Guwandyryjy görkezijiler

Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen hasabat döwrüni üstünlikli jemlemegi başardylar. Bu ýerde ýanwar — iýul aýlarynda nebit berýän guýulardan döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 280 müň tonnadan hem köp boldy. Munuň özi şu ýylyň geçen ýedi aýynda nebit çykarmak babatda bellenilen meýilnamanyň 111 göterime golaý ýerine ýetirilendigini görkezýär. Gumdagly nebitçiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 120 göterimden gowrak ýokarlandyrmagyň hem hötdesinden geldiler. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgini babatda tutuş konsern boýunça degişli müdirlikleriň arasynda gazanylan iň ýokary netijedir. 

                                                                   

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda ýola goýulýar. Hut şu ýagdaý hem kärhanada bellenilen meýilnamalara hemişe artygy bilen amal edilýändigini görkezýär.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW