ÝOKARY HILLI ÖNÜMLER
Welaýatymyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasynda bellenilen meýilnama aýma-aý üstünlikli berjaý edilýär. Bu ýerde 40-a golaý işçi-hünärmen agzybirlikli zähmet çekýär. Olar oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny düýpli abatlamak, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary ýasamak bilen meşgullanýarlar. Kärhanada ýylyň başyndan bäri 1 million 470 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Bu ýerde dürli ätiýaçlyk şaýlarynyň 100-e golaý görnüşi öndürilýär we etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar. Öndürilýän önümleriň arasynda gowaçalaryň hatarara bejergisi üçin zerur bolan enjamlaryň ençemesi bar. Kärhananyň işçilerinden demirçi ussa Umyt Bekjanow, kebşirleýji ussalar Atagurban Atagurbanow, Ýagşygeldi Atanepesow, tokarlar Paltabaý Hojamyradow, Allabergen Halmedow dagy öndürijilikli işlemek bilen, köplere görelde görkezýärler. Işçi-hünärmenleriň yhlasly zähmetiniň netijesinde bu ýerde düýpli abatlanylýan we öndürilýän önümler hil derejesiniň ýokarylygy, ýaramlylyk möhletiniň uzaklygy bilen tapawutlanýar.
* * *
YHLASLY ZÄHMETIŇ GUWANDYRYJY NETIJELERI
«Daşoguzagyzsuw» birleşigi boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri 4 million 942 müň kub metrden gowrak arassa içimlik agyz suwy öndürildi. Birleşik öz düzümine Daşoguz hem-de Köneürgenç şäher suw müdirliklerini, şeýle-de etrap agyz suw bölümleriniň 8 sanysyny birleşdirip, welaýatymyzyň oba we şäher ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Şeýlelikde, birleşik boýunça dik guýularyň 424 sanysyndan bir gije-gündiziň dowamynda 24 müň kub metre golaý arassa agyz suwy öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär. Akdepe hem Gubadag etraplaryndaky agyz suw bölümleriniň işgärleri has öndürijilikli işleýärler. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde, ilatyň arassa agyz suwuna bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar.
* * *
NEPIS SUNGATY DÖREDIJILER
Daşoguzyň «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky önümhanasynyň ezber elli halyçylary ýylyň-ýylyna nepis halylaryň birnäçesini dokap, ýokary önümçilik netijelerini gazanýarlar. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda zähmet depginlerini barha batlandyrýarlar. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 263 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy. Önümhanada eli çeper halyçylaryň 40-sy el-ele berip, agzybirlikli zähmet çekýär. Onda Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Jumagül Hudikowa, eli çeper halyçylar Jeren Şükürbaýewa, Haýytgül Çärşemowa, Dürbibi Pommyýewa, Merjen Haýydowa dagynyň dokaýan halylary nepisligi bilen tapawutlanýar. Aýlyk, ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän kärhananyň halyçylarynyň dokaýan halylarynyň agramly bölegi uly halylar bolup durýar. Onda dokalýan haly we haly önümleriniň aglabasynyň ýokary hil derejesinde kabul edilýändigi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi çeper elli halyçylaryň öz iş tejribelerini barha artdyryp, bu nepis sungatyň hakyky ussatlaryna öwrülýändiklerini aýdyň görkezýär.
Annageldi BEKIÝEW