Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen taryhy duşuşygynyň Hytaý Täze ýylynyň soňky güni bilen Nowruz baýramynyň sepgidine gabat gelmeginde aýratyn many bardyr. Si Szinpiniň belleýşi ýaly, bu iki baýramyň gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, döwletara gatnaşyklarda bahar täzelenişini alamatlandyrýar.
Hytaýyň “Ženmin Žibao”, “Sinhua” ýaly iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Milli Liderimiziň saparyny giňden şöhlelendirip, ony “döwür üçin ähmiýetli waka” diýip atlandyrdylar. “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pekine şu gezekki saparyna mizemez dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýar. Iki Lideriň duşuşygynyň Hytaý Täze ýylynyň we Nowruz baýramynyň sepgidine gabat gelmegi iki beýik döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, gatnaşyklarymyzyň gülläp ösüş döwrüne gadam urýandygyny alamatlandyrýar” diýlip “Sinhuanyň” berýän habarlarynda bellenilýär. Hytaýyň öňdebaryjy bilermenleri Türkmenistanyň HHR-iň Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaşy, Gahryman Arkadagymyzyň syýasy abraýynyň bolsa bu mizemez hyzmatdaşlygyň kepili bolup durýandygyny nygtaýarlar.
Häzirki türkmen-hytaý dialogy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýan Parfiýa gelende uly hormat bilen garşylanypdyr. Hut şonda ilçiniň üsti bilen hytaý imperatoryna ilkinji behişdi bedew sowgat iberilipdir.
Gahryman Arkadagymyz dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň “CGTN” teleýaýlymyna beren interwýusynda: “Şu ýerde özboluşly resminama bolan «Kasam şertnamasyny» ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Oňa türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda gol çekipdirler. «Kasam şertnamasynyň» adynyň özi iki halkyň özara gatnaşyklarynyň esasynda synmaz we mukaddes kadalaryň goýlandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini dikeldýärler. Döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklara, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne uzap gidýändigine iki ýurtda hem düşünmek bilen garalýar. Bu bolsa biziň uly gymmatlygymyzdyr, dostlugymyzyň, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygymyzyň hemişelik esasydyr” diýip belledi.
Bu gün Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy netijesinde bu gadymy söwda ýoluna täze badalga berilýär. Gepleşikleriň dowamynda Milli Liderimiz we Hytaýyň Başlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasyndaky dünýä gurluşy babatda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar. Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş we Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady. Bu konsepsiýalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili”, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýaly filosofiýasyna many-mazmun taýdan gabat gelýär.
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýar. Şol geçen döwürde halklaryň arasynda energetika köprüsi bolup çykyş edýän asyryň taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi durmuşa geçirildi.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “CNPC-niň” direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek boýunça anyk işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu käniň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselä aýratyn üns berildi. Bu taslama türkmen mawy ýangyjynyň gündogar ugur boýunça eksportyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalaryň diňe bir ykdysady däl, eýsem, durmuş ugurly ähmiýeti hem bar. “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “CNPC” bilen hyzmatdaşlygyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi. Bu forum tehnologik tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüler.
Sebit gün tertibiniň meseleleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan bu taslama sebitiň logistika ulgamynyň üstüni ýetirip, Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa kommunikasiýalarynyň wajyp merkezine öwürýär.
Saparyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen bu sowgat hakyky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. HHR-iň Başlygy sowgady hoşallyk bilen kabul edip, 12 ýyl mundan ozal oňa Gahryman atly bedewiň hem sowgat berlendigini ýatlady. Si Szinpin “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly türkmen nakyllaryny mysal getirip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyny nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda atşynaslyk pudagynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy. Si Szinpin ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak babatda türkmen tejribesiniň nusgalyk bolup durýandygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga-da täze itergi berildi. Si Szinpin hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda “Lu Ban ussahanalaryny”, Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Lu Ban ussahanalaryny” açmak arkaly ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekde oňyn netijeleri berer. Bu merkezlerde sanly ykdysadyýet üçin hünärmenler taýýarlanylar, ýaşlar emeli aň, robototehnika, döwrebap senagat ulgamlary bilen işlemegiň inçe tärlerini özleşdirerler. Adaty hytaý lukmançylyk merkeziniň döredilmegi bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny özboluşly lukmançylyk usullary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ildeşlerimize ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge ýol açar. Şeýle hyzmatdaşlyk Hytaýyň innowasion bilim standartlaryny, gadymy lukmançylyk tejribesini ýurdumyzyň durmuş infrastrukturasyna ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Ylym-bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýar. Milli Liderimiz HHR-iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna bilim almaga döredilýän mümkinçilik üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem taraplar intellektual eýeçilik we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda tejribe alyşmagy giňeltmek barada ylalaşdylar. HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna ýokary baha berip, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi. “Ýaşyl” energetika ulgamynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar iki ýurduň hem geljek nesilleriň abadan durmuşyna jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.
Si Szinpin oba hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça tekliplere aýratyn üns berdi. Hytaý tarapy Türkmenistana suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli tehnikalar babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Uzak möhletleýin geljekde munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmäge şert döreder.
Pekinde geçirilen duşuşyk ýokary derejedäki ikitaraplaýyn syýasy dialogyň yzygiderli ösdürilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. BMG-niň we “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde başlangyçlaryň özara goldanylmagy iki ýurda ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak meselelerinde tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berýär.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Si Szinpiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bilelikdäki dostlukly gezelenjine aýratyn üns berdiler. Milli Liderimiziň we HHR-iň Başlygynyň resmi däl görnüşdäki dialogy özara ynanyşmagyň ýokary derejesiniň aýdyň beýany boldy. Bu bolsa strategik ähmiýetli çözgütleri kabul etmek üçin binýady döredýär.
Türkmen tarapy “Bitewi Hytaý” syýasatyny üýtgewsiz goldaýandygyny tassyklady, hytaý tarapy bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine çuňňur hormat goýýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Iki ýurduň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň özara ykrar edilmegi döwletara dialogyň, uzak möhletli durnuklylygyň kepili bolup durýar. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda senagat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary goşulan bahaly önümleriň bilelikdäki önümçiliklerini ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.
Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy, Gündogar — Günbatar ugry boýunça multimodal ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Hytaýa Türkmenistanyň çägi bilen Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik berer.
Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň adyndan Si Szinpine Türkmenistana gelmäge çakylygyny gowşurmagy saparyň möhüm netijeleriniň biri boldy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Munuň özi ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, gazanylan her bir ylalaşyk bolsa umumy abadançylygyň binýadyna goşulýan goşantdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlary hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini talap edýär, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e amala aşyran dostluk sapary bolsa milli bähbitleriň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen halky Milli Liderimiziň halkara giňişlikdäki üstünliklerine buýsanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasy Türkmenistanyň dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.
(TDH)
Beýleki habarlar
- Türkmenistan — Hytaý: baky dostlugyň ýyl ýazgysynda täze sahypa
7 sagat öň
- Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
7 sagat öň
- Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
7 sagat öň
- Döwletiň berkararlygy, milletiň bagtyýarlygy
7 sagat öň
- Tohumyňyz müňlesin, pagtaçy daýhanlar!
7 sagat öň
- Geljegiň hünärleri — hünär biliminiň geljegi
7 sagat öň
- Ýaş matematikler Aşgabatda
7 sagat öň
- Ýylyň şygary Astanada wagyz edildi
7 sagat öň
- Dessançylyk sungaty — ruhy baýlygyň çeşmesi
7 sagat öň
- Ýylky ýylynyň Nowruzy
7 sagat öň
- Mawy deňziň çarlaklary
7 sagat öň
- Kömelek barada bileýin diýseňiz...
7 sagat öň
- Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär
13 sagat öň
- Telefon arkaly söhbetdeşlik
13 sagat öň
- Asylly ýörelgeler rowaçlanýar
13 sagat öň
- Rowaçlyga beslenýän beýik işler
13 sagat öň
- Belent üstünlikler — röwşen geljegiň şuglasy
13 sagat öň
- Özgertmeleriň aýdyň beýany
13 sagat öň
- Bedew batly ösüşlere buýsanç
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Partnering in Business with Germany (Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy)» maksatnamasynyň 2026-njy ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär
Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2026-njy ýylyň 10-njy apreline çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.
Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2026-njy ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.
Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:
Ýokary bilimli bolmaly.
Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar).
Dalaşgäriň azyndan 5 ýyl iş tejribesi, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde iş tejribesi azyndan 2 ýyl bolmaly.
Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.
Berkidilen faýllar:
Перечень документов.docx
Application Form 2025 05 EN.pdf
Application Form 2025 06 RU.pdf
Партнерская программа делового сотрудничества с Туркменистаном.docx
Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
(99312) 39-43-51, 39-44-19
Şu gün — 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistanyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil, döredijilikli pikirlenýän, ýokary bilimli we giň dünýägaraýyşly, Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek başlangyjyny uly höwes bilen goldadylar. Şeýlelikde, dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň köplügini gazanmagy bilen tamamlanan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy aýdyň görkezýän döwlet ähmiýetli waka öwrüldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda halkymyzyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has belent maksatlar goýuldy. Şolaryň esasysy mähriban Watanymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge durmuş ugurly döwlet syýasatynyň many-mazmunyny kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan giň gerimli maksatlara ýetmegiň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen we kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri Milli Liderimiziň ady we durmuşa geçiren beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä äşgär edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürlen, häzirki döwrüň meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklary, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýurdumyzyň goşýan goşandydyr. Dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan bu başlangyçlaryň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna watandaşlarymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyz: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris» diýip nygtaýar. Soňky ýyllarda geçirilen giň möçberli çäreler, iri halkara forumlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, tanymal syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri bilen geçiren onlarça duşuşyklarydyr gepleşikleri bu sözleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini subut edýär.
Islendik döwletiň daşary we içeri syýasaty özara baglanyşyklydyr hem-de ýurduň durnukly, hemmetaraplaýyn ösüşi, bar bolan syýasy, ykdysady, serişde, adam mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, onuň binýatlyk pudaklarynyň çalt depginde ösdürilmegine, ykdysadyýeti dolandyryş mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine, durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berýär. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmekde hususy pudagy höweslendirmek we goldamak möhüm ähmiýete eýedir. Telekeçiler dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp baryp, ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegine goşant goşýan taslamalara işjeň gatnaşýarlar.
Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň iň çetki künjekleri hem tanalmaz derejede özgerýär, senagat, medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat toplumlaryny, ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan her ýyl suw, tebigy gaz we elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň çekilmegi, suw arassalaýjy desgalaryň, häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň gurluşygy üçin uly möçberde serişdeler bölünip berilýär.
Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şoňa görä, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, öndürijilikli iş üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün etmek, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam edýär. Her ýyl halkara standartlara laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürýän döwrebap önümçilik desgalary gurulýar hem-de önümleriň eksportynyň möçberi yzygiderli artýar. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän täze kärhanalaryň döredilmegi, halkara we sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijeliligini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bularyň ählisi gazanylýan üstünlikleriň durmuş ugruna gönükdirilendigini tassyklaýar. Olar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, hukuk kepillikleriniň berkidilmegini, döredijilik bilen meşgullanmak, adamlaryň zehinini ýüze çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegini öz içine alýar.
Ösüş üçin täze mümkinçilikleri açmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we onuň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda, umumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen intellektual ulgama — bilime hem-de ylma uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýokary bilimli, aň we beden taýdan ösen, Watanymyza wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimizi ösdürmegiň strategik wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, olaryň intellektual, döredijilik ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, ulgamyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Sanly bilimi ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa okatmagyň interaktiw we uzak aralykdan bilim bermek usullaryny ornaşdyrmak hem-de işjeň ulanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga, ýokary okuw mekdeplerini döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlaryny açmak meýilleşdirilýär.
Saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlary durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurlar raýatlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde halkymyzyň saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkezi, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi açylyp ulanmaga berler. «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.
Halkyň saglygyny berkitmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iri sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny berkitmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem sport bilen yzygiderli meşgullanyp, Bütindünýä saglyk gününe we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän her ýylky köpçülikleýin çärelere gatnaşyp, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýärler.
Döwlet derejesinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge, geljek nesiller üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olaryň biologik dürlüligini baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary netijeli ulanmaga, bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Ruhy gymmatlyklarymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna goýulýan sarpa ýurdumyzda syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň möhüm şerti bolup durýar. Şolaryň hatarynda eneligi we çagalygy goramak baradaky hemmetaraplaýyn aladany, köp çagaly maşgalalara berilýän goldawlary bellemek bolar. Berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, şu ýylyň martynyň başynda hormatly Prezidentimiz köp sanly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Asylly däbe görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdirýän eneleri sylaglamak we köp çagaly maşgalalara amatly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Türkmen halkynyň umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşan uly goşandyny göz öňünde tutup, milli medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, özboluşly milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we öwrenmek, olary dikeltmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar. Bu düzüm bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Ýola goýlan oňyn dialogyň netijesinde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunlukda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, 2025-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa bu düzümiň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmaga, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň dünýäniň şähergurluşyk ulgamynda uly ykrarnama eýe bolandygyny bellemek gerek. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu şäher häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu şäher döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleriniň sazlaşygyna eýe bolmak bilen, innowasion şähergurluşygyň nusgasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyry batly depginde durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyz tarapyndan hödürlenip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň sany yzygiderli artýar. Hususan-da, bu abraýly sanawa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň girizilmegi milli medeni gymmatlyklarymyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Soňky ýyllarda milli baýlygymyz hem-de köpasyrlyk halk seçgiçiliginiň miwesi bolan ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy hem ata-babalarymyzyň mirasyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň beýanyna öwrülip, ildeşlerimizi Watanymyzyň abadançylygy ugrunda tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris. Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.
(TDH)
Beýleki habarlar
- 3-nji synanyşygynda kubogy gazandy
53 sekunt öň
- «Indian Wells» ýaryşynyň täze çempiony
1 minut öň
- «Real Madrid» ýene-de «Mançester Sitini» ýaryşdan çykardy
2 minut öň
- Çaganyň saglygynyň we ösüşiniň görkezijisi
2 minut öň
- QR kod nädip ýüze çykdy?!
3 minut öň
- Saç näme üçin agarýar?!
3 minut öň
- Boliwiýanyň duz köli
4 minut öň
- Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
5 minut öň
- Ýewropanyň dörediji şäheri
5 minut öň
- Syýahat üçin iň gowy şäherler
6 minut öň
- Gazagystanyň täze konstitusiýasy
7 minut öň
- Fransiýada ýerli saýlawlar geçirildi
7 minut öň
- Demir ýol üçin ulag
8 minut öň
- Üç ölçegli karta hödürlendi
8 minut öň
- 1200 kilometr geçdi
9 minut öň
- Wagtyň has takyk ölçegi
9 minut öň
- Ýolagçy sany iki esse artar
10 minut öň
- Tebigat täze baglar bilen gözelleşýär
12 minut öň
- Türkmen sazynyň gudraty
12 minut öň
- Oraza baýramy – hoşniýetliligiň we agzybirligiň baýramy
13 min
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Partnering in Business with Germany (Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy)» maksatnamasynyň 2026-njy ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» Merkezi Aziýanyň zenanlary toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär
Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2026-njy ýylyň 24-nji martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.
Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2026-njy ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.
Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:
- Ýokary bilimli bolmaly.
Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar).
Dalaşgäriň azyndan 5 ýyl iş tejribesi, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde iş tejribesi azyndan 2 ýyl bolmaly.
Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.
Berkidilen faýllar:
Перечень документов.docx
Application Form 2025 05 EN.pdf
Application Form 2025 06 RU.pdf
Партнерская программа делового сотрудничества с Туркменистаном.docx
Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
(99312) 39-43-51, 39-44-19