Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýen sözlerinden ugur alnyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda bazar gatnaşyklarynyň esasyny düzýän hususy pudakda netijeli işler amala aşyrylýar.
Telekeçilikde ýerine ýetirilmeli işleriň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine esaslanýan we takyk kesgitlenen hereketleri hem maksatlary özünde jemleýän meýilnamanyň bolmagy esasy şertleriň biridir. Meýilnama menejmentiň wajyp düzüm bölekleriniň biri bolmak bilen, işiň üstünliginiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Telekeçilik işiniň meýilnamasy işlenip düzülende, onuň bazaryň (ykdysady dolanyşygyň) üýtgäp durýan ýagdaýlaryna we şertlerine laýyklykda, öz wagtynda we netijeli özgerdilmäge ukyply bolmagy zerurdyr.
Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, fiziki şahslar ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga haklydyr. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekeçilik işi bilen meşgullanmak hukugy fiziki şahsyň hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnan pursadyndan ýüze çykýar. Şeýlelikde, hususy telekeçilik işi, diňe döwlet belligine alnan ýagdaýynda kanunalaýyk bolýar. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar. Ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Telekeçilik işini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ony bellige almagyň tertibiniň we möhletiniň bozulmagy barada kazyýete şikaýat edilip bilner.
Döwlet belligine aldyrmazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanmak hukuk jogapkärçiliginiň degişli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň çäklerinde telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän, Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ýagny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan berlen, degişli rugsatnamasy we ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň çäginde doly kämillik ukyby bolan, ýagny 18 ýaşy dolan we kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip bilinmedik ýa-da şu ýaşdan öň nikalaşan fiziki şahslar, eger-de olaryň amala aşyrýan işiniň görnüşinde ýaş çäklendirmesi ýok bolsa, telekeçilik işi bilen meşgullanyp bilýärler.
Telekeçilik bilen Türkmenistanyň çäklerinde fiziki we ýuridik şahslar meşgullanyp bilýärler. Hususy pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň kuwwatyny artdyrmak, ýurduň ählumumy ykdysady giňişlige netijeli goşulmagyny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hereket edýän we döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibi, salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy, ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar we beýleki ençeme hukuk, maliýe we durmuş şertleri ýurdumyzda işewürligiň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, telekeçiligiň iş ugrunyň köpelmegine hem-de telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän watandaşlarymyzyň sanynyň yzygiderli artmagyna giň ýol açýar.
Telekeçilik işini alyp barmagyň hukuk binýadyny has-da berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.