Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz welaýat, Boldumsaz etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, asyrlyk ýaşa gadam goýan ýaşulularyň toý şatlygyny goşalandyrdylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Häzir welaýat boýunça bar bolan uruş weteranlarynyň ikisi hem Boldumsaz etrabynda ýaşaýar. Şatlykly pursatlara beslenen toý çäresi, ilki bilen, gubadagly uruş weterany Köşek Soltanmyradowyň döwletli ojagyndan başlandy. Onuň bag-bakja bürenen belent başly öýüniň iç-daşy toý görnüşleri bilen bezenip-beslendi. Bu ojakda dutar-gyjak çalyndy, halypa bagşylaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Köşek Soltanmyradow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýagtyldýan şatlygy bar. Ol gutlagly gelenleri mähir bilen garşy alyp, toý saçagynyň başynda oturtdy, hoşallyk sözlerini aýtdy. Ömürboýy sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk bilen eýerip gelýän weteran bu baýram gününde gujurlanyp, has daýanan ýaly boldy. Köşek aganyň uruşdan soňky ykbaly hukuk goraýjy edaralar bilen baglanyşykly. Ol bu gulluklaryň düzüminde 40 ýyla golaý wagt abraý bilen işledi. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda ol hormatly dynç alşa çykdy. Weteranyň 5 ogly, 3 gyzy, 16 agtygy, 24 çowlugy bar.
Ajaýyp sylag-sowgatly, mähirli gutlaglardan doly şeýle duşuşygyň ýene biri Boldumsaz etrabynyň Çowdur geňeşliginde ýaşaýan Ýezek Orazowyň öýünde bolup geçdi. Weteranyň iki gyzy baýramçylyk mynasybetli ýörite gelen myhmanlary uly hormat bilen garşy aldy. Döwletli ojakda toý saçagy giňden ýazyldy. Ýezek aga 1942-nji ýylda urşa gidýär. Görkezen edermenligi üçin söweşjeň ordenleriň üçüsi bilen sylaglanýar. Ol 1947-nji ýylda dogduk obasyna dolanyp gelip, pagta arassalaýjy kärhanada zähmet çekýär. Ýezek aganyň gyzlary Maral bilen Gyzylgül kärende ýerlerinde gowaça ekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Weteranyň 8 agtygy, 13 çowlugy bar. Edermenligiň görelde mekdebine öwrülen, uly hormat-sarpanyň eýesi bolan 100 ýaşly uruş weterany bu baýram güni şeýle mähirli gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş weteranlary aýratyn alada bilen gurşalyp alnyp, abadan durmuşda ýaşaýarlar. Olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri üpjün edilýär. Uruş weteranlarynyň agzybir maşgala ojagynda taýýarlanan tagamlar toý saçaklaryna bezeg berdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Ýeňiş baýramy, Watan gahrymanlarynyň merdi-merdanalygy, mähriban ýurdumyzyň asudalygy, abadançylygy uly buýsanç bilen wasp edildi. Döwletli ojaklary toý şatlygyna beslän aýdym-sazly dabaralar uruş weteranlarynyň goja göwnüni ganatlandyrdy.