Habarlar
Ýürekleri buýsandyrýan üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşlere beslenýär.

Buýsançly taryhy bolan halkymyz üçin erkin ýaşaýyş, bagtyýarlyk düşünjeleri eşretli durmuşyň beýany bolup ýüze çykýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen belent maksatlar toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän parasatly başlangyçlary täzeçilligi, çuňňur mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olar halkyň ählumumy goldawyna eýe bolýar.

Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasat halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Milli bähbitleri we halkyň bagtyýar durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Watanymyz dünýäniň hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz turuwbaşdan belent maksatlara, beýik işlere beslendi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza iş saparlaryny amala aşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Munuň özi ildeşlerimizi has-da bagtyýarlyga besledi.

Ykdysady ösüşlerimiziň, rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan mukaddes ýol-ýörelgeleriň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyz ösen ykdysadyýeti, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýörelgesinden ugur alyp, möhüm özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy halkara tejribesiniň esasynda bu pudagyň tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýurdumyzy ykdysady ösüşlere besläp, öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik işlerinde watansöýüjiligiň belent nusgasy dabaralanýar.

Sahabat DURDYÝEWA,

Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

02.02.2022
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzy täze ýeňişlere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, senetçiligimiziňdir sungatymyzyň dürli görnüşleriniň halkara ykrarnamalaryna mynasyp bolmagy raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermekde, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan bilen dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi şanly wakalar boldy. Biz geljekde hem ÝUNESKO bilen medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam ederis.


Mähriban watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!


Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanydyr. Dutar ýasamak senetçiligini sungat derejesine ýetiren halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi. Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi. «Görogly» şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Mollanepes, Mätäji, Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň goşgulary esasynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun aldy.

Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Gulgeldi ussa, Kel bagşy, Hally bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Oraz salyr, Garadäli gökleň, Çowdur bagşy, Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow, Soltan Atanepesow, Pälwan bagşy, Öre şyh, Palta bagşy, Baýar bagşy, Nazar baga, Magtymguly Garlyýew, Bazar bagşy, Öwezmyrat bagşy, Juma Wellekow, Mustak Aýmedow, Nobat bagşy, Garly bagşy, Ödenyýaz Nobatow, Girman bagşy, Gurt Ýakubow we başga-da ençeme meşhur bagşy-sazandalarymyz türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşdular.

Biz häzirki döwürde halkymyzyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýäris.

Türkmen dutarynyň şirin owazlary berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň hem-de dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelerde, baýramçylyk dabaralarynda sungatyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, dutarda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň taryhy özgerişlerini giňden wasp edýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Sungat» binasynda türkmen dutarynyň sazlaşykly şekilleriniň goýulmagy owazasy arşa galan senedimize belent söýgimiziň özboluşly alamatydyr.


Hormatly watandaşlar!
Gadyrly dutar ussalary, bagşy-sazandalar!


Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.

Halkyň Arkadagly zamanasynda dutaryň şirin owazlary türkmen topragynyň abadançylygynyň, asudalygynyň şirin mukamy bolup, hemişe belentden ýaňlansyn dursun!


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

01.02.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Aş­ga­bat, 31-nji ýan­war (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da paý­tag­ty­my­zy we we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­ly­gyň bar­şy, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi bi­len bag­ly we­zi­pe­le­re hem-de döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­na de­giş­li kä­bir wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­ny açyp, san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry S.Toý­ly­ýe­wi hem-de M.Mäm­me­do­wa­ny ça­gyr­dy.

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem-de onuň esa­sy dü­züm­le­ri, hu­su­san-da, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy — ÝU­NES­KO bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek babatda durmuşa geçirilýän işler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şeý­le oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­si ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.

ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 2021-nji ýy­lyň 13 — 18-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 16-njy mej­li­si­niň do­wa­myn­da du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ni hem-de du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny bu sa­na­wa gi­riz­mek ba­ra­da çöz­güt bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.

Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň 30-njy ýan­wa­ryn­da ÝU­NES­KO-dan de­giş­li gü­wä­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy ge­lip go­wuş­dy.

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi bu uly da­şa­ry sy­ýa­sy ýeň­şi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, mil­li Li­de­ri­mi­ze türk­men hal­ky­nyň öz­bo­luş­ly me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, kö­pelt­mek hem-de dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek ug­run­da alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­rin­de tä­ze uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz şat­lyk­ly ha­ba­ry ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ry we äh­li türk­men hal­ky­ny bu aja­ýyp wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di, şol san­da du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly mil­li we hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de al­nyp ba­ryl­jak iş­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ul­gam­la­ýyn esas­da, ýag­ny Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bi­len 2021 — 2023-nji ýyl­lar üçin bi­le­lik­dä­ki He­re­ket­le­riň Me­ýil­na­ma­sy esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke at­la­ry­ny se­ýis­le­mek sun­ga­ty­ny, türk­men ala­baý it­le­ri­ni kö­pelt­me­giň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny hem-de türk­me­niň keş­de­çi­lik sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­mek ba­ra­da gör­kez­me ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ÝU­NES­KO ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan hal­ka­ra hu­kuk na­ma­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň go­şul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri öw­ren­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýe­we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de hem-de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri çalt­lan­dyr­ma­gy hem-de ÝU­NES­KO-nyň mek­dep­ler as­so­sia­si­ýa­sy­na ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň kä­bi­ri­ni gi­riz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri güýç­len­dir­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le hem wi­se-prem­ýe­re hal­ky­my­zyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan go­şan­dy­ny, mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni düýp­li öw­ren­mek hem-de giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­ri has-da güýç­len­dir­mek tab­şy­ryl­dy.

Türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy­ny, hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny, meş­hur ha­ly­pa bag­şy-sa­zan­da­la­ryň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny yl­my esas­da öw­ren­mek do­wam et­di­ril­me­li­dir. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aja­ýyp sun­gat däp­le­ri ös­dü­ril­me­li­dir we ga­dy­my saz gu­ral­la­ry­my­zyň köpöwüş­gin­li gör­nüş­le­ri­ni di­kel­dip, gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ze­rur iş­ler ge­çi­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy, aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy dür­li dö­wür­ler­de ýa­zy­lan çeş­me­ler­de we ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar­da duş gel­ýän mag­lu­mat­lar esa­syn­da hal­ka­ra yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne giň­den ýe­tir­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň Ter­ti­bi­ni gys­sag­ly taý­ýar­la­mak ba­ra­da gör­kez­me ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu şat­lyk­ly wa­ka my­na­sy­bet­li 1-nji few­ral­da Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de da­ba­ra­ly mas­la­hat we ser­gi ge­çir­me­gi, şeý­le hem mas­la­hat­da we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan du­tar us­sa­la­ry­na «Çe­per dö­re­di­ji­li­giň halk us­sa­sy» di­ýen adyň da­ky­lan­dy­gy ba­ra­da­ky şa­ha­dat­na­ma­la­ry gow­şur­ma­gy hem göz öňün­de tut­ma­gy tab­şyr­dy.

Bag­şy-sa­zan­da­la­ryň kon­sert­le­ri te­le­ýaz­gy gör­nü­şi­ne ge­çi­ri­lip, ýaý­ly­ma be­ril­me­li­dir. Bu kon­sert­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­la­ryn­da ge­çi­ril­se, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­rin­de, ki­tap­ha­na­la­ryn­da, ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de hal­ky­my­zyň du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ne hem-de mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­my­za ba­gyş­la­nan mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ni, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny ýaş­la­ryň ara­syn­da giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça dür­li çä­re­le­ri, şol san­da mas­la­hat­la­ry we du­şu­şyk­la­ry ge­çir­me­li­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky sö­zü­ni do­wam edip, teatr­lar­da du­tar bi­len bag­ly sah­na oýun­la­ry­ny te­le­ýaz­gy gör­nü­şi­ne ge­çi­rip, ýaý­lym­lar­da ber­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­ny we şu­nuň bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän çä­re­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan et­mek ba­ra­da tab­şy­ryk ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş ha­bar my­na­sy­bet­li Gut­lag ha­ty­na gol çe­kip, bu çä­rä­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ra­mak ba­ra­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. «Ga­dy­my Merw» we «Kö­neür­genç» döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­la­ry, Kö­ne we Tä­ze Nu­saý ga­la­la­ry, «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty, mil­li «Küşt­dep­di» aý­dym we saz, şeý­le hem türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ýa­ly me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem mu­ny do­ly tas­syk­la­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men top­ra­gy ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri se­net­çi­li­giň, us­sa­çy­ly­gyň we sun­ga­tyň me­ka­ny bo­lup gel­di. Hal­ky­my­zyň du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty hem me­de­ni mi­ra­sy­myz­da my­na­syp orun al­dy. Du­tar müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da türk­me­niň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne, ru­hy syr­da­şy­na öw­rül­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň aý­dym-saz sun­ga­ty­ny, me­de­ni mi­ra­sy­ny düýp­li öw­ren­mek we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Türk­men du­ta­ry­nyň şi­rin owa­zy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hem-de Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­giň, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň we dost-do­gan­ly­gyň be­lent mu­ka­my bo­lup ýaň­lan­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aý­dy­lan­la­ry jem­läp, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ry we mäh­ri­ban hal­ky­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­ko­wy hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi R.Gan­dy­mo­wy gö­ni ara­gat­na­şy­ga ça­gyr­dy.

Paý­tag­ty­my­zyň hä­ki­mi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak ba­ba­t­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem hä­kim ho­ja­lyk dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, şä­her gul­luk­la­ry­nyň işi­ni ut­gaş­dyr­ma­gy ama­la aşyr­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri, şo­nuň ýa­ly-da, je­ma­gat ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, ila­tyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz we suw bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi üçin de­giş­li gul­luk­la­ryň saz­la­şyk­ly işi­ni ama­la aşyr­mak ba­ba­t­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­bat­la­ry diň­läp, Aş­ga­ba­dy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge örän oý­la­ny­şyk­ly, top­lum­la­ýyn, gel­je­gi na­zar­la­ýan çe­me­leş­mä­niň ze­rur­dy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Be­lent de­re­je­si­ni göz öňün­de tut­mak bi­len, şä­her äh­li ba­bat­da, hu­su­san-da, adam­la­ryň ýa­şaý­şy üçin örän amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­ly­lyk­da nus­ga bol­ma­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, Aş­ga­ba­dy aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­n­ma­gy­ny ta­lap et­di hem-de onuň bi­na­gär­lik keş­bin­de mil­li bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň hem-de hä­zir­ki za­man öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­niň iň go­wy däp­le­ri­niň ut­gaş­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, mek­dep­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry­ny hem-de luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­ny ýy­ly­lyk bi­len üp­jün et­me­giň, şeý­le hem paý­tag­ty­my­zyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy we gaz bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paý­tag­ty­myz­da hem-de tu­tuş ýur­du­myz­da bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň äh­li­sin­de iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne we öz wag­tyn­da ta­mam­la­nyl­ma­gy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ne de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra iş mas­la­ha­ty Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wiň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bin­dä­ki me­se­le­le­re ge­çip, il­ki bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gur­ba­no­wa söz ber­di.

Hä­kim se­bit­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy, go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şy, hu­su­san-da, ekin meý­dan­la­ry­ny möw­sü­me göw­ne­jaý taý­ýar­la­mak, ýer­le­ri sür­mek we te­kiz­le­mek, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny hem-de gu­ral­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ula­nyş ýag­da­ýy­na ge­tir­mek, kä­ren­de­çi pag­ta­çy­la­ry ýo­ka­ry ha­syl­ly to­hum­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

We­la­ýat­da ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň hem-de beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ni bel­le­nen möh­let­le­r­de ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär, şeý­le hem bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­mak üçin ak ekin­le­re ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de hä­kim ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da şu ýyl üçin bel­le­ni­len iş­le­riň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­ edil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Mun­dan baş­ga-da, dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň, şol san­da ýol­la­ryň hem-de suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bel­le­ni­len möh­let­ler­de ta­mam­lan­ma­gy üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň de­giş­li de­re­je­de ýy­la­dy­ly­şy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­li­şi ba­ra­da-da ha­sa­bat be­ril­di.

Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew gün­ba­tar se­bi­tiň oba­se­na­gat top­lu­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

We­la­ýat­da go­wa­ça eki­şi­ne top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da sü­rüm we te­kiz­leýiş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi, ze­rur oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň ekiş möw­sü­mi­ne bir­kem­siz taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy hem-de eke­ran­çy­la­ryň ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün edil­ýän­di­gi ba­ra­da-da ha­sa­bat be­ril­di. Şeý­le hem ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­niň bel­le­nen möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi, bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ak ekin­le­re ösüş su­wu­ny tut­mak hem-de mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len goş­ma­ça iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär.

We­la­ýat­da ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin de­giş­li me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­la­mak mak­sa­dy bi­len hem de­giş­li işler alnyp barylýar. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi­ni, we­la­ýa­tyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz bi­len bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di.

Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­do­wyň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Hä­kim we­la­ýa­tyň go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry­nyň ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­ny­ly­şy — sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­niň bar­şy hem-de go­wa­ça eki­şi­ni ge­çir­mek­de ula­nyl­jak teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry abat­lap, möw­sü­me do­ly taý­ýar et­mek, pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri ze­rur to­hum bi­len üp­jün et­mek ug­run­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şeý­le hem we­la­ýat­da ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň eki­şi­ni bel­le­nen möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, bug­da­ýyň ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ak ekin­le­re ideg et­mek üçin hem­me çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­ni­len iş­le­riň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ha­sa­bat­da dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­le­ri­ni we ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni ber­jaý et­mek bo­ýun­ça iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dy­ly­şy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün­çi­li­gi, we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň agyz su­wy bi­len üp­jün edi­li­şi ba­ra­da hem ha­bar be­ril­di.

Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýew se­bit­de iş­le­riň ýag­da­ýy, go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi hem-de möw­sü­miň do­wa­myn­da ula­nyl­jak teh­ni­ka­la­ryň we gu­ral­la­ryň abat­la­ny­ly­şy hem-de eke­ran­çy­la­ry to­hum bi­len üp­jün et­mek ug­run­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Mun­dan baş­ga-da, ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň eki­şi­niň bel­le­nen möh­let­ler­de hem-de ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­mek üçin ak ekin meý­dan­la­ryn­da de­giş­li ideg iş­le­ri do­wam ed­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da şu ýyl bel­le­ni­len iş­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ryň edill­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di.

Bu ýyl ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­nen ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ta­mam­lan­ma­gy üçin hem­me ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dy­ly­şy, te­bi­gy gaz, agyz su­wy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ha­sa­ba­tyň aý­ra­tyn me­se­le­si bol­dy.

Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyp, go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge bö­lü­nip ber­len ýer­le­ri ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak, şol ýer­le­ri sür­mek we te­kiz­le­mek, go­wa­ça eki­şi­ni ge­çir­mek­de ula­nyl­jak teh­ni­ka­la­ryň we gu­ral­la­ryň abat­la­ny­ly­şy hem-de pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri ze­rur muk­dar­da to­hum bi­len üp­jün et­mek boýunça alnyp barylýan işler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem we­la­ýat­da ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň eki­şi­niň bel­le­nen möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi üçin de­giş­li işler geçiril­ýär. Bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­da ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da maý­sa­la­ra ideg et­mek, su­war­mak hem-de dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri bil­di­ril­ýän ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de hä­kim ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da şu ýyl üçin bel­le­ni­len iş­le­riň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da işleriň edilýändigini ha­bar ber­di.

We­la­ýat­da ula­nyl­ma­ga be­ril­jek bir­nä­çe me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­lan­ma­gy ba­ba­t­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ýy­la­dy­ly­şy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýän­di­gi ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew şu gün­ler ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ber­jaý et­mek ba­bat­da bel­le­nen çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da aýt­dy.

Hu­su­san-da, ýer­le­ri ýaz eki­şi­ne taý­ýar­la­mak, ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem-de ekiş­de ula­nyl­jak teh­ni­ka­la­ry­dyr gu­ral­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ýer­li ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, ösüş su­wu­ny tut­mak we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry hem-de en­jam­la­ry ulan­mak ar­ka­ly ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň hem-de so­ga­nyň eki­şi­ne, to­hum­la­ry hem-de ekiş­de ula­nyl­jak teh­ni­ka­lar­dyr gu­ral­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

Wi­se-prem­ýer bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, şu ýy­lyň few­ral aýyn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da 30 müň gek­tar ýer­de ýaz­lyk ýe­ral­ma­nyň, 10 müň gek­tar meý­dan­da so­ga­nyň eki­şi­ni ge­çir­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Tu­tuş 2022-nji ýyl­da 106 müň gek­tar meý­dan­da ýe­ral­ma hem-de beý­le­ki gök we bak­ja ekin­le­ri­ni ek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol san­da 65 müň gek­tar ýer­de ýaz­lyk ekiş, 41 müň gek­tar ýer­de güýz­lük ekiş ge­çi­ri­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýer­le­ri ekişe taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­bat­la­ry diň­läp, we­la­ýat­lar­da­ky teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ryn­da bar bo­lan äh­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ryň abat ýag­daý­da sak­la­n­ma­gy­ny hem-de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň döw­rüň mö­hüm me­se­le­si­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öň­de bol­jak go­wa­ça eki­şi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi, ekiş ge­çi­ril­jek meý­dan­lar­da sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­ni bel­le­nen möh­let­ler­de ge­çir­mek üçin bu ugur­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ekiş möw­sü­mi üçin ze­rur to­hum­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da berk ber­jaý et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ila­ty­ny özü­miz­de ön­dü­ri­len ýe­ral­ma we so­gan bi­len ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün et­mek üçin ze­rur bo­lan iş­le­riň ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň, ýer we suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li ula­nyl­ma­gy­ny, daý­han­la­ryň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar hem-de beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­gy üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, ag­ro­teh­ni­ka­nyň äh­li ka­da­la­ry­nyň we ta­lap­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­niň hem-de eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň daş-tö­we­re­gi­niň aras­sa­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, suw we şor suw aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re we hä­kim­le­re bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz döw­le­ti­miz­de mil­li mi­ra­sy­my­zy aýaw­ly sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak hem-de giň­den wa­gyz et­mek üçin uly möç­ber­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­le­ri «Du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­my­zyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len gut­lap, hä­kim­le­re ýer­ler­de hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny we ru­hy baý­ly­gy­ny wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri giň ge­rim­de alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk we maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

01.02.2022
Milli senagatymyzyň guwandyryjy üstünlikleri

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, durnukly ösüşi üpjün edýän düýpli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, dürli harytlary öndürmek we eksporty artdyrmak boýunça milli maksatnamalara laýyklykda, önümçilik düzümleri yzygiderli giňeldilýär. Ýerli telekeçiler harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge we eksporty artdyrmaga uly goşant goşýarlar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat toplumy täze pudaklar bilen baýlaşdy, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleri düýpli artdy. Milli baýlygymyz bolan mineral-çig mal serişdeleriň rejeli ulanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda täsirli ähmiýete eýe bolýan, geljegi örän uly bolan senagat toplumy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýandygyny bellemegi bu ugurdaky ösüşleriň ýokarydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň geçen ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekmegi we bu hünär baýramynyň her ýylyň 6-njy awgustynda bellenip geçiljekdigi bu ugra uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Senagat önümleriniň köp görnüşleri boýunça ýurdumyzyň import edýän ýurtdan eksport edýän döwlete öwrülýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Senagat toplumynyň köpugurly ösdürilmegi ykdysadyýetimizde çig mala dahylsyz ugruň pugtalanmagyny, ýokary goşmaça girdejisi bolan gaýtadan işleýän pudaklaryň önüm öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, täze önümçilikleriň döredilmegini şertlendirýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan täze önümçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde täze önümiň nusgalyk tapgyrynyň öndürilendigi, degişli hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalarynyň alnandygy barada habar berildi. Bu täze önüm ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanylyp, ol ekologiýa taýdan arassadyr. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Geljekde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny, şeýle-de kwars çägesinden aýna süýümini, ondan bolsa polat armaturasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ine, şeýle täze senagat önümleriniň öndürilmegi milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Täze döredilýän senagat önümçilikleri mineral-çig mal serişdelerimiziň rejeli ulanylmagynda we daşky gurşawyň aýawly saklanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleri ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar we bu işlere ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Çünki ösüşiň yzygiderliligini üpjün etmekde ýaş nesliň üstüne uly wezipe düşýär. Ýaşlaryň Watanyň gülläp ösüşine goşant goşjak mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri bu günki döredilýän mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginde täze gurlup, ulanmaga berilýän desgalarda ýola goýlan önümçiliklerde zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa iň kämil tehnologiýalara erk etmäge ukyply, başarjaň, ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändikleriniň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär. Bu ugurda milli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň derejesini ýokarlandyrmak babatda beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda taýýarlanylýan ýaş hünärmenler bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

01.02.2022
Beýik ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasy

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ulag diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Maksatnama ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmäge, ulag babatda halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmäge, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna, ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegine oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň binýadyny berkitmek, awtoulag, deňiz, şeýle-de demir ýollar arkaly Aziýa we Ýewropa yklymlaryny birleşdirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, logistik hyzmatlaryň milli ykdysadyýete edýän oňyn täsirini ýokarlandyrmak ýaly maksatlardan ugur alýar. Bu bolsa milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir.

Soňky ýyllarda gürrüňi edilýän ulgamda amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň ulag-logistik merkez hökmündäki ornuny has-da berkidip, ony halkara ykdysady we söwda dolanyşygynyň, ýükleriň gatnadylmagynyň amatly hem ygtybarly çatrygyna öwürdi. Türkmenistanyň şeýle ugurdaky halkara başlangyçlarydyr iri tutumlary, şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşiň milli strategiýasynyň ählumumy bähbitler bilen utgaşýandygyny-da görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap, utgaşykly, deňagramly hem-de ýokary tehnologiýaly ýol-ulag düzüminiň döredilmeginiň zerurlygyny, onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň biridigini öňe sürýär. Şonuň bilen birlikde, bu düzüm halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, çekilýän maýa goýumlaryň işjeňligini artdyrmaga, halkaradyr milli derejede durmuş-ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasyna degişli Kararnamalaryň taslamalarynyň dördüsiniň hödürlenendigi we olaryň biragyzdan kabul edilendigi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Şunda dünýäniň onlarça döwletiniň bu Kararnamalaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda sebitiň döwletleriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygynda, noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambul sammitinde, şeýle-de noýabr aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen 15-nji sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan we ylalaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ýagdaýlar we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň başlangyjy hem-de tagallalary netijesinde ulag ulgamynda amala aşyrylan hem aşyrylýan halkara, şeýle-de milli derejedäki taslamalaryň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin neneňsi derwaýysdygyny ýüze çykarýar. Sebäbi häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady ösüşi köp babatda ýol-ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagly bolup durýar. Türkmenistan ony ähli döwletleriňdir halklaryň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň bu babatda Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygy, BMG-niň giň goldawyna eýedigi we ikitaraplaýyndyr köptaraplaýyn bähbitlerden ugur alýandygy onuň amala aşyrýan yzygiderli hem-de işjeň syýasatynyň netijeliligini-de artdyrýar. Bu gün dünýäde ulag ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşikleriň oýlanyşykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolýandygyny-da şunuň bilen düşündirmek bolar. Şeýle gepleşiklere täze gatnaşyjylaryň — döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe institutlarynyňdyr guramalaryň goşulyşýandygy bolsa munuň ýene bir subutnamasydyr.

Merkezi Aziýada, şeýle-de Hazar sebitinde üstaşyr ulag we logistik ulgamyň döredilmegi bu ugurdaky ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Agzalýan çäklerde amala aşyrylan degişli taslamalar Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta hem Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly yklymara ulag gatnawlarynyň köpşahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini emele getirýär. Munda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrmakda, şol bir wagtda-da sebit we ählumumy möçberde tagallalary birleşdirmekde amala aşyrylan işleriň ähmiýeti ýokarydyr.

Mahlasy, Türkmenistan ykdysady ösüşde, halkara hyzmatdaşlykda we ösüş arkaly parahatçylygy berkitmekde nusgalyk işleri amala aşyrýar. Şeýle işleriň halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň özi bolsa buýsandyryjydyr.

Mekan GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazyýet kätibi.

31.01.2022
Dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga üýtgewsiz ygrarly döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasyna öwrülen wakalara beslendi.

24-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine gönükdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ýollarynyň ýagdaýyny, täzeleriniň gurluşygyny, häkimlikleriň garamagyna berlen ýörite tehnikalaryň ulanylyşynyň netijeliligini seljermegi dowam etmegi hem-de ýol-gurluşyk işlerini çaltlandyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.

Milli Liderimiz sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlyga eýe bolan döwründen bäri Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolandygyny, onuň ilkinjileriň hatarynda sebitiň döwletleriniň paýtagtlarynda öz diplomatik wekilhanalaryny açandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu gün biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýändigini aýtdy. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da gabat gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýärler, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýärler, dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýarlar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrýarys diýdi hem-de Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bu filosofiýany halkara durmuşyna netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaş we pikirdeş hasap edýändigini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Şeýle hem özara bähbitleriň bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlenendir. Ol häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmegiň häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişmek hem-de ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmek teklip edildi.

HHR-iň Başlygy häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini belläp, energetika ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki käbir ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ilerledilýändigini nygtady. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.

Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysadyýet we ýangyç-energetika toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberleri, ýangyç-energetika toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we bu pudakda özgertmeleri geçirmek barada habar berildi.

Täze ýataklary gözlemek we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklarynyň nebitgaz toplumyny maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetlidigini belläp, bu babatda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdesini bermek hakynda Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şol gün geçiren iş maslahatynda bank toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna garaldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur çäreler göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz maliýe-ykdysadyýet toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň karz-pul syýasatynyň, maliýe serişdeleriniň dolandyrylmagynyň kämilleşdirilmeginiň hem-de ykdysadyýetimize gönükdirilen karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin kiçi we orta kärhanalaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmegi dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň Ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bank ulgamynda kabul edilen döwlet maksatnamalary boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik edilmegine we bu işleriň utgaşdyrylmagyna ünsi çekdi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynda ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň hilini we gerimini giňeltmek göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, ýokary depginler bilen ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belläp, býujetiň girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

27-nji ýanwarda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni dabaraly bellenip geçildi. Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglaryny hem-de harby derejeleri gowşurmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň Diýarymyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy.

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda şu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Biziň ýurdumyz şu duşuşyga düýplülik we anyklyk nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň doly gerimli görnüşini döretmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýar.

Biz öz halklarymyzyň düýpli gymmatlyklaryna we medeni ösüş ýakynlygyna daýanýarys. Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri bar. Bu serişdeler dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň ösýän, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir, emma, şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek hem örän wajypdyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny hem-de «Merkezi Aziýa — Hindistan» parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjynyň goldanylýandygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň şeýle köpugurly görnüşiniň döwletara syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm şert bolup biljekdigini nygtady.

Türkmenistan öz tagallalaryny şu maksada ýetmäge gönükdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi. Başlangyç bilen çykyş edip, has takygy, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny hödürläp, biziň ýurdumyz ählumumy syýasy giňişlikde jogapkärçilikli we sagdyn güýçleriň ählisiniň birleşmegine umyt edýär. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletleri we Hindistan tarapyndan biziň garaýşymyzyň goldaw tapjakdygyna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmak baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini, şol ulgamyň bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde goşulyşmagynyň kepili boljakdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, baý tebigy serişdelerine eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr. Hususan-da, ýurdumyz häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar.

Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli Bilelikdäki iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmek baradaky teklibi beýan etdi. Ýokanç kesellere garşy göreşmek şol assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ýakynlaşmak we özara düşünişmek mümkinçiligi hökmünde garalýandygyny nygtap, şu ýubileý ýylynda ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramagy teklip etdi.

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu maksatnamany taýýarlamagyň barşy barada döwlet Baştutanymyza 28-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” ykdysadyýet syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

Ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň barşy, bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek, ylmyň dürli ulgamlary üçin ýaş alymlary taýýarlamak, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümleri üçin brend nyşanlaryny işläp taýýarlamak, 2022-nji ýylda pudaklaýyn sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek, içeri işler edaralarynyň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak boýunça alyp barýan işleri Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy. Bu resminamalara türkmen tarapyndan oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.

Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde halkara we sebitara ähmiýetli wajyp taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem şu ýylda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ulag ýollarynyň, suw, gaz we elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler.

Döwlet Baştutanymyza Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gulluklarda, wagonlary kabul etmek we ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy, “Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary barada hasabat berildi.

Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi hem-de bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy. Bereket demir ýol menziliniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhletlerde taýýarlamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çäk taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýyny netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy munuň nobatdaky beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol ulaglary düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine we pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna we işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek hakynda” Kararlara gol çekdi. Bäsleşik 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny, Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyny, şeýle hem awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklady.

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

Milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr göllerinde alabaýyň şekiliniň beýan edilmegi ýaly meseleler foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy, hususan-da, ýurdumyz tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny girizmek boýunça öňe sürlen teklipler babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna we käbir beýleki meselelere hem garaldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada hemmetaraplaýyn habar berdi. Milli Liderimiziň tagallalary bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň gatnaşygynyň durnukly ulgamynyň kemala getirilmegi dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetimiz yzygiderli pugtalandyrylýar, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini dikeltmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

(TDH)

31.01.2022
Dokma senagatynyň rowaç gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny we ulgamlaryny gurşap aldy.

Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýeňil senagatymyz hem aýratyn goşant goşýar. Şoňa görä-de, ýeňil senagatymyzyň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.

Ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma pudagy gaýtadan işleýän senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, pudagyň önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak, dokma harytlarynyň öndürilýän möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak, pudaga iň öňdebaryjy tehnologiýalary we bu ugurda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de ösdürmek işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Şeýle hem dokma pudagynyň kuwwatyndan doly peýdalanmak meseleleri berk gözegçilikde saklanylýar.

Dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we eksportuny artdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmagyň baş strategik ugurlary kesgitlenildi. Bu maksatnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirilmegine, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiliginiň we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty bilimlere, innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn hem-de eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejesine ýetirýän bazar ykdysadyýetiniň özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmekde esasy wezipe öndürilýän ýerli pagtanyň ähli möçberini ýurdumyzda gaýtadan işlemek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän dokma önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmakdan we daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzy dokma pudagynda öndürilýän önümleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we ýetilýän belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hataryna goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýeňil senagat pudaklaryny hem-de hyzmatlar ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmek, ýerli çig malyň hasabyna ýokary hilli harytlaryň we önümleriň köp görnüşlerini öndürýän, gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi.

31.01.2022
Geçen 30 ýyllyk tejribe — geljek 30 ýyla gönezlik

Hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Hytaý” hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitlerinde eden çykyşlaryny okap, ine, şeýle netijä gelýärsiň

(“Döwür we biz” makalalar toplumyndan)

Türkmenistanyň iň täze taryhyna, gürrüňsiz, belki, dünýä döwletleriniň hem döwleti dolandyrmakda häzirki zaman taryhyna girjek sene — mähriban Watanymyzy ösdürmegiň geljekki 30 ýyllyk maksatnamasyny kabul etjek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljek senesi barha ýakynlaşýar. Kabul ediljek bolunýan 30 ýyllyk bu maksatnama birbada diňe türkmen döwletine we onuň halkyna dahylly bolup görünse-de, hakykatda, ol biziň döwletimiziň halkara bileleşigiň subýekti hökmünde gatnaşyk edýän döwletleriniň hemmesiniň ykdysady ösüşlerine, diýmek, halklarynyň ykbalyna täsir edip biljek maksatnama bolar. Özüňiz pikir ediň! Häzirki döwrüň iň çylşyrymly meselesi — bu hakda milli Liderimiz hem ençeme gezek aýtdy — döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýetmezçiligidir. “Ynanyşmak” diýen söz hatda geçen ýylyň esasy şygarynda — adynda hem ulanyldy. Aýdylyşy ýaly, ýylyň 12 aýynyň her gününde ynanyşmak meselesiniň juda derwaýysdygy tekrarlandy duruldy.

Biziň döwletimiz geljek 30 ýyllyk maksatnamany kabul etmek arkaly, ösüşleriň ýoluny aýdyňlaşdyrýar. Biz bu maksatnama döwletleriň we halklaryň ykbalyna täsir edip biljek maksatnama bolar diýenimizde, hut şuny göz öňünde tutduk.

Garaşylýan sene ýakynlaşdygyça, Türkmenistan daşary syýasatynda-da işjeňlik görkezýär. Bu şeýle-de bolmaly: daşary syýasat içerki syýasatyň dowamy, ikisi bir bitewi zat. Hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Hytaý” hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitlerinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, biziň döwletimiziň sebitdäki doganlyk döwletler, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy bilen Garaşsyz ösüşimiziň 30 ýylynda gazanan oňyn tejribesi hakynda aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň hem Hindistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň taryhy müňýyllyklar bilen ölçenilýär. Biziň halklarymyzda umumylyklar örän köpdür. Şolardan ýerlikli peýdalanyp hem soňky 30 ýylda, ylaýta-da, onuň ikinji ýarymynda özara gatnaşyklar düýpli ösdürildi. Ýeri gelende bellesek, şeýle gatnaşyklar beýleki ýurtlar, şol sanda goňşy ýurtlar bilen hem netijeli ösdürildi. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy ýa beýleki bir mesele boýunça düşünişmezlik ýokdur. Hut şuny hem biziň döwletlerimiziň öz aralarynda gazanan iň uly üstünlikleriniň esasylarynyň biri hökmünde görkezip bolar.

Ýene bir ýagdaýy aýratyn bellemeli: biziň döwletlerimiziň hormatly Baştutanlary sebitara, halkara, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde abyrsyz uly işleri amala aşyrýarlar. Muny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygy hem ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Geçen ýylyň tomsunda Hazaryň türkmen kenarynda bolan duşuşygy biziň halklarymyz entek köp ýatlarlar diýip pikir edýärsiň. Şol duşuşyk halklaryň arasyndaky agzybirligiň, döwlet Baştutanlarynyň özara hormat-sarpasynyň güýjüni äleme ýaýdy. Özara bähbitli iş etmekde biziň döwlet Baştutanlarymyzyň görüm-göreldesi halklarymyza nusgalykdyr.

Biziň döwletlerimizde milli Liderlerimiziň göreldesine eýerilip, soňky 30 ýylda ykdysady hyzmatdaşlykda we medeni gatnaşykda ajaýyp işler durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetildi. Şunda sanlary we maglumatlary getirip, aýdylanlary subut etjek bolmagyň geregi ýok. Ähli zat şeýle-de düşnükli, aýan-aýdyň. Iň esasy zat, olar halklarymyzyň islegine we arzuwyna kybap gelýär. Bizden birimiz olara gidenimizde ýa olardan biri bize gelende, özümizi juda arkaýyn, ylla, dost-doganlarymyzyň arasynda ýaly duýýarys. Şu hakynda oýlananyňda, milli Liderimiziň “Ösüş arkaly parahatçylyk” taglymatynyň ähmiýetine has çuňňur göz ýetirýärsiň.

Gürrüňi edilýän sammitlerde hormatly Prezidentimiziň eden çykyşlaryna dolanyp, ýene-de şulary aýtmak hökmany bolup durýar. Biziň döwletlerimiziň adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri örän uludyr, halklarymyzyň medeniýetde we ynsanperwerlikde juda gymmatly mirasy bar. Bular bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak baýlyklardyr. Şularyň esasynda döredilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýýan taglymaty ulanyp hem ösdürip, gatnaşyklaryň täze tapgyryny emele getirip bolar. Ol, hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, “...dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir”.

Her bir döwlet geljek üçin jogapkärçilik çekýär. Şol jogapkärçilik-de biziň umumy öýümizde — Ýer togalagynda pugta parahatçylygy üpjün etmekden ybaratdyr. “Dialog — parahatçylygyň kepili” — geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda halkara gatnaşyklaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen bu täze filosofiýasy gürrüňi edilýän jogapkärçiligi amala aşyrmakda esasy çelgi, ugur alynýan görkeziji bolmalydyr. “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde milli Liderimiz şeýle diýdi: “Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris”.

Şu ýerde iki gün mundan öň — Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilen gününde hem ýokary derejede gürrüňi edilen 30 ýyllyk maksatnamanyň dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan häsiýetini aradan aýryp, halkara gatnaşyklarda aýdyňlyk döretmäge ýardam berjekdigini, şunlukda, adamzadyň ösüşini öňünden kesgitlemäge hem mümkinçilik döretjekdigini ynam bilen aýdyp bolar.

Türkmen — göwnaçyk halk. Türkmeniň döwleti-de “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýär. Türkmeniň çuňňur dünýägaraýşyna laýyklykda, diňe asuda ýurtda geljege nazar aýlap, etsem-goýsamlary meýilleşdirip bolýar. Türkmenistan dünýäde iň asuda, iň howpsuz ýurtlaryň biri. Muny dünýä ykrar edýär. Bu, elbetde, halk hökmünde bizi buýsandyrýar. Munda biz uzak ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda amala aşyryp gelen giň gerimli işlerimiziň netijesini görýäris.

Türkmenistany ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasy hem, nesip bolsa, dünýäde görülýän, mynasyp baha berilýän we nusga alynýan işlerden bolar.

Seýitguly GELDIÝEW.

“Türkmenistan”.

29.01.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 28-nji ýan­war (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedowa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň” tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oý­la­ny­şyk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dur­nuk­ly ös­dür­mek we ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň hem-de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 2022-nji ýy­lyň 7-nji ýan­wa­ryn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bu Mak­sat­na­ma­da gel­jek 30 ýyl­da ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ös­dür­me­gi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, bir­nä­çe we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dü­züm­le­ri­ni üýt­ge­dip gu­ra­ma­gy, do­lan­dy­ry­şyň tä­ze, has ne­ti­je­li usul­la­ry­ny ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de or­naş­dyr­ma­gy do­wam et­dir­mek, mak­ro­yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­mak; te­bi­gy baý­lyk­lar­dan re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, pu­dak­la­ry, önüm­çi­lik­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we kuw­wat­lyk­la­ry do­ly ulan­ma­gyň ha­sa­by­na se­na­gat we ne­bit­gaz pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li ös­dür­mek; ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, şol san­da wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ öw­ren­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet” sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­mak; san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak; yk­dy­sa­dy-ge­og­ra­fi­k ýer­le­şi­şiň amat­lyk­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­le­ri­ni we ugur­la­ry­ny dö­ret­mek, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mek; ýer-suw se­riş­de­le­ri­ni ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ha­sa­by­na azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek; bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eks­por­ta ni­ýet­le­nen we im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri çalt dep­gin­ler­de ös­dür­mek; amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň or­nu­ny güýç­len­dir­mek we je­mi içer­ki önüm­de hu­su­sy bö­le­giň pa­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­let-hu­su­syýetçilik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şi­ni iş­jeň­leş­dir­mek; ne­ti­je­li ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, amat­ly şert­ler­de da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny giň­den çek­mek; mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dep­gin­li, dur­nuk­ly we top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň ha­sa­by­na ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri bar.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, ony tä­ze sep­git­le­re çy­kar­mak üçin tä­ze mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­ny ka­bul et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek 30 ýyl üçin stra­te­gik mak­sat­na­ma­da türk­men döw­le­ti­niň hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni ul­gam­lar­da ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len esa­sy we­zi­pe­le­riň kes­git­le­nil­me­li­di­gi­ni aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy­na hö­dür­le­nil­jek Mil­li mak­sat­na­ma­nyň her bir düz­gü­ni­niň ugur­daş dü­züm­ler ta­ra­pyn­dan iç­gin seljerilmelidigine ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Şeý­le hem Hö­kü­me­tiň Baş­tu­ta­ny­nyň orun­ba­sa­ry­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­ne en­jam­lar we se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek hem-de elin hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da bag­la­şy­lan şert­na­ma­la­ra goş­ma­ça yla­la­şyk­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar ber­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şu res­mi­na­ma we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ozal gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len HHR-iň «CNPC» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da “Gal­ky­nyş” gaz kä­nin­de 16 gu­ýy­ny hi­mi­ýa önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek we bu­raw er­gin­le­ri­ni taý­ýar­la­mak, gu­ýu­la­ry ulan­mak bo­ýun­ça teh­ni­ki hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek we bu gu­ýu­la­ry de­giş­li en­jam­lar bi­len üp­jün et­mek ba­bat­da tö­le­giň şert­le­ri­ni üýt­get­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu şert­na­ma­nyň ba­ha­sy 372 273 969,95 hy­taý ýua­ny­na ba­ra­bar­dyr.

Şeý­le hem “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len «CNPC» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da dü­züm­le­ýin en­jam­la­ry gur­na­mak we “Gal­ky­nyş”, “Ga­ra­bil” we “Ba­ga­ja” kän­le­rin­de de­giş­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da şert­na­ma­la­ra goş­ma­ça yla­la­şyk­la­ry bag­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ne­ti­je­de, bu şert­na­ma­la­ryň je­mi ba­ha­sy 106 221 809,71 ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­miz­de ne­bit­gaz pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge, yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan pu­dak­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar, iri dü­züm­le­ýin kom­pa­ni­ýa­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek we kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ň üýt­gew­siz dost­luk­ly we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­lar­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Ola­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­le­re däl, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň aba­dan­çy­lyk we ösüş mak­sat­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär.

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak­da we ozal he­re­ket ed­ýän kän­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň giň­den ula­nyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi türk­men ga­zy­nyň eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ma­ýa go­ýum­la­ry­ň ýur­du­myz­da alyn­ýan çig mal se­riş­de­le­ri bi­len gaý­ta­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di we res­mi­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler hem-de azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer bug­da­ýy, go­wa­ça­ny, gök-bak­ja we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni, mi­we­li bag­la­ry, üzüm ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hem-de öri meý­dan­la­ryn­da ösüm­lik­le­riň ke­sel­le­ri­niň, zy­ýan­keş­le­riň we ha­şal ot­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

“Ösüm­lik­le­ri go­ra­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­nyň iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di, res­mi­na­ma­da yl­my çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek, ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şeý­le hem bu mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da ösüm­lik­le­ri go­ra­mak ul­ga­myn­da yl­my ös­dür­mek, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ulan­mak me­se­le­le­ri be­ýan edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan, bu ul­ga­ma öň­de­ba­ry­jy yl­my usul­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ekin we öri meý­dan­la­ry­ny mak­sa­da­la­ýyk hem-de ne­ti­je­li ulan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp hem-de iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyn­ma­ly­dy­gy­ny, ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we to­hum­çy­ly­gy go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di we bu res­mi­na­ma­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow dün­ýä ýurt­la­ry hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gat­dan re­je­li peý­da­lan­mak we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­syn­da aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ul­gam­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek mak­sa­dy bi­len, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Bu ba­bat­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na esas­la­nyp, bir­nä­çe tek­lip­ler taý­ýar­la­nyl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry bi­len 2019-njy ýyl­da tas­syk­la­nan, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň Pa­riž Yla­la­şy­gyn­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da 2030-njy ýy­la çen­li par­nik gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça res­mi­na­ma iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, on­da bu mak­sat­lar üçin de­giş­li çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak hem-de ulan­mak me­se­le­le­ri mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ugur­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de Da­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ko­pen­ga­gen şä­he­rin­de dö­re­di­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi bi­len ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak tek­lip edil­ýär. Bu Mer­kez 2013-nji ýyl­dan bä­ri, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň we Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýär.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz yk­dy­sa­dy­ýe­ti we se­na­ga­ty ös­dür­mek ba­bat­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lan Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Bu gu­ra­ma bi­len ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky We­na Kon­wen­si­ýa­sy­nyň ozon gat­la­gy­ny dar­ga­dy­jy mad­da­lar ba­ra­da­ky Mon­re­al Tes­wir­na­ma­sy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin yzy­gi­der­li esas­da anyk tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu Tes­wir­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da bir­nä­çe tas­la­ma­lar bo­ýun­ça de­giş­li res­mi­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy.

Bu res­mi­na­ma­la­ra türk­men ta­ra­pyn­dan Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri­ne gol çek­mä­ge rug­sat ber­mek tek­lip edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bi­ziň ýur­du­myz bu ul­gam­da mil­li de­re­je­de top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar.

Döw­le­ti­miz BMG-niň esas go­ýu­jy te­bi­ga­ty go­ra­ýyş res­mi­na­ma­la­ry­ny, şol san­da bio­lo­gi­ýa köp­dür­lü­li­gi, ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak, çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­la­ry, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Pa­riž Yla­la­şy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki iri hal­ka­ra dü­züm­le­ri­ň be­lent mün­be­rin­den öňe sür­len anyk baş­lan­gyç­la­ry bu ul­gam­da öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne, köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne, bi­le­lik­dä­ki uzak ­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ry­na in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýet ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, te­bi­gy se­riş­de­le­riň re­je­li we aýaw­ly peý­da­la­nyl­ma­gy, ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ne ýe­til­me­gi, eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň go­ral­ma­gy hem-de gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan özü­niň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny öňe sür­mek bi­len, bu ugur­da umu­my ta­gal­la­la­ryň je­bis­leş­di­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz aý­dy­lan­la­ry jem­läp, hö­dür­le­ni­len tek­lip­le­ri, umu­man, ma­kul­la­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek hem-de bu ul­gam­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len oňyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň wo­do­rod ener­gi­ýa­sy ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça 2022-2023-nji ýyl­lar üçin Ýol kar­ta­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz äh­lu­mu­my ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek nyg­ta­dy.

Şeý­le­lik­de, al­ter­na­tiw, hu­su­san-da, pes ug­le­rod­ly ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, onuň çeş­me­le­ri­niň we kuw­wat­lyk­la­ry­nyň iş ýü­zün­de he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi eko­lo­gi­ýa hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şun­da gel­je­giň ýan­gy­jy ha­sap edil­ýän wo­do­ro­dy peý­da­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Mu­nuň özi onuň ýo­ka­ry ula­nyş hä­si­ýet­le­ri bi­len şert­len­di­ri­len­dir, onuň eko­lo­gi­ýa hä­si­ýet­na­ma­la­ry aý­ra­tyn mö­hüm­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de hem bu ugur­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hö­wes­len­dir­mek we gi­ňelt­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Şeý­le hem milli Liderimiz Türk­me­nis­ta­nyň Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si M.Aýa­zo­wy şol bir wagt­da ýur­du­my­zyň Li­wan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­mek ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň we Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­la­ry bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­ny Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ys­la­ma­bat şä­he­ri­ne gul­luk iş sa­pa­ry­na iber­mek ba­ra­da­ky Buý­ru­ga gol çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz res­mi­na­ma­la­ry san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne iber­di hem-de ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2022-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy we ala­da­sy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da äh­li ze­rur şert­ler üp­jün edil­ýär. Ýur­du­myz­da şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ni ulan­mak ar­ka­ly, dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik hem-de Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri, şeý­le hem pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de “Türk­me­nis­ta­nyň 2022-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­nyň” tas­la­ma­sy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da hal­ka­ra we se­bi­ta­ra äh­mi­ýet­li wa­jyp tas­la­ma­la­ryň, şol san­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my çek­mek iş­le­ri do­wam et­di­ri­ler. Şeý­le hem şu ýyl­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, sag­lyk öý­le­ri­niň we mer­kez­le­ri­niň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, ulag ýol­la­ry­nyň, suw, gaz we elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­niň, ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, şeý­le hem suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ägirt uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­r gö­nük­di­ri­ler.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň äh­li mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bo­lan oý­la­ny­şyk­ly ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän we dur­muş ul­ga­my­ny na­zar­la­ýan sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň uly möç­be­ri dur­muş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, 2022-nji ýyl üçin iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň gel­jek­ki ösü­şi­ni üp­jün et­jek çä­re­le­riň oňyn çöz­gü­di­niň öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, mak­sat­na­ma­ny ýe­ne bir ge­zek sel­jer­mek we ony gaý­ta­dan iş­le­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aw­to­mo­bil ýol­la­ry mi­nistr­li­gi­ni dö­ret­mek ha­kyn­da­ky tek­lip ba­ra­da aý­dyp, ýol gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze hö­kü­met eda­ra­sy­nyň ady­nyň ta­la­ba ­la­ýyk gel­me­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na gö­rä gu­ral­ýar.

Döw­le­ti­mi­zi ös­dür­mek bo­ýun­ça äh­li uzak ­möh­let­le­ýin me­ýil­na­ma­la­ry­myz hem bu ug­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ony Ýol gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi di­ýip at­lan­dyr­sak mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Şeý­le hem onuň Düz­gün­na­ma­syn­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na de­giş­li äh­li ka­da­lar be­ýan edil­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugur­da taý­ýar­la­ny­lan äh­li res­mi­na­ma­la­ra gaý­ta­dan se­re­dip, ola­ry Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň in­di­ki mej­li­si­ne se­ret­mek üçin hö­dür­le­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­le­ri­niň brend ny­şan­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer Türk­me­nis­tan­da dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­ýän­di­gi­ni, olar­da çy­ka­ryl­ýan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň kö­pel­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da gur­lan döw­re­bap dok­ma top­lum­la­ryn­da ýo­ka­ry hil­li, dür­li gör­nüş­li ma­ta­lar do­ka­lyp, ola­ryň kuw­wat­ly­ly­gy de­giş­li­lik­de, 1 mil­li­on 200 müň sa­ny hem-de 3 mil­li­on 500 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bu önüm­ler içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ri­lip alyn­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dok­ma top­lum­la­ryn­da “Go­za”, “Wa­da”, “Be­dew”, “Nu­saý”, “Ga­la”, “Ar­wa­na”, “Bür­güt”, “Ýe­ňiş”, “Ak pa­myk” ha­ryt ny­şan­la­ry bi­len giň­den ta­nal­ýan önüm­ler ön­dü­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Ka­ka we Ba­ba­daý­han dok­ma top­lum­la­ry­nyň tä­ze önüm­le­ri­niň ha­ryt ny­şan­la­ry­nyň tek­lip edil­ýän gör­nüş­le­ri­niň tas­la­ma­sy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny aýt­dy we ola­ry mil­li Li­de­ri­mi­ze hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki dö­wür­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni ulan­ma­gyň ha­sa­by­na dok­ma se­na­ga­ty­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň dok­ma önüm­le­ri­niň di­ňe bir içer­ki ba­zar­lar­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz dok­ma önüm­le­ri­niň “Jeý­tun”, “Mä­ne” at­ly tä­ze ha­ryt ny­şan­la­ry­ny ma­kul­lap, türk­men di­zaý­ner­le­ri­niň içer­ki ba­za­ryň is­leg­le­ri­ni öw­ren­mek we ila­tyň möw­süm­le­ýin is­leg­le­rin­den ugur al­mak bi­len, egin-eşik­le­riň we beý­le­ki ha­ryt­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ly­dyk­la­ry­ny, önüm­çi­li­ge gi­riz­me­li­dik­le­ri­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da wi­se-prem­ýer giň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry çek­mek mak­sa­dy bi­len, dür­li ser­gi­le­riň we mas­la­hat­la­ryň gu­ral­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň 2022-nji ýyl­da ser­gi­le­ri, ýar­mar­ka­la­ry, mas­la­hat­la­ry we fes­ti­wal­la­ry ge­çir­me­gi ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny, giň ge­rim­li iş­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ni we uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri has iş­jeň iler­let­mek üçin de­giş­li ma­ha­bat iş­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, 2022-nji ýyl­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň äh­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar­dan ugur al­ma­gy tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li res­mi­na­ma gol çe­kip we ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re ibe­rip, çä­re­le­riň her bi­ri­niň örän äh­mi­ýet­li, ma­ny-maz­mun­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, umu­ma­dam­zat yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan oňyn sy­ýa­sa­tyň maz­mu­ny­ny açyp gör­kez­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa «Du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ni, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny giň­den wa­gyz et­mek, ze­hin­li bag­şy-sa­zan­da­la­ry ýü­ze çy­kar­mak we ola­ry hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da “Çal­sa­na, bag­şy!” bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bäs­le­şi­gi 2022-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da jem­le­mek we ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak tek­lip edil­ýär.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni düýp­li öw­ren­mek we giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şol me­de­ni­ýet bol­sa dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Hal­ky­myz üçin saz dur­mu­şyň ma­ny­sy­dyr, gö­zel ýa­şaý­şy be­ýan et­me­giň mö­hüm gu­ra­ly­dyr. Hal­ky­myz ta­ry­hyň do­wa­myn­da 72 saz gu­ra­ly­ny dö­re­dip­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de du­ta­ryň we gy­ja­gyň asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne äkid­ýän owa­zy­ny, ola­ryň saz­la­şy­gyn­dan dö­re­ýän aja­ýyp saz­la­ry diň­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Bu saz gu­ral­la­ry­nyň joş­gun­ly owazy adam­la­ry be­ýik ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Biz paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň aja­ýyp sun­gat däp­le­ri­ni do­wam et­dir­me­li­di­ris, ös­dür­me­li­di­ris we ga­dy­my saz gu­ral­la­ry­my­zyň kö­pö­wüş­gin­li gör­nü­şi­ni di­kel­dip, gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­me­li­di­ris. Şeý­le hem Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de mil­li saz gu­ral­la­ry­ny taý­ýar­la­mak hü­nä­ri tä­ze­den dö­räp, ol ze­hin­li us­sat­la­ryň yh­la­syn­dan döw­re­bap de­re­je­de di­kel­dil­ýär. Ola­ryň dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­ma­gy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­riň ugur­la­ry­ny we ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, oňa ýaş­la­ry has iş­jeň çek­mek ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga, ha­ly­pa­çy­lyk ýo­lu­ny ös­dür­mä­ge, ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ni hö­wes­len­dir­mä­ge, ola­ry hal­ky­my­zyň ru­hy mi­ra­sy­na, baý saz me­de­ni­ýe­ti­ne çek­me­gi üp­jün et­mek ba­bat­da ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz bu işiň mak­sa­da­la­ýyk we yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den giň­den peý­da­lan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Çal­sa­na, bag­şy!” bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de onuň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak we ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­ra­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, hu­su­san-da, yl­myň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ýaş alym­la­ry taý­ýar­la­mak babatda al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek, yl­my we in­tel­lek­tu­al kuw­wa­ty pug­ta­lan­dyr­mak, yl­myň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça alym­la­ry we ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne döw­let de­re­je­sin­de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da”, “Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syn­da” hem-de “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem ylym ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti do­lan­dyr­mak, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, ýaş alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ösü­şiň esa­sy gu­ra­ly hök­mün­de ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ägirt uly dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni bo­lan ýaş alym­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, yl­my iş­le­ri hö­wes­len­dir­mek, hä­zir­ki za­ma­nyň has mö­hüm ugur­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, döw­le­ti­mi­ziň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ryn­da be­ýa­ny­ny tap­ýan luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça ylym we teh­ni­ka pu­dak­la­ryn­da wa­jyp äh­mi­ýet­li, düýp­li hem-de yl­my-ama­ly bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň ila­ty pas­port­laş­dyr­mak hem-de ha­sa­ba al­mak bo­ýun­ça ge­çir­ýän iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ry­nyň düz­gün­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hu­su­san-da, bu ul­ga­my san­ly­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak hem-de hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny peý­da­lan­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Bu me­se­le­de ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­nyň sel­je­ril­me­gi­ne hem-de ola­ry kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, aw­to­mat­laş­dyr­ma­gyň ýö­ri­te mak­sat­na­ma­la­ýyn-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­ni iş­jeň ulan­mak esa­syn­da pas­port­la­ry res­mi­leş­dir­mek we ber­mek iş­le­ri­ni gu­ra­ma­gyň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek hem-de ila­ty ha­sa­ba al­ma­gyň mer­kez­leş­di­ri­len san­ly ul­ga­my­ny he­re­ke­te gi­riz­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da dün­ýä tej­ri­be­si­ni iç­gin öw­ren­me­giň hem-de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

16 ýa­şa ýe­ten ra­ýat­la­ra pas­port­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ril­me­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu iş­le­riň türk­men döw­le­ti­niň bin­ýat­la­ry­nyň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne, ýaş­la­ra ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry ba­ba­tyn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­nyň esa­sy ka­da­la­ry­nyň dü­şün­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni hem-de hu­kuk go­ra­ýyş iş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­me­li­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Bal­kan we­la­ýa­ty­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Ser­het­ýa­ka de­mir ýol men­zi­lin­de hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki de­giş­li gul­luk­lar­da bol­nan­dy­gy we ser­het ge­çel­ge­sin­den wa­gon­la­ry wagt­ly-wag­tyn­da ka­bul et­mek hem-de ug­rat­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len tan­şy­lan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

“De­mir­gazyk — Gü­nor­ta” hal­ka­ra de­mir ýol ge­çel­ge­sin­de ula­nyl­ýan tep­lo­woz­la­ryň sa­na­wy hem-de ola­ry ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ýag­daý­la­ry öw­re­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Be­re­ket — Ser­het­ýa­ka we Be­re­ket — Ak­ýaý­la de­mir ýol ara­lyk­la­ryn­da iş­le­ýän tep­lo­woz­la­ryň sa­ny art­dy­ryl­dy hem-de Ser­het­ýa­ka de­mir ýol men­zi­lin­de tep­lo­woz­la­ra we wa­gon­la­ra ýe­ňil abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­ýän, hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän de­po­nyň işi ýo­la go­ýul­dy.

Mun­dan baş­ga-da, wa­gon­lar ka­bul edi­len­de we tab­şy­ry­lan­da, de­giş­li gul­luk­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň wag­ty­ny azalt­mak üçin ola­ryň äh­li­si­niň işi­ni ýo­la goý­mak hem-de hal­ka­ra tej­ri­be­le­r­den ugur alyp, gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­rin­dä­ki iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Şeý­le hem Be­re­ket de­mir ýol men­zi­li­niň wa­gon­la­ry paý­laý­jy par­ky­nyň işi bi­len tan­şyl­dy we bu stan­si­ýa­ goş­ma­ça iş­çi güý­jü­ni çek­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­di. Onuň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, kö­mek­çi de­mir ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny gys­ga möh­let­ler­de taý­ýar­la­mak tek­lip edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň, Mer­ke­zi, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň ba­zar­la­ry­na çy­kal­ga­la­ry aç­ýan “De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta” we “Gün­do­gar — Gün­ba­tar” hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň amat­ly çäk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra alyp, bu ugur bo­ýun­ça ga­dy­my dö­wür­ler­de mö­hüm söw­da ýol­la­ry­nyň ge­çen­di­gi­ni we onuň dün­ýä ara­gat­na­şyk gi­ňiş­li­gi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da onuň yk­ly­müs­ti ulag ge­çel­ge­si hök­mün­dä­ki äh­mi­ýe­ti has-da art­dy. Soň­ky ýyl­lar­da de­mir ýol­la­ry­nyň ug­ry gi­ňel­di. Mun­dan baş­ga-da, hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ry ös­dü­ril­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň içer­ki se­bit­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ulag ul­ga­myn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bo­lan oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň dör­dü­si­niň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm gu­ra­ly hök­mün­de ulag ul­ga­my­nyň wa­jyp or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni na­za­ra ala­nyň­da, onuň tä­ze ba­zar­la­ra we önüm­çi­lik-söw­da ul­gam­la­ry­na giň ýol aç­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki pan­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi ba­ra­da­ky hal­ka­ra baş­lan­gy­jy öňe sür­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, özü­niň çäk taý­dan amat­ly ýer­le­şiş ýag­da­ýy­ny ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa we Azi­ýa gi­ňiş­li­gin­de iri ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni aýt­dy. 2021-nji ýyl­da bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­den ge­çi­ri­len üs­ta­şyr ýük­le­riň 3,5 es­se ar­tan­dy­gy mu­nuň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da de­mir ýol ulag­la­ry dü­zü­mi­niň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne we pu­da­gyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, onuň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na we iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz üs­ta­şyr ýük gat­naw­la­ry­nyň bök­denç­siz işi­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, bu ba­bat­da agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry aw­to­bus ugur­la­ry­nyň açyl­ma­gy­nyň, üýt­ge­dil­me­gi­niň, ýa­pyl­ma­gy­nyň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu res­mi­na­ma hal­ky­my­zyň aw­tou­lag hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, “Aw­to­mo­bil ula­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler na­za­ra al­nyp iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň işi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň üp­jün edil­me­gi­ne, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len anyk iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li res­mi­na­ma gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na iber­di we on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki kä­bir me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

29.01.2022
Bilelikde röwşen geljegiň bähbidine

Sýan NAÝÇEN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

— 25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sammit geçirildi. Oňa HHR-iň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we sebitiň beýleki döwletleriniň Liderleri gatnaşyp, dabaraly hem-de dostlukly ýagdaýda geçilen ýola syn berdiler, geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Jenap Si Szinpin öz çykyşynda 30 ýyl mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, munuň bolsa taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň açylmagyna ýardam edendigini nygtady.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýdular. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyzyň arasynda täze görnüşli döwletara gatnaşyklaryň binýadynyň goýulmagynyň-da esasyny düzdi. Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri häzirki zaman ösüş ýolunda hemişe bilelikde hereket edýärler. Biziň hyzmatdaşlygymyz «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde netijeli alnyp barylýar. Taraplar derwaýys bähbitler we umumy howpsuzlygy üpjün etmek babatda özara baglanyşykly bolup, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek ulgamynda umumy gyzyklanmalary yzygiderli goldaýarlar. Bu günki gün ýurtlarymyzyň ýürekdeş gatnaşyklary kalplary ýyladyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaýyň birek-birek bilen şatlygynam, gaýgysynam deň paýlaşýan halklarynyň arasyndaky müňýyllyklara uzaýan dostlukly gatnaşyklar hakynda özboluşly şygyr eserini ýada salýar. Biziň döwletlerimiz egin-egne berip, adalatlylygyň goragynda mäkäm durýarlar, bilelikde köptaraplaýynlygyň tarapynda durup, ykbal çözüji möhüm meselelerde tutanýerlilik bilen birek-biregi goldaýarlar.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliginiň syry barada aýdylanda, onuň özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek we özara bähbitlilik ýörelgelerinde jemlenendigini nygtap bileris. Şu dört ýörelge diňe bir bahasyna ýetip bolmajak tejribäni we umumy gazanylanlary özünde birleşdirmän, eýsem, biziň gatnaşyklarymyzyň depginli ösüşiniň syýasy kepili, dostlukly özara hereketleri ýola goýmakda güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hem hyzmat edýär.

Üýtgäp durýan halkara ýagdaýlara we ösüş derejesine garamazdan, Hytaý Merkezi Aziýa döwletleri üçin hemişe hoşmeýilli goňşy, ygtybarly hyzmatdaş, ýakyn dost, doganlyk ýurt bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Hytaý sebitiň döwletleriniň milli aýratynlyklara laýyklykda saýlanyp alnan ösüş ýoluny, özygtyýarlylygy, garaşsyzlygy we çäk bitewüligini goramak boýunça tagallalaryny hem-de olaryň halkara giňişlikde barha artýan ähmiýetli ornuny doly goldamagyny mundan beýläk-de dowam eder. Biz bu dostlukly ýurtlar bilen egin-egne berip, Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň umumy ykbaly üçin berk binýatly jemgyýeti döretmäge taýýardyrys.

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa — Hytaý» onlaýn sammitinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bäş sany teklibi öňe sürdi:

Birinjiden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek. Çünki hut şu iki ýörelge biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Hoşmeýillilik, açyklyk, özara bähbitlilik we sabyrlylyk konsepsiýasyna esaslanyp, hytaý tarapy ýokary derejedäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge çalşar we strategik utgaşdyrmany işjeňleşdirer. Şunda Hytaýyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri derejesindäki duşuşyklaryňdyr beýleki gepleşik gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak möhümdir.

Ikinjiden, ýokary hilli hyzmatdaşlygyň guşagyny döretmek. Hytaý tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary hilli harytlary we oba hojalyk önümleri üçin ýurduň ägirt uly içerki bazaryna ýol açmaga, Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Söwda-ykdysady forumlary geçirmek tejribesini dowam etdirmäge, 2030-njy ýyla çenli bu ýurtlaryň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberini 70 milliard amerikan dollaryna ýetirmek ugrunda tagalla etmäge taýýardyr. Şeýle-de Hytaý elektron söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler guralyny döretmegi, zerurlyga görä, Senagat we maýa goýum hyzmatdaşlygy forumyny geçirmegi teklip edýär. Pandemiýa şertlerinde ulag geçelgeleriniň hereketini bökdençsiz üpjün etmek, ýolagçylary hem-de ýükleri gatnatmak işini hem ýuwaş-ýuwaşdan dikeltmek möhümdir. Nebitgaz geçirijileriň durnukly işini ýola goýmak, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, energetika ulgamynda pes uglerodly tehnologiýalara geçmegi goldamak babatda-da yzygiderli tagalla etmeli.

Üçünjiden, parahatçylygy berkitmek üçin ygtybarly goragy döretmeli. Howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin serhet barlagy we kiberterrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly hem-de bilelikdäki işleri alyp barmaly. Hytaý Merkezi Aziýa döwletlerine waksinalary we epidemiýa garşy göreşmek üçin beýleki serişdeleri ibermegi dowam etmäge taýýardyr. Şu ýylyň dowamynda hytaý tarapy sebitiň ýurtlaryna ynsanperwerlik kömegi hökmünde goşmaça 50 million doza waksina ugratmagy göz öňünde tutýar we «Merkezi Aziýa — Hytaý» saglyk senagaty birleşmesini döretmäge çagyrýar.

Dördünjiden, medeni özboluşlylyklary we ýakyn aragatnaşyklary hasaba alyp, sebitde «umumy maşgalany» döretmek. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda köptaraply gatnaşyklary ýola goýmak, medeni merkezleri açmak we medeni mirasy goramak boýunça dialogy döretmek, zenanlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek has möhümdir. Hytaý tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň halklarynyň Dostluk forumyny geçirmegi, geljek 5 — 10 ýylda doganlaşan şäherleriň sanyny 100-e çenli artdyrmagy hem teklip edýär. 5 ýylyň dowamynda Hytaýyň öz ýokary okuw mekdeplerinden sebitiň ýurtlaryndan bolan ýaşlara talyp hakly ýerleriň 1200-sini bermegi meýilleşdirýändigini-de aýtmak gerek.

Bäşinjiden, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek. Ýakynda hytaý tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynda howplara we wehimlere garşy durmakda, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ilerletmekde tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýakyn 3 ýylda Merkezi Aziýa döwletlerine durmuş maksatly iri taslamalary amala aşyrmak üçin pul serişdeleriniň bölünip beriljekdigini mälim etdi.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, sammitde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi hem-de olar HHR-iň Başlygynyň we sebitiň beýleki döwletleriniň Liderleriniň goldawyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanlary sammitiň jemleýji resminamasy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Geografik taýdan uzak aralyklarda ýerleşendigine garamazdan, biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Nesilme-nesil dowam edip gelýän bu gatnaşyklar geçen 30 ýylyň dowamynda täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyryldy. Şunda soňky ýyllarda iki ýurduň Liderleriniň baştutanlygynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik derejä çykarylandygyny bellemek gerek.

Geçen ýylyň maýynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk ugurlardyr wezipeler kesgitlenildi. Noýabr aýynda bolsa Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen komitetiniň bäşinji mejlisi üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde dürli ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Umuman, biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynda gazanylan oňyn netijeler we toplanan baý tejribe strategik häsiýete eýe türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegine ynamly garamaga esas berýär.

Hytaý halkynda «30 ýylda başarnyklar taplanýar» diýen ýörgünli jümle bar. 30 ýyllyk ösüşiň ilkinji tapgyrynda Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasy kemala getirildi. Biz gazanylan üstünliklere doly kanagatlanma bildirip, özara gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

29.01.2022
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň arasynda energetika hem-de ulag köprülerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.

Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, olaryň dostlukly, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny turuwbaşdan bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda bu ýurda bolan döwlet sapary türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas goýdy.

Häzirki döwürde däp bolan döwletara gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy köklere hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp üstünlikli ösdürilýär, şol sanda köptaraplaýyn esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Hindistan» görnüşinde pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki şu duşuşyga gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu duşuşyk sebit hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze ösüş hem-de many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Sammitde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebit we ählumumy meseleleriň wajyp ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Premýer-ministr Narendra Modi sammiti açyp, sebitiň ýurtlarynyň Liderleri bilen mähirli salamlaşdy we hemmelere şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti Hindistanyň ýakynlaşmak we giň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna garaýşynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň özara hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şu günki sammit döwletara gatnaşyklaryň netijeliligini has-da artdyrmalydyr. Munuň özi bolsa dürli derejelerde yzygiderli hyzmatdaşlyk üçin esasy üpjün eder.

Soňra Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi. Olar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine hem-de sebitiň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, ozaly bilen, birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary we Hindistan üçin aýratyn ähmiýetli ýyldyr. 30 ýyl mundan ozal biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biziň halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Biz bilelikde giňişleýin syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmaga girişdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol ýyllarda hyzmatdaşlygyň saldamly hukuk binýady kemala geldi, dürli ugurlarda geňeşmeleri we iş bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň netijeli usullary döredildi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň binýatlyk esaslary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň Hindistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllyk ýubileýine beslenendigini belledi. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, bu gysga döwürde Hindistan asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdi. Milli döwletlilik häzirki zaman görnüşinde dikeldildi, durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi, ägirt uly oňyn halkara tejribe toplanyldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dostdur we möhüm hyzmatdaşdyr. Hindistan Respublikasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir.

Türkmenistan Hindistanyň alyp barýan, bu ýurdy ählumumy meselelere bolan garaýşy boýunça tapawutlandyrýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, onuň dünýäde eýeleýän uly hem-de möhüm ähmiýetli ornuna uly hormat goýmak bilen garaýar. Öz nobatymyzda, biz hem Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we taýýardygyny, Türkmenistanyň saýlap alan içerki ösüş ýoluna hem-de alyp barýan bitarap daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny görýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň açyklyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ruhunda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýete eýe bolmagynyň iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammiti ýeňil bolmadyk şertlerde geçirilýär. Umumy halkara durnuksyzlyga pandemiýa howpy we beýleki wehimler hem goşuldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda parahatçylygyň we ösüşiň kepili hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de hyzmatdaşlygy üpjün etmek, netijeli gepleşikleriň we gatnaşyklaryň ugurlaryny ýola goýmak işinde tagallalaryň birleşdirilmegi örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň ýurtlarymyzyň şol maksada ýetmek üçin şu görnüşdäki duşuşygyň mümkinçiliklerini ulanjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerini Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy hem-de sammitiň işiniň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere ara alyp maslahatlaşmalaryň peýdaly we netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Soňra sammit gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň çykyşlary bilen dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda şu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Biziň ýurdumyz oňa düýplülik we anyklyk nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň doly gerimli görnüşini döretmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýar. Gürrüň biziň ýurtlarymyzyň taryhy taýdan esasly hem-de häzirki zamanda hakyky isleg bildirilýän gatnaşyklarynyň doly toplumyny ulgamlaşdyrmak, tertipleşdirmek we uzak möhletlilik häsiýetini bermek, durnuklylaşdyrmak işleriniň başlanýandygy barada bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde taraplarda şonuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Biz halklarymyzyň düýpli gymmatlyklaryna we medeni ösüş babatda ýakynlygyna daýanýarys. Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri bar. Bu serişdeler dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, biziň aramyzda hyzmatdaşlygyň hakykatdan-da, berk, ynanyşykly hem-de özara bähbitli nusgalaryny we görnüşlerini ýola goýmak, umumy strategik maksatlary işläp düzmek, giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çykmak möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şonuň esasy şertiniň berk hem-de uzak möhletleýin parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylykdygy äşgärdir. Halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň artýan, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir. Emma, şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek hem örän wajypdyr.

Biz berk hem-de uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň ýurtlarymyzyň strategik maksatlaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu şertlerde ylalaşyk we utgaşdyryş usullaryny döretmek, şol usullaryň çäklerinde möhüm meseleler boýunça wagtly-wagtynda ynanyşykly pikir alyşmak, şol meseleleriň umumy bähbitlere laýyk gelýän çözgütlerini teklip etmek kanunalaýyk hasaplanylýar. Munuň üçin daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny geçirmegiň gowy tejribesi ýola goýuldy. Şol duşuşyklaryň yzygiderli we wagtly-wagtynda dowam etdirilmegini goldaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny hem-de «Merkezi Aziýa — Hindistan» Parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjynyň goldanylýandygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň şeýle köpugurly görnüşiniň döwletara syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm şert bolup biljekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzir, täze howplaryň ýüze çykýan, harby-syýasy gapma-garşylyklaryň dartgynlylaşýan ýagdaýynda, dialogyň medeniýetini öňe sürmegiň, dünýä giňişliginde ynanyşmak we ediljek hereketleri öňünden aýan etmek ýagdaýyny döretmegiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn belledi.

Türkmenistan öz tagallalaryny şu maksada ýetmäge gönükdirýär. Başlangyç bilen çykyş edip, has takygy, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny hödürläp, biziň ýurdumyz ählumumy syýasy giňişlikde jogapkärçilikli we sagdyn güýçleriň ählisiniň birleşmegine umyt edýär. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletleri we Hindistan tarapyndan biziň garaýşymyzyň goldaw tapjakdygyna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmak baradaky teklibi beýan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini nygtady. Şol ulgam bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde ýakynlaşmagyň kepili bolar.

Hindistan bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda etmegiň we maýa goýumlary gönükdirmegiň häzirki derejesi öz hakyky mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan uzakdadyr, bu ýagdaýy biz bilelikde düzetmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu meselede «Merkezi Aziýa — Hindistan» işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Onuň çäklerinde toplanan hyzmatdaşlyk tejribesini peýdalanmak we işjeňleşdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, işewürlik geňeşine hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmagy, ýakyn geljekde amala aşyrylmaly bilelikdäki taslamalara ünsi jemlemegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetikany bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr. Hususan-da, ýurdumyz häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar. Bu taslamanyň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti hemmelere mälimdir. Türkmen tarapy hindistanly hyzmatdaşlar bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga-da taýýardyr.

Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy barada durup geçip, gürrüňiň, ozaly bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistan, aslynda, çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, şol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýol geçýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär.

Şeýle-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Hindistan bu taslama resmi taýdan goşuldy. Bu bolsa taslama gatnaşyjylar üçin goşmaça giň mümkinçilikleri döredýär.

Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Biziň ýurtlarymyzyň ýöriteleşdirilen milli edaralarynyň, şol sanda maliýe ulgamyna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýa ulgamlaryna degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem möhüm bolup durýar. Türkmenistan bilim ulgamynda, hususan-da, Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň ugurlary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda lukmançylyk ulgamynda uly tejribe toplanyldy. Şol tejribä daýanyp, biz şu gün dünýä bileleşiginiň öňünde duran wezipeleri bilelikde çözüp bileris diýip, milli Liderimiz belledi. Olaryň biri hem koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş alyp barmakdan ybaratdyr. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan dürli halkara forumlaryň we guramalaryň çäklerinde birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şolar lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmäge, koronawirusyň ýaýramak howpuna garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Ýokanç kesellere garşy göreşmek şol assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ýakynlaşmak we özara düşünişmek mümkinçiligi hökmünde garalýandygyny nygtap, şu ýubileý ýylynda ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramagy teklip etdi.

Merkezi Aziýanyň Garaşsyz döwletleri bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda şu ýyl 30 ýyllygy bellenilýän diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy biziň gatnaşyklarymyzyň köpasyrlyk taryhynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Şu ýubileý şol gatnaşyklaryň many-mazmunyna düşünmäge, häzirki zaman ählumumy ösüş ruhunda täze häsiýetnamalar we öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gowy mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu duşuşygyň mundan beýläk-de özara gatnaşyklar, garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap bilelikde öňe gitmek üçin dogry ugurlary görkezjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny hem-de halklaryny bu şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlady we hemmelere parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi.

Sammitiň barşynda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň Baştutanlary hem çykyş etdiler. Olar şu günki duşuşygyň netijeliligini nygtadylar. Gazanylan ylalaşyklar, şol sanda daşary syýasy, ykdysady we beýleki edaralaryň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki ugurdaş düzümleri döretmek baradaky ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Premýer-ministr Narendra Modi jemleýji sözünde sebitiň ýurtlarynyň Liderlerine çuň manyly çykyşlary üçin hoşallyk bildirdi. Şol çykyşlarda “Merkezi Aziýa — Hindistan” görnüşinde özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döredijilikli daşary syýasy strategiýa ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Munuň özi ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

28.01.2022
Halkymyzyň parahat durmuşynyň goragy türkmen esgerleriniň mukaddes borjudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Merkezi serkerdeler öýüne geldi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaraly maslahatyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň ýurdumyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy her ýylyň 27-nji ýanwarynda mukaddes baýramyň — Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenip geçilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet hem-de sungat, saglygy goraýyş ulgamlarynda, hukuk, demokratik we dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini berkarar etmekde, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly sepgitlere ýetildi.

Biz halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Bu kadalar mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugurlaryna doly laýyk gelýär. Şu maksatlara esaslanyp kabul edilen, döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüminiň düýpli kämilleşdirilendigini, Ýaragly Güýçlerimiziň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň binýadynyň tutulandygyny belledi.

Olary häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň ýaraglary, harby we ýörite tehnikalary bilen üpjün etmek işine aýratyn üns berildi. Muny Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň we harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň gözden geçirilişine öwrülen görkezme söweşjeň-taktiki tälimler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişler aýdyň subut edýär. Geçirilen dabaraly harby ýörişlere siziň özüňiz hem gatnaşdyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň ata Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine mynasyp baha bermek üçin birnäçe döwlet sylaglarynyň döredilendigini belläp, her ýylda Watan goragçylarynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandygyny, olara harby we ýörite atlaryň dakylýandygyny, hünär derejeleriniň berilýändigini aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirildi. Şu gün düýbi tutulýan harby mekdebiň täze, döwrebap binalary hem-de şu günki baýram mynasybetli açylyp, ulanmaga berilýän harby we hukuk goraýjy edaralara degişli binalar, desgalar we ýaşaýyş jaýlary hem munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz bu işleri, elbetde, mundan beýläk-de yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdiklerine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini belledi.

Permany okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi, ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de şahsy düzümleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol gol çeken Permanlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji aýynyň toýa beslenmeginiň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagynyň Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara utgaşýandygyny nygtady.

Şeýle hem wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary milli Liderimize Watan goragçylary hakynda edýän aladasy üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Harby gullukçylar mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby derejeleriň nyşanlaryny ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de mähriban Watanymyza, halkymyza we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri baradaky harby kasamy ýerine ýetirdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzdan Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak üçin ýörite guta ýerleşdirilýän ýadygärlik senenama gol çekip bermegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haýyşy kabul edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby derejelere mynasyp bolan harby gullukçylara degişli sylaglary we nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan döwlet sylaglarynyň we harby derejeleriň gowşurylyş çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, bu çäre mynasybetli guralýan dabaranyň harby gullukçylar üçin ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdelerini hem-de şahsy düzümlerini mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge we alyp barýan gulluklarynda belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara hem-de hünär derejelerine mynasyp bolan harby gullukçylary we işgärleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni bilen dabara gatnaşyjylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini ýene-de bir gezek mukaddes baýram bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Ýurdumyzda giňden we uly dabaralar bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň güni halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň asylly işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aňladýar.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde belent owaza beslenen aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy harby orkestriň joşgunly çykyşy watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky aýdymlar bilen utgaşyp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylardan ybarat orkestriň sazandalarynyň ýanyna baryp, olaryň döredijiliginiň, watançylyk aýdymlarynyň harby gullukçylary belent sepgitlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Alp Arslan, Görogly beg, Seýitnazar Seýdi, Şükür bagşy ýaly taryhda yz goýan serkerdeler we gerçekler watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, hemişe parahatçylygyň, asudalygyň goragynda bolupdyr. Olaryň watansöýüjilik ýörelgeleri jadyly sungat hasaplanylýan saz bilen utgaşykly bolupdyr. Munuň özi taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda parahatçylyga, aýdym-saza aýratyn gadyr goýlandygyny aňladýar we türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny döredendigini dünýä aýan edýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de harby orkestriň agzalaryna üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanymyzdan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Munuň özi tutuş ýurdumyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetli asylly işlere halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary esasynda ak pata berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

28.01.2022