Sanly ykdysadyýetiň amatlylyklary

Sanly tehnologiýalar bize işimizi az salymda ýokary hilli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.  

                                                                   

Gündelik durmuşda ulanýan serişdelerimiziň, enjamlarymyzyň, iň bärkisi, hemişe ýanymyzda göterýän öýjükli el telefonymyzyň haýsy döwletde öndürilendigi ählimize gyzykly bolsa gerek. Muny bilmek üçin, zähmet sarp etmezden, harytlarda ulanylýan, gelip çykýan ýerinden habar berýän ştrih koduny ýa-da QR koduny ulanmak ýeterlik. 

                                                                   

Ýöne ştrih kodundan tapawutlylykda QR kody sanlary, harplary we haryda degişli beýleki maglumatlary birleşdirýän, özünde 4000-den gowrak simwoly şifrlemäge mümkinçilik berýän «kwadratlar» toplumydyr. 

                                                                   

QR kody — bu tehniki serişdeleriň kömegi bilen okalmagy we bilinmegi üçin kodlanylýan maglumaty özünde saklaýan, dessin tassyklanylýan iki ölçegli ştrih kodudyr. 

                                                                   

Maglumatlara salgylansak, ilkinji gezek QR kody 1994-nji ýylda harytlary hasaba almak ýa-da onuň bahasyny anyklamak üçin ulanylýar. Ol ştrih kodundan 10 esse çalt işlemek bilen, ýuwaş-ýuwaşdan önümçilikde we söwdada giňden ýaýrap başlaýar. Bu kod, iňlis dilinden terjime edilende, «dessin jogap» diýmekligi aňladýar. Iki ölçegli ştrih kod görnüşi bolan, gara we ak nagyşlara meňzeýän inedördül gözenegiň içinde maglumatlary saklaýan kod iki tarapdan, ýagny keseligine we dikligine okamaga mümkinçilik berýär. Köp maglumatlary ýadynda saklaýandygyna garamazdan, QR kody skanirlenende, ulanyja dessin hyzmat etmek bilen, sanly enjam tarapyndan aňsat okalýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşdyrylýan döwründe QR kodlary faýllary göçürip almakda, web sahypalary taýýarlamakda, elektron biletleri satyn almakda, saýta çalt girmekde, täze maglumatlar bilen tanyşmakda, önümi kodlamakda we beýleki hyzmatlaryň görnüşlerinde ulanylýar. 

                                                                   

QR kody harytlaryň nirede öndürilendigini we önümiň hakykylygyny ýüze çykarmak üçin-de zerur bolup durýar. Käbir näsazlyklara görä, önüm çalşylyp hem bilinýär. Ýagny önümiň gabynda «haýsydyr bir ýurtda öndürildi» diýip ýazylandygyna garamazdan, ol önüm ştrih kody ýa-da QR kody arkaly barlanan ýagdaýynda, başga ýurduň önümi bolup çykýar. Şeýle ýagdaý her bir ýurduň öz milli ştrih kody arkaly-da anyklanylyp bilinýär. 

                                                                   

Soňky öndürilýän smartfonlarda bolsa kamerada ýerleşýän içki QR kod okaýjysy bar. Maglumaty okamak üçin kamerany islendik burçdan koda gönükdirmek  ýeterlik. Telefonyňyzda QR kody okaýjy programma gurnalmadyk bolsa, onda ony onlaýn dükanlardan ýa-da beýleki smartfonlardan göçürip alyp bilersiňiz.  

                                                                   

Häzirki döwürde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlarda QR koduny ulanýanlaryň sany has-da artdy. Bu hyzmat arkaly raýatlar birek-birege geçip biljek ýokanç kesellerden goranmaga mümkinçilik alýarlar. Indi her bir maksat üçin QR kodlarynyň birnäçe görnüşi hereket edýär. Öňler çalt we aňsat okalýan QR kody surat, ýazgy, şekil, haryt, hyzmat we beýleki ugurlarda ulanylan bolsa, soňky wagtda binagärlik we taryhy ýadygärliklerde syýahatçylaryň maglumat almagynda hem giňden ulanylyp başlandy.  

                                                                   

Bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalaryň maglumatlaryna laýyklykda, sanly tehnologiýalar gündelik durmuşymyzda ýüze çykýan köp sanly meseläni çözmäge we ýurduň ykdysady ösüşiniň çaltlandyrylmagyna hem mümkinçilik döreder. Mysal üçin, QR kody näsaglara lukmanlar bilen duşuşmaga, kärhanalaryň önümlerini gerekli wagtda we gerekli ýerde hödürlemäge ýardam berýär. Eýýäm käbir ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň metro duralgalarynda wirtual dükanlar döredilip, QR kody arkaly dükanyň önüm programmasyndaky sebede goşulyp, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak arkaly dürli gönüşli söwda etmäge mümkinçilik bar. 

                                                                   

Söwda merkezlerinde ýa-da bölek-söwda dükanlarynda müşderilere tiz we döwrebap hyzmat etmek maksady bilen ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Bu usulda satyjylar tarapyndan sarp edijilere hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Bu usul diňe bir müşderiler bilen işlenende ulanylman, eýsem, getirilýän harytlary ammarlara ýerleşdirmekde, olary hasaba almakda, hasabatyny ýöretmekde we degişli ýagdaýlarda hasapdan aýyrmakda hem ýeňillikleri döredýär.  

                                                                   

Şeýle-de QR kodunyň ýene bir amatly tarapy, ol dürli sebäplere görä 30 göterime çenli bozulan halatynda hem okamaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Harytlaryň hakykylygyny barlamak üçin hem QR koduny ulanyp bolýar. Onuň üçin degişli programmany açmak we ykjam enjamyňyzyň kamerasyny önümiň QR koduna gönükdirmek ýeterlikdir. Önüm hakyky bolsa, ony tassyklaýjy belgi peýda bolar. 

                                                                   

Käbir ýurtlarda halkara söwda guramalary tarapyndan ykrar edilmedik önümler bazara çykarylýar, satylmaga degişli bolmadyk ol önüm bolsa adam saglygyna zyýan ýetirip biljek her dürli kesellere getirip bilýär. Şonuň üçin bazarlardan ýa-da söwda nokatlaryndan isleg bildirýän önümleriňiziň ilki haryt nyşanyna, önümiň ýaramlylyk möhletine, şeýle-de şu hyzmatdan peýdalanyp satyn almak maslahat berilýär. 

                                                                   

Mahlasy, sanly ykdysadyýetiň adamzadyň wagtyny tygşytlap, bir wagtda birnäçe işleri bitirmegine şert döretmek bilen birlikde, ynsanyň jan saglygynyň goralmagyna hem uly hemaýaty bardyr. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri bolup çykyş edýän hyzmatlaryň bu görnüşlerini pudaklaryň işine ornaşdyrmak meseleleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.