Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary şertlerinde ýokary depginlerde ösdürmäge welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde bellenilen meýilnamalar üstünlikli berjaý edilýär. Munuň şeýledigine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýedi aýynda gazanylan maliýe-ykdysady görkezijiler ynandyryjylykly subutnamalardyr.
Üstümizdäki ýylyň geçen hasabat döwründe welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 11 milliard 881,6 million manatlyga barabar boldy. Şonça önümiň 4 milliard 058,2 million manatlygy ykdysadyýetiň döwlete degişli böleginde öndürildi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň hasabyna emele geldi. Ýurdumyzyň Gündogar welaýatynda bu toplumyň iri kärhanalary bolup, olarda önümçiligiň ýokary netijeliligi üpjün edilýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde gazanylýan önümçilik görkezijileri has-da guwandyryjydyr. Ýylyň geçen döwründe müdirlik boýunça tebigy gazy öndürmek baradaky meýilnama 127 göterim berjaý edildi. Gazanylýan üstünlige müdirligiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň gaýratly işgärleriniň goşandy has-da saldamlydyr. Geçen aýlarda bu bölek boýunça «mawy ýangyjyň» 5 milliard 960 million kub metrden gowragy gazylyp alyndy. Şeýle düýpli ilerlemeler Malaý gaz käninde ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga barabar bolan kämil gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy. Bu känden Malaý ― Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň 4,4 milliard kub metrden gowragy akdyryldy. Şonça önümiň köp bölegi bolsa dostana Hytaý döwletiniň sarp edijilerine ugradyldy.
Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gaz welaýatymyzda hereket edýän elektrik stansiýalary üçin ýangyç bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup, ulanylmaga berlen kämil desgalarda ýylyň başyndan bäri elektrik energiýasynyň 2 milliard 159,4 million kilowat sagady öndürildi. Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň yzygiderli artdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini çaltlandyrmaga, şeýle-de bu energiýanyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini köpeltmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Eksporta iberilýän harytlyk önümleriň arasynda suwuklandyrylan gaz hem bar. Munuň üçin ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda täze önümçilikler peýda boldy. Naýyp we Bagaja gaz känlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan we işe girizilen suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalarda geçginli önümler uly möçberlerde öndürilýär. Bu görkeziji tamamlanan ýedi aýda 70 müň tonna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Düýpli ösüşlere lebaply daýhanlar mynasyp goşant goşýarlar. Olar möhüm oba hojalyk önümlerini öndürmekde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şeýle üstünlik hormatly Prezidentimiziň möhüm pudagy ileri tutup ösdürmek boýunça öňe sürýän maksatnamalaryndan gözbaş alýar. Pagtanyň, gallanyň we beýleki zerur azyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalarynyň işleriniň gerimini has giňeltmäge, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga amatly şertleri döredýär. Oňa ýylyň geçen döwrüniň önümçilik görkezijilerine ser salanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Has takygy, geçen ýedi aýda pagta süýüminiň 40,3 müň tonnasy, nah ýüplügiň 204,5 million manatlygy, unuň 74,9 müň tonnasy, çörek we çörek önümleriniň 112,8 müň tonnasy, süýt we süýt önümleriniň 33,1 müň tonnasy öndürildi. Bu guwandyryjy görkezijileriň ählisi geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden ep-esli ýokarydyr.
Azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň artyşy baradaky maglumatlar diňe ýokarda beýan edilenler bilen tamamlanmaýar. Hasabat döwründe welaýatymyz boýunça et önümleriniň 7,5 müň tonnasy öndürildi we ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,7 göterim artdy.
2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ilatyň sarp edýän harytlarynyň 2 milliard 717,5 million manatlygy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne görä zerur önümleriň öndürilişiniň 28,6 göterim artandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle oňyn netijeler ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ahyrky maksadynyň, ilkinji nobatda, ilatyň bähbidine gönükdirilendiginden habar berýär. Bu bolsa söwda nokatlaryny we ak bazarlary ilatyň ösen isleglerinden peýdalanýan önümler bilen has köp möçberlerde üpjün etmäge, harytlaryň nyrhlarynyň elýeterli bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.
Senagat kärhanalarynda öndürilýän harytlyk önümleri alyjylara bökdençsiz ýetirmekde söwda guramalarynyň işgärleri we telekeçiler ýokary işjeňlik görkezýärler. Ýylyň tamamlanan ýedi aýynda ýerine ýetirilen bölek-satuw haryt dolanyşygy 7,6 milliard manatdan hem gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen 10,6 göterim köpeldi. Söwdanyň döwlete dahylly böleginde haryt dolanyşygynyň durnukly depginler bilen ösýändigi bellärliklidir. Şu ýylyň 1-nji awgustyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň söwda kärhanalary boýunça sarp ediş harytlarynyň gorlarynyň umumy möçberi 124,9 million manada barabar bolup, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 19 göterim köpeldi.
Şeýle oňyn görkezijiler welaýatymyzyň senagat pudagynda ösüşleriň durnukly häsiýete eýe bolýandygyndan habar berýär. Bu bolsa ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň depginli ösmeginiň berk binýadynyň emele getirilýändigine şaýatlyk edýär. Bagtyýar halkymyz özi hakynda edilýän ýadawsyz aladany ýakyndan duýýar we şeýle abadançylygyň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýar.