Habarlar
Hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň gatnaşyklarynyň köpasyrlyk mizemez ýörelgesidir

Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Aşgabat, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar.

Taraplar ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystana bolan birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini belläp, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky diplomatik dialogyň ähmiýetli ornuny nygtadylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen uzak möhletleýin esasda üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy barada aýdyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we demir ýollaryň gurluşygy hem ähmiýetli taslamalaryň hataryndadyr.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda türkmen-owgan özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmen tarapy parahatçylygy, ylalaşygy üpjün etmekde owgan halky bilen raýdaşlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, mundan beýläk-de, hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ynsanperwerlik kömegini berjekdigini tassyklady.

Ýurdumyzyň eýeleýän üýtgewsiz orny doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy üpjün etmäge, durmuş-ykdysady düzümleri dikeltmäge iş ýüzünde anyk ýardam bermek bilen beýan edilýär. Türkmenistan bu garaýyşlardan ugur alyp, Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär hem-de energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär.

Döwletimiziň iberýän elektrik energiýasynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, serhetýaka awtoulag hem-de demir ýollarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça alyp barýan anyk işleri, ynsanperwerlik kömegi we owgan jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki ulgamlarynda goldaw bermegi ýurdumyzyň saýlap alan ugruna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary owgan raýatlaryna bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda muzdsuz ýardam berýärler. Türkmen hünärmenleri goňşy ýurtda dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu nusgalyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň ölçeglerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Owgan wekiliýeti milli Liderimiziň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegine hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goşýan uly goşandy hem-de eýeleýän işjeň orny üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde umumy maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika we ulag-kommunikasiýa ulgamynda başyny başlan iri taslamalarynyň möhümdigini nygtadylar.

Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmen tarapy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Bu syýasatyň esasynda asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy gatnaşyklarymyzy milli däplerden ugur alyp, döwrebap derejede ösdürmek babatdaky tagallalar durýar.

Owgan wekiliýeti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde yzygiderli ýardam berýändigi, şol sanda durmuş düzümlerine degişli desgalary gurup berendigi nygtaldy. Şonuň ýaly-da, owgan tarapy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam berýändigini belläp, bu duşuşygyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gepleşikleriň jemlerini beýan edip, iki goňşy döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen türkmen-owgan dialogynyň oňyn we netijeli häsiýetini bellediler.

17.01.2022
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda başlanan 2022-nji ýylyň möhüm wakalara baý ilkinji hepdeleri halkyň abadan ýaşaýşy baradaky baş aladanyň we milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşi bilen bagly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýandygyny äşgär etdi. Muňa milli Liderimiziň üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde ýerli ilatyň durmuşy hem-de bar bolan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary bilen gyzyklanmagy hem doly şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bedew batly ösüşler gazanylýan Arkadagly zamanamyz ata Watanymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, belent halkara abraýyny dünýä ýüzüne aýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň halkyň bähbidine gönükdirilmegi bolsa, ýurdumyzyň iň gowy we ähli ýokary ýaşaýyş mümkinçiliklerini özünde jemleýän ajaýyp Diýara öwrülmegine ýardam berdi. Bu hakykat döwlet Baştutanymyzyň Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryna bolan iş saparlarynda özüniň taryhy beýanyny tapdy.

Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyz bu iş saparlarynyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns çekdi. Bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi welaýatlardaky känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu babatda milli Liderimiz Mary welaýatynda «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda, anyk taslamalar arkaly özleşdirilýändigini aýratyn belledi.

Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz 5-nji ýanwarda Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri-de gatnaşdylar. Häzirki wagtda daşary ýurtly şeýle hyzmatdaşlar bilen bilelikde, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy çalt depginler bilen dowam etdirilýär. Maslahatda «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk çäklerde täze känleriň ýüze çykarylandygy, «Malaý» gaz käninde çuňlugy 4 müň metr hem-de «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3 müň 200 metr bolan gözleg we barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada nygtaldy. Munuň özi nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmak, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen üpjün etmek hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran esasy wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge doly ýardam berer.

Eziz AGAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

15.01.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Deputatlar düzümi milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler. Işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň, resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Şeýle hem döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramak boýunça işler alnyp barylýar, umumymilli forumy geçirmek boýunça degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň agzalary Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk-taýýarlyk görmek çärelerini amala aşyrýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini, milli Liderimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygarynyň durmuş-syýasy ähmiýetini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary maslahatlara, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklara gatnaşýarlar, milli telewideniýede we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary diňläp, mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň örän wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramagyň möhümdigine ünsi çekdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri giriziler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň üç sany gämigurluşyk taslamalaryny daşary ýurt karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meseleleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda iri halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, dürli kysymly gämileriň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Yslam ösüş bankyndan we OPEK Halkara ösüş gaznasyndan iki sany “Ro-Ro» görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek barada teklipler gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda görkezilen gämileri gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotuny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, şeýle hem gämigurluşyk pudagyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz sebit we halkara utgaşykly ulag-logistika düzümini kemala getirmek boýunça anyk çäreleri görýär, şunda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

“Ro-Ro” görnüşli gämiler barada aýdylanda bolsa, olar uly göwrümli ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin örän zerurdyr, bu gämileriň netijeli peýdalanylmagy ýükleri ýüklemek, düşürmek amallaryna sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz milli deňiz flotumyzyň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagynyň hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň deňiz ulaglary arkaly ýük dolanyşygynyň giňeldilmegine, tutuşlygyna ýurdumyzyň eýe bolan üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu Kararyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabatyň dowamynda “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler barada habar berdi. Olara garamagyň hem-de seljermegiň esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we okuwlary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, serişdeleri tapgyrlaýyn çekmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere” kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär. Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri makullap, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny giňeltmek, innowasiýalar hem-de iň oňat halkara tejribäniň esasynda pudagyň tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäde meşhur bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

“John Deere” kompaniýasynyň tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezdi. Bu kompaniýanyň hünärmenleri oba hojalyk enjamlarynyň kysymlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler, olaryň işleýiş häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar, türkmen ekerançylarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk getirýärler. Pudagyň tehniki toplumynyň telematik sanly ulgama geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna onuň önümçiliginiň düşewüntliligini artdyrmaga ýardam berer. Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hödürlenen meseläniň düýpli seljerilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň netijeli işini üpjün etmegiň, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ylmy gazanylanlary hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we ýaz ekişine taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak barada Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, suwarymly ekerançylykda ägirt uly tejribe toplan pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini dikeltmek boýunça işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz munuň gektardan alynýan hasylyň has-da ýokarlanmagyna, obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şu ýylda Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertleri nazara alnyp, dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektara barabardyr. Şeýle hem 106 müň gektar meýdanda ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gök-bakja we miwe önümleriniň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek meseleleriniň çözülmegine kömek eder.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekmek meýilleşdirilýär we ondan 1 million 250 müň tonna hasyl alnar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň, pudaga öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, ekin dolanyşygyny ylmy esasda amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ekologiýa syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet komitetiniň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenilýän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” transmilli desgalary dolandyrmak we goramak babatda Özara düşünişmek hakyndaky” Ähtnama gol çekmek boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýýan däp bolan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu ugurda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň özboluşly taryhy-medeni ýadygärlikleriniň we täsin tebigy desgalarynyň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda amala aşyrylýan çärelere möhüm üns berilmelidir.

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak we düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin ähmiýetiniň örän uludygyny nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de onuň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ilatyny azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, zerur azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmeli görnüşleri öwrenilýär we olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini pugtalandyrmak we üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwletimiz bu ugurda zerur şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Milli Liderimiz möhüm ulag ýollarynyň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen ýurdumyzda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdada dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek maksady bilen, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini öwrenmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Maksatnamada dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri, dabaralary, sergileri, döredijilik bäsleşiklerini hem-de sanly ulgam arkaly maslahatlary, duşuşyklary, festiwallary we mediaforumlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň jemini jemlemek we onuň çäklerindäki beýleki döredijilik bäsleşikleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýetiň, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, häzirki jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny, mähriban halkymyzyň aň-paýhas we döredijilik kuwwatyny kesgitleýändigini, ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan syýasatyň bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen maksatnamanyň taslamasyna käbir bellikleri girizip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şu ýylda meýilleşdirilen ähli çäreleriň milli mirasy, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etmelidigini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň 26 — 28-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlanan halkara maslahaty hem-de sergini guramak meselelerine degip geçip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni däplerini ösdürmegiň, olary kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumy ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzir ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak munuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi seçilip alyndy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, eksport ugurly we dünýäniň iň gowy önümleri bilen mynasyp bäsleşip bilýän serişdeleriň önümçilik mukdarynyň yzygiderli artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi ekologik taýdan arassa serişde bolan buýan kökünden öndürilýän dermanlyk serişdelere hem degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň ýokary bejerijilik ukyby bolan dermanlyk ösümliklere baýdygyny belläp, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri makullap, innowasion işi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň ösen tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şeýle hem iri halkara ýaryşlara gatnaşylmagy, hususan-da, Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda toplanan tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlamak hem-de ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur şertleri döretmek işleriniň çäklerinde, türgenleriň okuw-türgenleşik çärelerini ýöriteleşdirilen sport toplumlarynda we Olimpiýa şäherçesiniň degişli desgalarynda hem-de “Awaza” köpugurly sport toplumynda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sportuň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlaryna taýýarlyk işlerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bellenilen wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de şunuň bilen baglylykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň häzirki zamanyň ýagdaýlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak babatda milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiziň ulag ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlardan ugur alnyp, ýokarda agzalan maksatnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy barada habar berdi. Onda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornunyň has-da berkidilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreler göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi. Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şeýle hem iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda tutuş yklym ähmiýetli halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreler işlenip taýýarlanylan maksatnamada öz beýanyny tapar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmeginiň döwletimiziň berkararlygynyň, sebitde we dünýäde durnukly ulag ulgamyny pugtalandyrmagyň we onda howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýändigini hem-de daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine ünsi çekip, bu işleriň talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi. Munuň özi çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna, ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen maksatnamany makullap, bu baradaky Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi. Döwlet Baştutanymyz maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli halkara guramalar we düzümler bilen bilelikde iş alyp barmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakyndaky Karara, şeýle hem ýurdumyzda sebitara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek maksady bilen, türkmen-özbek söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetini Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz bu resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi we bu babatda öňde durýan ähli wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen giň gerimli harby özgertmeleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzyň serhet-geçiriş nokatlarynda koronawirus ýokanjyna garşy öňüni alyş-zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Türkmenistanyň Harby doktrinasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminiň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dünýäde ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýyň emele gelendigini nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlara gözegçilik etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň hem-de ähli gümrük amallarynyň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hytaý — Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň zerurlygy ýüze çykýar.

Ýurdumyz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu guramanyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna “Türkmendemirýollary” agentliginiň goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy öwrenildi. Munuň özi Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Türkmen tarapynyň bu ylalaşyklara goşulmagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmäge, nyrh babatdaky maglumatlaryny öwrenmäge, demir ýol üstaşyr ulag gatnawlarynyň çäklerini giňeltmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşmäni görkezýändigini, dürli ulgamlarda, şol sanda ileri tutulýan ugur bolan ulag ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýandygyny nygtady.

Ýurdumyz çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň uly halkara ähmiýetini belledi. Bu ýol yklymara ulag düzüminiň möhüm bölegi, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde dostlugyň hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi bolup durýar.

Merkezi Aziýanyň çägi dünýäniň iri bazarlaryna çykarylmagyny üpjün edýän Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň möhüm geçelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, demir ýol arkaly ýük daşamak işini yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal, logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak bilen baglanyşykly teklipleri makullady. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.01.2022
Çagalaryň nurana geljegi hakynda alada

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň hyzmatdaşlygynyň baş maksadydyr

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanda täze bellenen wekili jenap Mohammad Faýýazi bilen duşuşyp, köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler we geljekde öňde durýan wezipeler barada söhbet etdi. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň bu abraýly ýöriteleşdirilen düzümi bilen däp bolan gatnaşyklary, döwrüň zerurlyklaryna görä, mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak babatda anyk teklipleri beýan etmäge mümkinçilik boldy.

Biz hem Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky täze wekili Mohammad FAÝÝAZI bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

— Jenap Mohammad Faýýazi, Sizi jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Söhbetdeşligimiziň başynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky täze wekili hökmünde okyjylarymyza özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz! Biz Siziň BMG-niň ulgamynda 20 ýyldan gowrak iş tejribäňiziň bardygyny bilýäris...

— Köp sag boluň! Dogrudan-da, men Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik we ösüş maksatnamalaryny dolandyrmak ulgamynda 22 ýyldan bäri zähmet çekip gelýärin. Şonuň 17 ýyly BMG-niň Çagalar gaznasynyň işi bilen baglanyşykly. Guramanyň meýdan we ýurt edaralarynda, ştab-kwartiralarynda tehniki meselelerden başlap (çagalary goramak), syýasat boýunça maslahat beriş we dolandyryş wezipelerinde iş alyp bardym. Aýry-aýry sebitler barada aýdylanda, Eýranda, Sudanda, Owganystanda, Liwanda, guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda işläp, 20-den gowrak ýurtda goldaw beriş missiýalaryna gatnaşdym. Türkmenistanda täze wezipä bellenilmegimden ozal, ÝUNISEF-niň Liwandaky missiýasynda bölüm başlygy bolup işledim. Umuman, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurtlar boýunça maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we olaryň milli derejede durmuşa geçirilişini utgaşdyrmak bu guramanyň çägindäki işimiň esasyny düzýär.

— Täze, 2022-nji ýyla gadam basmagymyz geçen ýylda bitirilen işleriň jemleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. ÝUNISEF-niň 2021-nji ýylda alyp baran işleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň örän giňdigini görkezýär.

— 2021-nji ýyl möhüm wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Biz tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygyny belledik, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen täze bäşýyllyk maksatnamamyzyň amala aşyrylyp başlanmagyna bir ýyl boldy. Geçen ýylda Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Bu bolsa ýurduň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda geçen ýoluna baha bermekde-de amatly mümkinçilikdir.

Bilşiňiz ýaly, BMG-niň Çagalar gaznasy indi köp ýyllardan bäri iýmitlenme ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek, saglygy goraýyş, bilim we çagalary goramak babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biziň işimiz bilelikde işlenip taýýarlanylan we ylalaşylan hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Resminamada geljek bäş ýylda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenip, olar milli bähbitlere, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna hem-de Durnukly ösüş maksatlary ýaly halkara resminamalara gabat gelýär.

Elbetde, häzirki adatdan daşary şertlerde dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan howplarynyň çözgüdini tapmaga goşant goşmak ÝUNISEF-niň işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki dowam edýän ykdysady çökgünlik çagalaryň durmuşyna, saglyk ýagdaýyna, abadançylygyna we bilimine göni hem-de gytaklaýyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, ÝUNISEF ähli hyzmatdaşlary bilen bilelikde çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň goraglylygyny üpjün etmekde alyp barýan işini geljekde-de dowam etdirer.

— Jenap Mohammad Faýýazi, pandemiýa sebäpli dörän kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF immunizasiýalaşdyrma işiniň bökdelmezligi hem-de waksinalar bilen üpjünçilik ulgamynda ähli zerur tagallalary etdi. Bu işde Siziň wekilçilik edýän guramaňyzyň orny nähili?

— Sanjymlaşdyrma jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol çagalaryň sagdynlygynyň üpjün edilmegi üçin has zerurdyr. Elbetde, pandemiýa şertlerinde saglygy goraýyş ulgamy köp kynçylyklara sezewar boldy. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus howpuny azaltmagyň ileri tutulýan ugur bolandygyna garamazdan, çagalary beýleki ýokançlardan goramak we olaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilnamalaýyn immunizasiýa işini dowam etmek hem örän wajypdyr.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana çagalar üçin zerur bolan waksinalar getirildi. Ol milli sanjym senenamasyna girizilen dürli keselleriň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ikinji tapgyrydyr. Sanjymlaşdyrma bilen bagly waksinalardyr serişdeleriň satyn alynmagy dolulygyna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, meýilnamalaýyn sanjymlaşdyrma ýurtda ýaşaýan çagalaryň ählisi üçin muzdsuz amala aşyrylýar. ÝUNISEF, öz gezeginde, BSGG-niň deslapky barlaglaryndan geçen, ýokary hilli we elýeterli waksinalaryň satyn alynmagyny hem-de ýurda getirilmegini üpjün edýär.

— Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniňdir pudak edaralarynyň hem-de BMG-niň degişli agentlikleriniň arasynda 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna gol çekildi. Şolaryň hatarynda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk boýunça tassyklanan meýilnamalaryň mazmuny barada gysgaça gürrüň beräýseňiz!

— Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleri we döwlet edaralary bilen iş meýilnamalarynyň 13-sine gol çekdi. Olarda göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi ÝUNISEF-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna esaslanýar. Bilelikdäki iş meýilnamalaryna gol çekilen edaralaryň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Milli Geňeşiň Mejlisi, Adalatçynyň diwany ýaly, biziň öňden gelýän hyzmatdaşlarymyz hem bar. Olar bilen alnyp barylýan işler, esasan, çagalaryň saglygyny we hukuklaryny goramaga, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hukuk goraýyş ulgamynda-da täze hyzmatdaşlarymyzyň bardygyna biz örän şatdyrys.

ÝUNISEF-niň degişli maksatnamasynyň pudagara häsiýete eýedigi bilen baglylykda, biz çagalar baradaky maglumatlar ulgamynda işimizi dowam etmek üçin Statistika baradaky döwlet komiteti bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris. Çagalaryň saglygy bilen bagly iň esasy pikirlerimizi ilatyň giň gatlagyna ýetirmek maksady bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Zenanlar birleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýäris. Ýetginjekler we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde biz Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen hem bilelikde iş alyp barýarys.

— BMG-niň Çagalar gaznasynyň täze bellenen wekili hökmünde Siz golaýda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdyňyz. Gepleşikleriň netijesine nähili baha berýärsiňiz?

— Biziň duşuşygymyz örän ýakymly we netijeli boldy. Men hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet syýasatynda çagalar bilen bagly meselelere uly ähmiýet berýändigi üçin hoşallyk bildirdim. ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň 13-si bilen hyzmatdaşlygynda-da, gol çekilen iş meýilnamalarynda-da türkmen Lideriniň çagalaryň hukuklaryny goramak we abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalara ygrarlylygy aýdyň görünýär.

Ýurduň hormatly Prezidentiniň çagalaryň saglygyny goramaga hem-de olara bilim bermäge gönükdirilen maýa goýumlar babatdaky syýasaty halkyň geljegine goýlan paýhasly we strategik taýdan ähmiýetli maýa goýumdyr. Şeýle-de men milli derejede syýasaty işläp düzmegiň we býujeti taýýarlamagyň esasyny düzýän çagalaryň abadançylygy boýunça görkezijiler bilen bagly barlaglaryň we maglumatlaryň ösüşine aýratyn hoşallyk bildirdim. Biz Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlary boýunça anyk hem-de ýokary hilli hasabatlylygy üpjün etmek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine uly ynam bildirýäris.

— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylarymyza geljekki meýilnamalaryňyz barada-da gürrüň berseňiz!

— Ýokarda-da belleýşim ýaly, ÝUNISEF-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda hyzmatdaşlarymyzyň ählisi bilen gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenen. Şoňa görä-de, biziň guramamyz bu resminamany durmuşa geçirmek babatda anyk ädimleri ädýär. Döwlet edaralarynyň, diplomatik missiýalaryň, raýat jemgyýetiniň hem-de adaty adamlaryň goldawy biziň işimize höwesimizi has-da artdyrýar. Biz täze gol çekilen iş meýilnamalarynda hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasynda öz üstümize alan borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

— Jenap Mohammad Faýýazi, bilelikdäki hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler hakyndaky giňişleýin söhbetdeşlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Çagalaryň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan işiňizde hemişe üstünlik hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».

15.01.2022
Ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň orny

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalardyr dürli ugurlara degişli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, ýagny sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Sanly ulgama geçilmegi maliýe bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň dessinliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Maliýe bazaryna gatnaşyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň dessinligi hem-de elýeterliligi karz edaralarynyň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar. Internetiň ösmegi hem-de ykjam telefonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ulanyjylar tarapyndan her gün özleriniň pul hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girilýär. Bu bolsa hasaplary dolandyrmaga uly mümkinçilikleri berýär.

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ulgama geçmek babatda söwda ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» we «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan «Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri» işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak hakynda şertnamalary baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen, uzak aralykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär. Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ýuridik şahslara taraplara, şonuň ýaly-da hukuk tarapyny döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan hususyýetçilere degişlidir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde, müşderileriň öz kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýollary peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslaryň peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almagy üçin mümkinçilik döredildi. Hawa, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, banklar tarapyndan öňdebaryjy halkara tejribelere, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Pena POLADOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Auditor gullugy müdirliginiň baş hünärmeni.

14.01.2022
Welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň esasydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

Balkan welaýaty, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden günbatara, Balkan welaýatyna tarap ugur aldy.

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri deňizýaka şäheriniň howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynda ýerleşýän Uzynada nebitgaz meýdançasyna tarap ugrady.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen topragynyň milli baýlyklaryny, baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda nebithimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işleýän häzirki zaman senagat toplumlary guruldy.

Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup, ulanmaga berildi. Bu iri toplumlaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutanyň, metanolyň we beýlekileriň önümçiligi boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýan wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion ulgamyny ösdürmäge we eksportyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary Uzynada meýdançasynyň ýanyndaky ýörite niýetlenen meýdança gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady. Şeýle hem milli Liderimiz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, dag eteklerinde, kenarýaka giňişliklerde bar bolan nebitgaz känlerine hyzmat edýän, buraw işlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.

Ýörite taýýarlanylan ýerde Balkan welaýatynyň çäginde, hususan-da, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri hem-de täze açylan känleri senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, nebitgaz känleriniň önümçilik derejesi, täze açylýan ýataklaryň gorlarynyň möçberleri hem-de olaryň ylmy taýdan özleşdirilişi bilen gyzyklandy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow taýýarlanylan taslamalaryň üsti bilen häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň, aýratyn-da, Hazaryň kenarýaka çäklerindäki känleriň önüm berijiligini artdyrmak, geljegi uly hasaplanylýan guýularyň işini ylmy esasda öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, institutda işleýän alymlaryň yzygiderli tagallasy netijesinde, degişli ugurlar boýunça ösen tejribäni öwrenmek, institutyň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň, aýratyn-da, ylmy-barlag institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bular barada taýýarlanylan taslamalaryň görnüşleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdelerine baý gorlar barada maglumat berýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan we geljegi uly hasaplanylýan Uzynada hem-de Demirgazyk Goturdepe meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdançalaryň çäginde bar bolan guýularyň önüm berijiligi, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda gürrüň berýän taslamalaryň üsti bilen nebit guýularynyň senagat taýdan özleşdirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, aýratyn-da, bu babatda 2022-2023-nji ýyllar üçin meýilnamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligine, olaryň senagat taýdan özleşdirilişine hem-de geljegi uly hasaplanylýan ýataklary ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanandygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý ýataklary gözlemek, olary ýüze çykarmak hem-de täze känleri senagat taýdan özleşdirmek wezipelerini ýerli hünärmenler alyp barýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýle hem wise-premýer Uzynada meýdançasyndan we Çeleken käninden alnan nebitleriň görnüşlerini görkezip, bu nebit önümleriniň aýratynlyklary, olaryň hili barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz nebit önümlerini synlap, olaryň ylmy esasda öwrenilmegi, bu känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, şol sanda gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, pudaga täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary ornaşdyrmak, mundan başga-da, pudagyň ähli düzümleri üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň güýçli depginde dowam etdirilmelidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýere ýygnanan ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny ösdürmek barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň başynda Balkan welaýatyna amala aşyrýan saparynyň hemme işgärleri täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow geologik-gözleg, burawlamak işleri, guýulary hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek ýaly möhüm ugurlar boýunça institut tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Uzynada meýdançasynyň açylmagy alymlaryň bu ýerde nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady. Olaryň özleşdirilmegini işjeňleşdirmek üçin institut tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly zerur gözleg-barlag işleri işjeň alnyp barylýar.

“Türkmengeologiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Rozyýewe söz berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly badalga berilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak babatda döredilýän şertler döwlet korporasiýasyna Balkan welaýatynda geologik-gözleg işlerini üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada beren tabşyryklary boýunça Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda gözleg-barlag işleri alnyp barylýar. Uzynada meýdançasynda nebitiň, gazyň we kondensatyň uly senagat akymlary alyndy hem-de alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu meýdançanyň geljegi uludyr.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni we onuň garamagyndaky “Nebitgazylmytaslama” instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny, ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň, şol sanda özleşdirilýän ýataklarda guýulary düýpli abatlamak we täzelerini gurmak işleriniň sanawynyň düzülendigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda hem-de berýän ägirt uly goldawy netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý sebitleri ýüze çykarmak, şol ýerleriň nebit we tebigy gaz gorlaryny düýpli öwrenmek, täze önümli gatlaklary özleşdirmek üçin guýulary burawlamak, hereket edýän nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň mukdarynyň 5 million tonna barabardygy çaklanylýar.

Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan berýän uly ünsi hem-de amala aşyrylýan işlere goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe söz berildi. Ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna guralan iş saparynyň çäklerinde welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, adamlaryň abadan durmuşy we sebitde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň adamlary täze üstünliklere, belent ýeňişlere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Häkim milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanynyň giňeldilendigini hem aýdyp, bu ekinlerden alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, geljekde bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebiti ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz ýurdumyzda bu baýlyklary özleşdirmek we halkymyzyň bähbidine gönükdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän daşary ýurtly maýadarlar üçin hem amatly şertler üpjün edilýär.

Häzirki döwürde Günbatar Türkmenistanda çig nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-agtaryş işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Uzynada we Goturdepe känleriniň bir bölegi bolan Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Täze özleşdirilýän Uzynada käninde burawlanýan gözleg-barlag guýularynyň berýän netijelerine laýyklykda, geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we käniň uglewodorod gorlaryny artdyrmak, şeýle hem önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek zerur bolup durýar.

Demirgazyk Goturdepe ýatagynda gözleg-barlag guýulary bilen bir hatarda ulanyş guýularynyň köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň gor serişdelerini artdyrmaga hem-de önüm berýän guýularyň sanyny has-da köpeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze özleşdirilýän bu känlerde nebiti we gazy çykarmak, önümli meýdançalaryň çägini giňeltmek, şeýle hem nebitgaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.

Şeýle hem Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň geologiýa-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgany gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýar.

Geçirilýän işler ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň taryhy wakalara, ägirt uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Biziň ähli tagallalarymyz milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hazaryň balyk awlanýan çägine tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimizi Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy N.Meretgylyjow mähirli garşylady.

Döwlet Baştutanymyz balykçy bilen hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

N.Meretgylyjow häzirki döwürde ähli hünärde işleýänler bilen bir hatarda, balykçylyk bilen meşgullanýanlar üçin amatly şertleriň döredilendigini, balykçylara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň berilýändigini uly buýsanç bilen belledi. Ol balykçylyk ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçillikleriň aýratyn ähmiýetini belläp, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu ýerde awlanýan balyklar, olaryň görnüşleri görkezildi. Şolaryň hatarynda balygyň kakadylan görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilatyň esasy hünäri bolan balykçylygyň has-da kämilleşendigini, onuň häzirki döwrüň ýagdaýyna görä ösüşiň ýokary derejesine çykandygyny hem-de bu ugurda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

N.Meretgylyjow on ýyl bäri balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň özüne kakasyndan geçendigini we balyk awlamak hünärini ele alandygyna örän şatdygyny aýratyn nygtady. Balykçy häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, işiň täze usullarynyň döredilýändigini, onuň bolsa balykçylar üçin bähbitlidigini uly höwes bilen gürrüň berdi.

Şol pursatda N.Meretgylyjowyň balykçy ýoldaşlary deňizden gaýdyp geldiler we döwlet Baştutanymyzy bu ýerde görýändiklerine örän şatdyklaryny aýtdylar.

Milli Liderimiz balykçylaryň işiniň aýratynlyklary, balyk awlamakda toplan tejribeleri hem-de balykçylygyň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy.

Balykçylar gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygyny, balykçylyk hünärine bolan höwesiň artandygyny hem-de täze usulda işlemegiň bähbitli taraplary barada aýdyp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olaryň maşgala agzalarynyň durmuşy we balykçylygyň ykdysady bähbidi bilen gyzyklandy. Balykçylar netijeli işlemek, göwnejaý dynç almak we ýokary derejeli ýaşaýyş babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda mesgen tutan ýerli ilat, esasan, balykçylyga üns berýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, kenar ýakalarynda ýaşaýan türkmenler örän irki döwürlerden balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar balyk awlamagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar.

Saýlap alan hünärinden bagt tapan balykçylar aýyň dowamynda 10 — 12 gezek deňiz giňişligine gidýändiklerini hem-de kenardan 3 müň metr uzaklykda balyk awlaýandyklaryny, tor guranlaryndan soň, howa ýagdaýyna görä ony barlap durýandyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, her gezek 40 — 50 kilogram töweregi balyk tutulýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň maşgalalary üçin hem, söwda bazarlarynda ýerlemek üçin hem ýeterlik bolýar.

Mundan başga-da, balykçylar bu ýerde gaty kelle, ak balyk, gara balyk, kefir, çapak, bekre we beýleki görnüşli balyklaryň duş gelýändigini aýtdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna girip, öz işlerini telekeçilik usulynda alyp barýandyklaryny gürrüň berdiler. Bu bolsa olaryň tutan balyklaryny islendik bazarda, söwda dükanlarynda ýerlemäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyza balykdan taýýarlanan dürli tagamlar görkezildi. Milli Liderimiz bu tagamlaryň aýratynlyklary, olary taýýarlamagyň usullary, balykdan taýýarlanylan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Balykçy balykdan taýýarlanylýan tagamlaryň görnüşleriniň örän köpdügini, olaryň Esenguly etrabynda tutulýan toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülýändigini gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balygyň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belläp, ondan taýýarlanylan tagamlaryň adam bedenine ýetirýän oňyn täsirini, bu tagamlaryň adamyň iýmit siňdiriş ulgamy üçin ýeňildigini aýdyp, bu önümleriň lukmançylyk ylmy esasynda dermanlyk ähmiýetiniň bardygyny we kesel bejerijilik ukybynyň ýokarydygyny belledi.

Öz işlerinden kemal tapan balykçylar milli Liderimiz bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Esenguly etrabyna amala aşyrandygyny bellediler. Milli Liderimiz bu ýere gelenden soň, täze, döwrebap şäher emele geldi. Şol pursatlary etrabyň ähli ilaty aýratyn mähir we şatlyk bilen ýatlaýar.

Şeýle hem olar, ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň balykçylaryň mekanyna düşmeginiň özleri üçin uly mertebedigini aýtdylar. Olar balykçylaryň işiniň ilerlemegi, balyk awlamak bilen bir hatarda, gaýtadan işlemek, önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawyň berilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Balykçylar özleriniň we Esenguly etrabynyň tutuş ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etmekçidiklerini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz olaryň bu teklibini uly höwes bilen oňlaýandygyny aýtdy.

Şeýlelik bilen, balykçylar Hazaryň kenaryndaky ajaýyp giňişlikde belent owaza beslenen gazallary ýerine ýetirdiler.

Deňziň kenaryndaky gazallar diňe bir balykçylaryň ýa-da Esenguly etrabynyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize bildirilýän çuňňur hoşallygyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp gazallary we alyp barýan ähmiýetli işleri üçin balykçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we olara işlerinde üstünlikler, bagt arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiziň adyndan balykçylara sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz awtoulagda gidip barýan pursatlarynda bu töweregiň tebigy aýratynlyklaryny, gözýetime çenli uzap gidýän ajaýyp giňişligiň gyş paslynda emele gelen özboluşly görnüşlerini we sähranyň ösümlik dünýäsini synlady.

Dünýä ylmynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň her bir künjeginiň özüne mahsus aýratynlygy bolup, şol ýerlerde ýokary ekologiýa derejesi saklanylýar. Munuň özi türkmen topragynyň ähli ýerinde ýylyň her bir paslynda ýakymly howa gurşawynyň bardygynyň, onuň ynsan kalbyna oňyn täsir edýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi, şol ýerden paýtagtymyza ugrady.

14.01.2022
Eksport ugurly harytlar

Häzirki zamanyň islegli önümi

Okyjy, belki-de, ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup, dürli görnüşli asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti bilen tanyşdyr. Köpimiziň ýaşaýan öýümizi, işleýän edara binamyzy bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän asma potoloklar bezeýändir. Telekeçiler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik merkezinde ornaşdyrylan iň häzirki zaman, öňdebaryjy enjamlarda her ýylda asma potoloklaryň 4 million inedördül metrini, sinklenen metal önümleriniň hem 7 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik tapýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän bu kärhana hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sanly ulgam syýasatyna eýerýän we müşderiler üçin amatlyklary döredýän onlaýn platformasy bilen hem işleýär. Bu bolsa işewürleriň döwrüň ösen talaplaryna görä iş alyp barýandyklaryny görkezýär. Häzirki wagtda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply asma potoloklaryň we profil sistemalaryň 36 müň inedördül metre golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi olaryň yhlasly zähmetiniň miwesidir.

— Biz öz işimizde, ilkinji nobatda, müşderiniň islegini göz öňünde tutýarys. Görnüşi, hili we nagyş aýratynlygy müşderiniň islegine gabat gelmeli. Önümiň hil derejesiniň ýokary bolmagy, ekologiýa taýdan arassalygy, ýangyn howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigi ýaşamak üçin amatlylyk döredýär. Hojalyk jemgyýetimiziň önümleri ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda giňden ulanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagt şäherimizde açylyp ulanylmaga berlen «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda önümlerimiziň bolmagy bizi has-da buýsandyrýar.

Müşderilere asma potoloklaryň dürli görnüşleri, ýagny winil örtükli, akustik we alýumin asma potoloklar hödürlenilýär. Olar öz arasynda ulanylyş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Winil örtükli asma potoloklar bezeg hökmünde, esasan, edara-kärhanalaryň binalarynda ulanylýar. Akustik asma potoloklar bolsa ses ýazgy studiýalarynda, maslahat otaglarynda ulanylýar, sebäbi olar otagdaky sesi 60 — 70 göterime çenli basýar. Alýumin asma potoloklar ýangyna, çyglylyga çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olary açyk ýerlerde, ýangyn guýujy nokatlarda ulanmak amatly bolýar.

Biz, telekeçilere işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň satyş boýunça hünärmeni Gülruh Hajyýewa gürrüň berdi.

Esasy çig mal — gowaça çöpi

Her ýylyň pagta ýygym möwsümi tamamlanandan soň meýdanlary gowaça çöpünden arassalamak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Agaýana» hususy kärhanasy üçin aýratyn möhümdir. Sebäbi olaryň önümçiliginde gowaça çöpi esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Telekeçiler gowaça çöpünden peýdalanmak arkaly agaç gyryndylaryndan taýýarlanylýan örtükleri (DSP) öndürýärler. 3,5 gektar meýdany eýeleýän önümhananyň kämil enjamlarynyň önümçilik kuwwaty her ýylda 20 müň kub metre deňdir. Gowaça çöpleri özara şertnama esasynda telekeçileriň üsti bilen satyn alynýar.

Gaýtadan işlemek üçin örän oňaýly hem ýeňil bolan bu önüm diňe bir Oguzhan etrabynda däl, eýsem, tutuş Mary welaýatynda-da ýokary islege eýe. DSP diňe üçekleri we diwarlary örtmek üçin peýdalanylman, eýsem, bu ugurdan ussat hünärmenler ondan dürli görnüşli mebelleri hem ýasaýarlar, jaýlary bezemekde, germewleriň gurluşygynda, tekjedir gapy ýasamakda hem ulanýarlar. Hususy kärhanada hünärmenleriň 80-den gowragy zähmet çekip, olar galyňlygy 1,8 millimetrden 1,6 millimetre çenli bolan 1,83 — 2,75 metr ölçegdäki «DSP»-leri öndürýärler. Bu önümiň laminirlenen görnüşi çyg geçirmezlik üçin niýetlenendir.

Ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň hil derejesi ýokary bolup, ekologik taýdan arassadyr. Şonuň üçin olara daşarky bazarda-da isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek üçin, döredilýän amatly şertlerden peýdalanmak bilen, türkmen işewürleri geçen ýylda önümleriň bir tapgyryny goňşy Owganystana, Özbegistana eksport etdiler. Bu olaryň eksport ugurly, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýändiklerini görkezýär. Yhlas bilen amal edilen işler bolsa gowy netije berip, türkmen harytlarynyň daşarky bazarda mynasyp orun almagyna şert döredýär. «Agaýana» hususy kärhanasynyň hünärmenleri önümçiligini giňeldip, DSP örtüklerini we laminirlenen DSP plitalaryny geljekde iki esse köp öndürmegi, şeýle-de ony gaýtadan işläp, agaç gapylary, dürli mebelleri ýasamagy maksat edinýärler.

Binalara bezeg berýän üçekler

Nätanyş oba baryp, myhman boljak ýeriň salgysyny sorasaň, oba adamlary, ilki bilen, köçäniň ugrundaky owadan üçekli jaýyň salgysyny bererler. Senem barjak öýüňe şondan ugur alarsyň. Munuň özi jaýyň üçeginiň üýtgeşik hem owadanlygy, beýlekilerden tapawutlanyp, bada-bat göze ilýänligi üçindir. Ol özboluşly çelgi bolup durýar. Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň üçekleri reňk babatynda-da, gurluşynda-da biri-birinden üýtgeşikdir, owadandyr. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň üçek önümlerini öndürýän kärhanalary özara bäsdeşlik esasynda zähmet çekip, olaryň has ajaýyp görnüşlerini öndürmäge çalyşýarlar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat zolagynda ýerleşýän «Ajaýyp minara» hususy kärhanasyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

Bu hususy kärhana indi on ýyla golaý wagt bäri ilaty demirden üçek örtükleri bilen üpjün edip gelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň iň täze, döwrebap enjamlary ornaşdyrylan önümhanada hünärmenleriň 25-e golaýy zähmet çekýär. Önümhana müdiri Orazgeldi Mämmetgulyýew kärhanada hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini aýdyp, yhlasly zähmeti bilen tanalýan Meýlis Orazmämmedow, Wepa Abaýew dagynyň baý tejribe toplandyklary, köp sanly şägirtleri ösdürip ýetişdirendikleri barada uly guwanç bilen gürrüň berdi.

Müşderilerden gelýän ýörite buýurmalar esasynda işleýän telekeçiler önümleriň 9 görnüşini taýýarlaýarlar. Demirden taýýarlanylýan üçek örtükleri berk hem-de sowuga, gyzgyna çydamly bolýar. Şonuň üçin şeýle önümlere isleg barha artýar.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».

14.01.2022
Sanly ulgam durmuşymyzda

Şan-şöhrata beslenip, bitirilen ägirt uly işler bilen taryha giren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn şanly wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşler gazanyldy. Bu döwürde bellenen maksatnamalary ýerine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Geçen ýylyň ahyrynda, has takygy, 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti ösdürmegiň tassyklanan döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine ünsi çekip, gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylandygyny belledi.

Ýurdumyzda batly depginler bilen ösdürilýän sanly ulgamda, milli ykdysadyýetimizde ýerine ýetirilýän wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenilen tertipde alnyp barylýar. Elektron senagatyň güýçli ösýän häzirki döwründe sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek döwür bilen aýakdaş gitmegiň, ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bellenilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2022-nji ýyl hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan toplumlaýyn milli Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde möhüm tapgyr bolar.

Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýnur TUWAKOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

13.01.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny hem-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada aýtdy. Hasabatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly maglumatlar hem beýan edildi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunda amala aşyrylýan gözegçilik işlerinde kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, ähli düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, jenaýatçylyga garşy durmak we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, degişli düzümlere sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler hakynda aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak, polisiýanyň maýory W.Ataýewi ýurdumyzyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak, şeýle hem polisiýanyň maýory M.Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginde 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzda döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde zerur şert bolan parahat hem-de asuda ýagdaýy saklamak maksady bilen durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de Watan goragçylary üçin zerur gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň käbir düzümleri boýunça guramaçylyk meselelerine garady we degişli çözgütleri kabul etdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň, kanunylygyň ygtybarly binýadyny üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk işinde döwlet syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk taýdan düşünjeliligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen anyk işler barada habar berildi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem düzümleýin bölümleriň işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň gümrük gözegçiligini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak we şunuň bilen baglylykda, gullugyň işini häzirki ýagdaýa laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri, gullugyň işgärleriniň netijeli işi üçin döredilýän şertler, olaryň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2021-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Milli Goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, bu düzümiň ähli ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde düzgün-nyzamy pugta berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Prokuratura edaralarynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, oňa ösen tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem kanunçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.

Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda jenaýatçylyga getirýän ýagdaýlary düýpli seljerip, olaryň sebäpleriniň we şertleriniň ýüze çykarylmagynyň hem-de ony aradan aýyrmagyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri degişli edaralar bilen utgaşykly alyp barmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, kazylaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenip, kanuny çözgüdiň kabul edilmegi üçin zerur tagallalar edilmelidir. Şunlukda, kazyýet edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak çaltlandyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegi, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda milli howpsuzlyk ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Serhet goşunlarynda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine gönükdirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerleriň göwnejaý gulluklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak wezipeleriniň möhümdigine ünsi çekip, halkara hukuk boýunça ussat hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini giňden öwrenmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary söwdasynyň, esasan hem azyk harytlarynyň söwdasynyň ýagdaýyny we meýillerini seljermek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynda degişli statistiki maglumatlary talabalaýyk ýöretmek we bular boýunça degişli hasabatlary taýýarlamak babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hemişelik ýaşaýan ýerinden beýleki welaýata wagtlaýyn gidýän raýatlary häkimlikler bilen bilelikde bolýan ýerleri boýunça bellige almak hem-de olara gözegçilik etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin içerki migrasiýa işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleri halkara ösen tejribä laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýändigini nygtap, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlik gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini we döwletimiziň harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

13.01.2022
Oba: hyzmat ulgamyndaky özgerişler

Dünýäde ýaňy-ýakynlara çenli senagat we oba hojalyk pudaklary ykdysadyýetiň uly bölegini tutan bolsa, indi bularyň ornuna hyzmat ulgamy geldi: munuň has ösen ýurtlarda bitirýän işi jemi içerki önümiň 70 — 75 göterimini eýeleýär. Şunda bu ulgamyň, dogrusy, tutuş durmuşyň esasyny bilim pudagy tutýar. Globallaşmagyň netijesinde innowasiýanyň täze, has düýpli ýüze çykmasy bolan sanly ulgamyň durmuşa barha giňden we çuňdan ornaşmagy bilen bolsa hyzmat ulgamyna ählumumy ösüşde has agramly paý garaşýar.

Sanly ulgamyň täze-täze hyzmatlary döreýär. Munuň üstesine, daşky gurşawy goramakda ýüze çykýan, özem ähmiýeti barha artýan ekologiýa talaplary hem bu ugurda hyzmatlaryň giňemegine getirer. Onsoňam, ösen bazar ykdysadyýeti şertlerinde kada bolşy ýaly, hususy başlangyçlara «ganat berýän» işewürlik ösüp, telekeçilik hyzmat ulgamynyň bilim we aragatnaşyk, hatda saglygy goraýyş ýaly möhüm ugurlaryna çenli barha içgin aralaşsa gerek. Netijede, bu täze iş bilen meşgullanjak ýokary taýýarlykly hünärmenlere zerurlyk has-da artar. Çünki häzirki ýagdaýda hem hususyýetçilik işi hyzmat ulgamynda esli bölegi tutýar. Bu oňyn ýagdaý indi obalarymyzda hem şeýle. Bu uly özgerişleri Gökdepe etrabynyň mysalynda hem görmek mümkin.

Häzir diňe orta tutum ýa-da aram gerim toýlardaky hyzmatyň görnüşleri 20-ä barýar. Indi gassapdyr etçilerden başlap, tansçylara çenli, işdäaçar taýýarlaýanlardan başlap, toý lybaslarynyň, gap-gaçlaryň dürli görnüşlerini hödürleýänlere çenli, garaz, ähli hyzmat toplumyny internetden hem tapyp bolýar. Şeýle toýlary sowmak üçin ýokarky agzalan hyzmaty edýänleriň 30 — 40-sy gerek. Diýmek, bir toý — azyndan şonça adamyň eklenç çeşmesi. Şeýdibem, toý ýaly oňat şüweleň adamlara iş ornuny hem açyp berýär. Onsoň, bu ugry pişe edinip, rysgal-döwlet tapýanlaryň sany artmak bilen, şunda ýene bir bellemeli zat — muny ýörite iş edinenleriň ussatlygy.

Ir döwürde Gökdepedäki oba hünärment okuw mekdebinde biçimçilikdir tikinçiligi ýaşlara öwretmekde tanymallyga eýe bolan Ejebaý Aşyrowa häzirem bu işi kärendä alan sehinde öwredýär. Ol özüniň dizaýnyny tikinçilikde, toýlary bezemekde giňden ulanýar. Tikinçilik işiniň görnüşiniň juda dürli-dürlüligi sebäpli, ol aýda ýa-da bir günde ýerine ýetirýän işiniň möçberini hasaplamagyň çetindigini aýtdy.

Ozallar «Indi mundan diňe odun bolar diýilýän agaçlary hem kesiji, hem-de ýylmaýjy enjamlardan geçirip, dürli öý goşlaryny we gurluşyk harytlaryny ýasaýarlar. Dellekhana hyzmaty hem barha kämil abzallaryň we dellekçileriň gözellik gözýetimleriniň giňemeginiň hasabyna, ylaýta-da, bazar gatnaşyklarynyň durmuşymyzda örňemegi bilen hil taýdan özgerişlere eýe bolýar. Demirçi ussalar bolsa häzirki zaman dizaýnyndaky «Bul-a kümüş syrça» diýäýmeli poslamaýan demir erňekleri, haşamly üçek serişdelerini dürli-dürli görnüşde, özem agyn zawoddan çykarylan ýaly, birkemsiz, dessin ýasap berýärler.

Ulag-ýol arassaçylygynyň aýrylmaz bölegi bolan ýuwalgalar hem obalaryň ählisinde diýen ýaly bar, ilaty köp ýerlerde bolsa, olaryň birnäçesi işleýär. Şunda hususyýetçiligiň ösendigini görkezýän ýene bir täzelik bar: bu ulgamda ýük ulaglarynyň köpelmegi bilen, olara bolan tehniki hyzmatyň hem hut telekeçiler tarapyndan ýola goýulmagydyr. Düýpli bejergi işlerinden gaýry ähli hyzmatlary indi iki hili, aýry-aýry ussalar tarapyndan ýekebara usulda, hatda dürli hünärli ussalary bir ýere jemleýän toparlaýyn, ýagny edara görnüşinde hem berjaý edilýär.

Aslynda, hyzmatyň ösmegi dürli hyzmaty-da döreder eken. Muňa iki mysal: diňe Gökdepäniň etrap merkeziniň gelim-gidimli ýerlerinde kompýutere tehniki hyzmat edýän ussahanadyr hyzmat nokatlarynyň 3-4-si bar. Tikinçilik hyzmaty bolsa tikin enjamlaryny bejerýän hyzmaty döretdi.

Ynsanyň öz keşbini müdimileşdirmek telwasynyň myrat-hasyl bolýan ýeri — surathanalar-a indi ozal hyýala-da gelmejek derejede ösüp gitdi... «Çynar» surathanasynyň daş-töweregi hem adyna mynasyp: çynar daragtlary has giň ýaýrawa saýa hem gelşik, serginlik we şypa paýlap otyr. Şäheriň merkezindäki gadymy seýilgähiň kybla künjegine täzeçillik bezegini berip oturan bu uly bolmadyk ymaratyň içi mydama adamly: galabasy surat aldyrmaga gelse, ýene birleri resmi hatlaryň göçürmesini alarman. Bular 5 — 15 minut wagtyň dowamynda möhümiňi bitirip goýberýärler, ýöne edil şol mahal şonça adam gapydan girýär.

Telekeçi Rejepgeldi Hydyrow häzirki tehnologiýalar arkaly, bu hyzmatda hem hiliň, hem tizligiň görlüp-eşidilmedik derejä ýetenligine gözli şaýat. Muňa, elbetde, diňe kämil enjam ýeterlik däl, zehin hem gerek, Rejepgeldi suratçynyň diňe gözüniň däl, eýsem, eliniňem «göreçli» bolmalydygyny aýdýar. Hawa, şular ýaly surat ussahanasyny Aşgabatda ençeme ýyl ozal açan bu işewür maşgalanyň telekeçilik taryhynyň başynda agasy Aýdogdy Hydyrowyň durandygyny Rejepgeldi aga biziň ünsümizi çekjek bolýan deýin, bu sözlere agram berip, gaýta-gaýta ýatlady. Sogap iş — halka hyzmat etmek bu maşgalanyň has aňyrdan gelýän ýörelgesi eken. Rejepgeldiniň kakasy Baýram aga adamlara lukmançylyk hyzmatyny eden bolsa, atasy Hydyr aganyň işlän dükanyny ýaşulular şu günem «Hydyr aganyň dükany» diýip ýatlaýarlar...

Surathananyň işi bilen içgin gyzyklanyberseň, bu ýere portret ýasatjaklar, ýerligi dürli materiallara, hususan-da, gap-gaçdyr ýassykdaşylaryna we egin-eşige suratlaryny çykartjaklar hem gelýän eken. Indi maşgala albomy hem ozalkylar deýin, suratlary ýelmäp däl-de, kitapdyr žurnallardaky ýaly usul bilen taýýarlanýan eken.

Indi durmuş tehnikasyny bejermek hyzmatynda hem öňegidişlikler mesaňa görnüp dur. Gökdepe etrap merkezinde ýerleşýän «Elektron» ussahanasy hut ýaňky maksat üçin niýetlenendir.

Indi gözellik salonlary bilen obalylary geň galdyrmak mümkin däl: etrap merkezleri bilen bir hatarda, ulurak ilatly ýerler hem şeýle hyzmatyň gerimini giňeldýär. Dellekçilerden başlap, bezeg-timar beriş işleriniň, toý lybaslarynyň uçdantutma ählisi, biri-birinden gelşikli bezelen gelnaljy, «bäbekçi» ulaglar indi obanyň «özünden önýär». Etraplarda toý mekanlary hem barha köpelmek bilen.

Gökdepe etrabynyň diňe bir obalaryny däl, hatda ekin we öri meýdanlarynyň köp bölegini gurşan, ilaty dünýäden habarly edýän ulgam — internet elýeterli boldy. Etrap merkezindäki «Ak bazaryň» haýsy ýanyndan girseňem, şeýle telefonlaryň dükanydyr ussahanasy uzak gözletmez. Bu ugur boýunça iş alyp barýan dükanlaryň we ussalaryň ýeterlikdigine şol ýere baranyňdan göz ýetirýärsiň. Uly binanyň ikinji gatynda ýerleşýän ussahanada başyny galdyrman işläp oturan ýigitlere ýüz tutanymyzdan, olaryň agras ýüzlüsi bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Batareýalardyr daşky korpusy, ekrany..., garaz, çalyşmaly şaýlaryň ählisini täzeläp bilýän, iň soňky çykan ykjam telefonlaryň işleýşini barlap, olara zerur bolan dürli tehniki hyzmatlary başarýandyklaryna geň galmazça däl: bu — täzelikde dörän hünär. «Muny nirede öwrenýärsiňiz?» diýen sowalymyza Annasapar Nurnazarow elektronika ugrundan ýokary bilimi we tejribäni Türkiýede alandygyny aýtdy. Doganlyk ýurtda dünýä meşhur «Nokia» kompaniýasynyň şereket düzüminde işläp, ýeterlik tejribe toplandan soňra, dogduk mekana dolanypdyr. Ol tehnikanyň we tehnologiýanyň hyýala getirip bolmajak tiz ösýän mahaly şu günki bilýän zadyň ertir könelip ýetişýänligini nazara alyp, öz bilimlerini internet arkaly hemişe ösdürip durýandygyny nygtaýar. Internet forumlaryna girip, kärdeşleri bilen maslahatlaşmagy bu hünäre has kämilleşmegine juda uly ýardam edýär. Şeýdibem, iň soňky täzelikler bilen habarly bolýar. Muny soňra işdeşlerine öwredýär.

Ynsanyň birek-birege hyzmaty diňe bir eklenç çeşmesi däl-de, adamzadyň ahlak gymmatlyklarynyň biri bolsa gerek. Diýmek, bizde guwanmaga, öňe ymtylmaga zat bar. Munuň özi pikirimizi bir ýere jemläre esas bolup, şeýle netijä getirýär: şäherlerde başlanýan düýpli özgerişlikleriň obalara hem baryp ýetmeginiň özi dünýäde we tutuş ýurtda bolup geçýän öňegidişlikleriň hem çuň, hem giň häsiýete eýediginiň buşlukçysydyr. Ýöne bu-da heniz bary däl: ol şol bir wagtda ýeneki ösüşleriň şuglasydyr. Bu şugla döwür bilen aýakdaş bolmak üçin bize öňkülerden-de has saldamly oýlanyp, iň öňdebaryjy ylym-bilimi edinmäge bolan çagyryşdyram. Çünki hyzmat ulgamynyň täze, döwrebap bu şahalarynyň iň soňky gazananlaryny üznüksiz özleşdirip durmak bilen, biz häzirki zaman dünýäsindäki juda tiz-dessin bolýan üýtgeşiklikleri dogry we doly seljerip bileris. Dünýäni has gowy ugra gönükdirmek üçin, ozaly bilen, ynsanyň özi kämillige gol berip, bu ugurda ýeneki belentliklere ýetmeli. Ine, hemişe kämilleşmegiň ýolunda hyzmat ulgamyna degişli işleriň ileri tutulýan ugur bolmagy — tebigy talap hem-de munuň üçin, megerem, ýeke-täk şertdirem.

Hakberdi AMANMYRADOW.

«Türkmenistan».

13.01.2022
Döwrebaplyk — esasy maksat

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 2021-nji ýyly üstünlikli tamamlap, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny täze maksatlar bilen garşylan kärhanalaryň biridir. Geçen ýylda ýük daşamakdan, ýolagçy gatnatmakdan we gaýry hyzmatlardan alnan girdejiler munuň şeýledigini tassyklaýar.

Geçen ýylda hyzmatlaryň ähli görnüşi boýunça 49 million 865 müň manatlyk girdeji almak meýilleşdirilen bolsa, alnan girdeji 59,1 million manatdan hem geçdi. Şunça girdejiniň agramly bölegi, has takygy, 42,4 million manatlykdan gowrak bölegi ýük daşamagyň hasabyna alyndy. Şeýle hem kärhana ýolagçy gatnatmakdan 14,9 million, gaýry hyzmatlardan 1,7 million manatlyk girdeji gazandy. Şunda ýolagçy gatnatmakda alnan girdejiniň 10,1 million manatlykdan gowragynyň bellenen awtobus ugurlary boýunça gatnawlar arkaly, 4,7 million manatlygynyň sargytlardan gazanylandygyny aýtmak gerek.

Geçen ýyl ýük daşamakda önümçilik birleşigine degişli «KamAZ», «Şteýr», «MMZ», «ZIL», «GAZ» kysymly awtoulaglar ulanyldy. Ýolagçy gatnatmaga bolsa, «Hýundai», «Iran Khodro», «Paz», «Ýutong» kysymly awtobuslar, «Hýundai Elentra» kysymly taksi ulaglary gatnaşdy.

Önümçilik birleşigine degişli kärhanalarda ýük daşamakdan we ýolagçy gatnatmakdan daşary bejeriş işleriniň dürli görnüşleri we käbir binalary kärendä bermek arkaly hem goşmaça girdejiler alynýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň sebitlerindäki awtoulag kärhanalarynyň mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. Geçen ýyl «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine hem täze ulaglaryň ençemesi gelip gowuşdy. Olar ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda işjeň ulanyldy. Bu işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýokary depgin bilen dowam etdiriler.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

13.01.2022