Şu gün, 5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde Türkmenistana geler.
BMG-niň Baş sekretarynyň sebite amala aşyrýan saparynyň jemleýji tapgyry bolar. Mundan ozal Guterreş Özbegistanda, Täjigistanda hem-de Gazagystanda saparda boldy. Ol Gazagystana amala aşyran saparynyň çäginde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem gatnaşdy. Saparyň soňky tapgyry Türkmenistan bolar.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana boljak resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we ýurduň beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşyklary geçirer. Saparyň meýilnamasyndan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we bu ugurda ýerli wekiller bilen aragatnaşyk gurmak boýunça taslamalar bilen tanyşlyk hem orun alýar.
Saparyň çägindäki esasy wakalaryň biri BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi edarasynyň açylyş dabarasy bolar.