GARAŞSYZLYK — ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwletdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda, ertirlerimiziň nurana, geljegimiziň ýagty boljakdygyna ynamymyz has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.
Ýurdumyzda ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda durmuşa ornaşdyrylyp, olar toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu maksatnamalara laýyklykda, halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň içerki bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi döwrebap ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny deňeçer ösdürmek, olary çig mallyk maksatlardan taýýar önüm öndürmäge ugrukdyrmak, senagatda we oba hojalygynda gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek, transmilli ulag aragatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň erkin telekeçilik zolaklaryny, halkara syýahatçylyk zolaklaryny döretmek arkaly ýurduň amatly geosyýasy ýagdaýyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň amal etmek boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip guramak, industrial-innowasion taýdan ösdürmek esasynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, senagat we oba hojalyk önümçiligini intensiw ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan birsydyrgyn ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuşlaýyn, çeýe we netijeli ulgamyny döretmek, pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmek, milli puly pugtalandyrmak, ykdysadyýeti maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nurana şuglasynyň astynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Garaşsyz, Diýarymyz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitlerimize däl, eýsem halkara bileleşigiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän hemişelik Bitarap döwletdir. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Goçmyrat ÇÖRLIÝEW,
TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň başlygy.