Bagtyýar maşgalalara toý sowgady

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de biriniň açylyp, bagtyýar maşgalalara sowgat edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy aýdym-sazyň hoş owazlary bilen utgaşdy.

Gurbannazar GURBANGULYÝEW,
Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri:

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir raýatynyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Şu günki ajaýyp waka hem şeýle tagallalaryň barha rowaç alýandygyny görkezýär. Bu gün welaýatymyzyň polisiýa edaralarynyň işgärleri üçin Änew şäherinde dört gatly, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýär. Biziň maşgalamyza hem bu jaýdan 4 otagly öýüň açary gowşuryldy. Ýurdumyzyň naýbaşy toýuny täze jaýda garşylamak bagtyna eýe bolduk.

Agzybir maşgalamyz — gelnim, iki oglum we gyzym bar. Birnäçe ýyldan bäri welaýat Polisiýa müdirliginde işläp gelýärin. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bu babatdaky bimöçber aladalar bize jemgyýetçilik tertibini üpjün etmekde, düzgün bozulmalarynyň öňüni almakda has-da jogapkärli çemeleşmäge iterýär. Şu ajaýyp günde içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Mähri HALMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni:

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň ýetip gelýän şanly senesi aýratyn joşgun, dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Etrabymyzyň merkezinde iki sany dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berlenine köp wagt geçmänkä, şeýle kaşaň binalaryň ýene-de biriniň açylyş dabarasyna şaýat bolýandygymyza buýsanýarys.

Täze jaýlarda ildeşlerimiz üçin döredilen amatlyklar bilen tanyşdyk. Onda iki, üç, dört otagly giň we amatly öýler bar. Kömekçi otaglar hem göz öňünde tutulypdyr. Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylarynyň guran täze ýaşaýyş jaýyndaky öýler zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Aşhana otagynyň enjamlaşdyryşy bizde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şanly toýuň öňüsyrasynda bolup geçýän şeýle şatlykly wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň, ýurdumyzda asudalygyň, bagtyýarlygyň höküm sürýändiginiň alamatydyr. Şeýle eşretli döwre, döwletli döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.

Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41254