Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine gönükdirilýär we özüniň oňyn netijelerini berýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan uzak möhleti öz içine alýan Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamalary döwlet durmuşynyň we halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän derwaýys resminama bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyz täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy telekeçilere berilýän köpugurly goldaw soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagyna, giň gerim bilen ösmegine, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän telekeçileriň we senagatçylaryň peýda bolmagyna, raýatlarymyzyň telekeçilik başlangyçlarynyň maliýe serişdeleri bilen höweslendirilmegine şert döretdi. Şeýlelikde, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan ykdysady syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz rowaçlyklara beslenýär.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady babatda ösüşlerinde döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halkara giňişlige barha işjeň goşulyşýandygy bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işleri hem ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde utgaşykly alnyp barylýar. Şoňa görä-de, biziň ähli ugurlardaky işlerimiz strategiki maksatlara gönükdirilendir. Ýurt derejesinde netijeli alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty hem muňa aýdyň mysaldyr. Maýa goýum syýasaty «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde möhüm orun eýeleýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi, şeýle hem olaryň gönükdirilen ugurlary takyk kesgitlenilýär. Meselem, ýurdumyzda üstümizdäki 2022-nji ýyl üçin milli ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 36,1 milliard manada deňdir. Şonuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,2 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly işlere bölünendir. Bu sanlar ýurdumyzda önümçilige sarp edilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Şeýle edilmegi ýurdumyzda importuň ornuny tutýan ýokary hilli milli önümlerimizi öndürmäge, milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmaga we ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda maýa goýumlary soňra öndürilýän önümiň ýa-da hödürlenýän hyzmatlaryň hasabyna ödeljek we ýurda girdeji getirjek önümçilik we durmuş maksatly ugurlara sarp edilýär. Ýurdumyzda zähmet adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin hem ägirt uly maýa goýumlar özleşdirilýär. Bu ugurdaky maýa goýum çykdajylary halkymyzyň önümçilikde çekýän halal zähmetleri bilen döwletimize girdeji getirmekleriniň hasabyna ödelýär diýip aýtmak bolar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.