Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi
Aşgabat, 21-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Senagat ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary mübäreklediler. Sergi merkezinde ajaýyp halk sazlary ýaňlanyp, bu wakanyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleriň durmuşa geçiriljekdigini, berkarar döwletimizi dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatyň doly derejede amala aşyryljakdygyny belleýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça deňsiz-taýsyz işleri şöhlelendirýän köp sanly diwarlyklar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezilýär.
Sergä gatnaşyjylara we myhmanlara nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen hem-de häzirki wagtda işlenip geçilýän ýataklary, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň hereket edýän we göz öňünde tutulan ugurlary, gazylyp alynýan baýlyklaryň we minerallaryň ýerasty gorlary barada gürrüň berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu käniň açylmagy dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrdy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny şertlendirdi.
Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda gaz känine baryp, täze guýularyň gurluşygyna badalga berendigini bellemelidiris.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi özara berk baglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebitden öndürilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini görkezmek bolar. Pudagyň ägirt uly eksport kuwwaty kaliý dökünleriniň (kaliý hloridi we kaliý sulfaty), garyşyk dökünleriň, tehniki uglerodyň, etil spirtiniň çykarylyşynda aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda ýerli tebigy-mineral serişdelerden kaustik we kalsinirlenen sodanyň, hloruň, duz kislotasynyň, natriý sulfatynyň we ýerli tebigy-mineral serişdelerden öndürilýän beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtoulag, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli döredilýär. Bular “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ulag toplumynyň, onuň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň 23-nji iýunynda Kerkide Halkara howa menzili ulanylmaga berildi, 14-nji iýulda bolsa Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy. Munuň özi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag-logistika merkezi hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 96-njy maslahatynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.
Munuň özi ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýurdumyzyň anyk goşandy boldy. Bu bolsa umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Şu gözden geçirilişe logistik ugurly kompaniýalar gatnaşýarlar. Olaryň bu ulgamdaky işleri giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sergä gatnaşyjylaryň köpüsi täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, uly göwrümli ýükleri daşamakda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Täsin desgalaryň gurluşygyny görkezýän diwarlyklar sergide uly gyzyklanma döretdi. Bu desgalar, şol sanda awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler we köp gatly ýol aýrytlary gurlanda, aýratyn inžener-tehniki çözgütler we iň täze tehnologiýalar talap edilýär.
Serginiň many-mazmuny hem-de baý maglumatlary, ilkinji nobatda, Türkmenistanda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ýokary isleg bildirilýän ugurlaryna gönükdirilendir. Şolaryň biri-de gurluşyk pudagydyr. Bu pudak ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly we okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol maýadarlaryň we potratçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu ýerde suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy babatda gurluşyk desgalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalar görkezildi.
Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini görkezmek bolar. Sergide görkezilýän serişdeleriň hatarynda timarlaýyş daşlary, sement, kerpiç, panel toplumlary, magdan däl gurluşyk serişdeleri, turba önümleri, armatura, şwellerler, timarlaýyş, lak, reňkleýji örtük serişdeler we beýlekiler bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi diňe bir importyň umumy möçberini azaltmaga däl, eýsem, harytlaryň nyrhyny peseltmäge-de mümkinçilik berýär.
“Ak şäherim Aşgabat” atly diwarlyk döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň we dynç alşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň pawilýonlarynda bag nahallaryny, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş we bezeg serişdelerini, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýna önümlerini öndürýän firmalaryň diwarlyklary we harytlary bar. Bu ýerde, şeýle hem enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa we abadanlaşdyryş ýaly bölümler hereket edýär.
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we süýji-köke önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miwe we gök önümler, guradylan miweler hem-de ary baly we beýlekiler bar. Şol önümleriň halkara ülňüleriň ekologik, estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek.
Dokma senagaty ministrligi eksport ugurly esasy pudaklarynyň biriniň önümlerini hödürledi. Nah ýüplük we ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň köp görnüşleri ýokary hilliligi hem-de ajaýyp bezegi, milli öwüşginliligi bilen tapawutlanýar.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň özboluşly, döwrebap haly önümleri hem-de hususy ulgamyň we senetçileriň özboluşly önümleri — milli lybaslar, şaý-sepler, keşdeler, taryhy ýerler, ýurdumyzyň nyşanlary, paýtagtymyzyň ajaýyplyklary şekillendirilen sowgatlyk önümleri uly gyzyklanma döretdi.
Milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň telekeçilik pudagy sergide öz işiniň dürli ugurlaryny görkezýär. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Ak Bulut”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk”, “Senagat plastik” ýaly kärhanalar we beýlekiler bar.
“Aýbölek” we “Çigildem” kärhanalarynyň owadan mebellerini, “Hasaryň” süýji-köke önümlerini, “Täze Aýyň” süýt we peýnir önümlerini, “Akdaş miwe içgileri” kärhanasynyň miwe içgilerini, et önümlerini görkezmek bolar.
Şeýle hem sergi telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, söwdanyň täze usullaryny ornaşdyrýarlar. Paýtagtymyzyň “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Aşgabadyň ýalkymy” ýaly iri söwda merkezlerinde ýerleşdirilen marketler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol söwda merkezleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edildi.
Ylym we bilim ulgamy hem sergide giňden beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim bermegiň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, talyplarymyz we mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalaryň hem-de bäsleşikleriň ýeňijileri bolýarlar. Bilim ministrliginiň diwarlyklarynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, abraýly intellektual olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanylan Kuboklar bar.
IT-tehnologiýalar ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda möhüm orun eýeleýärler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalaryň nusgalaryny, derman önümlerini, dürli enjamlary, lukmançylyk goranyş lybaslaryny, agyz-burun örtüklerini, tebigy kosmetik serişdeleri we beýlekileri hödürledi.
Sergi, şeýle hem Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamyndaky täzelikler we dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman neşirýat we çaphana işini görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Serginiň çäklerinde mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümde pudaklaryň gazanan üstünlikleriniň bäsdeşlige ukyply we uly isleg bildirilýän önümleriň, täze harytlaryň hem-de hyzmatlar ulgamyndaky teklipleriň köp görnüşleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Geljegi uly taslamalaryň hatarynda himiýa pudagyndaky ylmy-tehniki täzelikler, şol sanda dürli himiýa önümlerini öndürmek usulyýeti boýunça işläp taýýarlamalar bar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda düýpli ylmy-barlaglar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek.
Sergä gatnaşyjylara, şeýle hem Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramanyň işi barada maglumat berildi. Ekranda çyzykly şertli belgileri okamak üçin niýetlenen enjamlar görkezildi. Çyzykly şertli belgileriň goýulmagy öndürilýän önümleriň hasabyny, ýük daşamagy, önümleri saklamagy, harytlar satylanda kassa hyzmatyny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Wideoşekiller arkaly tanyşdyrylyş çäresiniň biri milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly taslamasyny — “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlandy. Bu täsin toplumyň binalaryny ulanmakda, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar.
Bu taslama durmuşa geçirilende, “akylly» öýleriň gurluşygyna, jemgyýetçilik ulagynyň “akylly» duralgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna uly ähmiýet berler. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede aýdyň beýanyny tapdy.
Telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň elektron senagaty döretmek we ösdürmek barada öňe süren başlangyjyny durmuşa geçirmäge işjeň goşuldylar. Şunda ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçiliklere, ähli pudaklara sanly ulgamlary hem-de tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwrebap senagat we elektron önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň tanyşdyrylyşy sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. 2016-njy ýylda bu kompaniýa energiýany tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa LED lampalary, awtoulag ýollaryny yşyklandyrmak üçin ýokary woltly alýuminiý prožektorlaryny öndürmäge girişdi hem-de okuw kompýuterleriniň çykarylmagyny ýola goýdy. Şol kompýuterler her ýyl 1-nji synp okuwçylaryna berilýär.
“Aýdyň gijeler” tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar hem-de özüne iki sim-kartly öýjükli telefonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet ulgamynyň paýlaýjylaryny — routerleri hem-de agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen enjamlary öz içine alýar.
Kompaniýa tarapyndan çykarylýan suwuk kristal ekranly, diagonaly 32 we 42 dýuým bolan “Tolkun” hem-de 55 dýuýmlyk “Zemin” smart-telewizorlar dünýäniň iň gowy telewizorlary bilen mynasyp bäsleşip bilýärler. Geçen ýylda bu önümleri öndürýän kompaniýa olary göni, internet ulgamyndaky resmi saýt arkaly ýerläp başlady.
“Röwşen” hususy kärhanasy hem özüniň mahabat şekillerini hödürledi. Bu kärhananyň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islege eýedir.
Serginiň barşynda “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň hem-de “Hasar”, “Ter” hojalyk jemgyýetleriniň wideotaslamalarynyň görkezilişi meýilleşdirildi. Olar tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylary oba hojalyk işewürliginiň, gök önümçilik, bagçylyk, gülçülik ýaly ugurlaryny ösdürmekde we ekologiýa ulgamynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdyrar.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, esasysy bolsa, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu sergini guramaga döredilen mümkinçilik, ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, onuň dünýä giňişligine goşulyşmagyna hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ertir sergi öz işini dowam eder. Sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we güwänamalar gowşurylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41146