Habarlar
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Aşgabat — Kazan, 15-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki gepleşikler türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda söwda-ykdysady gatnaşyklara täze itergi berildi. Bar bolan kuwwatlyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Biziň doganlyk halklarymyzy taryhy kökleriň ýakynlygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu köpasyrlyk däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna aýratyn orun degişlidir. Onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenilýär.

Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

...Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyza myhmansöýerligiň asylly däbine görä, duz-çörek, çak-çak tatar milli tagamy hödürlenildi hem-de gül dessesi gowşuryldy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni howa menzilinden Kazan Kremline tarap ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşýär.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna, uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Tatarystanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça barha ösdürilýändigini aýdyp, Rustam Minnihanow netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hyzmatlaryny aýratyn belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Türkmenistanyň depginli ösüşini, halkara abraýyny şertlendiren döredijilikli syýasatyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ol Tatarystanda Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigini belledi hem-de doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna we “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň umumylygyna, dinimiziň birligine, birek-birege hormat goýulmagyna hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklapdyrlar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gatnaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlady. Şol saparyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz Kazana sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, işinde uly üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

16.05.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny belläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara hereketleriň oňyn häsiýete eýedigini belledi. Bu ulgamda eýýäm köp işler edildi we häzir hem dowam etdirilýär.

Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Ýaponiýa bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýylda bu şygar bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we dostlukly ýurduň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň giňden bellenilýän ýubileý senäniň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetine üns çekildi.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirip, 2022-nji ýylda Ýaponiýada türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, onuň Türkmenistanyň Prezidenti bilen şu günki duşuşygynyň dowamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Endo Toşiaki hormatly Arkadagymyzy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady. Munuň özi Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyzda alyp barýan netijeli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Ýaponiýanyň iri kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli işläp gelýärler. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman bu döwrebap kärhanada öndürilýän ýokary hilli, ekologik ölçeglere laýyk gelýän benzine daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň uly kuwwaty nazara alnanda, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlar açylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hususan-da, “akylly” şäherleri taslamalaşdyrmak, gurmak we dolandyrmak babatda tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu formatyň çäginde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli orun eýeleýändigi nygtaldy. Ol halklary ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunda Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň bu ugurdaky köpýyllyk netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle hem şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede iri çäreleriň geçirilýändigi bellenildi. Söz ussadynyň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi, onuň döredijilik mirasy bolsa bütin adamzadyň medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny bu şanly sene, şeýle-de ýakynlaşyp gelýän baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

15.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.

“Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, 15 ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleri, Wena ballary, beýleki medeni-ynsanperwer çäreler bar.

Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman pursatdan peýdalanyp, ýubileý ýaş toýuna berlen gymmatly sowgat — Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi bilen başlanýan we dört dilde — türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde çap edilen öz goşgular kitaby üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady. Şahyryň goşgulary adamlary dostluga, parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz zähmeti üçin minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

15.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, onuň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy hormatly Prezidentimizi bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary nygtaldy.

Şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şu maksat bilen, ýörite guramaçylyk topary döredildi we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO — 2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Jenap Endo Toşiaki hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Iki ýurtda yzygiderli geçirilýän sergiler, Medeniýet günleri we beýleki çäreler bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda sebit derejesinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Hususan-da, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekillerini birleşdirýän parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy hem geçirildi.

Parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem toparyň işiniň ileri tutulýan ugurlary, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15.05.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize öz doglan gününe gymmatly sowgady — dört dilde — türkmen, iňlis, nemes we rus dillerinde goşgulary çap edilen, Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi ýerleşdirilen kitaby sowgat berendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy giriş sözünde bilelikde amala aşyrylan ähli taslamalara ýokary baha berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol wagt Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hormatyna 16 ýyl mundan ozal döredilipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň goldawy bilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.

Şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň saýtynda rus, iňlis we nemes dillerinde habarlar ýerleşdirilip, olar dünýäniň 30 ýurdunyň okyjylary üçin elýeterlidir.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, öňde uly wezipeler, şol sanda geljek ýyl Aşgabatda Awstriýa öýüni açmak baradaky başlangyjy durmuşa geçirmek bilen bagly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli möhüm işler durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geljek, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin Awstriýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ony Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak giň gerimli dabaralaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda görmäge şatdygyny belledi.

15.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim Ahal welaýatynda täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize sebitiň bagtyýar ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülmegini häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak we hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Galla oragy möwsüminiň ýokary hilli geçmegini üpjün etmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme taýýarlamak, tohumlyk bugdaýy talabalaýyk ýygnap almak hem-de saklamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnama laýyklykda, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleri geçirilýär. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatdaky galla kabul ediş kärhanalary möwsüme taýýar edildi. Bu işler bilen bir hatarda, tohumlyk ekilen bugdaýy talabalaýyk ýygnamak we saklamak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça we bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda kadaly ösüş almak maksady bilen, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek, bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak üçin galla kabul ediş kärhanalary taýýar edildi. Welaýatda pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýetişdirilen pile ýygnalyp alynýar. Şeýle-de häkim maý aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli welaýatda guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme doly taýýar edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bol pagta hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça-da taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýetip gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

14.05.2024
Ýüplükleriň önümçiligi artýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz we ýokary hil derejesinde öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli nah ýüplükler diňe bir içerki bazaryň däl, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlary bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda toplumda 1 müň 500 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem bu görkeziji, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, şu islegli önümiň 20 tonnasynyň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak maksat edinilýän kärhanada geçen dört aýda sarp edijilere iberilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 23 million manatlyga golaýlamagy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,5 million manatlyk köpdür. Deňeşdirilýän döwürde kärhana boýunça 560 tonnadan gowrak ýüplügiň içerki we daşarky bazarlarda artyk ýerleşdirilmegi balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşýandygyndan habar berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

14.05.2024
Arkadagly ýaş nesil at — myrat bilen geljege!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi.

Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr.

Bedewlere çäksiz hormaty bolan Milli Liderimiz atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.

Ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hasaplanýan ajaýyp künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde innowasion häsiýetli binagärlik çözgütlerine esaslanýan täze şäher emele geldi. Bu şäherde gurlup ulanmaga berlen we häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de 600 baş bedewe niýetlenen döwrebap athana toplumynda alnyp barylýan işler pudagyň ylmy esasda ösdürilmegine we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyna kuwwatly itergi berýär.

Akademiýanyň manežinde bedewe atlanyp gezim eden körpeler halypa atşynas Gahryman Arkadagymyzyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Şeýle-de olar milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu gün peder ýoluny dowam etdirmäge höwesek çagalar Milli Liderimiz bilen duşuşyp, milli atşynaslygyň dünýäsine degişli gyzykly gürrüňleri diňlediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň halkymyzyň döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygy barada aýdanlary körpeleri bu hünäri çuňňur özleşdirmäge we bu ugurda belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.

Soňra ussat atşynas Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.

Hormatly Arkadagymyz çagalaryň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiziň öňe süren teklibi uly höwes bilen makullanyldy. Şeýlelikde, halypa atşynas hormatly Arkadagymyz täze toparyň işine ak pata berip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa atçylyga höwes bildirýän çagalara goldaw bermek we bu ugra höwesli ýaşlary toparyň agzalygyna çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň her hepdede ata erk etmek boýunça türgenleşik geçmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Atçylyk bilen meşgullanmaga höwes bildirýän çagalaryň hünär eýesi bolmagyna gazna tarapyndan yzygiderli goldawyň beriljekdigini aýtdy. Bu bolsa halypa atşynas Milli Liderimiziň asylly hünäre söýgüsi bolan çagalar baradaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde “Biz — Arkadagly Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň geçirilýändigini, oňa ahalteke bedewleriniň çeper keşbini şekillendirmäge höwes edýän köp sanly çagalaryň gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bedewlere bolan söýgüsini alamatlandyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň şu gün Halkara atçylyk akademiýasyna gelip görmeginiň, şeýle hem ata erk etmegiň öz şahsy tejribesine esaslanýan aýratynlyklary barada öwüt-ündewlerini bermeginiň çagalaryň bu ugra höwesini has-da artdyrandygyny, olaryň ruhuny belende göterendigini nygtady.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyza bu ýere gelip, ata höwesek ýaşlaryň hünärine badalga berendigi hem-de çagalary atşynaslyk dünýäsiniň ak ýoluna atarandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “At — myrat” diýlişi ýaly, çagalaryň asylly maksatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amal boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, halypa atşynas Gahryman Arkadagymyz asylly käre höwes edýän çagalara saýlap alan hünärlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

(TDH)

13.05.2024
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ekinlerden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýörite meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.

2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän “KHD Humboldt Wedag” iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

250-ä golaý iş orny döredilen täze zawodda ýokary hilli sementiň “PS-400”, “PS-500”, “PS-600” görnüşleri hem-de sulfata durnukly portlandsement öndüriler. Ähli önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylmagy, zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli işi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde esasy şert bolup durýar. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Bu bolsa ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän üýtgewsiz talaplaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli ýolagçy hyzmatlaryny ýola goýmak üçin niýetlenen täze, döwrebap awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýene bir iri durmuş maksatly desganyň — Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilendir.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda jemi 162 öýli, 9 gatly 10 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy we Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar.

8-9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberinden harby ýörişi synlady. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary Aleksandrow bagynda Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlary hatyralap, Baky oda gül dessesini goýdy.

Ýurdumyzda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Häzirki we geljek nesilleriň nurana ertirleriniň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

“Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Şanly senäniň öňüsyrasynda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy. Gazaply ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle-de tyl zähmetkeşlerine, esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Hususan-da, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, nebitgaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, raýat awiasiýasy ulgamy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Germaniýanyň “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler barada hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamagyň, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz tabşyrmagyň hem-de bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň möhüm ähmiýetini belläp, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak dabaralara taýýarlyk işleri hakynda-da hasabat berildi. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilendir. Dabaranyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini, ýurdumyzyň teatr artistleriniň, medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.

Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Ýubileý çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň baş şäherini baýramçylyk äheňinde bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.

15 — 17-nji maýda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler. Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Onuň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyş çäreleri guralar, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hem taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, 8-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Mundan başga-da, 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtap, “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Mejlisde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek, bu guramanyň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.

16-njy maýda Aşgabatda geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli teklipler hödürlenildi. Däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde HZG-niň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ženewa şäherine saparynyň çäklerinde bu guramanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy. Halkara Zähmet Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda ösdürilişi bilen gyzyklandy.

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň doly derejeli dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Ynsanperwerlik kömeginiň dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryna hem berilýändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

(TDH)

13.05.2024
Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriň eksportyna bolan baglylygyny peseltmekde, haryt eksportyny giňeltmekde uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Kiçi we orta telekeçilik durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, milli ykdysadyýetiň üýtgäp duran içerki we daşarky şertlere çeýeligini artdyrmakda, milli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksatlarynyň hatarynda goýuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilen gününden bäri ýurdumyzda hususy eýeçiligi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, innowasion häsiýetli tapgyryna badalga berildi. Bu birleşme häzirki wagtda on müňlerçe hususy telekeçileri özünde jemleýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek babatynda möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bularyň hatarynda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, ýeňillikli karzlaşdyrmany görkezip bolar.

Kabul edilen kadalaşdyryjy namalar kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga öz täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, kiçi we orta telekeçilige degişi hojalyk subýektleri üçin gümrük ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr.

Içerki we daşarky bazarlarda milli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeler «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» bilen kesgitlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge ukyply telekeçilik gurşawynyň döredilmegi Watanymyzyň bedew bady bilen ýokary derejelere ýetmegine mümkinçilik berýär.

Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

13.05.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada-da habar berildi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniňdir tehniki ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, olaryň mümkinçiliginden doly peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigine, galla oragyna häzirden başlap gowy taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere dabarany hem-de halkara çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu Maksatnamanyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady we ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edýän tagallalarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.05.2024