Maýa goýum syýasaty — möhüm ugur

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde asuda hem parahat, ykdysady taýdan gurply, syýasy taýdan durnukly, bedew bady bilen köpugurly ösýän döwlet hökmünde uly abraýa eýedir. Şeýle bolansoň, ösüşiň durnukly hem özara peýdaly ýoluny saýlap alan döwletimiz dünýäniň belli kompaniýalarynyň, işewürleriniň, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni barha köp özüne çekýär. Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty maýadarlar üçin ähli amatlyklary döretmekden ugur alýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek, innowasion önümçiligi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şonuň netijesinde, maýa goýum işini işjeňleşdirmek babatda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Maýa goýum syýasaty kuwwatly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir. Ol ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyny, amatly ýaşaýyş şertleriniň emele gelmegini, ýaşaýyş-durmuş mümkinçilikleriniň barha giňeldilmegini kepillendirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda maýa goýum işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda berk kanunçylyk binýady hereket edýär we bu ugurda maýa goýum syýasatyny, telekeçiligi ösdürmäge esas döredýän kanunçylyk namalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna maliýe serişdelerini özleşdirmek hem-de maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak işleri dowam etdirilýär. 

                                                                   

Kämil maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu bolsa ýurdumyzda önümçiligiň dürli ugurlarynda iri maýa goýumlaryny çekmäge we netijeli özleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ugurda kabul edilen «Maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Maýa goýum syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, kuwwatly ykdysadyýeti emele getirmek we ony döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Aýbölek ANNASOPYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.