Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Samarkant, 3-nji aprel (TDH). Şu gün «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen Samarkant şäherinde duşuşmaga şatdygyny aýdyp, bu ýokary derejeli sammitiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Söhbetdeşler sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny seljermäge, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşmaga, Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeň ýola goýmakda möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz bu düzümiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabatda şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Ursula fon der Lýaýeni bu foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

03.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Samarkant, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna hem-de täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly, rejeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu iri halkara maliýe guramasy bilen milli banklarymyzyň, hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň geljekde-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

03.04.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy giňden ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hasabat döwründe açylyp ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, polisiýanyň podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitleriniň goralmagyny, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meselelere berk gözegçilik edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we ministre anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralary tarapyndan kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kazyýet önümçilik işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ulgamyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, serhet goşunlaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek, milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ministre bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere we ulag serişdelerine hereket edýän halkara kadalara, milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işine döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, migrasiýa ulgamynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Emir Turki bin Mohammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Patyşa maşgalasynyň agzalaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

02.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýda tutulan orazalaryň, edilen ybadatlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.

Myhman mümkinçilikden peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we Saud Arabystanynda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle-de myhman Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň, onuň bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleriniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Patyşa maşgalasynyň agzalaryna salamyny beýan etdi. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň döwlet ministriniň şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň köpugurly türkmen-saud gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýangyç-energetika, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy pudaklaryny söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda belläp, şu babatda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýasatyň möhüm meseleleri, hususan-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň özi halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmek üçin wajyp şert bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak we parlament wekilleriniň arasynda iş gatnaşyklaryny ýola goýmak dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp, Türkmenistanyň bu ugurda iki doganlyk halky ýakynlaşdyrmaga hyzmat etjek anyk işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

02.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýaty, 1-nji aprel (TDH). Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Taryhdan belli bolşy ýaly, ir döwürlerde Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara derejede üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi gadymy aragatnaşyk ýollarynyň täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatynyň, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orny eýelejek täze howa menziliniň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Milli Liderimiz täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy onuň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň üstüni täze uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, döwrebap howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Diýarymyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze howa menzillerini gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işleriň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende, 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň iri howa ýollar düzümi bolan “Сargolux” kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy. Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginden Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmaga, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen birnäçe halkara forumlaryň geçirilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylda durnukly ulag ulgamyny döretmäge bagyşlanyp guralan ýokary derejeli halkara maslahat bar. Onuň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şeýle-de 2016-njy ýylda paýtagtymyzda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynda ulag diplomatiýasynyň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ulag ulgamynyň wajyp düzüm bölegi bolan Halkara howa menzilleriniň gurulmagy hem bu işe mynasyp goşantdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalary kabul edildi.

Şeýlelikde, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün eder. Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşen ýurdumyz sebitiň hem-de yklymyň döwletleriniň arasynda ulag-logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär, milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyryp, öz halkara üstaşyr ulag kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler Türkmenistany yklymlaýyn ugurlar boýunça halkara geçelgeleriň möhüm halkasyna öwürýär. Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgeleri babatda öz mümkinçiliklerini umumy bähbitler esasynda amala aşyrmagy maksat edinýär. Şunda abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýurdumyz döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýär.

...Soňra Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.

Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtap, onuň ýokary hilli bolmagynyň we gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunda binalary enjamlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginini has-da ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

01.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Eýranyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

31.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Oraza aýynyň sahawatly günlerinde tutulan orazalaryň, edilen ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň iberen mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmana Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Energetika pudagy türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu transmilli taslamalaryň möhüm ähmiýetini hem-de Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de ol 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de Pakistanyň bu waka mynasybetli geçiriljek halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge we bu ugurda tagallalary doly goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

31.03.2025
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, amal eden ybadatlarynyň, ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň wekiliýetiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çagalaryň bagtyýar geljegini we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen bu giň gerimli forumyň ähmiýetini belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurt bilen köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen we türk halklaryny umumy taryha, medeniýete, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, ylym-bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleri üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, türk halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogandan aýal doganymyz Emine hanyma Ogulgerek doganynyň salamyny ýetirmegini haýyş etdi, şeýle hem Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dogaýy salamyny ýetirdi.

Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

30.03.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatyna we duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de wise-premýere Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaý oragyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny, olaryň idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak, şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarynda, transformator beketlerinde meýilnama esasynda abatlaýyş we durkuny täzelemek işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de elektrik ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, döwlet elektrik stansiýalarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda dürli maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialog, bilelikdäki komitet, adam hukuklary boýunça dialog yzygiderli esasda hereket edýär.

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, munuň üçin demir ýol menzilleriniň häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda beýik işler amala aşyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çägine geldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz, ilki bilen, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, bu ýerde arassaçylygyň, ähli binalaryň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş we çagalar seýilgähleriniň, beýleki desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlyk hem-de gurluşyklara girişmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunda şäheriň abadançylyk derejesine, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, binalaryň bezeg serişdeleriniň döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem bu ýerde şäheriň çagalar seýilgähiniň şekil taslamalary, onda ýerleşdiriljek oýun-güýmenje toplumlarynyň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin döwlet derejesinde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, çagalar üçin gurulýan seýilgähde körpeleriň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilmelidir. Seýilgähde çagalaryň ünsüni özüne çekýän özboluşly sazlaşyk emele getirilmelidir. Döredilmegine dört ýyl dolýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň baş maksady hem çagalaryň sagdyn ösüşine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik esasynda terbiýelenmegine, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Çagalar seýilgähiniň bezeg aýratynlyklaryna, onuň oýun-güýmenje toplumynyň enjamlaşdyrylyşyna birnäçe bellikleri aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna, halkymyzyň milli ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän amfiteatryň görnüşleri, ony abadanlaşdyrmagyň ugurlary barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz amfiteatryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini belledi. Medeniýet we sungat ulgamyna degişli bu desganyň gurluşygy, enjamlaşdyrylyşy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen maslahatlaşyp, oňyn netijeleri gazanmak zerurdyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, onda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalarynyň milli neçjarçylyk däplerine esaslanýan usullary netijeli peýdalanylmalydyr. Her bir bezeg işinde millilik duýulmalydyr.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz onuň göze gelüwlilik babatda bolşy ýaly, her bir şekiliniň ölçeg babatda dürslügine-de möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Germewde oturdyljak şekillerde türkmen halkynyň şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýoluň ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynda şol bedewiň nesil ugruna, taryhyna, gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň anyk bolmagy hökmany talapdyr. Şeýle-de bu şaýoluň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk bolmagynyň, häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygy aýdyldy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen gutladylar.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryga laýyklykda, “Ahalteke atlary” şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen giň möçberli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenilýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Şeýle hem “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek heýkelleriň aradaşlygy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna, hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerinde gurluşygy dowam edýän binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň durmuşyň gülleridigini, olary goramagyň ertirki günüň bagtyýarlygynyň kepilidigini belläp, ösüp barýan ýaş nesilleriň sagdyn, sazlaşykly ösmegi, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny nygtady.

Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň körpeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagalarynyň hem gatnaşýandyklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bäsleşigiň dowamynda körpeleriň çekjek suratlary, ýerine ýetirjek aýdymlary şanly senä mynasyp sowgat bolmalydyr. Geçiriljek dabaralarda we bäsleşiklerde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpeleriň sazlaşykly ösüşine, olaryň sagdyn jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

28.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Özbegistanyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berjek duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edip, gepleşikleriň jemleriniň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn formatda hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen, mizemez hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky döwletara dialoga mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidir. Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa birek-biregiň başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýokary görkezijilere eýedir, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklar işjeň giňeldilýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary işler ministri medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

28.03.2025