Biz «Kämilligiň çägi ýok» söz düzümini häli-şindi ulanýarys. Dogry hem edýäris. «Kämil» diýmeklik iň gowy, iň ökde, ýokary hilli, deňi-taýy ýok, sünnälenen diýen ýaly dürli sözler bilen beýan edilýän bir düşünjäni aňladýar. Özi-de biz, köplenç, bu düşünjäni haýsy-da bolsa bir şahsyýet babatda ulanyp, onuň hemişe gowudan-gowy netijeleri gazanmak üçin elmydama hereketde, gözlegde bolýandygyny aýtmak üçin ulanýarys.
Eýsem-de bolsa, kämillik düşünjesiniň çygryny giňeldip, ony bütin jemgyýet ýa-da döwlet babatynda ulanyp bolmazmyka?! Bolar, elbetde, bolar, özi-de hut şeýle-de edilmelidir, edil biziň ýurdumyzda edilişi ýaly.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýet aýry-aýry adamlardan, şahsyýetlerden emele gelýär. Durmuşda şeýle adamlar gabat gelýär, olary bir görseň, ýene göresiň gelýär. Olaryň oturyp-turşy, gep urşy, daş-töweregindäkilere hormaty, gündelik işine jany-teni bilen ýapyşyşy, hemmeleriň bähbidi üçin öňde goýlan wezipelere, şolaryň çygrynda öz etmeli-bitirmeli işine hökmany borç hökmünde garaýşy — garaz, ondaky ähli zat göwne makul. Oňa seredip, özüňem oňa meňzäsiň gelýär, sebäbi onuň il içinde abraýy-hormaty uly, aýdylyşy ýaly, orny törde, özi sylagly hem gerekli. Türkmençilikde ýaşuly adamlara uly hormat goýulýar. Ine, şol ýaşulular hem şeýle adamy, ýaşy kiçi bolsa-da, sylaýarlar, ony özleri bilen deň saýyp, oňa maslahat salýarlar, geňeşýärler.
Elbetde, beýle bagt hemme kişä ýetdirmeýär, Onuň üçin ömürboýy azap çekmeli, hemişe kämilleşip gezmeli. Dogrusyny aýtsaň, muňa bir ömür azlyk etse gerek. Türkmende: “Aslyna bak, aslyna” diýen bir gep bar. Özüňe gowy adam diýdirmek, ýa biziň gürrüňini edýän kämilligimize ýetmek üçin, iň esasy-da, iliň şuny ykrar etmegi üçin bütin neberäň bolup, azap etmeli. Atadan ogla, oguldan agtyga geçip gelýän gowy häsiýetleriňi diňe bir dowam etdirmek däl-de, eýsem, olaryň üstüni ýetirmek, kämilleşmek gerek. Diňe şeýle ýagdaýda türkmen aga: “Bu maşgala adam çykýan ýerdir” diýer. Neberäňe “Adam çykýan ýer” diýdirmek, başgaça, gowy adamlardan bolmak aňsat däl. Ömürboýy özüňiň hem nesliň häsiýetini kämilleşdirip gelmeli, şol bir wagtda-da hünäriňi, zehiniňi ösdürmeli, meşhur bagşy-sazandalarymyzyň mysalynda aýdanymyzda, Mylly aga, Sahy Jepbar, Nurberdi Gulow, Pürli aga, Ýagmyr aga we başga-da ençeme ägirtlerimiz ýaly. Olar gijesini gündiz edip, yhlas edendikleri üçin saz dünýäsinde atlary ebedilik ýatlanylýar. Ýene-de sanawy dowam etdirsek, Nury Halmämmedow, Yzzat Gylyjow ýaly ady dünýä dolan sungat adamlarymyz bar. Türkmeniň at-owazasyny arşa göteren hem-de bütin türkmen iline asylly nusga bolan sütün-sütün ärlerimiz-pirlerimiz bardyr. Olar öz işleri bilen häzirki ýaşlara-da nusgadyr.
Ýaşlar diýeniňde, elbetde, häzirki zaman türkmen jemgyýeti göz öňüňe gelýär, sebäbi ýaşlar geljegimiz, halkyň arzuwy-islegi hut ýaşlara, olaryň nähili adamlar bolup ýetişmeklerine bagly. Häzirki wagtda döwletimizde ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döwletimizde edilýän işleri sanap, aňyrsyna çykmak mümkin däl, çünki ähli işler ýaşlaryň geljegine gönükdirilendir. Gündelik çykýan gazet-žurnallardan başlap, kitaplara çenli ähli neşir önümleri, tele-radio gepleşiklerinden başlap, doly metražly kinofilmlere çenli audio-wideo önümleri, kitaphanalar, teatrlar, çagalarymyz üçin mekdepler hem mekdep ýaşyna çenli edaralar, ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim, saglygy goramak, medeniýet, giň önümçiligiň ähli pudaklarynyň çykarýan önümleri, harytlary, gysgaldyp aýdanyňda, maddy hem ruhy gymmatlyklaryň barysy bir maksada — ilki kämil şahsyýetleriň, soňra kämil jemgyýetiň, ahyrsoňunda kämil döwletiň kemala gelmegini gazanmaga gönükdirilendir. Bu örän giň hem dowamly işdir. Munda ähli zat — geçmişem, şu günem, geljegem hasaba alynmalydyr. Hemme zat sünnälenip we kämilleşdirilip, islenilýän hem arzuw edilýän hala getirilmelidir. Dogrusy, munuň üçin bir umumy taglymat gerek. Şol taglymat hem ýurdumyzda birkemsiz işlenilip düzülendir. Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri bilen aýtsak, bu taglymat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ganatly şygarda jemlenendir. Ýeri gelende bellesek, bu taglymat Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň dowamy bolup ýaňlanýar.
Diýmek, biziň ýurdumyzda peder ýörelgesi, ýoly dowam edýär. Ata-babaňa sygynmak bolsa biziň türkmenlerimizde iň dogry, iň dürs ýol hasap edilýär. Ýurdumyzda döwlet ideologiýasy şahsyýet — jemgyýet — döwlet gatnaşyklarynyň barha kämilleşmegine gönükdirilendir. Munuň üçin Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy bardyr. Konstitusiýamyza laýyklanan beýleki Kanunlarymyz we kanunçylyk namalarymyz bardyr. Olaryň hemmesi halkara standartlara kybap gelýär. Şunuň özi-de türkmen döwletiniň ösüş-özgerişiniň dünýä halklaryna örän düşnükli we kabul ederliklidigini, ýagny köp babatda nusga alarlykdygyny görkezýär. Türkmen tejribesini öwrenmegiň köpler üçin peýdaly boljakdygy bolsa, iri halkara guramalarynyň geçirýän mejlislerinde aýdyldy.
Türkmeniň beýik şahyry Magtymgyly Pyragyda şeýle setirler bar:
— Magtymguly, owal özüň düzetgil,
Özüňi sen özgelere göz etgil!
Manysy — ähli gowy işlerde özgelere görelde görkezmeli. Görelde bolmak üçin hem kämillik gerek. Kämilligiň bolsa, türkmeniň aýdyşy ýaly, çägi ýok.
Diýmek, biz hemişe öz-özümizi ýonup gezmeli. Türkmen dilinde “Müň ýyldyzyň şuglasy bir Aýyňkyça bolmaz” diýilýän bir nakyl bar. Goý, biziň şahsyýet hökmünde her birimiziň, tutuş jemgyýetimiziň hem-de berkarar döwletimiziň şuglasy kämil şugla bolup, dünýä ýalkym saçsyn!
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.