinde Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky resminama gol çekildi. Bu halkara demir ýoly Baltikadan Eýranyň portlaryna çenli 4,5 müň kilometr aralykda has oňaýly ugur bolup durýar. 2011-nji ýylyň oktýabrynda bolsa YHG-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň üsti bilen Gazagystana aralaşýan üstaşyr demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Gazagystan 2015-nji ýylyň fewralynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamasyna goşuldy. Şeýlelikde, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm halkasyna öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly diňe bir YHG-nyň sebitiniň däl, eýsem, Ýewraziýa yklymynyň halklarynyň bähbidine-de gulluk edýär.
Strategik hyzmatdaşlardyr goňşy döwletler bilen däbe öwrülen gatnaşyklardan başga-da, Türkmenistan häzir Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenýär. Pars aýlagynyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti hasaba alnanda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) ulag geçelgesiniň taslamasy örän ähmiýetlidir. Oňa birnäçe goňşy döwletler gyzyklanma bildirdi we netijede, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda hökümetara Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa, Eýran we Pars aýlagynyň ýurtlary, arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer. Ol Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen ulag diplomatiýasynda möhüm taslamalaryň biri-de, «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe multimodal ulag geçelgesidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatyň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Hut şol maslahatda-da Türkmenistanyň Prezidenti ýene-de bir täze teklibi — Türkiýä çykmak arkaly, Merkezi Aziýa üçin modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy öňe sürdi. Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi RECCA-nyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçen VII forumynyň esasy üstünligi boldy. «Lapis Lazuli» geçelgesi Owganystana Hazar deňzi arkaly öz ýüklerini daşamaga giň mümkinçilik berer.
Türkmenistan YHG-nyň çäginde Gündogar — Günbatar ugry boýunça hem ulag-logistika taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu ugurda Hazaryň üstünden geçýän taslamalara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsi YHG-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Baştutany Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmagyň mümkinçiliklerini öňe sürýär.
3. Halkalaýyn energiýa geçirijilerini çekmek Türkmenistanyň YHG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm hasaplaýan ýene bir ugrudyr. Ýurdumyz bu guramanyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, agza döwletleriň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge-de uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.
Türkmen Lideri YHG sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň hem zerurdygyny belläp, Ýewraziýa yklymynyň jümmüşinde halkalaýyn energiýa geçirijilerini çekmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklymda beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýup biljekdigine aýratyn ünsi çekýär. «Bu birleşikleriň strategik bähbitleri YHG-nyň bähbitleri bilen özara peýdaly we deňhukukly esasda laýyk gelip bilerdi» diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan energetika taslamalary onuň YHG-nyň çägindäki ýurtlaryň energetika mümkinçiliklerini bir ýere jemlemegiň hasabyna bu ýurdy goldamagyň belent ynsanperwer nusgasy bolup durýar. Energiýa serişdelerine ýiti mätäçlik çekýän Owganystana Türkmenistan çärýek asyrdan gowrak wagt bäri elektrik energiýasyny elýeterli nyrhlardan iberýär. Ýurduň maliýe-ykdysady kynçylyklary göz öňünde tutulyp, bu ugurda toplanan bergiler Hökümetimiz tarapyndan ençeme gezek geçildi. Munuň özi goňşuçylyk gatnaşyklarynda ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň nyşanydyr.
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan taslamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr.
4. Medeniýet, sport, bilim, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gatnaşyklary giňeltmäge işjeň ýardam bermek Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde ileri tutýan möhüm wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe we bilim alyşmak boýunça-da hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermegi teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň YHG-nyň işini sebiti netijeli ösdürmegiň şertleriniň biri hasaplaýandygyny, bu guramada onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikleri görýändigini belläp: «Biz döwletleriň we halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. YHG-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder» diýip nygtady.
YHG-nyň işiniň gaýtadan janlandyrylmagy netijesinde soňky 30 ýyla golaý döwürde Türkmenistan bu guramanyň çäginde ideologik garaýyşlardan erkin, ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde sebitara taslamalary durmuşa geçirmäge degişli ençeme oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Ýurdumyz YHG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy sebit goşulyşmasynyň oňyn ösüşiniň şertleriniň biri hasap edýär. Guramanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini agza döwletleriň hem-de tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin peýdalanmagyň geljegi uly ugurlary 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky XV sammitiniň gün tertibinde-de öz beýanyny tapar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48397
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.
Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol döwürde türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni durmuşynda uly özgerişlikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygy milletimiziň nesilden-nesle geçirip gelýän maddy-ruhy gymmatlyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini gaýtadan dikeltdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe tutuş dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrülendigi bellenilýär. Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleri ilerletmek üçin Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitledi.
Okyjylara hödürlenen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary” atly makalada kodeksi döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň islegine kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen “Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy” hem-de “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy” atly makalalarda bolsa ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler gozgalýar, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalara garalýar.
“Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy” atly makalada bu ugurda oňyn dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny we şertnamalaryny berjaý etmäge mäkäm eýerýändigi nygtalýar, munuň özi döwletimiziň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň agzasy bolmagy bilen şertlendirilendir.
“Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny” atly makalada ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtalýar. Alternatiw energetikany ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi degişli maksatnamalarda we strategiýalarda, şol sanda ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen özara gatnaşyklarda beýanyny tapdy. Şunda ýurdumyzda kabul edilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Kanunyň ähmiýeti bellenilýär.
Energiýanyň alternatiw çeşmelerini netijeli ulanmak ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we energiýa tygşytlylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri ýurdumyzyň Gün we ýel energiýasyny giňden ulanmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. Makalada şol maksatlary amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, şol sanda Hazarýaka sebitde bar bolan şertleriň barlaglary muňa mysal hökmünde görkezilýär. Şol ýerlerde ýel energiýasyny öndüriji desgalary gurnamak merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän oba ilatynyň hojalyklaryny hem-de oba hojalyk önümçiligini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder.
“Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda Türkmenistanyň raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary açylyp görkezilýär. Diýarymyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de amala aşyrylýan giň gerimli durmuş ugurly maksatnamalar şolary üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn syýasat yzygiderli durmuşa geçirilip, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge onuň özenini düzýär.
Neşiriň nobatdaky sanyny “Senenama” bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48137