Ykdysadyýetiň bedew batly gadamlary

Türkmenistanyň  Prezidenti
Serdar  Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bular babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hem aýratyn gürrüň edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikler gazanyldy. 

                                                                   

Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir etdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen kabul edilen, geljek 30 ýyllyk ösüşleri öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kadalarynydyr düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunda sanly ulgamyň işjeňliginiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, olarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň netijesinde eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri ata Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň özboluşly türkmen ýoluny hem kemala getirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligine oňaýly täsir edýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen hususy telekeçilige aýratyn üns berilýär. Hökümetiň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150  million amerikan dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek barada hormatly Prezidentimiziň Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şunda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şeýlelikde, müňlerçe iş ýerleri döredildi hem-de şol önümçilik desgalarynyň golaýynda durmuş maksatly ençeme binalaryň gurulmagy bu ugurdaky işleriň çalt depginlerde öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürdi, dünýädäki abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. 

                                                                   

Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberlerini köpeltmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanyldy. Munuň özi ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyzyň çig mal görnüşinde satylman, taýýar önüm, haryt görnüşinde ýerlenýändigini, ylmyň gazanan täze tehniki enjamlaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly netijeli önümçilige eýe bolýan milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalandyrylýandygyny şertlendirýär. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynda daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine çekmek meselesi hem üstünlikli çözgüde eýe boldy. Maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatdaky wezipelerden ugur alnyp, täze döwrebap etrap merkezleri, şäherçeler, geňeşlikler, onda-da ähli şertler döredilen şäherlerimize bäs gelýän tutuş obalar guruldy. Ýurdumyzda ähli şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi, durmuş düzümi düýpgöter özgerip, ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. Olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, sport toplumlary we şypahanalar, telefon ulgamlary we beýleki durmuş maksatly iri desgalar gurulýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde baş maksada ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädimler ädildi. Bu maksat mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatynyň netijesinde il-ýurt ähmiýetli bu bitirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşleriniň kuwwatly güýjüniň, halkymyzyň gurmak we döretmek babatdaky belent maksatlarynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Hormatly Prezidentimiz bu gün türkmen döwletini bereket çeşmesine, gurmagyň we döretmegiň, bagtyýar durmuşyň berkarar bolýan ýurduna öwürýär. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.