Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr.
Garaşsyz ösüşiň 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly täsirini ýetiren koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy bilen emele gelen ykdysady çökgünligiň, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň duýdansyz we çalt peselen şertlerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň deňagramly ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. «Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» hem-de «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň» kabul edilmegi we olaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi döwlet derejesinde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, ykdysadyýetiň käbir pudaklaryna goldaw bermekde netijeli ädime öwrüldi.
Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.
Ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, ýeňil hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Düzüminde tebigy gazy çykarýan we ony gaýtadan işleýän pudaklary bolup, üstünlikli hereket edýän gaz senagaty biziň üçin möhüm ulgam bolmagynda galýar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy ileri tutulýan taslamalardyr. Bu sebitleýin taslamalaryň örän uly geljegi bolup, olaryň amala aşyrylmagy bilen, energiýa akymlary üçin täze strategik ugur açylýar, Hindistan we Pakistan ýaly iri, depginli ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetini ýangyç bilen üpjün etmek arkaly geljekde Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki, Ýakyn hem-de Orta Gündogardaky beýleki ösýän bazarlara çykmaga mümkinçilik döreýär.
Gazy gaýtadan işleýän pudakda esasy üns berilýän ugur tebigy gazy has çuňňur we giňişleýin gaýtadan işlemekdir. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda önümçilige gönükdirilen innowasion taslamalary we ulag-infrastruktura desgalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda mazudy wakuumlaýyn gaýtadan işlemek, ýeňil olefinleri alkilleşdirmek, izomerizasiýa etmek hem-de benzinleri, polipropilenleri garyşdyrmak enjamlarynyň işe girizilmegi önümiň täze innowasion, bäsdeşlige ukyply görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Pudagy ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri hem senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda, durmuşda zerur bolan dürli görnüşli önümleri öndürmekde esasy düzüm bölegi hasaplanýan polimer öndürmek üçin iri pudaklary döretmekdir. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagaty bolup, onuň kärhanalary mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti deňagramly we bäsdeşlige ukyplydyr. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ykdysady ösüşiň depgini 5,9 göterim boldy. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça bu görkeziji 6,2 göterime çenli ýokarlandy. Ýurtda maliýe ulgamynyň durnuklylygy saklanýar, maliýe goşulyşmagyny ýokarlandyrmak we maliýe hyzmatlaryna maýa goýumlary çekmegi giňeltmek boýunça çäreler görülýär. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berlip, onuň paýy ýylsaýyn artýar. 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça, ýangyç we energetika toplumyny göz öňüne tutmazdan, ol jemi içerki önümiň 70 göterimini düzdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli infrastrukturany gowulandyrmak üçin ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşine, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegine itergi berýän goşmaça täsiriň ýüze çykmagyny üpjün etdi. Maýa goýumlar ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek üçin esasy gural hökmünde hem çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýy 25 — 30 göterime barabar bolýar. Şunda jemi möçberiň 15 göterimini daşary ýurt maýa goýumlary düzýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan esasy maýa goýumlaryň möçberi ýüzlerçe esse artdy we 200 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Onuň 66 — 68 göterimden gowragy önümçilik ulgamyna gönükdirilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge, önümçilik pudagyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän pudaklaryň ösüşini çaltlandyrmaga, olara innowasiýa-maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga amatly şertleri döretdi. Şunuň bilen birlikde, iň ygtybarly hem-de çalt yzyna gaýtarylýan maýa goýumyň görnüşi hökmünde adam kapitalyna goýulýan maýa goýumlara aýratyn ähmiýet berilýär. Adamlara (bilim, saglygy goraýyş, ylym we ş.m.) goýulýan maýa goýumlar, öz gezeginde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion binýadyny berkitdi.
Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, täze daşary ýurt bazarlaryna işjeň goşulyşýandygyny bellemelidiris. Muňa döwrebap ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi, ýurduň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegi oňyn täsirini ýetirdi. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we söwda syýasatyny kämilleşdirmäge, ony halkara standartlara laýyk getirmäge başlady. Bu bolsa Diýarymyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyny sak- lamaga ýardam eder.
Ösüşiň häzirki tapgyrynda, ýagny institusional özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan täze durmuş-ykdysady modele we ykdysadyýetiň hakyky böleginiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmekde döwlet statistikasynyň zerurlygy has-da artýar. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, ýurduň uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda aýratyn ähmiýetlidir. «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Statistika baradaky döwlet komiteti statistiki maglumatlary emele getirmegi statistika usulyýetiniň esasynda amala aşyrýar we bu ugurda halkara tejribede giňden ulanylýan standartlardan ugur alynýar. Şunuň bilen baglylykda, milli statistikanyň ileri tutulýan wezipesi statistikanyň tejribesine bazara gönükdirilen ykdysadyýeti dolandyrmagyň zerurlyklaryna laýyk gelýän görkezijileridir toparlamalary ornaşdyrmak bolup durýar.
Öňde goýlan wezipäni çözmek üçin häzirki zaman milli hasaplar ulgamyna geçmek işi amala aşyrylýar. Bu ulgam makroderejede ykdysadyýetiň ýagdaýynyň we ösüşiniň umumy görnüşini häsiýetlendirmek, has möhüm makroykdysady görkezijileriň hem-de pudaklaryň arasynda özara baglanyşyklary ýola goýmak üçin ulanylýar. Ähli pudaklardyr ugurlarda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ykdysadyýetiň gurluş düzümi üýtgedildi. Soňky ýyllarda esasy makroykdysady görkezijileriň deňeçerliginiň ýokarlanma meýli hasaba alynýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda senagatyň obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk, söwda ýaly uglewodorod däl pudaklary jemi içerki önümiň möçberiniň artmagyna düýpli goşant goşýarlar. Şunlukda, Türkmenistanyň JIÖ-niň gurluş düzümini senagatyň 27, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň 11, söwda we jemgyýetçilik iýmitiniň 21 göterimden gowragy tutýar.
Hojalygy ýöredýän subýektleriň gurluş düzüminde bolup geçen hil we mukdar üýtgeşmeleri Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen institusional özgertmeleriň netijesi boldy. Häzirki wagtda hojalygy ýöredýän subýektleriň umumy sanynyň 90 göterimden gowragyny hususy bölegiň kärhanalary emele getirýär. Telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.
Milli statistikanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry Durnukly ösüş maksatlary boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde statistiki hasabatlylygy işläp taýýarlamaga ýardam etmekdir. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde durnukly ösüş ulgamyndaky görkezijiler boýunça milli maglumatlar binýadyny ösdürmekde uly möçberli işler alnyp barylýar. DÖM-niň görkezijileri boýunça statistiki hasabatlylygyň milli platformasynyň döredilmegi maglumat akymlary we olary bölüşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşar.
Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ol, ilkinji nobatda, ähli raýatlarymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramakda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Onuň ýörelgeleri hem-de guralyşy jemgyýetde ykrar edilýän gymmatlyklara baglylykda tapawutlanýar. Şoňa görä-de, türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem aýdyň beýanyny tapyp, döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine itergi berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň her ýylda durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Raýatlarynyň bähbitlerini, hajatlarynydyr erk-isleglerini kanagatlandyrmagy has ileri tutýan ýurdumyzda bu ugruň hukuk esaslary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda öz beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen jümlelerden alyp gaýdýar. Onuň taryhy kökleri türkmen milletiniň döwlet gurmak ukyplarynda, ata-babalarymyzyň miras goýan ynsanperwerlik ýörelgelerinde jemlenendir. Bu günki amala aşyrylýan durmuş syýasaty şol ýoluň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde, Türkmenistanda ilatyň pensiýa üpjünçiligini şertli-toplaýyş usulyny girizmek arkaly täzeçe guramak bellenildi we täze usuly ornaşdyrmak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň esasy wezipeleriniň biri boldy. Şoňa görä-de, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi kabul edildi. Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzda şertli-toplaýyş usulyna geçmegiň esasy şerti hasaplanýan, onuň maliýe binýadyny emele getirýän döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň, onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitledi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler Diýarymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de gowulandyryljakdygyny, şol bir wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň milli derejede üstünlikli amala aşyryljakdygyny görkezýär.
Garaşsyzlygyň ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmakda maliýe-bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen maliýe-bank ulgamyny özgertmek boýunça 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli ykdysady özgertmelerde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, bank hyzmatlarynyň hilini halkara ölçeglere görä guramak we olaryň görnüşlerini artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylmaly wezipelerdir çäreler kesgitlenildi.
Bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler banklaryň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, agzalan ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsini ýetirýär. Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.
Türkmenistanda ykdysady durnuklylygyň, kanuny kepillikleriň hem-de döwlet goldawynyň ýokary derejede üpjün edilmegi daşary ýurt maýadarlarynda ýurdumyz bilen bagly gyzyklanmalary has-da artdyrýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijesinde döwlet hem-de halkara derejede iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreýär, milli önümçiligiň binýady düýpgöter özgerýär, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni binalaryň uly toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag-kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.
Milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Agzalan maliýe edarasy halkara maýa bazarynda ýurdumyzyň resmi wekili bolup çykyş edýär. Strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek bankyň alyp barýan wezipeleriniň esasylarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky abraýly halkara maliýe guramalary, ösüş banklary, eksport-karz agentlikleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki döwürde bank tarapyndan «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde degişli işler amala aşyrylýar. Daşary ýurtly maýadarlar bilen ylalaşykly görnüşler — şertnamalar, önümi paýlaşmak hakynda şertnama, hyzmat ediş şertnamalary, halkara karz pul berilmeleri, bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça işler alnyp barlyp, olar Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy mehanizmleri bolup durýar.
Bilelikdäki we dürli görnüşli guramaçylyk hukuk formalarynyň döredilmegi, paýdarlary goşmak bilen, Türkmenistanyň dünýä ykdysady hojalygyna goşulyşmagyna mümkinçilik berýär hem-de bazar infrastrukturasyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Olar göni daşary ýurt maýalaryny çekmekde hem uly orun tutýar. Şunda gurluşyk pudagynda şertnamalaýyn görnüşleriň çalt depginler bilen ösýändigini bellemeli. Türkmenistanda önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar esasynda daşary ýurt kompaniýalaryna, maýadarlara berlen ygtyýarnamalaryň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda we gury ýerlerde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Halkara maliýe institutlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maýa goýum maksatnamalaryna, iri taslamalara karz pul bermäge hem-de maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan oňyn tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine hem itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär.
Häzirki zaman dünýäsinde ähli ýurtlaryň halkara bazara birleşmegi netijesinde dünýä bäsdeşligi ýitileşýär. Ýakyn ýyllarda öz raýatlarynyň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek döwletleriň gülläp ösjekdigi hem-de täze bilimleri, amaly üstünlikleri iň häzirki zaman tehnologiýalardyr önümlere öwrüp özleşdirýän döwletleriň ykdysady ösüşde başgalardan öňde boljakdygy dünýä ýurtlarynyň häzirki döwürdäki ösüş ugurlaryndan mälimdir. Türkmenistanda diwersifisirlenen ykdysady ösüşiň baş şertleriniň biri hökmünde hünär bilimine uly ähmiýet berilmegi hem onuň ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam berýän şertleriň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen delillendirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halkara giňişlige barha işjeň goşulyşýandygy bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işleri hem ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde utgaşykly alnyp barylýar.
Umuman, durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, bir söz bilen aýdylanda, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä laýyklykda amala aşyrylýan strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýä ýüzünde syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmakda aýgytlaýjy orna eýedir. Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde ýetilen sepgitler bolsa, ilkinji nobatda, döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.
Serdar BERDIMUHAMEDOW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, syýasy ylymlaryň doktory.