Mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny hem täze derejä göterdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda eden çuňňur manyly çykyşynda: «Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy” diýip, aýratyn belläp geçdi.
Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bolsa Garaşsyz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ählumumy howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyna täze öwüşgin çaýdy, has takygy, ony täze many-mazmuna besledi. Bu gün Türkmenistan ata-baba gelýän dost-doganlyk ýörelgelerini rowaçlandyryp, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini äleme ýaýýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ähmiýetini hem-de ornuny has-da ýokarlandyryp, abraý-mertebesini barha artdyrýar.
Häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmäge işjeň gatnaşmak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şonuň bilen bir wagtda, ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş etmegi, bu babatda abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagy bellenen ugurda anyk hem ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýakyn hem ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde uly abraýa eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň özem ýurdumyzyň dün-ýäde parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, mahlasy, tutuş adamzadyň abadançylygy ugrundaky tagallalarynyň ykrar edilmesidir. Dünýäniň iň iri halkara guramasynyň 76-njy mejlisinde hem ýurdumyzyň syýasy meseleler, şeýle-de ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, ynsanperwer ulgamlary we beýleki ugurlar boýunça anyk başlangyçlary beýan ediler. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, derwaýys sebit mese-lelerini üstünlikli çözmäge esaslanýan ýol-ýörelgelerimiz 17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde hem ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. «Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr” diýip, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda nygtady.
Hawa, Garaşsyzlyk daşary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürip, halklar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şol mümkinçilikleriň netijesinde döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, ykdysady hyzmatdaşlyk giň gerimde ýaýbaňlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden gözbaş alýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Garaşsyz Türkmenistana gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň uzak geljegi nazarlaýan syýasy we ykdysady bähbitlerini üpjün edýär.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky üstünlikleri barada söhbet etmek ýakymlydyr. Sebäbi Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik geljeginiň altyn gapysydyr. Ol biziň üçin mukaddesdir, ezizdir. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ýol dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň ýoludyr, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýän ýoludyr.
Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Annatagan AMANOW
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.