Mawy deňizdäki altyn duralga

Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşýän Watanymyz asyrlaryň dowamynda yklymlary biri-birine baglap, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ösmegine itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolupdyr. Keremli topragymyzyň üstünden geçip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan söwda ýollarynyň bir ugry Hazaryň kenaryna baryp ýetipdir. Gämilere ýüklenen gymmat bahaly harytlar deňiz ýollary arkaly Russiýa, Kawkaza we Eýrana daşalypdyr. Bu gün hem Hazaryň türkmen kenary, hususan-da, Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» hökmünde tanalýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gadymy söwda ýollarynyň täze görnüşde dikeldilmeginde wajyp orny eýeleýär. 

                                                                   

 Strategik ähmiýetli «deňiz derwezesi» 

                                                                   

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa söwda ýollarynyň ugrundaky möhüm strategik nokatda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheri sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly mümkinçiliklere eýedir. Bu ýeriň tebigy aýratynlyklary ýylyň islendik paslynda gämileri kabul etmäge hem-de goşlary ýüklemek we düşürmek bilen baglanyşykly işleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň döwrebap awtomobil, howa we demir ýol düzümleri arkaly ýükleri Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna hem-de beýleki sebitlere daşamaga oňaýly şertler bar. Bu şertler Hytaýdan we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden gelýän ýükleri Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogara daşamakda Hazaryň türkmen kenaryndaky deňiz duralgasynyň ähmiýetini artdyrýar. Hut şonuň üçinem, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy boýunça bu ýerde täze gämi duralgasynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döredilmegini diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin däl, eýsem, tutuş sebit we yklym derejesinde uly mümkinçiliklere açylýan «deňiz derwezesi» hökmünde-de häsiýetlendirmek bolar. 

                                                                   

 Sanlar we maglumatlar 

                                                                   

Gurluşygyna 2013-nji ýylda badalga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna ýardam edýän Halkara deňiz portunyň tutýan umumy meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden geçýär. Gämi duralgalarynyň meýdany 3600 metre ýetýän portuň ýyllyk ýük geçirijiligi 17 million tonna barabardyr. Bu ýerde ýolagçy we ýük terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly, demir ýol parom terminaly, polipropilen terminaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýerleşýär. Şeýle hem portuň düzüminde ýükleri barlaýan döwlet gulluklarynyň edara binalary, demir ýol dolandyryş binasy, saglyk merkezi, ýangyn howpsuzlyk binasy, döwrebap myhmanhana, innowasion barlag enjamlary, ýükleri düşüriji we ýükleýji tehnikalar, şeýle hem beýleki inženerçilik-tehniki düzümler bar. 

                                                                   

 Milli ykdysadyýetiň möhüm düzümi 

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, daşary ýurtlaryň gämileriniň hem näsazlyklaryny we kemçiliklerini bejermekde giňden peýdalanylyp gelinýär. Bu ýerden geçýän üstaşyr ýükler bolsa milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmegiň möhüm çeşmesidir. Portuň ulanyşa berilmegi bilen, bu ýerde täze iş orunlarynyň 2 müň 500-den gowragy döredildi. Döwrebap deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda aýgytly ähmiýeti bolan taslamadyr. 

                                                                   

 «Ýaşyl port» — tebigatyň abadançylygy 

                                                                   

Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy «Ýaşyl port» halkara ölçeglerine laýyklykda amala aşyryldy. Munuň üçin bu ýerdäki terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyryldy, desgalaryň içinde ýerleşdirilen tehnikalaryň mümkin boldugyndan elektrik energiýasy bilen işlemegi üpjün edilip, tebigat üçin zyýanly zyňyndylary öndürmeýän tilsimatlar bilen enjamlaşdyryldy. Portuň ýakynynda guşlar üçin meýdany 170 gektar bolan emeli ada döredildi. Bu ada guşlaryň dürli görnüşleriniň ýüz müňlerçesiniň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanyna öwrüldi.  

                                                                   

 Bagtyýar hem abadan durmuşyň sazlaşygy 

                                                                   

Awtoulagda ýa-da demir ýol ulagynda Türkmenbaşy şäherine tarap barýarkaň, sagyňda kenar ýakasynyň owadan belentlikleri, çepiňde bolsa mawy deňziň kenaryndaky döwrebap port we onda düşlän gämiler hem-de uzakdan göreniňde-de gözüňi dokundyrýan Awazanyň ajaýyp myhmanhanalary ünsüňi çekýär. Diýarymyzyň gözel künjeginde durmuşa geçirilen bu taslamalar berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen döwründe gazanan üstünlikleriniň şöhlelenmesidir. Iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara deňiz portunda ýük ýazdyrýan we ondan mawy tolkunlary böwsüp, ýola rowana bolýan gämiler, portuň desgalarynda gaýnap-joşýan zähmet hem-de merjen kenarda bina bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sapaly dynç alyş ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurtda höküm sürýän bagtyýar durmuşyň sazlaşygynyň özboluşly nyşanydyr. Häzirki günlerde Hazaryň türkmen kenarynda nobatdaky iri halkara forumyň — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bolsa eziz Watanymyzda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlamak we olary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrundaky   nobatdaky möhüm ädimdir. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».