Elektron döwlet hyzmatlarynyň döwrebap hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berýär. Amala aşyrylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak bu ugurdaky toplumlaýyn çäreleriň esasy düzümleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde hem-de Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilip, 27-nji iýulda metbugatda çap edilip, herekete girizilmegi hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde täze ädime öwrüldi.   

                                                                   

Bilşimiz ýaly, bu Kanun maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çärelerini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şu ýerde «elektron hökümet» adalgasy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän döwlet hyzmatyny aňladýar. Häzirki döwürde raýatlara sanly ulgam arkaly döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi häkimiýet, dolandyryş edaralary üçin hem, raýatlar üçin hem döwrebap we netijeli bolup durýar.  

                                                                   

Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, häzirki zaman döwlet dolandyryşynda bu ugra dahylly edaralaryň ulgamynyň maddy-tehniki binýadynda, işiň guralyşynda, iş ýörediş tertibinde elektron-sanly ulgamlaryň paýy artýar. Şoňa görä-de, dolandyryş gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin täze Kanunyň wajyp ähmiýeti bar. Bilermenleriň we alymlaryň aýtmaklaryna görä, elektron iş ýörediş we resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmak bilen, döwlet gullukçylarynyň zerur maglumatlary almaklaryny çaltlandyrmaga, gelýän-ugradylýan resminamalaryň dolanyşygyny tizleşdirmäge we gözegçilik etmäge, olaryň sazlaşykly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilişini üpjün etmäge oňaýly täsir eder. Netijede, döwlet häkimiýet edaralarynyň elektron resminamalar dolanyşygy ulgamlaşdyrylyp, maglumatlar babatda özara gatnaşygy çalt amala aşyrmaga şert dörediler.  

                                                                   

Täze Kanun 28 maddadan ybarat bolup, onuň 2-nji maddasynda bu ugurdaky kanunçylygyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygy hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň toplumyndan ybaratdygy beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda ýöriteleşdirilen kanunlar hem hereket edýär. Olaryň hatarynda «Aragatnaşyk hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. 

                                                                   

Kanundaky kesgitlemelerden görnüşi ýaly, elektron hökümet diýlende, döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmak; ykdysadyýetiň hem-de durmuşyň ähli pudaklarynda elektron-sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak; döwletiň dolandyrylyşyny bu ulgamlaryň üsti bilen guramak; döwletiň raýatlar we guramalar bilen gatnaşygyny elektron-sanly ulgamlar arkaly ýola goýmak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar. Elektron hökümet maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň, şeýle-de kanun çykaryjy we kazyýet häkimiýetiniň edaralarynyň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem öz içine alýar.  

                                                                   

Gazetleriň, žurnallaryň, aragatnaşyk, bank, söwda hyzmatlarynyň sanly ulgamlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly tejribelerinden görnüşi ýaly, elektron iş ýörediş we resminamalar dolanyşygy ulgamy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.  

                                                                   

Täze Kanunyň 3-nji maddasynda elektron hökümetiň esasy wezipeleri berkidilen. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini, aýdyňlygyny üpjün etmek, olaryň jogapkärçiligini, ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamlylygyny güýçlendirmek, ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döretmek; Türkmenistanda elektron hökümetiň çygrynda döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmakda sargyt edijiler üçin mümkinçilikleri döretmek; döwlet edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň çygrynda maglumat binýatlaryny, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny hem-de elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny emele getirmek ýaly wezipeler bar. Mundan başga-da, döwlet dolandyryşynda köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak; telekeçiligiň subýektlerini, şol sanda statistik hasabatlylygy bermegiň, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamalary, rugsatnamalary, sertifikatlary bermegiň, şeýle hem döwlet edaralaryndan maglumatlary almagyň barşynda elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanmak, elektron täjirçiligi, nagt däl elektron tölegleri ornaşdyrmak ýaly döwrebap wezipeler göz öňünde tutulan. 

                                                                   

Kanunyň «Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi» atly II babynyň 6 — 9-njy maddalarynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar, olaryň ygtyýarlyklary, hukuklary we borçlary kesgitlenen. Kanunyň III babynyň 10 — 21-nji maddalarynda bolsa elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň anyk düzgünleri, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron döwlet hyzmatlarynyň görnüşleri, elektron döwlet hyzmatlaryna bildirilýän talaplar, sargytnama bildirilýän talaplar, jogaba bildirilýän talaplar hem-de sargyt edijiniň hukuklary öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Kanunyň IV baby elektron hökümetiň hereket etmegini guramagyň tertibini beýan edýän 22 — 25-nji maddalary öz içine alýar. Bu maddalarda elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary; onuň döwlet maglumat binýatlary; pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary, maglumat gorlary, olaryň toplumlary; döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly baradaky kadalar beýan edilýär. Kanunyň 25-nji maddasynda berkidilişi ýaly, sargyt edijilere elektron döwlet hyzmatlary döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň hem-de döwlet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän interaktiw döwlet hyzmatlaryna elýeterliligiň ýeke-täk nokady bolup durýan interaktiw döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi baradaky maglumaty özleriniň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirýärler.  

                                                                   

Kanunyň jemleýji düzgünleri V babyň 26 — 28-nji maddalarynda berkidilen. Olarda jedelleri çözmegiň tertibi, elektron hökümet hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik boýunça kadalar kesgitlenendir.  

                                                                   

Durmuşyň ähli çygyrlarynda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ykdysadyýeti innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek, jemgyýetiň we döwletiň ähli ulgamlarynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak işlerini durmuşa geçirmekde döwrebap hukuk binýadynyň bolmagy örän möhümdir. «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi elektron-sanly ulgamlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga oňaýly täsir eder. Umuman, täze Kanunyň kabul edilmegi we herekete girizilmegi ýurdumyzyň döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär hem-de adamlar hakynda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini doly tassyklaýar. 

                                                                                                           

Ýagmyr NURYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.