Dünýäde ähli söhbetleriň başy «salam» sözünden başlanýar. Salam sözüniň manysy hem «Men size abadançylyk arzuw edýärin» diýmekden ybarat. Türkmen halkynyň «Edebiň başy salam» diýen aýtgysyndan-da, onuň näderejede abadançylyga, parahatçylyga hormat goýýandygyny aňmak bolýar. Hatda hoşlaşan wagtynda hem türkmeniň «Sag-salamat boluň!» diýmesinde-de, gör, abadançylyga bolan nähili uly sarpa bar. Türkmen milleti heňňamlarboýy özüniň parahatçylyk söýüji ynsanperwerligi bilen dünýä halklarynyň kalbyndan-kalbyna ýol salyp, menzil aşyp gelýär. Magtymguly Pyragynyň «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, bu günki gün hem milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri dünýä nusgalykdyr.
BAÝLYGYŇ SAKASY — SAGLYK
Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň ýüzünde özüniň oňyn daşary syýasaty bilen giňden dabaralanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk dörediji teklipleri külli adamzadyň röwşen dowamatyny nazarlaýan pikirlere ýugrulandyr. Bu mejlisde türkmen tarapynyň öňe sürýän täze garaýyşlarynyň töwerekleýin, toplumlaýyn häsiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek.
Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy howpuna öwrülen pandemiýa bilen göreşmek babatda Diýarymyzyň BMG-niň münberinden teklip edýän başlangyçlary özünde köptaraplaýyn çuňňur ideýalary jemleýär. Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyz tarapyndan ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek ýaly teklipler öňe sürülýär. Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň maýynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda, şol ýylyň awgustynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen bolan wideoduşuşygynda hem ýokarda agzalan garaýyşlaryň birnäçesini teklip edipdi. Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek babatyndaky başlangyç 6-njy awgustda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäginde öňe sürlüpdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pandemiýanyň we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almazdan, durnukly ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek mümkin däl. Şol nukdaýnazardan, Watanymyzyň öňe sürýän bu teklipleriniň häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň çökgünli döwrüni ýeňip geçmekde derwaýys başlangyç hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boljakdygyna berk ynanýarys.
ABADANÇYLYK — AÝDYŇ ERTIRLERIŇ BINÝADY
Sen näçe özüňi rahat duýsaň, şonça-da saňa barlygyň pähim-parasatlylyk hemdemligi ýakyn düşýär diýilýär. Elbetde, älemiň ähli zatlary owalynda öz gözbaşyny pikirden alyp gaýdýar. Abadan geljegi nazarlaýan başlangyçlaram diňe parasatly Liderleriň serinde joşa gelýändir. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özünde halkymyzyň dünýä ýaýrawly asylly ýörelgeleriniň parahatçylyga, ynanyşmaga sary uzaýan rowanalygy bar. 76-njy mejlisiň barşynda Türkmenistan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklaryny dowam etmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyz Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär hem-de BMG-niň agza döwletlerini we halkara guramalary bu forumyň işine işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Türkmenistan 76-njy mejlisde Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmagy teklip edýär. Dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm orny eýeleýän Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyny, durnuklylygyny pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara derejesinde birnäçe maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan 76-njy mejlisiň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende belläp geçsek, bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde öňe sürmek üçin oňyn mümkinçilikleri döreder.
Ýurdumyz Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine mundan beýläk hem giň goldaw berer. Bu ugurda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bu merkeziň işine bagyşlanan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar döwletiň ertirki eýeleri. Sebitiň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe derwaýys meseleler ýaňy-ýakynda 6-njy awgustda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäginde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 6-njy awgustda geçirilen sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem zenanlaryň arasynda ýokary derejede guralan duşuşyk hökmünde dünýäniň ýüzünde oňyn seslenme döretdi. Şonuň üçinem şeýle duşuşyklary geljekde hem giňden goldamak Türkmenistan tarapyndan maksadalaýyk hasaplanylýar.
Hazar deňzi ähli ugurlar babatda giň mümkinçilikleriň mesgeni. Hut şonuň üçinem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün halkara derejeli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän mekanydyr. Şahyryň «Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et» diýşi ýaly, döwletimiz dostana goňşuçylyk ýörelgesinden ugur alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.
Ýurdumyz 76-njy mejlisiň barşynda ählumumy parahatçylyga howp salyp biläýjek wehimleri nazara almak bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde Aşgabatda Terrorçylyga garşy müdirligiň täze maksatnamalaýyn edarasynyň görnüşini kesgitlemek boýunça işleri alyp barar. Mundan başga-da döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça ählumumy forumy geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakdaky garaýşyny öňe sürer, ýaraglary ýaýratmazlygyň hem-de ýaragsyzlanmagyň köptaraplaýyn tertibini yzygiderli pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmegini dowam eder.
DURNUKLY ÖSÜŞ — DÜNÝÄNIŇ ÝAGTY GELJEGINIŇ HEREKETLENDIRIJISI
Ilimizde «Döwletliden döwlet ýokar» diýen parasatly pähim bar. Dogrudan hem, döwletment ynsanlaryň durmuşlaryna ser salanyňda, olardaky ýagşy gylyk-häsiýetleriň, parasatly pikirleriň töweregindäkileriň durmuşyna hem oňyn täsirini ýetirýändigini görmek bolýar. Ata Watanymyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, milli Liderimiziň dünýä parahatçylyk paýlamak ugrunda edýän tagallalary döwletlilik hakyndaky ol pähimiň döwletleriň mysalynda aýdyň ýüze çykmasydyr. Ynsan haçan-da asuda asmanyň astynda, bolelin durmuşda ýaşan mahaly özüni doly bagtyýar duýýar. Şol asudalygyň, bagtyýarlygyň dünýädäki her bir maşgala, her bir raýata elýeterli bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri bu gün dünýäň ykrarynda. Milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolup, halkara giňişliginde giň goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde görkezýän aýratyn işjeňligi munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Üns berip görsek, bir halkyň bagtyýar ýaşamagynyň esasy açarlarynyň biri bolup ykdysady görkezijileriň çykyş edýändigine göz ýetirýäris. Bu hakykat dünýä möçberinde alyp göreniňde hem şeýleligine galýar. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ykdysady ulgamda, energetika, senagat, ulag we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça halkara tagallalaryny işjeňleşdirmek zerur bolup durýar. Türkmenistan bu ugurlardaky gözlegleriň çökgünlikden soňra dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde möhüm orna eýedigini nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürýär. Olaryň iň esasylarynyň biri Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahatynyň çagyrylmagydyr. Bu maslahat Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda serişdeleri jemlemek boýunça Addis-Abeba maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň monitoringiniň kesgitlenilen köptaraplaýyn gurallaryny doly goldaýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda ählumumy maksatlaryň ornaşdyrylyşynyň barşy hakynda 2023-nji ýylda taýýar görnüşde hödürlemek üçin ikinji meýletin Milli synyň üstünde işlemäge girişer. Ynsanyýetiň bagtyýar durmuşyny gazanmakda örän uly ähmiýeti bolan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda täze belentliklere ýetilmegine şert döretjek bu teklipleriň adamzadyň taryhyna müdimi möhürlenjekdigi ikuçsuzdyr.
Özüňdäki zady beýlekiler bilen deň-derman bölüşmek, sahylyk, jomartlyk sahawatlylyk ýaly halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatymyzyň esasy maksatlarynyň hatarynda ählumumy energetika howpsuzlygyny berkarar etmek hem bar. Baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen özüniň energetika mümkinçiliklerini bütin adamzat bähbitlerine gönükdirýän ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde bu ugurda ummasyz işleri amala aşyrdy we aşyrmagyny dowam edýär. Ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň barşynda aýratyn üns berýän meseleleriniň biri-de ygtybarly energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ugurda Baş Assambleýanyň 2008-nji we 2013-nji ýylda kabul eden Kararnamalarynyň awtory bolan Türkmenistan energetika serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmeginiň döwrebap hukuk gurallaryny döretmek maksatly DÖM-niň 7-nji maksadyna ýetmekde ösüşi çaltlandyrmak boýunça halkara forumy çagyrmak başlangyjyny öňe sürýär.
Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm çatryklarynyň biri bolup hyzmat eden Türkmenistan üçünji müňýyllykda bu söwda ýolunyň täzeden dikeldilmegine aýratyn üns berýär. Sebäbi ýurtlaryň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ulag ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şulary göz öňünde tutmak bilen, yklymlaryň çatrygynda ýerleşýän Watanymyz BMG-niň durnukly ulag meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Muňa mysal hökmünde Baş Assambleýa tarapyndan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalary, 2016-njy ýylda geçirilen durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatyň jemleýji resminamasyny görkezmek bolar. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň dowamynda BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasy hakynda ýurdumyz tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlara gaýdyp gelinmegine çagyrýar. Döwletleriň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyny gazanmak, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýükleriň daşalyşynda hyzmatdaşlyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda geçirilmegi teklip edilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahaty bu ugurda taryhyň täze sahypasynyň açylmagyna itergi bolar diýip bileris.
Adama abadan durmuş üçin iň ilkinji zerurlyk bu arassa howadyr. Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmak döwrüň derwaýys wezipeleriniň ilkinji orunlarynda durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda bütin dünýäde energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz bolan alternatiw çeşmelerini öwrenmek we döretmek wajyplygy ýüze çykýar. Şulary göz öňünde tutmak bilen, hormatly Prezidentimiziň pes uglerodly energetikany ösdürmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyjynyň örän uly taryhy ähmiýete eýedigini nygtamak bolar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu taryhy başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň görülmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, sebitde Aral deňziniň ekologiýa heläkçiliginiň ýetirýän täsirlerini azaltmakda Türkmenistanyň halkara giňişligindäki tagallalaryny aýratyn bellemegimiz gerek. Milli Liderimiziň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde öňe süren BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky başlangyjy, Baş Assambleýa tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar aýdylanlaryň doly subutnamasydyr. Bularyň ählisini jemlänimizde bolsa öňdengörüjilikli syýasaty bilen giňden ykrar edilen syýasatçy döwlet Baştutanymyzyň adamzat durmuşyna degişli hiç bir meseläni üns merkezinden düşürmeýändigi aýdyň ýüze çykýar.
YNSANYÝETI YSNYŞDYRÝAN YNSANPERWERLIK
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, taryhy düýpli öwrenmän geljek üçin belent maksatlary durmuşa geçirip bolmaz. Dünýä swilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistan taryhy ýadygärliklere örän baý. Ol ýadygärlikler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň irki durmuşyna degişli syrlary açmakda bahasyna ýetip bolmajak gollanma diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, taryhy düýpli öwrenmän, geljek üçin belent maksatlary durmuşa geçirmek çetin. Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzyň baý medeni we taryhy mirasyny çuňňur öwrenmek bilen bir hatarda, bu ugurda BMG-niň ynsanperwer ugurly düzümleriniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we ösdürildi. Degişli gurama bilen döwletimiziň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleri, milletimiziň medeni gymmatlyklary adamzadyň bütindünýä maddy we maddy däl miraslarynyň sanawyndan ýer aldy. Türkmenistan häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Hökümetara ummanlary öwreniş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça halkara komitetiniň işjeň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hökümetara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna dalaşgärlik edýän ýurdumyz geljekde-de bu gurama we onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýär.
«Döwlet adam üçindir!». Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçmegi bilen giňden dabaralandyrylan bu beýik taglymat häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bilen alyp barýan ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň hem özeni bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde Türkmenistan ynsanlaryň durmuş goraglylygy üpjün etmek, ýaşlar üçin mynasyp iş orunlaryň yzygiderli artdyrylmagyny gazanmak, maşgalanyň ornuny berkitmek ýaly meselelerde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine aýratyn ünsi çekýär. Munuň özi bolsa biziň ýurdumyzda Gün bolup ýalbyrap dogan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyň öz şöhlelerini Zeminiň ähli künjegine bolluk bilen paýlaýandygynyň alamatydyr.
Kiçijek bir obany ýa-da mähelläni mysal alyp görenimizde hem onuň içinde sözüň degerli bolmagy, aýdan teklibiň ýer tutmagy üçin ilki olaryň arasynda ykrar edilen abraýyň bolmaly. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa taryh üçin göz açyp-ýumasy salym diýilýän döwrüň içinde dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda şeýle ýokary abraýa mynasyp bolmagy başardy. Parasatly milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen sözüniň BMG-niň belent münberinde tekliplikden ykrarnama öwrülýän uly güýjüne buýsanyp ýaşamak bolsa ýurdumyzyň her bir raýatyna ykbalyň ýapan bagt serpaýydyr.
Sahypany taýýarlanlar Gurbansähet GURBANSÄHEDOW, Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary, «Nesil».