Ýurduň öňe gitmegi öňde goýlan maksatlaryň aýdyňlygyna, anyklygyna hem-de bitewüligine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy belent sepgitlere ýetirjek, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp gitjek maksatlar bolsa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji iýulynda tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gözbaş alýar. Maksatnama, esasan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerinden ugur alýar. Jemi 7 bapdan ybarat bolan Prezident maksatnamasynda ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny kepillendirmek, ilatyň bähbitlerini goramak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, pudaklara we hyzmatlar ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, telekeçiligi goldamak, işewürligi kämilleşdirmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler esasynda milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilikleri artdyrmak, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini işjeňleşdirmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksat edinilýär.
Prezident maksatnamasynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýy seljerilip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösdürmegiň döwlet syýasaty kesgitlenilýär. Oňa laýyklykda, jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi, zähmet öndürijiligi, ilatyň girdejileri we durmuş şertleri ösen ýurtlaryň derejelerine ýetiriler. Bu bolsa ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini üpjün eder.
Awtoulag ýollarynyň we olaryň ugrundaky desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýol ulgamynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirer hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamada Türkmenabat — Gazojak — Daşoguz, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi, Mary — Serhetabat, Gumdag — Esenguly — Etrek — Gidrolum awtoulag ýollarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda häzirki wagtda gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobany örän uly ähmiýete eýedir.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler, ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdany 102,2 göterim artar, şeýle hem ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana gurlar, 7 sany medeniýet öýi bina ediler. Prezident Maksatnamasynda öňde goýlan sepgitlere ýetmek maksady bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we artdyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdiriler.
«Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy özeninde goýýan hormatly Prezidentimiziň kabul eden bu maksatnamasy ýurdumyzyň bedew batly gadamlar bilen öňe gitjekdigini äleme buşlaýar.
Maksady halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýan hormatly Prezidentimiziň bu döwletli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine häzirki döwürde alnyp barylýan işler aýdyň güwä geçýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden gözbaş alýan giň gerimli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».