«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastmassa önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanasynyň döredilip, işe girizilenine onçakly köp wagt geçenok. Şeýle-de bolsa, bu gün işi barha ilerleýän kärhanada öndürilýän, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli plastmassa önümleriniň görnüşi 200-den hem geçip, olar ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň şu ajaýyp günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda gürrüňi edilýän kärhanada bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy makul bildik. Kärhananyň önümçilik sehiniň başlygy Didar Nuryýew bizi güler ýüz bilen garşylap, önümçilik işleriniň ýola goýluşy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde döredilen kärhanada we 2,5 gektara barabar meýdanda ýerleşýän kärhananyň önümçilik desgalarynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik işinde buýrujylaryň islegi hem göz öňüne tutulýar.
Kärhana özüniň hojalyk harytlarynyň önümçiligi bilen meşhurdyr. Ol ýerde öndürilýän oturgyçlardyr stollaryň, dürli göwrümli sebetleriň, suwa we zir-zibillere niýetlenen bedreleriň, mejimelerdir legenleriň, çörek tagtalarynyň we gaplarynyň, güldanlaryň, süzgüçleriň, sabyn gaplarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň diňe bir berkligine däl, daşky bezegine hem ähmiýet berilýär. Şol önümleriň reňk öwüşginlerine-de uly üns gönükdirilýär.
— Kärhananyň hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde. Geljekde önümçiligiň gerimini giňeltmek, ilatyň ösen islegini kanagatlandyrýan täze önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de ildeşlerimizi ýokary hilli önümlerimiz bilen hemişe begendirip durmak biziň esasy maksadymyzdyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çagalara niýetlenen tigirleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa, gadam basylan şanly ýylda geljegimiz bolan körpe nesle ajaýyp sowgadymyz bolar — diýip, kärhananyň bölüm başlygy Leýla Geldimyradowa özara gürrüňdeşlikde aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekillerine berýän goldawlaryna çäksiz alkyşly sözlerini beýan etdi.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine interwýu berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.
Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
— Hormatly jenap Prezident, men Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi. Siz ýakyn wagtda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrmagy meýilleşdirýärsiňiz. «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň sowallaryna jogap bermäge razylyk bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.
— Ozaly bilen, «CCTV» we «CGTN in Russian» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş edendikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin. Hytaýda hem, onuň çäklerinden daşarda hem millionlarça tomaşaçylary we okyjylary bolan, dünýäde meşhurlyk hem-de uly abraý gazanan şeýle köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen söhbetdeşligiň geçirilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda özara düşünişmegiň has-da giňeldilmegine ýardam berer.
Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdim barada aýdylanda, ol, ilkinji nobatda, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen şertlendirilendir.
Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýunlar halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga hem-de birek-birege hormat goýmaga ýardam berýär. Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim.
— Gyşky Olimpiýa oýunlaryndan Siz nämelere garaşýarsyňyz?
— Bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk hem-de sport ruhy, adalatly bäsleşik, oňa gatnaşyjylaryň birek-birege hormat goýmak ruhunda, tomaşaçylaryň ägirt uly gyzyklanma ýagdaýynda geçjekdigine ynanýaryn.
Biz Hytaýyň bu Olimpiada taýýarlyk görşüni üns bilen synladyk. Taýýarlyk üçin giň gerimli işleriň ýerine ýetirilendiginiň, köp sanly ajaýyp desgalaryň gurlandygynyň, innowasion häsiýetli we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň peýdalanylandygynyň hem-de ornaşdyrylandygynyň şaýady bolduk. Siziň ýurduňyz giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Öňde boljak Olimpiadanyň köp sanly haýran galdyryjy netijeleri berjekdigine, dünýä sportunyň taryhynda unudylmajak waka öwrüljekdigine, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamlar üçin köpöwüşginli hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynanýaryn.
— Hytaý 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan, şeýle hem ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldan ilkinji döwletleriň biridir. Geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistan ynanyşmak, özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdular. Siziň pikiriňizçe, bu hyzmatdaşlyk haýsy ulgamlarda has netijeli ösdürilýär, iki ýurduň hem ösüşine we abadançylygyna ýardam berýär, dünýä derejesinde parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň berkidilmegine gulluk edýär?
— Biz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde berkarar bolmagynyň barşynda Hytaýyň beren goldawyna, Bitaraplyk derejämize hem-de onuň binýadynda alyp barýan daşary syýasat strategiýamyza hormat bilen garandygyna ýokary baha berýäris we muny hiç wagt ýatdan çykarmarys.
Türkmenistan, öz nobatynda, hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin örän möhüm meseleler, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligi, jebisligi baradaky meseleler babatynda öz garaýyşlaryny hemişe anyk we aýdyň beýan edýär.
Biz «bitewi Hytaý» syýasatyny, kenarýaka gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegini we Hytaýyň parahatçylykly birleşdirilmegini hemişe berk goldaýarys.
Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi.
Bizi Hytaý bilen dünýägaraýyşlarymyzyň, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde maksatlarymyzyň hem-de wezipelerimiziň ýakynlygy birleşdirýär. Bu bolsa iki ýurda iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege goldaw bermäge, oňyn çözgütleri öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin syýasy-diplomatik tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Gatnaşyklarymyzyň şunuň ýaly derejesi Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýär, Ýewraziýa yklymynda we tutuş dünýäde ösüş hereketlerine oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak meselesi aýratyn orun eýeleýär. Bu meselede hem biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine esaslanýan ygtybarly howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler hem-de ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýol bilen çözmäge ygrarlydyrlar.
Bu ugurda Türkmenistan bilen Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edip, özara hereket etmegiň sebit gurallarynyň döredilmegine iş ýüzünde uly goşant goşýarlar we sebitde emele gelýän oňyn meýilleri goldamaga ýardam berýärler.
Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda uly kuwwata eýedirler. 2009-njy ýylyň ahyrynda strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň subutnamasydyr. Bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, gaz geçirijiniň işe girizilmegi netijesinde açylan giň mümkinçiliklere we onuň geljegine göz ýetirmegiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi turbageçiriji energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmegiň maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.
Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar, onuň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen mejlisinde 5 resminama, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Biz bu Maksatnama hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde garaýarys.
Umuman aýdylanda, iki döwlet hem hyzmatdaşlyk üçin syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
— Hytaý bilen Türkmenistan giň gerimli başlangyçlary — degişlilikde, «Bir guşak — bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge girişdiler. Siz bu iki strategiýa uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelmegi nukdaýnazaryndan nähili baha berýärsiňiz?
— Hakykatda, özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa ýokarda agzalan strategiýalary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge ýardam berýär. Bu başlangyçlaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer hem-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantika ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiýa ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, halklaryň ýaşaýyş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini kemala getirmegiň esasy bolup durýandygyna ynanýaryn. Munuň özi hakykatdyr hem-de islendik oňyn başlangyçlar, strategiýalar we teklipler özara bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň sazlaşygy esasynda biri-biriniň üstüni doldurmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» konsepsiýasy öz tebigaty we geoykdysady ähmiýeti boýunça Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy bilen utgaşýar.
— Uly pandalaryň Hytaýyň milli baýlygy bolşy ýaly, ahalteke bedewleri Türkmenistanyň gymmatly mirasy hasaplanylýar. Hytaýda hem bu bedewlere uly sarpa goýulýar hem-de olar «behişdi bedewler» diýlip atlandyrylýar. Bu seýrek duş gelýän atlar 2 müň ýyl mundan ozal gadymy Ýüpek ýoly boýunça Hytaýa getirilipdir. Biziň bilşimiz ýaly, Siz bedewleri öwrenmek we olary wagyz etmek boýunça ussat hünärmensiňiz. 2014-nji ýylyň maý aýynda, haçan-da Siz HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine hem-de Pekinde Hytaýyň atşynaslyk medeniýetiniň festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşan mahalyňyz Hytaýa ahalteke bedewini sowgat berdiňiz.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin ýagdaýda ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlykdan başga-da, medeniýet, bilim, ylym we tehnika, sport hem-de beýleki ynsanperwer ulgamlarda özara alyşmalary giňeltmek we çuňlaşdyrmak ugrunda ýene-de nähili çäreleri geçirmegi zerur hasap edýärsiňiz?
— Siziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly getiren mysalyňyz Türkmenistanyň we Hytaýyň gadymy hem-de baý taryha eýe ýurtlardygynyň, biziň gatnaşyklarymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň subutnamasydyr. Bu babatda bahasyna ýetip bolmajak bu gymmatly mirasy häzirki zaman ýagdaýlarynda we şertlerinde düýpli öwrenmek, onuň ähmiýetine göz ýetirmek üçin Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň taryhy gatnaşyklarynyň çuň gatlaklaryny öwrenmek talap edilýär. Bu ugurda iki ýurduň alymlarynyň, taryhçylarynyň bilelikde netijeli iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Medeni-ynsanperwer ulgam iki ýurduň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Biziň halklarymyz Türkmenistanyň we Hytaýyň sungaty hem-de edebiýaty bilen tanyşmaga özara gyzyklanma bildirýärler, ýurtlarymyz hem bu meýilleri höweslendirýärler, döredijilik we ylmy işgärleriň ýakyndan gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýärler. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyga geldik.
Bilim ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyza bilim bermäge taýýardyklaryna ýokary baha berýäris, türkmen ýigitleri we gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň iň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýärler.
Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna wekilçilikli hytaý toparynyň gatnaşmagy munuň subutnamasydyr. Öňde boljak gyşky Olimpiadanyň ýurtlarymyzyň arasynda sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn.
Bir söz bilen aýdylanda, wagt biziň hem-de geljekki nesilleriň bähbidine işleýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri iki halkyň hem-de döwletleriň özara ýakynlaşmagynyň bähbidine hakykatda emele gelen zerurlykdyr we ol hemmetaraplaýyn döwlet goldawyna eýe bolar.
— Jenap Prezident, Siz Bahar baýramynyň — Hytaýyň Täze ýylynyň ýetip gelen mahalynda interwýu berýärsiňiz. Pursatdan peýdalanyp, Sizden hytaý halkyna Täze ýyl gutlaglaryny aýtmagyňyzy haýyş etmek isleýäris.
— Baş üstüne! Men hytaý halkyny Täze ýyl bilen gutlap, tüýs ýürekden parahatçylyk we abadançylyk, öňde goýlan ösüş meýilnamalarynyň ählisiniň hasyl bolmagyny, ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň abadançylyk we ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde täze uly üstünliklere ýetmegini arzuw edýärin. Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň geljek ýylda siziň ýurduňyza täze üstünlikleri we ýeňişleri getirjekdigine ynanýaryn.
— Hormatly jenap Prezident, interwýu üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris hem-de Hytaýa üstünlikli we netijeli sapary amala aşyrmagyňyzy arzuw edýäris. Köp sag boluň!
Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy, düýpli özgertmeler boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, maýa goýum taslamalary boýunça işleýän kärhanalary we guramalary maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak hem-de olara beýleki bank hyzmatlaryny ýokary hilli amala aşyrmak babatdaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary söwdanyň we senagatyň, ilatyň we oba hojalygynyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar.
Ýurdumyzda hereket edýän karz edaralary tarapyndan müşderilere hem goýumlaryň birnäçe görnüşleri amatly şertlerde hödürlenilýär. Mysal hökmünde «Maşgala», «Hemaýat», «Bagtyýarlygyň sowgady», «Gahrymanlar», «Ruhubelent», «Kämillik sowgady», «Pensiýa goýum», «Talyp goýumy», «Möhletli», «Watan gerçekleri», «Ruhubelent nesiller», «Galkynan daýhan», «Amatly», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Maşgala süýşürintgileri» ýaly dürli ýaş toparlaryna niýetlenen goýumlar häzirki wagtda işjeň ulanylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank kartyny saklaýjylarynyň nagt däl hasaplaşyklaryny höweslendirmek maksady bilen, bank kartlary arkaly geçirilýän hasaplaşyklar üçin «Cash back» höweslendiriji hyzmaty ornaşdyryldy. Bu bolsa bu ugurdaky müşderileriň sanyny has-da artdyrmaga uly ýardam etdi.
Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Permandurdy GURBANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda dünýäniň iň uly «Galkynyş» gaz ýatagyna, Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Malaý» gaz känine baryp gördi. Bu welaýatlaryň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şol bir wagtda olaryň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylanda, tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän hem-de daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary, geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga aýratyn üns gönükdirilýär. Şeýle çemeleşme ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam berýär.
Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilmeginiň esasynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ählitaraplaýyn giňeltmek halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmäge, ýurdumyzyň ägirt uly ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam eder.
Bahar ÖDEBERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny geljekde has-da ösdürmek meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak kararyna gelendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty netijesinde ýurdumyzyň bu ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýändigi barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Şeýlelikde, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu pudakda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegi, onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine hem zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil, oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy wakalara beslenýändigini aýdyp, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy we pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmeginiň, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň milli ykdysadyýetimiz üçin bähbitlidigini belläp, wise-premýer nebitgaz pudagynyň işini ylmyň gazananlary esasynda kämilleşdirmek, ýangyç serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda ösdürilmelidigini belledi. Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we pudaga degişli häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy, munuň şol başlangyçlarda tutuş adamzat ähmiýetli bähbitleriň nazarda tutulýandygynyň aýdyň beýanydygy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan edendigini aýdyp, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlary esasynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamalary bilen berkidilmeginiň Türkmenistanyň we döwlet Baştutanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny aňladýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy, bu babatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur tagallalaryň yzygiderli edilmelidigini belledi.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar üçünji müňýyllygyň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibine laýyklykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi we ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika ulgamy boýunça taýýarlanylan iri möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.