Ýurdumyzda hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimizdäki orny barha artýar. Telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi bu pudagyň barha ösmegine, dünýä bazarynda tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýunynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek baradaky Karara gol çekmegi türkmen telekeçilerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda «Arkadagly Serdarymyzyň azyk syýasaty: halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna» atly hoşallyk maslahaty geçirilip, ýurdumyzyň işewürleri döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
— Hormatly Prezidentimiziň guşçulygyň oba hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridigini nygtap: «Häzirki wagtda ýurdumyzda guş eti we ýumurtga, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýär» diýip bellemegi bizi has-da buýsandyrdy — diýip, «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetiniň direktory Röwşen Amansähedow nygtady: — Düşewüntli pudaklaryň biri bolan guşçulygyň önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmegiň hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge isleg bildirýän taraplara goşmaça ýer böleklerini bölüp bermegiň teklip edilmegi ýerli önümçiligiň artdyrylmagynda, içerki bazaryň öz önümlerimiz bilen üpjün edilmeginde örän ähmiýetlidir.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 5 million jüýje çykarmaga mümkinçiligi bolan inkubator toplumymyz ýerleşýär. Etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde bolsa sagatda 10 tonna barabar deňagramlaşdyrylan iýmiň 7 görnüşi öndürilýär. Şeýle-de ýylda 1 million jüýje saklamaga mümkinçilik berýän guşçulyk fermamyzda her ýyl 1500 tonna et öndürilip, halkymyza hödürlenýär.
Arkadagly Serdarymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda goýberilen uly möçberdäki pul serişdesi ilatymyzy öz ekologik taýdan arassa önümlerimiz bilen üpjün edip, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini ep-esli azaltmagymyzda uly goldawdyr. Hormatly Prezidentimiziň biz — telekeçilere bildiren ýokary ynamyny ödemek ugrunda geljekde-de yhlas-başarnygymyzy gaýgyrmarys.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, azyk bolçulygyny üpjün etmegiň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynda möhüm ugur hasaplanýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygy toplumlaýyn ösdürilýär, oba hojalyk ugurly täze ulgamlary döretmäge aýratyn üns berilýär. Orta we kiçi telekeçiligiň goldanylmagy bu babatda uly üstünlikleriň gazanylmagyna getirýär. Hususy eýeçilikde daýhan hojalyklarynyň döredilmegi telekeçileriň oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagyna, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň gurulmagy halkymyzyň et önümleri bilen üpjünçiligine, içerki bazarda azyk önümleriniň bolçulygyny döredip, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna getirýär.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar Garaşsyz Diýarymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürip, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny artdyrmaga döredilýän giň mümkinçilikler, goldaw-hemaýatlar üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».