Berkarar Watanymyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalanmak ugrundaky tagallalara Ahal welaýatynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap maldarçylyk toplumynyň netijeli we guwandyryjy işleri bu ugurda aýratyn bellärliklidir.
Hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynyň «Arçman» daýhan birleşiginiň çägindäki ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. 2015-nji ýylda bu ýere Germaniýadan getirilen «aberdin-angus» tohumly mallaryň hojalyga peýdaly alamatlary ylmy esasda öwrenildi, ykdysady taýdan amatlylygy, dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy göz öňüne tutulyp, bu mallar hojalykda köpçülikleýin idedilip başlandy. Mermer etiniň önümçiligi boýunça iň gowy tohumlaryň biri hasaplanylýan şeýle görnüşli mallaryň bu ýerde göwnejaý idedilmegi we olardan ýokary hilli önüm alynmagy üçin ähli tagallalar edilýär.
Maldarçylyk toplumynyň işini ýöretmek üçin bölünip berlen ýer böleginiň 35 gektarynda gurlan desgalar döwrebap enjamlaşdyrylandyr. Toplum mal ýataklaryny, sagym we sagym sygyrlar, ýaş göleler binalaryny, gezim meýdançasyny, dökün ammarlarydyr ot-iým desgalaryny hem-de beýleki kömekçi desgalary öz içine alýar. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar toplumyň işini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Şu ýerde idedilýän mallaryň arasynda et we süýt berijiligi bilen tapawutlanýan «simmental», «golşteýn» görnüşli sygyrlar hem bar. Häzirki wagtda idedilýän mallardan ýylyň dowamynda onlarça tonna et öndürilýär. Toplumyň sagym mallaryndan her günde alynýan süýdüň möçberi 15-16 tonnadyr. Süýt, senagat taýdan ýokary talaplara laýyklykda, gaýtadan işlenilýär hem-de süýt kärhanalaryna ugradylýar. Şeýlelikde, toplumyň ekologik taýdan arassa, ýokuma baý süýt hem-de et önümleri halkymyzyň bereketli suprasynyň bezegidir.
Mallaryň ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin bölünip berlen ýerde ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, beýleki ot-iýmlik ekinler ekilýär. Şolary ýetişdirmekde we ýygnap almakda maldarçylyk toplumynyň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ot-iým taýýarlaýjylar şu günler gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler.
Toplumyň işçi-hünärmenleri daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek babatynda uly tagalla edýändigi, telekeçilere ýakyndan goldaw-hemaýatlary berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar, Watanymyzyň baş baýramyna sowgatly barmak üçin, iş gadamlaryny has-da batlandyrýarlar.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.