nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň şöhlelenýär
Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda milli senenamamyza laýyklykda giňden bellenilýän naýbaşy baýram — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylan sergi garaşsyz ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ähli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini köpöwüşginliligi bilen açyp görkezýär. Nobatdaky gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Biz sergä gatnaşyp, öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlän ildeşlerimiziň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň gürrüňlerini ýazga geçirdik.
Begenç NURYÝEW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň inženeri:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezdi. Bu ýerde döwlet edaralarydyr hususy kärhanalaryň onlarçasynyň, şol sanda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem diwarlygy bar. Biz ministrlik tarapyndan gurluşyk ulgamy boýunça hödürlenýän hyzmatlary halka ýetirmäge çalyşdyk. Önümçilik kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryňdyr desgalaryň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek we şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryňdyr ilatly nokatlaryň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak ministrligiň amala aşyrýan hyzmatlarynyň esasylarynyň biridir. Şunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny aýratyn nygtamak gerek.
«Şäher içindäki şäher» ýörelgesi esasynda guruljak bu iri toplum desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine almak bilen, ýaşamak we oňaýly dynç almak üçin ähli amatlyklar üpjün edilen şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky binalaryň birinji gatynda synag hökmünde ornaşdyrylan «akylly» öý taslamasy, sözüň doly manysynda, iş ýüzünde amala aşyrylar. «Aşgabat-sitide» bina ediljek 12 — 35 gatly ýaşaýyş jaýlary gatlarynyň gurluşy we meýilleşdirilişi boýunça biri-birinden tapawutlanar. Şeýle-de 35 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek şu toplumda gurulmagy meýilleşdirilýär. Öýleriň amatlylyk derejesi bolsa ýaşaýyş we kömekçi otaglarynyň giňeldilen meýdany, olarda ýerleşdirilen «akylly» enjamlar bilen häsiýetlendirilýär. «Akylly» öý ulgamy, öz gezeginde, ýaşaýjylaryň howpsuzlygynyň ýokary hilini üpjün edýär.
Ýeri gelende bellesek, «Aşgabat-sitiniň» guruljak 744 gektar ýer bölegi geologik, seýsmik ýagdaýlara durnuklylygy, ýerasty suwlaryň derejesi hem-de howa şertleri bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde bina ediljek desgalaryň belli bir böleklerinde Gün şöhlesini energiýa öwürýän enjamlaryň, merkezleşdirilen ýyladyş hem-de sowadyş ulgamlarynyň energiýa tygşytlaýjy görnüşleriniň ulanylmagy bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Biz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli düýbi tutulan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň garaşsyz ösüşiň ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan iň iri gurluşyklaryň hatarynda mynasyp orun aljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Guwanç REJEPALYÝEW,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gökdepedäki A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary:
— Garaşsyzlyk ýyllary içinde dokma senagaty Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşini ilerletmäge mynasyp goşant goşýan pudaklaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy zerurlyklarynyň biri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmekden hem-de milli önümleriň halkara bazarlara iberilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň dokma pudagy boýunça guwandyryjy netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly dokma önümlerimiz bu gün dünýäniň çar künjeginde uly islegden peýdalanýar.
Biziň dokma toplumymyzda «Gala» haryt nyşanly aýry-aýry möwsümlere niýetlenen dürli görnüşli sport egin-eşikleri, çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin üstki eginbaşlar, gijelik penjek-balaklar taýýarlanyp, alyjylara hödürlenýär. Olar, esasan, 100 göterim pagtadan hem-de poliester bilen pagtanyň garyşyk görnüşinden tikilip, ýokary hil derejesi, durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Müşderiler önümlerimiziň iki görnüşine-de uly isleg bildirýärler. Olaryň aglabasy ekologik taýdan arassalygy, ýakymlylygy üçin pagta eginbaşlary saýlasa, suw geçirmezlik, daşarky täsirlere durnuklylyk ýaly häsiýetleri üçin köpler düzüminde poliester bolan egin-eşiklere aýratyn isleg bildirýärler. Şeýle-de garyşyk görnüşli dokma önümlerimiz uzak wagtlap saklanmaga ukyplylygy, elýeterli bahasy bilen alyjylaryň ünsüni çekýär.
Häzirki wagtda «Gala» haryt nyşanly önümlerimiz Aşgabat şäherinde ýerleşýän dükanlarymyzyň 3-si hem-de welaýatlardaky söwda nokatlarymyz arkaly köpçülige ýetirilýär. Ýurdumyzda onlaýn söwdany ösdürmek babatda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, harytlarymyzy gala.com.tm internet saýty boýunça hem satuwa çykarýarys. Müşderilerimiz bu saýt arkaly diňe bir elektron söwdalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, onlaýn platformada hödürlenýän hyzmatlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanyp bilýärler, aksiýalardyr arzanlaşyklar bilen dessin tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Hasaplaşyklary geçirmek üçin tölegleriň nagt we nagt däl görnüşiniň elýeterli edilmegi bolsa alyjylar üçin döredilen amatlyklaryň esasylarynyň biridir.
Arslan ATAÝEW,
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň söwda we marketing bölüminiň hünärmeni:
— «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan 3 — 96 watt aralygynda energiýa tygşytlaýjy LED lampalary, petik lampalarynydyr ýol ýagtylandyryjy çyralary öndürmäge başlady. 2018-nji ýylda çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň önümçiligi ýola goýlup, soňlugy bilen kärhanamyz mekdep okuwçylarydyr uly ýaşly adamlara niýetlenen netbuk we noutbuk kompýuterlerini öndürmäge girişdi. 2020-nji ýyldan bäri biz smart telewizorlaryň dürli görnüşlerini halka hödürleýäris, olaryň jemi 4 nusgasy bolup, 32, 42, 55, 65 dýuým ölçegli telewizorlarymyz diňe bir ekranynyň ululygy däl, eýsem, görkeziş durulygy boýunça hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Meselem, «Zemin», «Älem» atly 55, 65 dýuýmly, 4K formatdaky telewizorlaryň durulygy adaty adamyň gözüniň görýän durulygyndan 4 esse ýokarydyr. 32, 42 dýuýmly «Tolkun» atly telewizorlar bolsa Full HD formatda bolup, olar adamyň gözüniň görýän durulygynyň 2 esse ýokarlandyrylan görnüşindedir.
Häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» tarapyndan öndürilýän elektron senagat önümleriniň hatarynda «Şowly» haryt nyşanly monoblok kompýuterler, «Körpe» ykjam telefonlary, «Milli» smart telefonlar hem bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi we hojalyk jemgyýetimiziň esaslandyrylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli şu ýyl iTab planşetleriniň önümçiligini-de ýola goýduk.
Kärhanamyz indi diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýerde öndürilýän kompýuterlere, telefonlara hem-de telewizorlara niýetlenen programmalary işläp taýýarlamak, olary ýazmak we web-saýtlary döretmek boýunça Informasiýa-tehnologiýa merkezini hem açdy. Munuň özi tehnologiýalaryň dürli görnüşlerine degişli programmirleme işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Sylap HANKULYÝEW,
«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary:
— 2016-njy ýylda esaslandyrylan «Miweli ülke» hususy kärhanasy indi 5 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli miwe we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça üstünlikli iş alyp barýar. Biz güneşli ülkämizde hasylyň ýetişýän döwri daýhanlardan dürli görnüşli önümleri satyn alyp, olary arassalamak, sortlamak we döwrebap gaplara gaplamak işlerini geçirip, içerki bazarlara ugradýarys. Önümleriň belli bir mukdary sowadyjy ammarlar toplumynda uzak möhletleýin saklamak üçin ýerleşdirilýär. Bu bolsa ak bazarlarymyzda ýylyň ähli paslynda ter miwe we gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmäge ýardam edýär.
Häzirki wagtda kärhanamyzyň 2 müň tonnalyk sowadyjy ammary bar, şeýle-de Mary şäherinde 10 müň 212 tonna gök-bakja önümlerini saklamaga mümkinçilik berýän täze sowadyjy ammaryň gurluşygy alnyp barylýar. Biz onuň gurluşygyny geljek ýylyň maý aýynda tamamlamagy meýilleşdirýäris. Geçen ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Miweli ülke» hususy kärhanasyna Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhana toplumy üçin 50 gektar ýer bölünip berildi. Onuň 47 gektarynda banan, 3 gektar meýdanynda bolsa pyrtykal ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Täze ýyladyşhananyň ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna banan, 200 tonna pyrtykal hasylyny almaga mümkinçilik berýär. Onda ýyladyş, howa sazlaýyş we suwaryş ulgamlary dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, ekişden başlap, gaplamaga çenli ähli işler awtomatik usulda amala aşyrylar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen bölünip berlen ýerde guruljak täze ýyladyşhananyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanyp, ondan ildeşlerimiziň döwletli saçaklaryny bezejek ýokary hilli sitrus önümleriniň bol hasylyny aljakdygymyza uly ynam bildirýäris.
Ýazga geçirenler Aýgül RAHYMOWA, Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Hasan MAGADOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41145