Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynda 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen Gyýanlydaky polimer zawody — polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ösüşinde taryhy wakalaryň biri boldy. Sebäbi sebitde iri senagat kärhanalarynyň birine öwrülen polimer zawody ummasyz gorlara daýanýan tebigy çig mal serişdelerimizi senagat taýdan toplumlaýyn işlemekde geljegi uly bolan ilkinji taslamalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Netijede, bu kärhana tebigy gazy diňe bir arassa ýangyç hökmünde peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, ondan dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan gymmatly serişdeleri öndürmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň kämil tehnologiýalarydyr enjamlary bilen has-da berkitmegiň ýurdumyzda aýratyn uly üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýandygyny ýene bir ýola tassyklady. Bu zawodyň işläp başlamagy bilen, Diýarymyz gazhimiýa pudagynyň önümlerini daşarky bazarlara çykarmakdaky mümkinçiliklerini has-da giňeltdi. Şeýlelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň bu ugrunda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýy ýokarlandy. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyndaky» anyk wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan polimer zawody ykdysady nukdaýnazardan şunuň ýaly wajyp ähmiýetli taraplary bilen tapawutlanýar.
Döwrebap zawodda ýylda 5 milliard kub metr «mawy ýangyjy» senagat taýdan düýpli işlemäge ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa, öz nobatynda, şonça möçberdäki tebigy gazdan 386 müň tonna polietileni hem-de 81 müň tonna polipropileni almaga şert döredýär. Üns çekmeli tarapy, himiýa önümleriniň bu görnüşlerini öndürmekde sarp edilýän «mawy altynyň» galan bölegi, ýagny 4,5 milliard kub metri arassa ýangyç hökmünde peýdalanylýar. Arassa ýangyjy sarp edijilere bökdençsiz ýetirmekde bolsa, ýöriteleşdirilen gaz geçiriji ulgamlar hereket edýär.
Gyýanlydaky polimer zawodynda tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilen hem-de polipropilen çig mal serişdeleri dürli önümçiliklerde giňden peýdalanylýar. Mysal üçin, külkelenen polipropilen polimer plýonkasyny, emeli süýümi, termo- plastlary, turbalary, berk tanaplary, gaplaýjy serişdeleri, mebelleri, dürli polimer önümlerini, awtoulaglar üçin süzgüçleri, azyk önümleri üçin gaplary taýýarlamakda esasy çig mal serişdeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän polimer hem önümçiligiň dürli pudaklarynda möhüm ähmiýetli gymmatly çig mal serişdesidir. Bu çig mal serişdesine sarp edijileriň arasynda islegiň durnukly artmagy muňa doly güwä geçýär. Zawodyň önümi Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Owganystan döwletleriniň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Ýurdumyzyň hususy işewürleriniň hem polipropilen we polimer önümlerini dürli harytlary öndürmekde üstünlikli özleşdirýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýedi aýynda sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan polietileniň 56 müň 985 tonnasy öndürilip, 109 göterim ösüş gazanyldy. Polipropilen öndürmekde bu görkeziji 12 müň 250 tonna ýetip, ösüşiň depgini 103,2 göterim ýokarlandy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynyň agzybir işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ilhalar tutumlaryna mynasyp goşant goşmak bilen, joşgunly zähmet çekýärler.
Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».