Другие новости
Политика
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.12.2025
Сотрудничество
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
09.12.2025
Bitaraplyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
08.12.2025
Политика
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.12.2025
Политика
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
04.07.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.