Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň düzümlerinde döwrebap işler alnyp barylýar. Müdirlik boýunça gazanylýan üstünliklerde welaýatdaky Serdar nebit önümleri kärhanasynyň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar.
Kärhanada iş ýerleriniň tämizligini we enjamlaryň kadaly işlemegini ygtybarly üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Kärhananyň düzümindäki ýangyç guýujy beketlerde oturdylan tilsimatlardyr enjamlaryň hemişe saz işledilmegi ýola goýulýar. Sarp edijilere ýangyçlardyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri hödürlenende, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri saklanylýar. Bu döwrebap kärhana hyzmat ediş çygry babatda tutuş müdirligiň garamagyndaky ugurdaş düzümleriň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky şahsy eýeçilikdäki ulag serişdeleriniň sany bu gün onlarça müňe ýetýär. Olary ýangyç, çalgy ýaglarydyr gaýry nebit önümleri bilen üpjün etmek hem şu kärhananyň beketlerinde amala aşyrylýar. Döwletimiziň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany has hem köp. Daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza, şonuň ýaly-da goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sany hem yzygiderli artýar.
Serdar nebit önümleri kärhanasy bütinleý täze gurlup, 2014-nji ýylyň dekabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. Kärhananyň düzümindäki gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýän beketleriň 9-synda hem kompýuter arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan kämil daşary ýurt guýguçlary oturdylandyr. Olaryň 4-si bolsa täze gurlan beketlerdir. Kärhananyň howlusynda, ýangyç guýujy beketlerde-de has kämil, ýangyna garşy göreş enjamlary hemişe taýýarlyk ýagdaýda saklanylýar.
Bitirilýän her bir işe, ilkinji nobatda, onuň hili boýunça baha berilýär. Şu möhüm şert bu ýerde-de hemişe pugta berjaý edilýär. Müşderilere hödürlenilýän nebit önümleriniň hili pugta gözegçilikde saklanylýar. Gelip gowuşýan dürli kysymly benzinler, çalgy ýaglary, dizel ýangyjydyr gaýry nebit önümleri kärhananyň barlaghanasynda ilik-düwme gözden geçirilip, olara ýörite hil pasporty ýazylandan soň, beketlere ugradylýar. Barlaghanada oturdylan kämil tehnologik enjamlar önümleriň hiline hemişelik gözegçiligi talabalaýyk amala aşyrmaga hem-de ýangyç saklanylýan göwrümleri ygtybarly ulanmaga, ekologik howpsuzlygy pugta berjaý etmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda ulanylýan çalgy ýaglarynyň we beýleki nebit önümleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemek hakynda» kabul edilen Karar hem bu kärhanada öz mynasyp çözgüdini tapýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, nebit önümleriniň has-da tygşytly ulanylmagyny, daşky gurşawy goramagy we ildeşlerimiziň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Kärhanada bellenilen meýilnamalaryň aýba-aý ýerine ýetirilip, görnükli ösüş depginleriniň gazanylmagynda 1-nji derejeli operatorlar Arslan Ýegendurdyýew, Parahat Arbadow, Wepa Jumaýew, hasapçy-hünärmen Gülnar Nyýazmämmedowa, barlag laboranty Ogulbaýram Orazowa ýaly işgärleriň mynasyp goşantlary bar.
Häzirki wagtda gündelik ýaşaýşymyzy ulag serişdeleriniň hyzmatyndan üzňe göz öňüne getirmek juda çetindir. Şuňa magat düşünýän kärhananyň hünärmenleri täze üstünliklere tarap ynamly gadam urýarlar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.