Habarlar
Ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna toplumyň mümkinçiligini artdyrmak üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak möhümdir. Watanymyz ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyrmak üçin olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň emele gelmeginde, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde we energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda düzüminde elektroenergetika, gaz, nebit pudaklarynyň üstünlikli hereket edýän ýangyç-energetika toplumynyň wajyp orny bardyr. Soňky ýyllarda elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty artdy we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän hem-de döwlet energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi hereket edýär. 

                                                                   

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak gaz senagaty pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini abatlamak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda iň häzirki zaman enjamlaryň we beýleki tehnologik täzelikleriň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesi içerki bazary diňe bir ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek bolman, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmekden hem ybaratdyr. 

                                                                   

Nebit, diňe bir ýangyç serişdesi bolman, ol himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümleri we boýaglar öndürilýär. Mundan başga-da, metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodiodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir. Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmakda-da möhüm bolup durýar. 

                                                                   

Ýangyç-energetika toplumynda ýokary ösüşleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam berýär, Türkmenistan halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligiň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrylmagy, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamyň döredilmegi wajyp wezipeleriň biridir. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe döwletleri Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda ekologik meseleleri özleriniň gün tertibinde esasy orna çykarýarlar. Şonuň üçin-de, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek babatda döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr. 

                                                                   

Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi we daşky gurşawy geljekki nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. 

                                                                   

Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan Ýer ýüzünde öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine guralýan maslahatlar we duşuşyklar, şol sanda şu ýylyň 26-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly hem görkezildi. Foruma ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz, işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar. Bu forum dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak hem-de teklipleri öwrenmek üçin ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi. 

                                                                   

Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy bilen, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan döwletler, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. 

                                                                   

Diýarymyzyň nebitgaz pudagynyň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ussat hünärmenleriniň bellemeklerine görä, daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň ýurtdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň durnuklylygyndan, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagyndan ybaratdyr. Bu ýere ýygnananlar milli nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Forumda Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, energetika serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe özüniň gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan özgerdýändigi bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, gaz geçirijileriniň kuwwatyny artdyrmak, täze ýataklaryň işe girizilmegi, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän, şol sanda, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudagyna, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary, gaz gysyjy desgalary, her welaýatda täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda, polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinilhlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürýän iri senagat kärhanalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şunda ekologik ýagdaýa aýratyn ähmiýet berler. 

                                                                   

Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny we iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrar. Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň iri uglewodorod ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlaglary geçirmek, gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlaryny 3D usulda modelirlemegiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge, bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly tehnologik halka dörediler. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy baradaky meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmakda ekologik töwekgelçilikleri azaltmaga, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygy aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle işler oňyn netijelerini berýär. Bu babatda döwletimiz degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldawa eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi hem-de ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda BMG-niň kabul eden Kararnamalary bilen berkidildi. 

                                                                   

Şeýle hem forumda iri nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri bu ulgamdaky täze işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylyşlary bilen çykyş edip, «ýaşyl» energetika tehnologiýalarynda tejribeleri we täze ylmy işläp taýýarlamalary, innowasion taslamalary bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Ýakyn ýyllarda nebitgaz pudagy boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, Watanymyzyň ösüşini we abadançylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

                                                                                                           

(TDH)

21.07.2023
Bagtyýarlygyň belent sepgitleri

Üstümizdäki ýylyň alty aýy tamamlandy. Diýmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhletiň ýarysy yzda galdy. Eýsem, geçen döwürde nähili işlenildi, nähili netijeler gazanyldy? Şu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime barabar bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagyna welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşdular. 

                                                                   

Has takygy, geçen hasabat döwründe welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň möçberi hereket edýän nyrhlarda 10 milliard 967,2 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende senagat önümleriniň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi. Geçen alty aýda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 milliard 904 million manada golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 70,8 göterimi ýurduň daşyna ugradyldy. Şeýle-de şu ýylyň tamamlanan alty aýynda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi 2 milliard manada golaý bolup, şonuň döwlete degişli bölegi 279,6 million manat boldy. Bu görkezijiler senagat önümçiliginde hem hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Bedew batly ösüşleri üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmakda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy örän möhüm orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudak düýpli özgerişlere eýe boldy. Hut biziň welaýatymyzda hem häzirkizaman önümçilik desgalarynyň birnäçesi üstünlikli işe girizildi. Olara «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary, Seýdiniň durky düýpli täzelenen ýylylyk elektrik merkezi degişlidir. Bu desgalarda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sarp edijilerini-de elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek wezipesiniň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşulýar. Şu ýylyň geçen aýlarynda welaýatymyz boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne görä 17,7 göterim artyş depgini üpjün edildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe pagta süýüminiň 40,4 müň tonnasy, çig ýüpegiň 51,8 tonnasy, nah matalaryň 36,1 million manatlygy, gaplanan miweleriň we gök önümleriň 25 million 899,6 müň şertli gaby, çörek we çörek önümleriniň 98,7 müň tonnasy öndürildi hem-de bu görkezijiler boýunça geçen ýylyň degişli döwründen artyş depgini üpjün edildi.  

                                                                   

Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň okgunly ösmegi, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrundaky göreşiň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar şanly ýylyň birinji ýarymyny hem gowy görkezijilere beslediler. Geçen döwürde welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 47,6 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 15,1 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,5 müň tonnasy, ýeralmanyň 74 müň tonnasy öndürildi. Bu netijeler hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen ýokarydyr.  

                                                                   

Lebaply maldarlar önüm bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar tarapyndan häzirki wagtda iri şahly mallaryň 556,5 müň başy, dowarlaryň 2 million 932,5 müň başy, guşlaryň 4 million 258,7 müň başy, düýeleriň 5,9 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. Olara göreldeli ideg etmegiň hasabyna şu ýylyň geçen alty aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça etiň 68,3 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 303 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 117,4 million sanysy öndürildi. Bu zerur önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.  

                                                                   

Ýurdumyzda nygmat bolçulygynyň döredilmegini gazanmakda oba adamlaryna döwletimiz tarapyndan giň goldaw, ýakyndan hemaýat berilýär. Döredilýän salgyt we beýleki ýeňillikler zähmetkeşleri has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar iş depginlerini birjik-de gowşatman Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinip, barha gaýratly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Hawa, şanly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý ýylyň alty aýy üstünlikli tamamlandy. Geçen döwürde eýelenilen sepgitler, gazanylan netijeler tutuş ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Hökümet mejlisinde kesgitlän wajyp wezipeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ata Watanymyzy gülläp ösüşlere, ilatyň ýaşaýşyny bolsa abadançylyga beslär.  

                                                                                                           

Mämmetgylyç KÜTIÝEW

21.07.2023
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklar

Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri amala aşyrmak we ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuk borçlanmalarynyň ykrar edilmegini, goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.  

                                                                   

Kanuny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk döredildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde gullugyň müdirlikleri hem-de welaýatlardaky şäherlerde we etraplarda gullugyň ýerli edaralary döredildi. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny şol emlägiň ýerleşýän ýerindäki gullugyň ýerli edaralary amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Gozgalmaýan emlägiň obýekti — bu bellenilen çäkleri bolan hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan ýer bölegi, bina, desga, gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, emläk toplumy hökmünde kärhanalar, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläkler ýa-da gozgalmaýan emlägiň başga obýektleri bolup durýar. 

                                                                   

Eýeçiligiň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi üçin, Raýat kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we onuň bilen bagly geleşikler, ýagny eýeçilik hukugy; hojalygy ýörediş hukugy; operatiw dolandyryş hukugy; ýer bölegine mirasa goýmak hukugy bilen eýelik etmek hukugy; ynançly dolandyrmak hukugy; ýer böleginiň ýa-da binanyň, desganyň, üzňeleşdirilen jaýyň bäş ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy; ýer bölegini hemişelik peýdalanmak hukugy; ipotekadan ýüze çykýan hukuklar; serwitutlar; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklar we borçlanmalar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary bellenilen tertipde bellige alynmalydyr. 

                                                                   

Gullugyň esasy wezipesi, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ýer böleklerine, binalara, desgalara, gurluşygy tamamlanmadyk obýektlere, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlara, emläk toplumlary hökmündäki kärhanalara, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläklere bolan hukuklary we olar bilen bagly raýat-hukuk geleşikleri bellige almakdan, ýagny bu babatda ýurt boýunça döwlet sanawyny emele getirmekden ybarat bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet tarapyndan bellige almagyň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça gullugyň ýerli edaralaryna degişli arza bilen ýüz tutmalydyr. Fiziki şahs özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, ýuridik şahsyň wekili bolsa ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalaryny, şeýle hem özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamasyny görkezmelidir. Arzanyň ýanyna gozgalmaýan emläge degişli kybaplaşdyryş maglumatlary özünde jemleýän resminamalar, şeýle hem döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin esas bolup durýan resminamalar, ýagny satyn almak-satmak, alyş-çalyş, sowgat etmek, girew, muzdsuz göni bermek şertnamasy we beýleki şertnamalar; ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda, ol amala aşyrylan pursadynda, hereket eden kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylan namalar (şahadatnamalar); mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama we beýlekiler goşulmalydyr. 

                                                                   

Gozgalmaýan emläge bolan hukugyň borçlanmasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy diňe hukuklaryň Döwlet sanawynda bu gozgalmaýan emläge bolan öň ýüze çykan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň barlygy mahalynda mümkindir. Döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy üçin berilýän resminamalar arza beriji tarapyndan döwlet bellige alyjysyna berilmelidir. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet tarapyndan bellige alynmagy döwlet tarapyndan bellige almak üçin zerur bolan arzanyň we resminamalaryň berlen gününden başlap, bir aý möhletden gijä galman amala aşyrylýar. 

                                                                                                           

Oguljemal GARLYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.

20.07.2023
Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy 

                                                                   

 Jidda — Aşgabat, 19-njy iýul (TDH). Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. 

                                                                   

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklar bu ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy 1981-nji ýylda döredilen bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar. 

                                                                   

Taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň berk binýadynda ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar Türkmenistany Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýar. Jiddada geçirilýän sammit häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarda doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmäge çalyşýandygyny bellemek gerek. Geçen ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň strategik dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Forumyň dowamynda türkmen tarapy netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlaryny öňe sürdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama hem-de 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy kabul edildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumyna, söwda we hyzmatlar ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyz bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.  

                                                                   

“Ritz-Carlton” kaşaň myhmanhanasy “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki şu gezekki sammitiň geçirilýän ýeri boldy. Onda halkara ähmiýetli iri çäreleri, duşuşyklary hem-de forumlary guramak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud mähirli mübärekleýär. Soňra döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy bilen ýadygärlik surata düşýär. 

                                                                   

Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar. 

                                                                   

Wekiliýetleriň Baştutanlarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, sammit geçirildi. Onuň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi. 

                                                                   

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

 Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda hem maslahatyň üstünlikli guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys. Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Şeýle hem Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklip edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgamyň hem uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip edýär. Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa ulgamydyr. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmegiň bu ugurdaky ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny belledi. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmalydyr. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Baştutanlarynyň şu günki möhüm we ýokary derejeli maslahatyny guraýan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary jenap Jasem Mohamed Al Budaiwä we ähli wekillere minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri döwlet Baştutanymyza doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. 

                                                                   

Şol gün iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda sammite gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. 

                                                                   

Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň şu gün öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. 

                                                                   

 Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde, Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi we sammite gatnaşmagy bilen mähirli gutlady. Şunda Merkezi Aziýa sebiti bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygy, munuň bolsa bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki sammite gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine, parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, sebitleýin we halkara gatnaşyklara öňdengörüjilikli, jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti we durnuklylygy bermäge gönükdirilendir. Munuň özi häzirki döwrüň talaby bolup, ählumumy rowaçlygyň, abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär. 

20.07.2023
Milli önümlere dünýäde gyzyklanma artýar

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň alty aýynda gazanylan ösüşleri barada aýratyn durlup geçildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginde 109,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýan, ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelýän telekeçileriňdir işewürleriň işleriniň ileridiginden habar berýär. Biz munuň şeýledigine şu günlerdäki wakalara şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

                                                                   

12 — 14-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Food Istanbul Expo — 2023» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 16-sy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda miwe içgilerini taýýarlamakda, konditer ýaly köpugurly azyk önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Parahat», «Täze Aý», alkogolsyz gazlandyrylan içgileri bilen tanalýan «Arçalyk» we «Tükel», miwe suwlaryny öndürýän «Sada», konditer we süýji önümleri bilen adygan «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Tamada», «Balam», «Balşeker», «Altyn şöhle», «Kilwan» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Azyk harytlary we içgiler, konditer önümleri, maňyzlar we gury iýmişler, köke we şokolad, azyk senagatynyň goşundylary we gaplary, söwda enjamlary we dükanlaryň bezegi ýaly bäş bölümden ybarat bolan bu halkara gözden geçirişde türkmen kärhanalarynyň pawilýonlary köp adamly bolup, halkara bilermenlerdir daşary ýurtly işewürler Türkmenistanda öndürilen ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine ýokary baha berdiler. Dünýäniň 100-e golaý döwletinden 1000-den gowrak önüm öndürijini bir ýere jemlän gözden geçirilişigiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, türkmen telekeçileri daşary ýurtly işewürler bilen önümleri eksport etmek boýunça birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Palestina, Yrak, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, BAE ýaly birnäçe döwletleri görkezmek bolar.  

 16 — 23-nji iýul aralygynda Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýän Ymam Abu Hanifanyň II milli we halkara sergi-ýarmarkasyna hem türkmen telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Dünýäde eksport hem-de import amallaryny ýokarlandyrmak, önüm öndürijileriň arasynda täze mümkinçilikleri öwrenmek, daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak ýaly oňyn maksatlar bilen geçirilýän bu halkara sergide oba hojalygy, gurluşyk, hünärmentçilik we derman senagatynyň önümleri, lukmançylyk enjamlary, şeýle-de beýleki milli önümler görkezilýär. Eýrandan, Türkiýeden, Pakistandan we başga-da birnäçe döwletlerden işewürleri özünde jemlän bu iri sergi-ýarmarka «Parahat», «Döwletli döwran», «Oguzabat» ýaly ýurdumyzyň baýry kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşýar. Onuň çäklerinde geçirilýän duşuşyklarda türkmen telekeçileriniň önümlerine ýokary baha berilmegi öndürilýän ýerli harytlara dünýä bazarlarynda islegiň uludygyny görkezdi.  

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly, dokma önümleri, kompýuter we kommunikasiýa babatdaky mümkinçilikleri şöhlelendirýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň has-da ösmegine uly itergi berýär.  

20.07.2023
Kuwwatly tehnikalar gelip gowuşdy

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly göteriji tehnikalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna goşant goşmagy maksat edinip, nebitgaz pudagynda yhlasly zähmet çekýän hünärmenler kämil «XJ — 450» hem-de «XJ — 650» kysymly göteriji tehnikalaryň 9-syny ýokary ruhubelentlikde kabul etdiler. 

                                                                   

Önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu döwrebap enjamlar milli däplerimize eýerilip, garşy alyndy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ozal baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Hytaýdan gelip gowşan bu köpugurly we kuwwatly göterijiler önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi arkaly wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň galmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak işi ygtybarly ýerine ýetirilýär. Şeýle-de kuwwatly göterijileriň ýardamy bilen, bökdençsiz we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak, düýpli abatlanylmaga degişli guýulary bolsa öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak ýaly wezipeler ýerine ýetiriler.  

                                                                   

Bu täze göteriji enjamlar konserniň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryna dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Dessine işe girizilen tehnikalarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölüminiň talyplarynyň tomusky önümçilik tejribelerini geçmekleriniň ýola goýulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Şeýlelikde, bagtyýar talyp ýaşlar täze kuwwatly tehnikalar hem-de bu ugurda alnyp barylýan işler bilen dolulygyna tanyşmaga mümkinçilik aldylar.  

19.07.2023
Umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen ugrady 

                                                                   

 Aşgabat — Jidda, 18-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady. Jidda şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar ugratdylar. 

                                                                   

Uçuşyň öňüsyrasynda howa menzilinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary Jidda şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Aýlagdaky arap döwletleriniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi hem-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary we uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Öňümizdäki maslahatyň köptaraply gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny belledi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden iş sapary döwründe özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. 

                                                                   

Ertir saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar. Onuň gün tertibine sebit derejesinde döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri giriziler. 

                                                                   

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilendir. 

                                                                   

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy we parasatly däplerine ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle däpleriň biri haj parzyny berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanda biziň ildeşlerimize köpasyrlyk ruhy däplere eýerip, yslamyň mukaddesliklerine baryp görmek üçin ähli şertler döredildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde — 29-30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda bolandygyny, şol ýerde Mekgede haj parzyny berjaý edendigini we gurbanlyk sadakasyny berendigini bellemek gerek. Gurbanlyk sadakasynda hajy Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aganyň we käbesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagy dileg edildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan ilkinji daşary ýurt saparyny hut yslam dünýäsiniň mukaddes topragyna amala aşyrandygy we şol ýerde umra haj dessurlaryny berjaý edendigi bellärliklidir. 

                                                                   

Şu ýyl döwletimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, türkmen zyýaratçylarynyň 2,5 müňe golaýy ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Mekge we Medine şäherlerine baryp gördi. Şunda hajy Arkadagymyzyň asylly işlerinidir başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary öz aýdyň beýanyny tapýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlary, hususan-da, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ilkibaşdan dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl, degişlilikde, Bahreýn Patyşalygyna, Katar Döwletine amala aşyran resmi we döwlet saparlary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmekde möhüm ädim boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň öňde boljak maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, oňa täze itergi bermek, umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine bar bolan ykdysady we ynsanperwer kuwwatdan netijeli peýdalanmak meselelerinde işjeň orny eýelemäge ygrarlydygynyň nobatdaky beýanydyr.

19.07.2023
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Munuň özi Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

                                                                   

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi öz işine başlady. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy diňlenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz däp bolşy ýaly, her ýyl agzybir halkymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyny belledi. Çünki bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda degişli resminamalaryň kabul ediljekdigini belledi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ikinji ýylynyň şöhratly wakalara örän baý bolandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň başyndan bäri geçen döwürde täze döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alnyp, ähli tagallalaryň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Şunda halk häkimiýetliligini berkitmek, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. 

                                                                   

Täze özgertmeleriň yglan edilmegi bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz döwletiň wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işiniň özgerdilendigine we döwrebaplaşdyrylandygyna ünsi çekdi. Bu işler kanun esasynda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek arkaly ýola goýuldy. Mart aýynda geçirilen saýlawlaryň ýylyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrülendigini, saýlawlaryň bäsdeşlik, açyklyk, aýanlyk, ýokary raýat işjeňligi esasynda geçirilendigini aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmäge, şeýlelikde, işleri dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň netijeli, täzeçil, çeýe we kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendigini belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilip başlandy. Täze şäherdir obalarymyzyň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda durmuş syýasatyna aýratyn orun degişlidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Täze obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp subutnamalary bolup durýar. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açyldy. Arkadag şäheri geljegiň şäheri bolup, Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygy, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigi bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem bu taslama ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän taslamadyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleridir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde we jebis gatnaşykda, şeýle hem wakalaryň jümmüşinde bolup, döwrüň öňe sürýän möhüm meselelerine öz wagtynda seslenmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy. 

                                                                   

Birinjiden, geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleriň täzeden seljerilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Ikinjiden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garalmalydyr. 

                                                                   

Üçünjiden, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Dördünjiden, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. 

                                                                   

Bäşinjiden, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak bilen bagly ulgamy giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Altynjydan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy, çalt depginde özgerýän hem-de ösýän döwlet hökmünde giňden tanalýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şu we beýleki pudaklara, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň wajyp ugurlaryna degişli meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimize degişli hasabatlarydyr maglumatlary bermek, ol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, degişli çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlary hem-de geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlary, ol maglumatlar esasynda teklipleri, garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamalydygyny belläp, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi. 

                                                                   

Şunda, birinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmalydyr. 

                                                                   

Ikinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işler guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Üçünjiden, mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleleri we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy guramak zerurdyr. 

                                                                   

Dördünjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edilmelidir. 

                                                                   

Bäşinjiden, raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak, olary umumylaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

 Altynjydan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasy taýýarlanylmalydyr. 

                                                                   

Ýedinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlar taýýarlanylmalydyr. 

                                                                   

Sekizinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşdyrmak bilen alyp barmalydyr. 

                                                                   

Dokuzynjydan, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak boýunça hem alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini aýdyp, Milli Liderimiz ýaşulularyň bu ugurda alnyp barylýan işlere doly girişip, olaryň birnäçe asylly, döwletli işleri alyp barýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Mundan beýläk hem ýaş nesilleriň aladasy edilip, olar goldaw-hemaýat bilen gurşalar we çagalaryň bähbitlerinden ugur alnyp, asylly işler döwlet derejesinde dowam etdiriler. Şunda hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asyl ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şu günki mejlise geňeşiň agzalarynyň çagyrylandygyny, olaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça teklipleri taýýarlandyklaryny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri geňeşiň agzalarynyň Arkadag şäheri we ol ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi bilen içgin tanyşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki döwürde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäni esasy ugur edinýän döwlet syýasaty netijesinde, adamlaryň döwrebap ýaşaýşy, öndürijilikli zähmeti üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, şunda ýurdumyzyň syýasy-hukuk, guramaçylyk we dolandyryş mümkinçilikleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilendigini nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pikirlerini özünde jemleýän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirip, sahawatly türkmen topragynda nurana arzuwlaryň amala aşýandygy, bagtyýar geljegiň gurulýandygy baradaky pikirleriň halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetlidigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygyň çäklerinde guramaçylyk topary bilen bilelikde utgaşykly işleri ýola goýup, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtap, K.Babaýew şunda degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny tassyklamak boýunça degişli çäreleriň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çykyşy diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýratyn belledi. Şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşasalar-da, Garaşsyz Türkmenistanyň gazananlaryny halkara derejede wagyz edýändiklerini, dürli ugurlardaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny hem-de her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli birleşigiň maslahatlaryny geçirip, alyp baran işleriniň jemini jemleýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bu guramanyň alyp barýan işleri hem-de birleşigiň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bermek üçin Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa söz berdi. 

                                                                   

R.Bazarow çykyşynyň başynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň we öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä derejesinde giňden ykrar edilýändigini nygtady. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde, türkmen halkynyň döreden nusgalyk däp-dessurlary, şöhratly taryhy, beýik medeniýeti dünýä ýüzünde giňden wagyz edilýär. Bu işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da rowaçlanýar. Şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Dünýä türkmenleriniň agzalary tarapyndan türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli ýurtlarda medeni çäreleriň geçirilýändigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde Özbegistanda, Täjigistanda we Eýran Yslam Respublikasynda hut şu ugra degişli medeni-ynsanperwer çäreler guraldy. Şeýle hem häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň taýýarlanylýandygyny, ýörite meýilnama laýyklykda, daşary ýurtly wekilleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli guraljak medeni çärelere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň işjeň öwrenilýändigini we olar boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini nygtap, R.Bazarow hasabatyny jemledi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol öz çykyşynda şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň taryhy ähmiýetli giňişleýin mejlisini geçirýändigini belledi. R.Meredow bu mejlise gatnaşmagyň hormatdygyny we uly jogapkärçilikdigini aýratyn nygtady. 

                                                                   

Ol Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli geçirýän mejlisinde wajyp meselelere seredendigini bellemek bilen, strategik maksatlary öňe sürendigini aýtdy. Häzirki wagtda BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletimiz dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, birnäçe döwletler bilen ýokary derejede, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýüzündäki döwletli tutumlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygyny barha pugtalandyrýar. 

                                                                   

Daşary işler ministri R.Meredow Prezidiumyň mejlisinde Milli Liderimiziň aýry-aýry pudaklara uly üns berendigini, şol sanda bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlar boýunça möhüm wezipeleri kesgitländigini belledi. Bu maksatlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ösdürer diýip, daşary işler ministri ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy işlere, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşly raýatlaryň gatnaşýandyklaryny aýtdy. Bu jebisligiň, agzybirligiň, bitewüligiň nyşanydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň örän oýlanyşykly çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işlere şu günden başlap ýokary derejede, guramaçylykly girişiljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigini bellemek bilen, Mejlisiň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meselelere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen nygtady. 

                                                                   

Şeýle-de ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiziň il içinde abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça degişli işleri geçirmekde öňde durýan wezipeleri kesgitländigini belläp, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan hem-de şu günki mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işlerini meýilnama esasynda alyp barmak, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek hem-de beýleki guramaçylyk işlerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, tutumly işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra mejlis Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli mejlisi geçirip, taryhy söz sözlemek bilen, möhüm ähmiýetli wezipeleri kesgitländigini belledi. Şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary halkyň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirdiler we şunda uly mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

                                                                   

Sözüniň ahyrynda G.Ataýew şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy gutlady. Şeýle-de ol alym Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp kitabynyň toý gününde halkymyza uly sowgat bolandygyny belläp, täze eseriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňde boljak şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň ýola goýulmalydygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeleriň durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Mejlis, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, Diýarymyzda alnyp barylýan özgertmeler syýasatyny has-da çuňlaşdyrmak bilen, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydygyny aýtdy. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň we beýleki wekilçilikli edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň şu ýylyň aprelinde geçirilen mejlisde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeler hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. 

                                                                   

Biz geljekde-de, dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin teklipleriň üstünde işlemeli. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemledi. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlendi, şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek bilen, onuň düzümi, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy. 

                                                                   

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berildi. Gahryman Arkadagymyz bu wajyp syýasy-jemgyýetçilik çäräniň üstünlikli geçirilmegine degişli düzümleriň mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.07.2023
Durmuş ugurly syýasatyň oňyn netijeleri

şu ýylyň alty aýynyň jemlerinde aýdyň görünýär 

                                                                   

 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi, geljekki ösüşlere badalga berjek wajyp wezipeler kesgitlendi. Şu döwürde ýetilen sepgitler durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Mejlisde 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna göni täsir edýän we maddy üpjünçilik derejesini kesgitleýän şertleriň biri bolan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak babatda kabul edilen çözgüt raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde berk maddy binýadyň döredilendigini aňladýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, jemi içerki önüm, eksport we import dolanyşygy, maýa goýumlar bilen baglanyşykly görkezijiler milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşini alamatlandyrýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň iki çärýeginde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygy bellenildi. Munuň özi dünýäde emele gelen häzirki amatsyz ýagdaýlarda-da ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär. Gazanylýan oňyn netijeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň maddy binýady bolup, durmuş özgertmelerini işjeň amala aşyrmak üçin oňyn şertleri döredýär.  

                                                                   

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça daşary söwda dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8 göterim artmagy daşary ykdysady strategiýanyň oýlanyşykly durmuşa geçirilýändiginiň, abadançylygy üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan möhüm ornunyň aýdyň beýanydyr. Bilşimiz ýaly, daşary söwdany düzgünleşdirmek ykdysady ösüşiň döwlet strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şu ýerde milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemeli.  

 Milli ykdysadyýetiň häzirki ösüşi seljerilende, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine baha bermek zerur bolup durýar. Çünki ol durmuş-ykdysady ösüşiň hakyky maliýe ýagdaýyny görkezýär. 2023-nji ýylyň iki çärýeginde esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 113,1 göterim, çykdajylaryň 97,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi 98,2 göterim berjaý edildi. Bu maglumatlar hasabat döwründe ýurdumyz boýunça maliýe-hojalyk işleriniň netijeli alnyp barlandygynyň, girdeji çeşmeleriniň ählisi boýunça göz öňünde tutulan sepgitlere ýetilendiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Merkezleşdirilen tertipde jemlenen maliýe serişdeleriniň ep-esli böleginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmündäki ornunyň has-da pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetinde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, çykdajylaryň umumy möçberiniň 75 göterimine golaýynyň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi bu maliýe resminamasynyň durmuş ugurlylygyny saklaýandygyny görkezýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýän görkeziji bolup durýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji alty aýynda iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň 9,9 göterim ýokarlanmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyndan nyşan. Ilatyň girdejileriniň ösüş meýline eýe bolmagy durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigini alamatlandyrýar.  

                                                                   

Amala aşyrylýan maksatnamalaryň ählisinde ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler nazara alnyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky gatnaşygy üpjün edýär. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesi bolmak bilen, ol işgärleriň zähmete höwesini artdyrmakda esasy orny eýeleýär. Netijede, zähmet haky ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçiligiň netijeliligini artdyrmak üçin maddy taýdan höweslendiriji şert hökmünde-de çykyş edýär. Şol bir wagtda bu girdeji çeşmeleriniň býujetiň I derejesindäki goralýan maddalar diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Saýlanyp alnan ykdysady nusgada durmuş ulgamynyň ösdürilmegine, hususan-da, ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna aýratyn ornuň berilmegi durnukly ösüşi saklamakda bu pudagyň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Dünýä hojalygynda kemala gelen häzirki daşarky amatsyz şertlerde-de býujet çykdajylar böleginden durmuş ugurly iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberiniň ýylsaýyn artmagy milli ykdysady ulgamyň ösüşe ukyplydygyndan habar berýär. Amala aşyrylýan giň möçberli durmuş özgertmeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.  

  Türkmenistan bu gün diňe bir durmuş ähmiýetli iri desgalardyr binalary gurýan däl, eýsem, döwrebap infrastrukturaly şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýan ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. 29-njy iýunda dabaraly ýagdaýda ulanyşa berlen Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrülen bu şäher özüniň binagärlik aýratynlyklary, tebigy gözelligi, döwrebaplygyň sazlaşygy bilen özüne çekiji taslamalaryň biri bolup, oňa şähergurluşyk maksatnamasy boýunça şu döwre çenli ýerine ýetirilen işleriň we häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleriň naýbaşysy hökmünde baha bermek mümkin. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri taslama «akylly» şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berlendigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de onda häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelmegine oňyn şertleri döredýär. Döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan «akylly» şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de beýleki pudaklaryň döredilmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna mümkinçilik bermek bilen, şähergurluşyk taslamasynyň ýokary ykdysady we durmuş netijeliliginden habar berýär.  

                                                                   

Şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam bähbitleriniň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Türkmenistan bu gün gurujylyk kuwwaty bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biridir. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle-de häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň dowam etdirilmegi oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Maksatnama laýyklykda, şu döwürde ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar.  

                                                                   

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 24,6 göterim artmagy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň bolmagy işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göteriminiň önümçilige, 50,6 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, iri önümçilikleri ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan amal edilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.  

                                                                   

Bu gün köpugurly ösüş, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze senagat kärhanalaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek milli ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş ýolundaky ynamly gadamlaryndan habar berýär. Senagat-innowasion ösüş strategiýasynyň esasy maksady innowasiýalara esaslanýan we durnukly ösüşi nazarlaýan häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmekden ybarat bolup durýar. Soňky ýyllarda goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri öndürýän gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge ünsi güýçlendirmek milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik maksady hökmünde kesgitlendi. Bu, öz gezeginde, gaýtadan işleýän senagat ulgamynyň, önümleriň köpdürlüligini üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdeleriniň ählumumy bazarynda islegleriň üýtgäp durmalaryna baglylygyny peseltmegiň netijeli ýoly bolup durýar. Senagat pudagynyň depginli ösüşi eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçiligini çalt depginde ösdürmäge itergi berdi. 2023-nji ýylda senagat önümçiliginiň ep-esli artmagy, içerki bazaryň ýerli önümler bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy we täze kärhanalaryň ençemesiniň gurulmagy bu ugurda oňyn netijeleri berdi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meseleleri öňde duran möhüm wezipeler hökmünde kesgitlemegi durnukly ösüşi gazanmakda bu ugurlaryň näderejede wajyp bolup durýandygyny görkezýär.  

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

18.07.2023
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.  

                                                                   

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň alty aýynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, harby gulluga çagyrmagyň we ondan boşatmagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goşunlaryň ähli kysymlaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy ugry bolup durýandygyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmekde alnyp barlan işler hem-de bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu düzüme işiň döwrebap usullaryny we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy we tertip-düzgüni pugtalandyrmagyň, Garaşsyz döwletimizde raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň bu edaranyň öňünde durýan möhüm borçlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy barlaglaryň netijeleri boýunça prokuror gözegçiligi babatda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow garamagyndaky düzümleriň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyna garşy göreşmek işini talabalaýyk alyp barmak boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaralaryň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly işlere, howanyň aşa derejede gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipelere aýratyn ünsi çekdi hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak we olaryň işinde döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, syýasy durnuklylygyň, raýatlarymyzyň mizemez bitewüliginiň we jebisliginiň, olaryň döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmeginiň Watanymyzyň düýpli özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli ilerlemeginiň kesgitleýji şertleridigini nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Watanymyzyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlaryň ählisi bilen hemişe dostluk serhedi bolmalydygyny belledi. Mähriban halkymyzy şol ýurtlaryň halklary bilen köpasyrlyk dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Öz üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk berjaý etmäge ukyply harby gullukçylary taýýarlamagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek hem-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Adalat ministri M.Taganow birinji ýarym ýyllykda garamagyndaky düzümiň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, raýatlara hukuk kömegini bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hereket edýän kanunçylygy seljermek we ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň we milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmegiň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrmagyň zerurdygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz adalat ulgamynyň esasy wezipeleri ýerine ýetirilende, täze usullaryň ulanylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli ösüş Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şol sanda üstaşyr ýükleriň artýan akymyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekip, gümrük düzgünleşdiriş çäreleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Gullugyň düzümine dünýä tejribesinde ulanylýan öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji A.Sazakow ýylyň başyndan bäri gullugyň işine sanly ulgamy we döwrebap usullary ornaşdyrmak, degişli ösüş Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, A.Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi hem-de ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

                                                                   

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy halkymyza, ýurdumyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigi barada kasam edip, harby borja hem-de Watanymyza wepalylygyň, abadan we bagtyýar durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmäge taýýardygynyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gullugyň ýolbaşçysyna üstünlikleri arzuw edip, bu düzümiň öňündäki ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Bu ulgamdaky dünýä tejribesini özleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtly myhmanlara hem-de türkmenistanlylara talabalaýyk derejede migrasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmek esasy wezipeleriň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli esasda pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä-de, biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk hem yzygiderli kämilleşdireris, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe beýleki meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.07.2023
Anyk maksatlara tarap ynamly ädimler

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda nygtalyşy ýaly, şu ýylyň alty aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň oňyn netijesini berýändiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Häzirki döwrüň ruhuna laýyk özgertmeleridir anyk maksatlary nazarlaýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy beýleki döwlet maksatnamalary bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amal edilen işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilýändigi doly subut edýär. Has takygy, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

Maýa goýumlar ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýän gurallaryň biridir. Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda ýetilen belent sepgitlerde hem maýa goýumlaryň örän möhüm orny bardyr. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna serişdeleriň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şähergurluşyk ulgamynda örän baý tejribe toplan ýurdumyzda bütin dünýä nusgalyk işler bitirilýär. Şähergurluşygynyň dünýä tejribesiniň we milli nusgasynyň sazlaşygyndan emele gelen, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheri açyldy. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde döwlet Baştutanymyz ösen maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy esasynda täze şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtady. 

                                                                   

Bulardan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Bu ugurda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryňdyr binalaryň gurluşygy batly depginler bilen dowam etdirilýär. Munuň özi agzalan maksatnama laýyklykda ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak we durmuş çygrynda amatly mümkinçilikleri döretmek babatda gazanylýan üstünlikleriň nyşanydyr. 

                                                                   

Häzirki günde milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösdürilmegi dürli pudaklarda özüniň miwesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna baý ýurdumyzda energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň hem-de elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary we ileri tutulýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Bu barada mejlisde Arkadagly Serdarymyz aýratyn bellemek bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda degişli Permana gol çekdi. Degişli ugurda şu ýylyň alty aýynda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirilip, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy.  

                                                                   

Öz nobatynda, bularyň ählisi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda bimöçber işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň, milli ykdysady ösüşi gazanmakda anyk maksatlara tarap ynamly ädimler ädilýändiginiň güwäsidir. 

                                                                                                           

Jumamyrat GUTLYÝEW,

                       

«Nesil» gazetiniň ykdysady synçysy.

18.07.2023
Aýdyň maksatlar, anyk işler — röwşen geljegiň bähbidine

Hökümetiň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar 

                                                                   

 Biz wagtyň örän tiz geçýändigini ýanjaýarys. Munuň özi ýaşaýşyň abadanlygyndan, ýurduň asudalygyndan nyşan. Durmuşyň gyzygy-gyzgalaňy düýrmegiň bilen gurşap alanda, wagtyň neneň-niçik geçeni-de aňşyrtmaýar. Nurana arzuw-niýetler bilen garşylanan 2023-nji ýylyň eýýäm ýarpy menzili arka atyldy. 

                                                                   

Eýsem, ýylyň geçen döwründe biz nähili üstünlikleri gazandyk, neneňsi sepgitlere ýetdik? Döwür ýene nähili wezipeleri öňde goýýar? Ine, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisi şu sowallaryň anyk-aýdyň jogaplaryny özünde jemledi. Şol jogaplar bolsa diňe ýarym ýylda ýetilenlere däl, eýsem, tutuş döwrüň ruhuna, zamananyň ynamly gadamlaryna göz ýetirmäge hem mümkinçilik berýär. Hakykatdan-da, ýarym ýylda gazanylanlar hakyndaky söhbet, şol bir wagtyň özünde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky söhbetdir. Uly hasapda alanyňda bolsa, bitirilýän işleriň, ýetilýän sepgitleriň her biri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amal etmegiň ýolundaky ädimlerdir. Aýdylyşy ýaly, ädim-ädimden ýol önýär. Niýetler tämiz, maksatlar asylly, möhletler anyk, hereketler aýgytly bolanda, her geçen gün basgançaga öwrülýär-de, täze belentliklere göterýär. 

                                                                   

Biziň döwrümiz — hem-ä ösüşiň ozalky tapgyrlarynda başy başlanan asylly işleriň mynasyp dowam etdirilýän, hemem düýpgöter täze belentlikleriň nazarlanýan, giň mümkinçilikleriň açylýan döwri. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardyr getirilen maglumatlar, kabul edilen çözgütler muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mejlisde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim ýokarlanypdyr. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artyp, jemi içerki önümiň 16 göterimine deň bolupdyr. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilipdir. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirilipdir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň eteginde döwrüň täsin gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa diňe birinji ýarym ýyllygyň däl, eýsem, garaşsyz ösüşiň bütin taryhynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde hem nygtalmaga mynasyp. Bu iri şähergurluşyk taslamasy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurluşyk işleriniň bökdençsiz amala aşyrylandygy guwandyryjydyr. Geçen ýarym ýylda Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berlipdir... Asla, geçen ýylyň ahyrynda geçirilen ilat ýazuwynyň şu mejlisde yglan edilen netijeleriniň görkezişi ýaly, soňky 10 ýylda ýaşaýyş binalarynyň sanynyň 12,4 göterim, ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň 13,6 göterim, olaryň umumy meýdanynyň bolsa 24,5 göterim artandygy bu ugurdaky işleriň yzygiderli hem toplumlaýyn häsiýete eýedigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Döwrüň ösüş badyny görkezýän deliller başga-da kän. Iň esasy zat, döwletiň, Hökümetiň köpugurly tagallalarynyň miwesini raýatlaryň öz durmuşynda anyk görüp-duýup ýaşaýanlygydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda amal edilýän syýasatyň baş maksady hem şol: halkyň abadan, bagtyýar durmuşy, nesilleriň röwşen geljegi. 

                                                                   

Ählumumy tejribeleriň görkezişi ýaly, ykdysady ösüşiňdir mümkinçilikleriň diňe öz-özlüginde adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy kepillendirip bilmeýändigi hakykatdyr. Eýsem, ol munuň üçin diňe zerur şertleri döredýär. Abadan ýaşaýyş, ahyrky netijede, oýlanyşykly ýöredilýän syýasata, durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen aňly-başly tagallalara gönüden-göni bagly bolýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylky çykyşlarynyň birinde ýurdumyzda 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleriniň bolsa 1054 göterim artandygyny belläpdi. Geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy. Ministrler Kabinetiniň şu gezekki giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi durmuş ugurly ynsanperwer ýörelgäniň dowamy hökmünde ulus-iliň uly hoşallygyny gazandy. Munuň şeýledigini şu günler dürli kärdäki, dürli ýaşdaky ildeşlerimizden redaksiýamyza yzygiderli gelýän hatlardyr telefon jaňlary hem tassyk edýär. 

                                                                   

Häzirki döwür — durmuşyň elektronlaşýan, ykdysadyýetiň sanlylaşýan, ýokary tehnologiýalaryň ähli ugra barha we barha giňden ornaşýan döwri. Ýöne, elbetde, ahyrky netijede, ösüşiň çarhyny aýlaýan güýç adam we onuň aňy, zähmeti bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, adamlaryň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalyp, olaryň zähmetine mynasyp hak tölenilmegi ähli ugurdaky ösüşlere rowaçlyk berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň gylla ýaryndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Sebitlerde amala aşyrylýan işler bolsa obasenagat toplumynyň ösüşine degişli wezipeler bilen içgin baglanyşyklydyr. Bu toplum milli ykdysadyýetiň möhüm ugry, döwletiň azyk garaşsyzlygynyň esasy bolmak bilen çäklenmän, irki döwürlerden bäri ekerançylyk hem-de maldarçylyk bilen meşgullanan türkmenleriň däbe öwrülen ýaşaýşynyň gurluşydyr we görnüşidir. Şoňa görä-de, oba hojalyk özgertmeleri hemişe-de möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekmegi hem bu özgertmeleriň mynasyp dowamy boldy. Şol bir wagtyň özünde, daşky gurşawy goramak işiniň mundan beýläk Hökümetiň aýratyn düzümi derejesinde amala aşyryljakdygy Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki tagallalarynyň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Bu ugruň halkara giňişlikde hem barha we barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygy, şunda türkmen döwletiniň wajyp başlangyçlarynyň ählumumy derejede goldaw tapýandygy mälimdir. 

                                                                   

2023-nji ýyl — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Bu şygar ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyna ýene bir gezek ünsi çekýär. Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň kämil ylym-bilim almagy, iş bilen üpjünçiligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, özbaşyna öý-ojak gurup, maşgala abadançylygyna eýe bolmagy babatdaky giň gerimli tagallalary öz içine alýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekmek bilen, bilime höwesek, hünäre yhlasly ýaşlaryň durmuşynda gyzgalaňly möwsüme badalga berdi. Geljege gönükdirilen uly maksatlaryň amaly hakyky hünär eýelerine, öz işiniň ussatlaryna bagly bolýar. Şoňa görä-de, döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilmegi bilen bagly bu möwsümiň tutuş ýurduň geljekki ösüşine dahyllylykda örän möhüm ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berildi. 

                                                                   

“Bu günki üstünlik — ertirki kada” diýlişi ýaly, ýetilen sepgitler geljek üçin täze gözýetimleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde duran möhüm wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek; ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermek; milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmagy dowam etdirmek şu günüň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Ýurt abadançylygy, halkyň bagtyýarlygy bilen baglanyşykly wezipeler her bir raýatyň öz maksat-matlabyny ählumumy maksatlar bilen baglanyşdyryp, asylly zähmet çekmegini talap edýär. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde ýurdumyzyň giňişliklerine yzygiderli sapar edip, ýagdaýlar bilen ýerinde tanyşmagy, mal yzyndaky çopanlardyr ekin üstündäki daýhanlardan başlap, iri taslamalary durmuşa geçirýän hünärmenlere çenli, dürli kärdäki adamlar bilen ýürekdeş söhbet etmegi halkyň arzuw-islegleriniň, maksatlarynyň kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň özeninde goýulmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Aýdylyşy ýaly, syýasat tutuş adamzadyň hem-de dünýädäki her bir ynsanyň ömri, ykbaly, hal-ýagdaýy bilen pugta baglanyşykly inçe aň işi bolup, oňa kalbyň yssy mähri bilen çemeleşmek zerur. Syýasatçy diňe taryhy dörediji şahsyýet däldir. Ol ýaşaýşy özgerdip bilýän, durmuşy ösdürip bilýän dörediji, gurujy şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bu hakykaty anyk işleri bilen subut edýärler. 

                                                                                                           

Kakamyrat REJEBOW.

                       

“Türkmenistan”

17.07.2023