Täzelikler
Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine sebit hyzmatdaşlygyny ilerledip

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Çolpon-Ata — Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatyna ugramak üçin ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bu günki gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýada giň özara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär we sebiti uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk, durmuş-ykdysady ösüş zolagyna öwürmäge uly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatynyň binýadyny düzýär. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk döredijilikli taglymlar “Açyk gapylar” syýasatynda, deňhukukly dialogda, özara bähbitli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan birek-biregiň bähbitleriniň nazara alynmagynyň sebitiň doganlyk halklarynyň arasynda ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny iş ýüzünde subut edýär.

2021-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini, şu ýylyň oktýabrynda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýurdumyzda guraljakdygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe ýyl mundan ozal sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogy ýola goýmak baradaky öňe süren başlangyjy türkmen diplomatiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Konsultatiw duşuşyklar sebitiň döwletleriniň özara düşünişmegi, giň gerimli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ýolunda wajyp ädim bolup, doganlyk halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar.

Däp bolan bäştaraplaýyn formata Azerbaýjan Respublikasynyň goşulmagy sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze sahypany açýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjany sebit dialogyna goşmak baradaky öňdengörüjilikli başlangyjynyň döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze görnüşini döretmäge itergi berendigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky köpri hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň mümkinçiliklerini birleşdirmek babatda giň gözýetimleri açýar. “Merkezi Aziýa — Azerbaýjan” formaty bilelikdäki iri maýa goýum, energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýýar. Ýurtlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, Ýewraziýa yklymynda durnukly hem-de bitewi ulag-energetika ulgamyny döretmäge ýardam berýär.

Dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygy, özara hormat goýmagyň ýokary derejesi altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň bu formatda netijeli we başlangyçly çemeleşmesi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerine laýyk gelýän çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gyrgyzystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Çolpon-Ata şäherindäki döwlet kabulhanasynyň Kongresler merkezine ugrady. Kongresler merkezinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow sammite gatnaşyjylary mähirli mübäreklemek bilen, çakylygy kabul edip Gyrgyzystana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini aýdyp, muňa ýokary baha berdi hem-de Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşyga çakylygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem öz çykyşynda XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama Türkmenistanyň goşulandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşygyň guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, duşuşyga gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, duşuşygyň netijeli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Yssyk-kölüň kenarynda täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlap, bu döwrebap infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mübärekläp, geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly gatnaşmagy baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy hem-de Prezident Ilham Aliýewi we dostlukly ýurduň halkyny bu waka bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, döwletara hyzmatdaşlygyň bu täze altytaraplaýyn guralynyň halklarymyzy we ýurtlarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, bilelikdäki mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyz bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, sammitiň netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny iberendigini, onda esasy bäş ugruň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy. Hususan-da, gün tertibinde möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek; daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmakda bilelikdäki çäreler; medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlar bar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklip edilýän meseleleriň Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan üçin möhüm ähmiýete eýediginden ugur alýandygyny aýtdy hem-de Awazada sammite taýýarlyk görülýän hem-de onuň geçiriljek günlerinde birnäçe halkara forumlaryň we medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň şeýle halkara duşuşyklary guramaga hem-de geçirmäge, ozal hem bolşy ýaly, jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi hem-de ähli döwlet Baştutanlaryna hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekildi. Jarnamada döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň bu ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, sebitde durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýändigini nygtap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Yssyk-köl welaýatynyň Kara-Oý obasynda “Baku” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda belent mertebeli myhmanlar täze desgada döredilen mümkinçilikler we şertler bilen tanyşdylar.

Ýurdumyzda hem syýahatçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýokary derejeli dynç alyş infrastrukturasyny özünde jemleýär.

Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Watanymyza ugramak üçin Yssyk-köl Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary ugratdylar.

Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de goňşy sebitlerde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

01.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär.

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde boljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin Milli Liderimiziň ak patasy hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, çylşyrymly hereketleriň ussady hökmünde ykrar edilen ýaşlardan ybaratdyr. Toparyň dürli ýyllardaky gazanan ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň çäksiz aladasynyň, parasatly öwüt-ündewleriniň, nusgalyk göreldesiniň netijesidir.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny, türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň halkara ýaryşlarda halkymyza mahsus merdanalygy, ussatlygy we saýlap alan hünärine bolan yhlasyny görkezjekdiklerine ynam bildirdi hem-de Watanymyzyň hemişe ýaşlaryň beýik maksatlaryna goldaw berjekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň barşynda ýaşlaryň Watanymyzyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada maslahatlaryny berdi.

Halkara bäsleşikler jemlenenden soňra, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary ýaýbaňlandyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk we atly sport çäreleriniň ýokary derejede geçiriljekdigine, ahalteke bedewleriniň toý-baýramlaryň bezegine öwrüljekdigine, toparyň çykyşlarynyň şanly wakalary has-da dabaralandyrjakdygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eder.

Toparyň agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlara milli atçylyk sportuny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Şu günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelere gatnaşygyny, ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny bellemeli.

Guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak çärelere taýýarlygyň dowamynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar, bu ugur boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary guraýarlar. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň beýanydyr.

Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdiler. Munuň özi dünýä ýurtlarynda atşynaslyk, aýratyn-da, ahalteke atlaryny seýislemegiň usullary bilen baglanyşykly maglumatlaryň bir ýere jemlenmeginde we onuň dünýä atşynaslary üçin elýeterli bolmagynda ähmiýetlidir.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň atlary seýislemek boýunça taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýörelgeleriniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçirilýän duşuşyklarda dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň özboluşly aýratynlyklaryna, bäsleşikleri geçirmegiň tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir.

(TDH

30.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 28-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de bu duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasat işinde abraýly halkara guramalar, hususan-da, maliýe we bank ulgamynda işleýän guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş we ykdysady ösüş strategiýasy amala aşyrylýar. Bu strategiýanyň möhüm wezipesi diňe bir häzirki döwrüň meselelerini çözmek bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmekden hem ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlary durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzda eksport ugurly, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, telekeçiligi goldamak, diwersifikasiýa, döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetiň wajyp ulgamlaryna maýa goýumlary çekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny, bu bank bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-logistika ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny emele getirmekde berk esas bolup durýandygyny belledi hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Ýurdumyz energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň agzalan bank bilen bu ugurda-da hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz myhmanyň ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň bank, maliýe, energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ulag-logistika ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdyp, bu gepleşikleriň ýurdumyz bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalara, sebitleýin ulag geçelgelerini ilerletmäge ýardam etmek bilen bagly meselelere garadylar.

Duşuşykdan soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň Türkmenistandaky işiniň ileri tutulýan esasy strategik ugurlary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň “Ýaşyl” şäherler” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

29.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gowaça meýdanlarynda zyýan berijilere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek we zyýan berijilere garşy göreşmek çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şu ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň hem-de zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi geçirilip, häzirki wagtda meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň hem-de ekinlere zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini hem-de önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, gowaça ideg etmek hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasyndaky hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyry ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklar dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek we ekinlere zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça gowaça ekilen meýdanlara ideg etmek hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.07.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

“Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň öz netijelerini berýändigini, özbek jemgyýetiniň, ýurduň her bir raýatynyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny, doganlyk özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni, maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu gün goňşy Özbegistan Respublikasynyň ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösýändigini, bu ösüşiň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmelerde, onuň halkara giňişlikdäki ýokary abraýynyň artmagynda, täze ykdysady ulgamyň kemala gelmeginde, ilat üçin zerur bolan iň amatly durmuş şertleriniň döredilmeginde öz beýanyny tapýandygyna ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda şeýle netijelere tüýs ýürekden buýsanylýandygyny aýdyp, Özbegistanyň mundan beýläk-de öňe gitjekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara giňişlikdäki özara hyzmatdaşlygy barada nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyna, Birleşen Milletler Guramasyndaky, beýleki abraýly düzümlerdäki başlangyçlaryna berýän üýtgewsiz goldawy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryny resmi taýdan neşir eder we BMG-ä agza ähli döwletlere iberer. Bu resminamada beýan edilen gün tertibindäki möhüm halkara meseleler boýunça ýurdumyzyň çemeleşmeleri köp babatda Özbegistanyň häzirki ählumumy gün tertibinde duran meseleleri çözmäge bolan garaýyşlary bilen gabat gelýär ýa-da meňzeşdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ýurtlarymyzyň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny özara goldajakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň sebit we beýleki köptaraplaýyn formatlardaky köpýyllyk bilelikdäki iş tejribesi hem netijeliligini görkezýär. Milli Liderimiz oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulan halkara çärelere taýýarlyk görmekde Özbegistanyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtap, döwlet Baştutanlarynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sammitleriniň, forumlaryň, maslahatlaryň, medeni we beýleki çäreleriň bilelikde guraljakdygyny aýtdy. Olaryň üstünlikli geçirilmegi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde, GDA giňişliginde, olara ýanaşyk zolaklarda durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-özbek gatnaşyklary barada aýdyp, häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyna ünsi çekdi. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan aýdyň, açyk, netijeli, dostlukly syýasy dialog munuň esasy şerti bolup durýar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary Türkmenistan bilen Özbegistanyň ähli ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Olar syýasy gatnaşyklary giňeltmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugruny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri we hereketleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli zerur tagallalary edýärler.

Iki ýurduň paýtagtlarynda, hususan-da, Daşkentde «Aşgabat», Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy, ýurtlarymyzy birleşdirýän, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň gurluşygy, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde geljekki serhetýaka ykdysady zolagyň nusgasy bolup hyzmat edýän bilelikdäki söwda merkeziniň işe girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda senagat-tehnologik guşaklygyny kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde işlemegiň wagtynyň gelendigini aýtdy. Onuň çäklerinde türkmen we özbek hyzmatdaşlary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly harytlaryny, intellektual önümleri öndürmäge gönükdirilen senagat kärhanalaryny, ýokary tehnologik merkezleri döredip hem-de olaryň işini gurap bilerler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň serhedinde Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Gündogar — Günbatar ugry boýunça özboluşly iri üstaşyr geçelgä öwrüljek ulag-logistika merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, bu agzalan mysallaryň ýakyn geljekde döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan — Özbegistan» Ýokary geňeşiniň döredilmegi ileri tutulýan başlangyçlaryň biri bolup biler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu aýdylanlaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleriň diňe käbirleridigini nygtady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana we onuň halkyna bolan doganlyk garaýyşlaryna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça çuňňur pikirleriniň hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilendigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

25.07.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisde halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hususan-da, milli parlamentde Türkmenistana sapar bilen gelen Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi energetika kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara ibermäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik, zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlarynyň, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek sessiýa taýýarlyk görmek üçin degişli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.

Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda bolsa Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge toplumlaýyn çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak, dialog we öňüni alyş diplomatiýasy üçin giňişligi mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş eder. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip eder. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi-de teklip eder.

Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.

Durnukly ösüş we ulag ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda Türkmenistan dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.

Ýurdumyz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler. Şonuň ýaly-da, döwletimiz BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.

Ekologik howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer. Türkmenistan gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek babatda geňeşmeler geçiriler.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek hem wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini üpjün eder. Mundan başga-da, halkara gatnaşyklarda, parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamak dowam etdiriler. Ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna amaly taýdan gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berer.

Halkara hukugy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan halkara hukugyň ähmiýeti boýunça ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyçdyr. Ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar. Halkara hukugyň ýylyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň, komissiýalarynyň agzasy hökmünde işini işjeň dowam etdirer. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýratmak we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi pudagyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, onuň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.07.2026
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy

Adamzat taryhynda bedew gadymy döwürlerden bäri wepaly ýoldaş, syrdaş we hojalykda kömekçi bolup hyzmat edipdir. Muny köp sanly arheologik tapyndylar, şahyrlaryň eserleri, taryhy öwrenijileriň ýazgylary hem tassyklaýar. Ynsanyň bu ajaýyp jandara bolan gatnaşygy meşhur şahyrana eserleriň köpüsinde täsirli beýan edilýär.

Türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsi we hormaty hemişe egsilmez bolupdyr. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda behişdi bedewleri kemala getirmäge öz yhlasyny, seçgiçilik we seýisçilik zehinini siňdiripdir. Arassa ganly iň gadymy tohumlaryň biri bolan, ajaýyp gözelligi, çydamlylygy, wepalylygy bilen tapawutlanýan ahalteke atlary halkymyzda erkinligiň, maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde görlüpdir. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolandan soň, behişdi bedewlerimiz we atşynaslyk däplerimiz milli gymmatlyk derejesine çykaryldy. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döwlet nyşanynyň bezegine öwrüldi. Ýanardag, Akhan ýaly ajaýyp atlaryň keşpleri şekillendirilip gurlan gaýtalanmajak ýadygärlikler behişdi bedewlere bolan egsilmez söýginiň, hormatyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, seçgiçilige ylmy usullary ornaşdyrmak, bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli atçylyk sport toplumlaryny gurmak, ýokary derejeli hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, halk seçgiçilik tejribesini, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmek maksady bilen, Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredildi. “Akylly” şäherde gurlan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy biotehnologiýanyň häzirki gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda ylmyň we bilimiň özara utgaşygynyň gazanylmagyny üpjün edýär. Ahalteke atlaryna goýulýan belent hormat, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni durmuşynda tutýan orny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda köpöwüşginli beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi milli atşynaslyk sungatymyzy aýawly saklamak, öwrenmek we ösdürmek, atçylyk sportuny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat edýär. Onuň işi tejribeleriň we innowasion işläp taýýarlamalaryň özara alşylmagyna, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň alnyp barylmagyna, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy ippologiýa merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Ahalteke atyna bolan gyzyklanma, onuň gymmaty baradaky düşünjeler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Bu onuň täsinligi, şeýle hem dünýä atşynaslygynyň ösüşine ýetiren täsiriniň köp sanly alymlar tarapyndan ykrar edilmegi bilen şertlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewi barada ýazan düýpli ylmy-köpçülikleýin eserleri uly ähmiýete eýedir. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly baý mazmunly kitaplarda gözbaşy müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň däp bolan usullary beýan edilip, onuň halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.

Behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem uly goşandy bar. Topar daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy. 2025-nji ýylda “Galkynyş” topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şol ýerde şu ýylyň ýanwarynda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde toparyň sirk sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin türkmen wekiliýetine Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalary gowşuryldy.

Türkmen atşynaslygynyň baý däpleri, ady äleme dolan toparyň ýigitleriniň ýokary ussatlygy şu ýylyň martynda Baku şäherindäki “Bina” atçylyk sport merkezinde görkezildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň goňşy ýurda saparynyň çäklerinde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ýurdumyzyň çapyksuwarlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklarynda ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp boldular. Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyndaky ajaýyp çykyşlar “Galkynyş” toparynyň atçylyk we atly sport boýunça daşary döwletlerde guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen çapyksuwarlarydyr ganatly bedewleri “Aziýanyň çempiony” we “Dünýäniň çempiony” diýen hormatly atlara mynasyp boldular. Özbek paýtagtynda geçirilen «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahatda parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we ynamy berkitmekde behişdi bedewleriň tutýan orny bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewi gadymy döwürlerden bäri diplomatik ünsüň, parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň nyşany hökmünde görlüpdir. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýurda amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtaýşy ýaly, baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr. Dostluk saparynyň dowamynda Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň adyndan HHR-iň Başlygyna Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi. HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, olara Hytaýda uly hormat goýulýandygyny, mundan bir müçe öň, ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini belledi.

2023-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi tötänleýin däldir. Bu ýokary okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany gowşurmak dabarasy geçirildi. 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edilen bu çözgüt umumadamzat gymmatlygy hökmünde ahalteke bedewiniň eýeleýän ornuny has-da berkitdi.

Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk taglymlaryny ilerletmek, dünýä jemgyýetçiliginiň halkymyzyň medeni mirasy, ýurdumyzyň häzirki durmuş-ykdysady gazananlary bilen tanyşmagy üçin täze mümkinçiliklere ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä derejesindäki halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen gol çekildi.

Şu ýylyň şygarynyň ähmiýetine, many-mazmunyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan dürli çäreler, tanyşdyrylyş dabaralary, okuw sapaklary guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. Atşynaslardyr hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi.

Fewral aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde atly sport ýaryşlary, şol sanda konkur boýunça halkara bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Toplumyň wekilleri bilen söhbetdeşlikde amerikan we türkmen atşynaslarynyň, ugurdaş hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Saparyň ahyrynda ýolugruna Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylda dürli ýurtlarda geçiriljek atlar bilen bagly halkara çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi.

Şu ýylyň martynda HHR-e dostluk saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplum bilen tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyza sport atlaryny taýýarlamak, halkara ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Bu usulyýet ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamakda esasy şertleriň biridir. Hytaýly atşynaslar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, atçylyk pudagynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Maý aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Windzor galasynyň çäginde her ýyl geçirilýän atly sport çärelerine gatnaşdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan atly sport ýaryşlaryna 20 ýurtdan atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Abraýly festiwala gatnaşyjylar bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlamaga mümkinçilik aldylar. Sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen behişdi bedewleriň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar görkezildi. Gadymy däpleriň, çuň paýhasyň, zergärçilik zehininiň sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp at esbaplarydyr bezegleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Patyşa Karl III we Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň agzalaryny ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň çakylyklary uly hormat bilen kabul edildi. Patyşa Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine ýurdumyzdan ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ýewropada geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty Watanymyzyň abraýyny, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga şert döreder. Ony şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur “Pilbergen” atçylyk toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Çempionatyň maksatnamasy diňe bir sport çärelerini däl, eýsem, başga-da birnäçe çäräni öz içine alýar. Ahalteke tohumynyň iň naýbaşy wekilleriniň arasynda atly sport we däp bolan gözellik bäsleşikleri bilen birlikde, behişdi bedewleriň saklanylyşyna, ösdürilip ýetişdirilişine, wagyz edilişine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, türkmen medeniýetine, senetçiligine we däp-dessuryna degişli giň möçberli sergi şolaryň hataryndadyr. Ýewropada guraljak iri çärelere bagyşlanyp, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde bellenilişi ýaly, türkmen atlaryna degişli pawilýon milli atçylyk pudagynyň köpugurly işi barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berer. Gatnaşyjylar milli seçgiçilik babatda, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamakda ýurdumyzyň gazananlary, ahalteke atlaryna ideg etmegiň kadalary, olary wagyz etmek boýunça görülýän çäreler bilen tanşyp bilerler.

Türkmen medeniýetine bagyşlanan pawilýon halkymyzyň köpöwüşginli ruhy mirasyny, taryhy-medeni gymmatlyklaryny, milli sungatymyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşini şöhlelendirmäge gönükdiriler. Serginiň merkezi böleginde amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary giňden tanyşdyrylar. Sergä geljekler däp bolan milli bezegleri, ýurdumyzyň sebitlerine mahsus nagyşlar bilen haşamlanan at esbaplaryny, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň behişdi bedewleriň gaýtalanmajak gözelligini wasp edýän eserlerini synlap bilerler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň görkezme çykyşlary çäreleriň aýratyn bezegine öwrüler. Tomaşaçylar çapyksuwarlaryň at üstündäki täsin tilsimleri özünde jemleýän, tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýän çykyşlaryna tomaşa ederler.

Kronenbergdäki iri forum täsin we ýatda galyjy çäreleriň toplumy hökmünde Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini, atşynaslyk boýunça ýeten ýokary derejesini Ýewropada tanadar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen beýleki halkara çärelerde bolşy ýaly, bu forum hem medeni diplomatiýanyň gurallaryny işjeňleşdirmäge, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

(TDH)


Beýleki habarlar


24.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hanym Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş sekretar Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz parahatçylygy üpjün etmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň bu başlangyçlary halkara derejede giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini aýdyp, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibinde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşine uly orun berilýändigini nygtady. Bu geňeş parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm bolup durýar.

“Ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnama ýurdumyzyň BMG bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn ornuna ýokary baha berýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek meselelerine dünýä bileleşigi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada degişli başlangyçlary öňe sürendigini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sýaoszýun Greýs Wanyň alyp barjak jogapkärli işiniň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, diplomata ýene-de bir gezek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Hökümetiniň makullamagy bilen, hanym Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş ulgamynda Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledim.

Baş sekretaryň wekili hökmünde hemişelik utgaşdyryjynyň wezipeleri Birleşen Milletler Guramasynyň degişli resminamalarynda beýan edilendir. Bu resminamalaryň düzgünlerine laýyklykda, hanym Wan BMG-niň ulgamynyň adyndan hereket etmek bilen, Türkmenistanda ösüş ulgamynda amaly işleri utgaşdyrmaga ýolbaşçylyk eder we bu babatda umumy jogapkärçilik çeker. Ol bu wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada maňa hasabat berer. Bu wezipeler Siziň ýurduňyzyň degişli milli edaralary tarapyndan bellenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylar. Hanym Wan BMG-niň ösüş ulgamynyň Türkmenistandaky iň ýokary wezipeli wekili bolar. Men ýurduňyzyň Hökümeti hanym Wana diplomatik wekilhanalara berilýän goldawy berse, hoşal bolardym. Türkmenistanyň Hökümeti hemişelik utgaşdyryjynyň BMG-niň ulgamynyň amaly işini has netijeli utgaşdyrmak maksady bilen, öz wezipelerini amala aşyrmagy üçin ähmiýetli meseleler boýunça degişli maglumatlar bilen üpjün edilmegine ýardam berer diýip tama edýärin.

Baş Assambleýanyň çözgütlerinden ugur alyp, hanym Wana öz wezipelerini ýerine ýetirende Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan ýardam berilmegini Sizden haýyş edýärin. Hanym Wanyň bu wezipä bellenilmeginiň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ulgamynyň ýurduňyzda ösüş ulgamynda iş alyp barýan düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu GUTERRIŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

21.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Sebitde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlary sürmek we tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýokary hilli bugdaý tohumyny we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarymyzda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de wise-premýere gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.07.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisde Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edilip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamy has-da ösdürmek hem-de hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu ugurdaky netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-german işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek babatda döredýän şertleriniň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, dürli tehnikalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm we tekizlemek işleri, ekiş möwsümi üçin gerek bolan bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak hem-de suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işlerini netijeli alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi bu öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda işleriň has-da netijeli bolmagy üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, bökdençsiz işletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz hem-de doly kuwwatynda işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer bu işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sungat ussatlarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda Garaşsyz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Ol hormatly Prezidentimizi Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň geçiren ýokary derejedäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredilendigini, hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrandygy barada aýdyldy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny daşary döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri degişli ugurlar boýunça döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär. Pudagara iş topary degişli daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen yzygiderli gepleşikleri geçirer, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini we beýleki halkara ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrar.

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek, olara berilýän halkara goldawlary güýçlendirmek maksady bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara, sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, Türkmenistanyň milli pawilýonlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, täze hyzmatdaşlary çekmäge, halkara maliýe we tehniki goldawlary giňeltmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak hem teklip edilýär. Meýilnama agzalan merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Bu merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk we innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri, beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly işleri dowam etdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýokarda agzalan halkara başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF), Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça sebit hem-de halkara derejede netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gämi gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotumyzyň parkyny kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletimiziň gämigurluşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.07.2026
Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek

Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar.

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň ýokary derejeli böleginiň «Has gowy netijeleri gazanmak: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gyssagly we özgertmeleri üpjün edýän çäreleri tizleşdirmek» atly umumy pikir alyşmalaryna gatnaşdy.

Forumda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Perhat Ýagşyýew BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Çykyşda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini milli derejede yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 85 göterimi milli we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna ornaşdyryldy, milli derejede 131 milli wezipe we Durnukly ösüş maksatlarynyň 175 görkezijisi tassyklanyldy.

Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de çölleşmä garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi. Suw meseleleriniň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine, şeýle hem sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak esasynda çözülmelidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleri üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy nygtaldy.

Çykyşda, şeýle hem, Türkmenistanyň «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, energetika pudagyndaky taslamalary amala aşyrmak hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri beýan edildi.

Sebitiň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň durnukly ösüş, inklýuziwlik we ekologiýa howpsuzlygy ýörelgelerine laýyklykda gurulandygy aýratyn bellenildi. Şäheriň ÝHHG-niň durnukly we howa şertlerine durnukly şäherleri ösdürmek boýunça taslamasyna girizilendigi hem-de birnäçe abraýly halkara sylaglaryna we şahadatnamalaryna mynasyp bolandygy nygtaldy.

Halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary, şol sanda Hazarüsti ugry boýunça iri ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirmegini dowam etdirýändigi, munuň halkara söwdasynyň durnuklylygyny berkitmäge hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine möhüm goşant hökmünde garalýandygy bellenildi.

Forumyň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2027-nji ýylda hödürlenmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamakda peýdalanyljak Meýletin milli synlary taýýarlamagyň halkara tejribesini hem öwrenýär.

18.07.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Tbilisi — Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Gül goýmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, dostlugyň nusgasy bolup durýar.

Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.

Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Gruziýanyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruziýanyň Patyşalyk Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gruziýanyň Göçürilenleriň işleri boýunça, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentligi» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda deňiz ulag howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Batumi döwlet deňiz akademiýasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda hünärmenleri taýýarlamak we deňiz bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen «Europe 24» TW-kompaniýasynyň (Gruziýa) arasynda habarlar materiallaryny alyşmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Irakliý Kobahidze döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran ikinji döwlet saparydygyny, birinji sapary 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrandygyny belledi. Gruziýanyň Hökümet Baştutany şu saparyň gruzin-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigini, bu resminamalaryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda özara gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, Gruziýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaş hem-de dostlukly döwlet hökmünde garaýandygyny belledi. “Biziň gatnaşyklarymyz köpýyllyk hyzmatdaşlyga we özara hormat goýmaga esaslanýar” diýip, Irakliý Kobahidze aýtdy.

Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, infrastrukturanyň kämilleşdirilendigini, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyny belläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiň ýoly bilen öňe gitjekdigine ynam bildirdi. Ol ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we özara söwdany, eksporty giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.

Irakliý Kobahidze gepleşikleriň dowamynda halkara we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, Gruziýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň Premýer-ministri çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. “Biz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek, yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk. Gruziýa ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gruziýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny we beýleki birnäçe ugurlarda halkara başlangyçlaryny goldaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Gruziýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin anyk şertleri döretmäge aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty, Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi üstünlikli geçirildi. Haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmekde iki ýurduň uly mümkinçiliklere eýedigi tassyklanyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde iki ýurduň telekeçilik düzümlerine aýratyn orun berildi. Şeýle-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde belläp, Günorta Kawkazyň “Hazar deňzi — Gara deňiz” üstaşyr ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda Gruziýa geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda «Lazurit» geçelgesi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň gatnaşmagynda “Hazar deňzi — Gara deňiz” geçelgesi taslamasy ýaly ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi. “Şeýle hem ýurtlarymyz TRACECA ulag geçelgesiniň gatnaşyjylary bolup durýarlar. Bu taslamalaryň ählisi boýunça işleri ikitaraplaýyn derejede dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamynda, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde Gruziýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň gowy mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik babatda hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleri döretmek barada ylalaşylandygyny, ylym-bilim ulgamlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdiginiň bellenilendigini, saparyň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigini belläp, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeni bu sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35 ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegiň teklip edilendigini tassyklady.

“Biz Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirýäris. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň geljekde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Gruziýa döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döredýär, üstünlikli geçirilen gepleşikler bolsa özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama, “Tibet türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça Şertnama, “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama, “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

18.07.2026