Giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlary özüne çekýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylanda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler öňe sürülýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýar, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen alnyp barylýan energetika syýasatynyň-da üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň-da önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze ösüşlere barýar. Bu ösüşlere energetika pudagy hem saldamly goşant goşmak bilen birlikde, mähriban Watanymyzy rowaçlykdan-rowaçlyga, üstünlikden-üstünlige alyp barýar.
Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdeleriniň gorlaryna örän baýdyr. Elektrik energiýasy önümçiligi dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, geljegi uly bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi hemişe artdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty depginli ösüş derejelerini görkezýär hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportyny artdyrýar.
Şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baranynda Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileriň energiýa bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamy emele geler. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanylmaga berilmegi bilen Diýarymyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny abatlamaga we ýurdumyzda bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga kömek eder. Hormatly Prezidentimiziň bu pudakda öňde goýan strategik wezipelerini netijeli çözmäge ulgama ornaşdyrylýan täze inžener-tehniki işläp taýýarlamalar, ykdysady taýdan bähbitli, energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamany durmuşa geçirmekde elektroenergetika pudagyna möhüm orun berilýär. Eziz Watanymyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektrostansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzda her ýyl ulanmaga tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek bilen birlikde, ony goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, durmuşa geçirýän döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
«Esger».