Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagy goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde ýüpekçiligi ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlar esasynda, ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Wise-premýer hormatly Prezidentimizi ýüpekçilerimiziň bu zähmet ýeňşi bilen gutlap, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň adyndan netijeli zähmet çekmek üçin döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, halkymyzy hem-de edermen pileçilerimizi Watanymyzyň pile harmanyna 2300 tonnadan gowrak ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasylynyň bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidigini nygtady.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligine aýratyn orun degişlidir.
Häzirki döwürde ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz pileçileri hem-de ähli türkmen halkyny pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän yhlasly zähmetinde has-da belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ählisinde dabaraly çäreleri geçirip, ýokary netijeleri gazanan ähli pileçilere we işgärlere sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramak barada wise-premýere tabşyryk berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.
Şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler dowam edýär, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragynda däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ekilen ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, irki ýetişen ýeralmany we gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak, ilatymyza ýetirmek hem-de sowadyjy ammarlarda ýerleşdirmek, gök ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda häzir gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda gowaça ideg etmek, hatarara bejergileri geçirmek, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Daşoguz welaýatyndaky suw bilen üpjünçilik boýunça dowam edýän kemçilikler düzedildi. Häzirki wagtda welaýatda derýalaryň suwunyň kada laýyk bolmagy bilen, sebitiň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligi gowulandyryldy hem-de geljekde suwy netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
Wise-premýer ýakyn günlerde ýurdumyz boýunça gowaça ekişiniň doly tamamlanjakdygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanýan galla oragyny guramaçylykly hem-de bellenilen möhletde, ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýola goýulmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, biziň sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.
Ikinjiden, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Üçünjiden, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we bu meýilnamany amala aşyrmaga girişmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Dördünjiden, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir.
Bäşinjiden, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen maslahaty tamamlap, wise-premýere alyp barýan işinde üstünlik arzuw etdi.