Garaşsyzlyk — rowaçlygyň gözbaşy

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, halkyň abadan durmuşy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. 30 ýylyň içinde özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter özgerdi.

Gahryman Arkadagymyzyň maýa goýum syýasatynyň işjeň amal edilmegi bilen, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, ösen ulag-logistik düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýolunda halkara syýasatda milli we ählumumy bähbitleri nazara alyp, oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerýär.

Dünýäde koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy döwletleriň ykdysadyýetlerine ýaramaz täsirini ýetirdi. Dowam edýän çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi üpjün edilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi hem görkezýär.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilik we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalarydyr geçirijiler, paýlaýjy beketler gurlup ulanylmaga berilýär. Aşgabat şäheriniň, welaýat merkezleriniň, iri şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary yzygiderli täzelenýär.

Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýokary depginde ösýän, bäsdeşlige ukyply düzümleri döretmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde deňiz, halkara awtoulag, demir ýol, howa we turba geçiriji multimodal logistik taslamalar amala aşyrylýar.

Oba hojalygynda hem bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak däne tabşyrdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Içerki bazary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmekde uly işler amala aşyryldy. Munuň üçin ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary giňeldilýär. Et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberleri artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmak boýunça maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berdi.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bu ulgama ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym ulgamynda sazlaşykly geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda ylma we döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.

Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnama raýatlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi milli lukmançylygyň esasy aýratynlyklarydyr.

Şeýlelikde, berkarar döwletimizde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Aýratyn-da, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, şeýle hem ýokanç keselleriň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty ýerli ösümliklerden we çig mallardan öndürilýän dermanlar hem-de saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Geçirilen bu işler keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýyldaky mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmelere badalga berildi. Halkara tejribe we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalary dabaralandyrdy.

Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi dünýäniň çalt ählumumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanunçykaryjylyk işi kämilleşýär we özgerýär. Milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Başymyzyň täji bolan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy biziň her birimiziň geljegimize ynam-umyt, ömrümize many berýär.

Annamuhammet SARJAÝEW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41257